12:49

Aw - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Aw

Dañdan dag başyna çöken duman ýukalyp-ýukalyp aýryldy. Çatmanyñ içi has-da ýagtylanan ýaly boldy. Ertirlik çaý-çöregini edinen gojadyr agtygy daş çykdy. Ikisem dag eteginde, düme ýere ekilen gawun-garpyza ser saldy. Güýzüñ ilkinji günleri howa çigräpdi. Süýjüliginden darkyldap ýarylan gawunlaryñ ömri paýawlaýardy. Ýöne tomsuñ soñragynda ýagan ak çabga gawun güýzäp ýatyrdy. Goja agtygyna: "Agza gelen rysgaly reýgan etmäli. Okuwyñy gaýgy etme. Galhoz başlygyna aýtdym. Olam direktirden rugsat alar" diýip gawuny heniz saklamaga müwessa bildi. Onsoñ-da beýle güýzeg her ýyl miýesser bolmaýar. Ylaýta-da tomus günleri ýagyş seýrek gelýän hoşgylaw myhmana meñzeýär. Atasynyñ teklibi düz howasyndan aýrylyşybilmeýän oglanyñ göwnünden turdy. Ol şol bada razylaşypdy.
Goja häzirem özüne gysmyljyraýan itine nazar aýlady, soñ agtygyna:
- Oglum, şu janawar, äñeden bolsañ, gije-de o ýan, bu ýana gitmedi. Bir zatdan teşwüş etdi. Şindi-de şo gorky aýrylmandyr. Daş-töweregi esewanlaly - diýdi.
Bular esli mahal aýlandylar. Birden oglan atasyny çagyrdy. Goja geldi. Gumaksy ýere siñe-siñe seretdi. Çommalyp oturdy. Çöññelen gözler pişigiñkä çalymdaş, ý9ne ondan uly, käsäniñ agzy ýaly yzlary saýgardy. Yzlar daga tarap gidýärdi. Aşyr aga: "Gije gelip gidipdir. Şo janawar..." diýip içini gepletdi. "Hawa, şo janawar... Gaplañ".
Goja soñky jümleleri daşyndan aýdanynu bilmän galdy. "Gaplañ" sözüni eşiden Sahy böküp, atasynyñ gujagyna doldy. Item ýagşy kiçi ynsana aralaşan gorkyny añan şekilli goja golaýlaşdy. Guýrugyby bulaýlap, ýaramsylyk etdi. Aşyr aga:
- Gorkma, inerim - diýip, agtygynyñ başyny sypaşdyrdy. - O janawar ynsan degmesi degmez.
Bu teselli beriji sözler oglany köşeşdirmedi. Ol gaýtam tora düşen beden ýaly titreýärdi. Dişleri biri-birine degmän, şakyrdaýan ýalydy.
Goja daglara nazar saldy. Uludan dem aldy. Agtygyna:
- Oglantakkam, bir wakanyñ gözli şaýady boldum. Diñle - diýdi. Oglan başyny galdyrdy. Ilki atasynyñ joýalanyp-joýalanyp duran giñ mañlaýyna, soñ gözlerine seretdi. Birbada galpyldysy aýrylyp, ynjaldy. Aýbogdaşyny gurup oturdy.
- Hawwa, atam meni gojalan çagynda awa äkitdi. Şu daga, meniñ daga ilkinji çykyşymdy. Belki, emelsizligindendir, atamyñ yzyna zordan eýerýärdim. Ol goja kişi bolsa-da, çuslanypdy. Jahyllyk döwri dolanyp gelen şekilli.
Dagyñ orta biline geldik. Gök kemerler guşaga çalymdaş. Sil suwy ýykan damarlyk-damarlyk dyzboýy otlar gyşarylyşyp ýatyrlar. Asmanda läheñ bürgüt kölege salýar.
Atam: "Aşak bakma. Başyñ aýlanar" diýdi. Men onuñ pendine gulak asdym. Uly daşa ýaplandyk. Atam hol ýokary ümläp goýberdi. Şo tarapa äñetdim. Ep-esli aralykda dag tekesi gymyldaman durdy. Juda uzakdan saýgarypdyr.
Atam maña ýerimde galmagy pyşyrdap tabşyryp, öñe süýşenekledi. On-onbäş ädimlikdäki daşa baryp, çöküne düşdi. Köneje hyrlysyny dag tekesine çenedi. Tüpeñ sesiniñ çykaryna garaşyp, usullyk bilen dem aldy. Emma birden, gapdalymdan alabeder läheñ bir haýwan atylyp, atamyñ ýanyna bardy. Ol tüpeñini öñ aýagy bilen kakdy. Hyrly göçmän, daşyñ düýbüne gaçdy. Elbetde, ol gaplañdy. Onuñ-da şo tekäniñ kastyna çykanlygy äşgärdi. Men gygyrmak üçun agzymy açdym. Eger-eger sesim çykanok. Sebäbi gaplañ atamy tüýtmelär öýdüp gorkýardym. Emma o janawar beýtmedi. Dag tekesine tarap süýşenekläp ugrady.
Atam tüpeñini kakyp galdy. Onuñ gaplañy awlajakdygy ikuçsyzdy. Ýöne gaplañ oña degmändi ahyry. Atam näme üçin beýdýärkä? Ýa awunyñ elinden alnaryna namys edýärmikä?
Gyssagarada muny bilmek çetindi. Basym tüpeñ göçdi. Gaplañ elhenç arryldap arkanlygyna zyñdy. Atamyñ iki-üç ädimlik ýanyna düşdi. Baý-baýow! Goja kişi diýjeksiñ. Ol ýyldyrym çaltlygynda gynyndan sogran ak saply pyçagyny o janawaryñ goltugyndan sokdy. Şobada gyrmyzy gan çüwdürilip akdy.
Men gaplañyñ titreýän aýaklaryndan nazarymy sowup, dag tekesiniñ duran ýerine äñetdim. Elbetde, ol eýýäm ýerinde ýokdy. Men ýokary turdum:
- Atan, nädäýdiñ, o janawary?!
Gojadan ses-seda çykmady. Dag etegine zordan düşdi. Dogrusy, käte oña söýget berdim. Atamyñ gorkudan ysgyn-deramaty galmadymyka? Aý, ýok, towşantüý-ä däldir. Onda näme?!
Goja daga tarap ahmyrly bakdy. Men şonda dag tekesiniñ duran ýerine däl-de, gaplañyñ ýatan tarapyna seredenligini duýdum. Inim düýrükdi. Eýsem näme?! Onuñ garaköýük bolan ýüzüni tanamajak boldum. Dodaklary kemiş-kemiş edýärdi. Ol telpegi bilen mañlaýynyñ derini syldy-da, tüpeñini beýläk zyñyp goýberdi.
Öýe geldik. Atam düñle adama döndi. Gep-söz, çaý-nahar bilen ugry ýok. Basym ýanyny düşege berdi. Halyny soramaga gelip başladylar. Bir gezek ikiçäkkäk ol maña şeýle diýdi:
- Aşyr, oglum, men o janawara... gaplaña dönüklik etdim. Namartladym. Näme üçin, şeýdenligime häzirem aklym çatanok. Elbetde, beýle pursat ynsanda bolýan däldir. Söweşen bolsa, gowy bolardy. Gördüñ-ä, o janawar, maña degmedi. Men bolsa... ine, şu-da meni horlaýar. Bu wakany hergiz aýtmagyn...
Atam gije jan berdi...
Aşyr aga ýokary turup, çatmasyna ýöneldi. Birhaýukdan soñ özüni rastlan Sahy-da galyp, näme üçindir daga tarap söýünçli bakdy-da, atasynyñ yzyndan ugrady.

1992 ý.


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 14 | Добавил: Admin | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Annatagan NURGELDIÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar