12:50

Ar - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Ar

- Saklan balam, saklan!!.
Ene eñräp gapa gerñeldi. Küýkerişen bili, birden ýazylana dönüp, syrdym, jahyl ogly bilen boýdaş bolaýdy.
- Hudaý alar arymyzy, it igi edip. Gitme, beýgim!
- Goý-ber-r, Eje-e!! Goý-ber-r, diý-ýän-n!!
Söýünçli gözler biri-birine otlukly bakdy.
Ene elewredi:
- Ganojakdyr, olar...
- Aý-ryl-l!!
Ene ýakasyny sermenekleşdirip, gatan göwüslerini çykaryp bildi.
Iñ soñky çykalgasyna ýüz urdy:
- Eger, gitseñ, beren ak süýdüme razy däldirin, balam.
- Berseñ, bir çemçe ak süýt berensiñ. Emma namysymdan geçmerin, eje.
Abdy enesiniñ gerşinden tutup, silterläp, çekip goýberdi.
Ýelgamaga meñzeş Ogulgül, tärimden ýapyşyp ýykylman, zordan saklandy.
- Ýekesiñ, oglum, ýekesiñ. Ejeñi ýalñyz goýarsyñ.
Ol eýýäm syçyrap daş çykypdy. At aýagynyñ dükürdisini eşidenden enäniñ gulaklary gapylara gelipdi.
Ol mejalsyz halda özüni şalkyldadyp, aşak goýberdi.
Çaý içim salym geçmänkä ogluna aýdyp beren söhbeti ýene hakydasynda janlandy.

Tomsuñ jokrama yssysy. Howa petişdi. Süriniñ aýagynyñ aşagyndan çykýan çañ olardan galman gelýärdi. Suwa ýetmäge howlugýan goýun janawarlar demi-demine ýetmän, ýarylaýjak-ýarylaýjaga meñzeýärdi. Goýun eşegidir gatan dilini bir tarapa oklan läheñ it gara görnüm yzdan gelýärdi. Dyzmaç ýaş çopan bolsa ýaryk-ýaryk bolan dodagyny ýalap, sürüden galanokdy.
Süri oýtakdaky kak suwdan suw içýärdi. Ondan juda köp süri suwlanyp, nobatyna durmalydy.
Kerim öñküden sähel gijä galypdy. Onuñ pikir edişine görä, bu mahala çenli, çopanlar goýunlaryny suwa ýakyp kenardan çekilmelidiler.
Diñe ak öýlän nobatyna ýandyny berip, öri meýdanyna kowýardylar. Kerim bolsa süri suw içensoñ, kenarda egrip, ýandyny ilki berip, gijä galanynyñ öwezini almakçydy.
Emma Kerimiñ çaklamasy dogry çykmady. Kimdir biri sürini suwa ýakypdyr-da, kenardan aýyrmandyr. Beýle ýagdaýda iki süri garyşjakdy. Kerim süriniñ öñüne geçip, telpegini, taýagyny oklaşdyryp, goýunlary zordan saklady. Golaýrakdaky çopan kölegeligine gözi düşdi.
Ol janygyp gygyrdy:
- Çopan, ho-uw! Goýnuñy kow-how!
Kölege tarapdan içýakgyç gülki sesi eşidildi. Onýança bendi böwsen sil suwuna meñzäp, süri oýtaga tarap yñdaryldy.
Jany ýanan Kerim:
- Haý, seniñ bir... - diýip, sögündi-de, kölegä okduruldy. Ýarpylamanka, gümpüldäp tüpeñ sesi çykdy. Çep gursagy gyzan Kerim şobada ýüzünligine ýykyldy.
Çopanlar ylgaşyp geldiler. Dem-düýtsüz gana bulaşyp ýatany tanadylar. Kerim. Orazgül ejäniñ ýeke dikrary. Çopançylykda. Biri-birine belet. Ganhory-da tanadylar. Bäş doganyñ ortanjysy Garabaý. Has takygy ol çopan däldi. Ýöne goýun çopanynyñ yzyndan gelipdi. Dowarlaryñ ýagdaýyny bileýin diýip. Näme üçindir, çopanyna sürini kenardan aýyrtdyrmadygam şoldy. Kerimden gara köpük algysy ýok. Ýogsam, Kerimiñ eleme-deşik garaja öýi hem şolaryñ syrgynynyñ çetinde hossarsyz çaga ýaly kibtini gysyp otyr. Şol mahal Abdy sallançakda ýatan bäbekdi. Orazgül eje köşekden aýrylan maýa dek bozlanda ol emme üçin aglaýardy.
Orazgül eje Kerimiñ kyrkyny sowup, Balkan ýakasyndan Abdynyñ daýylaryny penalap Etrege göçdi. Basym özem bu dünýä bilen hoşlaşdy. Derek boýly Ogulgül Kerimiñ mukaddes ojagyny saklap oturyberdi. Doganlary-da ikinji gezek durmuşa çykarjak bolup azar berip ýörmediler. Gaýtam gözden salmadylar.
Abdy ösdi. Basan ýerinden ot çykarýan gyzyleñek jahyl bolup ýetişdi. Ýöne oglantakka akja süñk oýnunda bir karamkeş ýoknasyzyñ aýdany ýadyndan hergiz çykmady.
- Gitsen-aý, batyr bolsañ, dädeñ ganyny al.
Ejesinden özelenip köp sorady: "Dädem hany?! Kim öldürdi dädemi?!"
Mañlaýyna ir ýygyrt düşen Ogulgül ogluna gönüläp jogap bermekden garaz, eýdip-beýdip sypardy. Abdy işekçer ýigdekçekä daýylarynyñ ýardam bermegi bilen at-ýarag edindi. Mazaly özüni rastlady.
Bu gün bolsa, ejesine gandarynyñ kimligini aýtdyrmagy başarypdy. Ol şondan göni Balkan etraplaryna tarap atyny ýüzin saldy.

...Uly syrgynyñ ortasyndaky ak öýüñ çyrasy gije ýarymdan aganda-da öçmedi. Daşarda gar köwsarlaýardy. Öý eýesi bimazady. Irkilmedem. Teýahyry ol ýorgandan çykdy. Içmegini egnine aldy. Dyzlaryny gulaklaryndan geçirerledi. Galpyldady. Ýalpa gözlerini aýaly muny gördi. Çekinibräk habar gatdy:
- Çal, uklamadyñ-la.
Adamsy jogap gaýtarmady. Bu aýalyñ howsalasyny artdyrdy. Dikeldi:
- Dümwelediñmi, dädesi?
- Juk.
- Onda nä?..
Garabaý tas "Buşugmaga" diýipdi. Barybir, aýaly geñ galyp oña seredýärdi: "Haý, çal, garrylyga ýeteñog-a sen. Nä döw çaldy saña? Dagyñ bölegi ýaly doganlaryñ, aždarha ýaly ogullaryñ ýanyñdaka nämeden gypynç edýärsiñ?"
Aýaly bu sözleri daşyna çykarmady. Içini gepletdi. Adamsy muny ýüzünden añdy. Gapa gorkuly seretdi. Onuñ teşwüşi aýalyna-da geçdi:
- Aýd-aý, dädesi. Mundan öñ il senden çekinerdi. Sen kimden gorkýarsyñ?
Garabaýyñ eñegi şakyrdady. Aýalyna alaryldy:
- Düýn del atly gördüm dag jülgesinde. Ol... ol, agyn Kerimiñ diri özi.
Hiç mahal Kerimli waka küýüne gelmedik zenanyñ ysgyny gaçdy. Ärine gysmyljyrady:
- Ara daş-a. Onsoñ-a bi sowuk gijede Kerimiñ dogmasy näme işlesin?
- Gapylsan-aý, samsyk heleý. Kerim aldajy gurt ýaly gaýratly nesilden diýerdi dädem. Onuñ ogly hökman menden aryny alar.
Gapy jygyldady. Egin-eşigi öl-myžžyk bolan jahyl işikde peýda boldy.
Ol tüpeñini keseligine tutup durdy:
- Diri bolup sanda, öli bolubam görde ýok ekeniñ, haramzada. Arymy aljagyma göz ýetiripsiñ.
Abdy yzyna öwrülip ýüzüne öliniñ reñki uran duşmanyna egni üstaşyr ýigrençli seretdi:
- Ganymy geçdim, namart.
Garabaý toýnaklary palçyk syçradýan at aýaklarynyñ tapyrdysyny eşitmedi.

19.04.1992 ý.
 


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 11 | Добавил: Admin | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Annatagan NURGELDIÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar