12:41

Ýol - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Ýol

Beýik depä meñzeş, gylyç bilen kesilen ýaly iki bölek çägäniñ ortasyndan düýe ýodajygy geçýär. Saç-sakgaly ösgün ýolagçy şunuñ günbatar tarapdakysynyñ gyrasyna geldi. Holha-da oba, heniz ýatmandyr. Itleriñ üýrýän sesleri eşidilýär. Güýzüñ başy bolsa-da, gije çigräpdir. Ýöne bu çigreklik onuñ köz salnan ýaly gursagyny sowadyp bilenok. Teşnelikden ýaña agzyna sygmajak bolýan dili bilen ýarçyk-ýarçyk dodagyny ýalaşdyrdy, buz ýalyjak çägeden gysymlap gursagyna goýdy. Köşeşenok. Aýagam öñe ädilenok. Ýadawlykdanmyka? Mümkin. Şunça uzak menzil geçen aýaklar sesýetimdäki oba barmagy kyn görýär. Onda nirä gelýär?
Ýeñse tarapdan pyşgyrma eşidildi. Ol ürken towşan ýaly, ziñkildäp, gañrylyp seretdi. Gijiräk galan dört-bäş sany sagylýan düýeler öri meýdandan oba tarap, müýnsüz halda mytdyldaşyp barýarlar. Iñ yzkysynyñ tagmasyny görmänem tanady... Sülgünleriñki. Goşa çäge göýä atagza meñzäp gysyp-gowrup barýardy. Eginleri ýygrylyp aşak oturdy. Sülgün... ony niçik garşylarka? Olar heniz agaç telärden öýe giren däldir. Ejesiniñ edähedi şeýle: düýe ýüñ ýorganyñ içinde üşeýänçä daşarda ýatýar. Sülgünem ýanynda. Diýmek usullyk bilen turzup, gürleşmek boljak. Eýsem, näme barada gürleşmeli? Ol gözüni ýola dikip garaşýandyr, ýöne ýeñiş bilen gelerine. Uruş weli, entegem gutaranok.
Ýigidi indi der basdy. Laplap ýanýan gyzgyn ýüzüni symgylt aýa-da görkezmejek bolýan şekilli iki eli bilen ýapyp, ýüzinligine süýndi. Ol ogry kimin, obanyñ ýataryna garaşyp, başyndan geçenleri göz öñüne getirdi.
...Otly şakgydyk-şak edip, gündogara tarap süýnüp barýar. Goh-galmagal köşeşenok. Wagonyñ içine asudalyk aralaşdy. Watan gullugyna barýanlaryñ köpüsi irkildi. Gyrada ýerleşen Sylabyñ içi gysdy: Oba, Sülgün, ejesi ýadyna düşdi. Sülgün bilen soñky gije duşuşygy ýatlanynda ýüreginiñ urmasy artyp, kükregini ýaraýjak-ýaraýjak boldy. Eh, şumat gümür-ýamyr edişmäge biri tapylsady! Edil şol mahalam onuñ ýanyna inçemik, ortadan uzynlak ýigit geldi:
- Ýüregiñ gysýamy?
- Hä, biraz.
Ýigit oturyp, arkasyndaky goşhaltasyny aldy-da ortada goýdy.
- Gel, garbanaly.
- Sag boluñ.
Ýigit töweregine ýalt-ýult edip, haltadan arak çykaryp, kürüşgä guýdy.
- Hany al, pikire çümüp oturma, gaýgyñ egsiler.
Ol özelenip iki-üç gezek mürähet edensoñ, sylap jyñkydyp goýberdi. Iki çüýşe boşadylansoñ, kelleler mazaly sämedi.
- Gel, tanşaly, adym Möwlam.
- Sylap.
Möwlam ah çekip, kellesini penjeledi:
- Yzymda üç çagam galdy.
- Meniñ bolsa, söýgilim, ejem.
Ýene az-kem derdinişdiler. Birden Möwlam ony gaçmaga ündedi. Sylabyñ gözleri giñden açyldy:
- Ni-nirä?
- Ho-ol, uruş gutaranda geläýeris.
Başy aýlanýan Sylap ýüzini bürüşdirip pikirlenjek boldy. Bolmady. Pikiri garjaşdy. Otly saklandy. Ýoldaşy ony çekip turuzdy-da, süýrekläp ugrady.
Olar düşdüler, hiç kimem añlamady, onsoñ göni garalyşyp görünýän daglyga tarap ýöneldiler. Tümlük ukusyna sak, ynjyk itlerdenem gizledi.
...Sylap ýalpa gözlerini açdy. Düýbünde ýatan düýe ýaly daşynyñ kölegesi gysgalypdyr. Dag howasy petiş, bu öñem kellesi agyrýan Sylabyñ ýüregini gysdyrdy. Onuñ agzynyñ içi gus-gury, nem ýoga meñzeýär. - Turduñmy? Golaýjakda buz ýaly çeşme bar, ýuwun-da hezil et.
Zompa çykyp Möwlamyñ şadyýan sesine Sylap tisgindi, onsoñ ýokary turup, argynlyk bilen çeşmä tarap ugrady. Ol öwrülip gelende, Möwlam goşhaltadan çörek, gowrulan et çykaryp ortada goýupdyr. Kürüşgäniñ ikisem suwdan doly. Sylap çaý içmegi küýseýär, ýöne hany tüñçe? Ýoldaşy muny duýan ýaly öñünden aýtdy:
- Ot ýakmak bolmaz, tüssesi daşdan görünýär.
Garbandylar, onsoñ kybla tarap gitdiler. Ikindiniñ öñ ýanynda uly gowak tapyp, şol ýerde jaýlaşdylar. Sylap alasarmyk ýagdaýda oýaly-ukuly ýatdy. Ýöne gözlerini açsa, ýoldaşynyñ şo bada oýanyp bilýänligine geñ galdy. "Bi nä, düzüwli uklabam bilenok. Maña ynanmaýarmyka?" diýip oýlandy. Şu ýerde Möwlamyñ türkmençe çalgyrt gepleýänligem ýadyna düşdi. Soramaga weli, bogny ysmady. Sebäbi ýoldaşy az gepleýär, özem sähel zada yzgytsyzlanýar. Başky mähribanlygyny bütinleý unudyp barýar.
Gowagyñ içi garañkydy. Daga serginlik aralaşdy. Niredendir bir ýerde baýguş jakyrdady. Ol ýoldaşynyñ dem almasyna diñ salýanlygyny bilip ýatyrdy. Bu gije ikisem süwütli uklap bilmedi. Onsoñ guşlar örmänkä ýola düşdüler. Üçünji gün azyklary gutardy, bary-ýogy el ýaly gaty çörek galdy. Möwlam golaý-goltuma aýlanmaga gitdi. Ýeke galan Sylap çaý gaýnatmagy ýüregine düwdi. Ol oýtagrak ýerde ot ýakdy. Gaýnamaga az galanda haşlap gelen Möwlam çöplemäni depeläp söndürdi:
- Näme, janyñdan irdiñmi? Çaýsyz ölmersiñ, emma ot ýaksañ... - Ol gaharly ýuwdundy: - Şundan şeýläk menden rugsatsyz ýekeje ädimem hereket etme.
Sylap dikeldi. Ýoldaşynyñ ganguýma gözleri içinden-bagryndan geçip gelýärdi. Birbada sussy basylan Sylap: "Bu dogry aýdýa, ot ýaksañ, nirdeligiñi mälim etdigiñ bolýa" diýip, özi özüni köşeşdirip, beýleräk çekildi. Ýöne onuñ "rugsatsyz hereket etme" diýeni dura-bara janyna batdy. "Bi, nä meni jylawlaýa? Aý hawa-da, munsy-da dogry. Ol meni ir, otlynyñ içinde owsarlady, erkimi eline aldy" diýip, ahyry ýene Möwlama garşy delil tapmady.
Olary günuzyn açlyk horlady. Sylabyñ gözleri garañkyrap ugrady. Ol: "Şunuñ oñan ýerinde oñmasam, toprak başyma" diýip, dişlerini berk gysdy. Gün ýaşanda Möwlam: "Ýoñsuz gapdalymyzda süri goýun bar, şoña gideli" diýdi.
Çopan goşuna golaýlanlarynda Möwlam Sylaby böwürslenlikde galdyryp, ep-esli wagtdan goltugy çebişli dolanyp geldi. Sylap ýoldaşynyñ ýagdan gyl sogrulan ýaly edip ogurlap bilşine haýran galdy. Bu onuñ ogry şärigi bolşunyñ ilkinji gezegidi.
Ertesi günuzyn gowakda boldular. Eti kaklap, basym guratmak üçim gyzan daşa serdiler. Ýassy çemesi Sylap irkildi. Onuñ düýşüne Sülgün girdi. Ol ertekilerdäki periler ýaly asmandan uçup geldi-de, Sylaby goltugyna alyp äkitjek boldy. Ýañy asmana galanda Möwlam Sylabyñ aýagyndan tutmaga ýetişdi.
- Goýber. Goý-ber diýýän.
Möwlam urnup ýatan ýoldaşyny yralap, oýardy.
- Düýşürgediñmi?
- Hym-m.
- Köp dynç aldyk, ýola düşeli.
- Biz nirä barýas-a?
Möwlam ajy ýylgyrdy:
- Dost jan, muña gaçgak durmuşy diýerler, sergezdansyñ.
Ýañy süýji ukynyñ hözirini görüp başlan Sylap ýokuş görse-de, ýoldaşynyñ yzyna düşdi. Olar ysgyn-deramatdan gaçýança ýörediler. Çörek ýok, diñe et, olam ýüregiñi düýtmeläp barýar. Sylap içegeleri jukurdap, halsyz bolsa-da, çydamagy ýüregine düwdi. Ýoldaşy dillendi: - Ho-ol dag etegindäki ýeke çatmany gördüñmi?
- Hawa.
- Şoña git-de, çörek äkel.
- Ömrümde ogurlyk edemok.
Möwlam içýakgyç güldi:
- A sen, mundan öñ gaçgak bolup gördüñmi? Indem akyllysyran bolýarmyñ?..
Sylap dodagyny dişledi: "Bu ýene-de mamla. Onnoñam, hökman ogurlamalymy? Gaçgakdygymy kim bilýä? Öz obamyz-a daş, bu taýda-da, sorap durmazlar. Sorasalar-da, ötegçi diýerin-dä. Göniläp baraýyn. Bizi doýrar ýaly çörek o çatmadan tapylarmyka? Tapylar. Ýeke bolsa, azajygy bardyr". Ol gozganyp pikirlenmegini dowam etdi: "Belki, munuñ penjesinden sypmaga mümkinçilik dörändir. Emma nirä gitmeli? Ýoldaşyñdan gaçmak, namartlyk bolaýmasyn? Onuñ gulagyna uzakdan Sülgüniñ inçejik owazy eşidilen ýaly boldy: "Sen bu ady eýýäm aldyñ. Watandan gaçyp ýörsüñ".
Sylap töweregine ýalt-ýult edip, ýokary galdy. Möwlam ýoldaşynyñ içki harasatyny añlan şekilli güñleç seslendi:
- Nirä?
- Çatma.
- Agşam bile gideris, oña çenli çyda.
Diýmek ynananok. Gaçar öýdýär. Asyl ol, munuñ elinde ýesire meñzeýär.
...Möwlam ýassy çemesi çatma baryp, ep-esli eglenip, Sylabyñ bukuda duran ýerine demi-demine ýetmän, öwrülip geldi. Onuñ ýüregi hut kükregini ýaraýjak bolýan şekillidi. Her hal, Sylap bu ýagdaýy basym ünsden düşürdi, sebäbi ýoldaşynyñ elinde bir tegelek gömme ojak çörek, kiçeñräk haltada-da dört-bäş ýugurlyk un bardy. Möwlam gyssady, onsoñ daga tarap ylgaşyp gitdiler.
Daga ýetenlerinde hem Möwlam sägindirmedi. Güýçlerinde baryny edip, öñe gitdiler.
Daña golaý iki ýoldaş halys surgunyp, näme bolsa, şol bolsuna urup, bir agajyñ düýbünde süýndüler.
Sylap gün arkasyny gyzdyranda oýanyp, ýoldaşyna seretdi. Ol geñ galmakdan ýaña tirsegine daýananyny bilmän galdy. Möwlamyñ kellesi dañylgydy, sargydan syzlap çykan gan doñupdyr. Özem ilkinji gezek sarsman ýatyr.
- E-eý, Möwlam, hany tur!
- Häh! - Ol gözlerini ýalpa açyp, dikeldi-de, başyny saldy. Çaky müýnli ýaly, gözlerini Sylabyñky bileb sataşdyrmajak bolýar. - Kelläñe näme boldy?
- Aý, şo çatmadaky ýetginjek nejis eken. Un bermejek bolup, taýak bilen urdy.
- A sen näme etdiñ?
- Görýäñ-ä.
Ol halta tarap elini ümledi-de, töweregine nazar aýlap, öñdäki düýedenem uly daşa tiñkesini dikdi. Uzak mahallap gözleýän zadyny tapana meñzäp, ýeñillik bilen dem aldy. Ýylgyrdy hem. Ýoldaşyndaky bu özgerişler Sylabyñ nazaryndan sypmady. Şeýle-de bolsa, öñki gürrüñine degişli sowaly gaýtalady:
- Senem urduñmy?
- Juk.
- Onda nähilu sypdyñ?
- Ony bogup öldürdim.
- Nä-me?! - Sylap onuñ alkymyna dykylyp bardy. Gahardan ýaña alýan demi Möwlamyñ ýüzüne urlup gitdi:
- Diýmek sen ganhor-da?
- Hawa, häzir ondan beterräginem eşidersiñ - Ol içýakgyç ýylgyryşyny edip, perwaýsyzlyk bilen öwrüldi-de, şol daşa garşy ýöneldi.
Sylap birbada sañgaty boldy, gulaklary şañlap, başy aýlandy. Şeýle halda näçe mahal duranyny bilmän, yrañ-darañ bolup bärden baranda Möwlam goş-golañlary ykjamlap otyrdy. Ol hatda Sylabyñ gelenliginem duýmady. Dünýäni unudypdyr. Soñky sözler Sylabyñ gulagyna ilmedi. Onuñ ýumrugy daş ýaly düwlüp, göwresi awunyñ üstüne zyñjak ýolbarsa meñzedi.
- Ikiden birini saýla: - ýa-ha meñ bilen gidersiñ ýa-da şu ýerde guma garylyp galarsyñ. Pikirlenmäge iki minut wagt berýän.
Sylap diñe sapançanyñ kiçijik agzyny görýärdi.
Eýsem şeýle pursat nätmeli? Onuñ gulagyna Sülgüniñ sesi eşidilen ýaly boldy, ýöne näme diýenligine düşünmedi.
- Wagtyń dolup barýa, çaltyrak!
Gazaply sese tisginen Sylap, bars çakganlygynda arkanlygyna zyñdy-da, aýagynyñ burny bilen sapançany kakdy. Sapança atylyp, ýoñsuz daşlykdaky ownuk daşlygyñ içine düşdi. Möwlam garşydaşynyñ garnyna münüp, kellesini daşa urdy. Sylabyñ gözlerinden ýalpa ot çykyp, başy aýlandy. Ol bir elini ýeñsesine goýup, beýlekisi bilen üstündäkiniñ boýnundan tutmaga ýetişip, özüne çekdi. Möwlam ony bogup başlady. Demligi daralyp Sylap onuñ elinden tutup, biraz gowşatdy. Ýöne beýle ýagdaýda heläk boljaklygyny ikuçsyz añdy. Nätmeli? Pikirlenmäge-de pursat ýok.
Ol jynyssyz gygyryp, silkindi. Içaly az-kem gyşardy welin, bogazyna elini ýetirdi, soñ ikisem birfb ellerini goýberip, gujaklaşyp togalandylar. Kertden uçmaga iki-üç ädim galdy... Dikleşip biri-biriniñ egninden tutup, möjek ýaly seredişdiler.
Sylap biraz demini düzensoñ, çakganlyk bilen garşydaşynyñ bilinden tutup, içinden çilşirip, öñe egip, ýykyp bildi. Dikelip-dikelmänkä-de bar güýjüni jemläp, içine depdi. Kertden uçan garşydaşynyñ sesi uzak mahallap gulagyndan gitmedi.
Ýüzi persala, on iki süñño soka salnana dönen Sylap ilki haýsy ýeriniñ agyrýanlygynam bilmedi. Dura-bara özüni dürsedi, şonda sag çigniniñ almaz bilen dilnen ýaly awaýanlygyny duýdy. Gañrylyp seredende, ganyñ köýneginden sarkyrýanlygyny gördi. Ok gyltyzyrak kakypdyr. Ony sarady. Ol dagdan düşmek üçin yrgyldap ugrady. Onsoñ nirä gitmeli? Obamy?! Sylap dikeldi. Oba göz aýlady. Rahatlyk. Itleriñ sesem galyşypdyr. Ol obanyñ ýokary çetini nazarlap ýöredi.
- Hiýh... Gyz yralanmagyndan tisginip oýandy-da - Kimsiñ? - diýip, ýuwaşja pyşyrdady.
- Çüş-ş, Sylap.
- Kim?!
- Sylap.
Henizem gulaklarynyñ eşidenine ynanmadyk gyz ep-esli mahal gozganman oturdy, soñ horruldaýan ejesine bir ser saldy-da, telärden syrylyp düşdi. Oýdaky daş guýa tarap ýöneldi. Gelenlerinde gyz ilki dillendi:
- Basym öwrülipsiñ, ýaralandyñmy?
Ýigit ýuwdundy.
- Ejeñ sowuk ýurda düşendir öýdüp, düýe ýüñden jorap örýä. Menem ejemden ogrynça ellik.
Sylapdan ýene jogap bolmady.
- Hiýh, oglan, mysalañ nätüýsli, hany soldat eşigiñ?
Hemişekiligi bolsa, ol Sülgüni bagryna basardy. Häzir edil keseki ýaly. Iñ kyn pursatlarda-da şu gyz-a oña güýç-kuwwat beren? Indi nä ýeke sözem aýdyp bilenok.
Ahyry Sylap saññyl-saññyl edip, güñleç seslendi:
- Gaç-gaçdym.
- Aý, goýa? - Gyz ýylan gören ýaly yza çekildi. Sylap aldawa düşüp, gören hupbatlaryny aýtmagy ýüregine düwüp gelýärdi. Pikiri serçelere atylan seçmä meñzäp, pytyrady. Gyzyñ indi bütinleý kesekä öwrülendigini duýdy.
- Nä ýüzüñe gelýäñ? Wah, mañlaýym şor eken - Gyz möññürip aglamazlyk üçin barmagyny dişledi.
- Sül... Sül-gün, geç, gün... günämi...
- Ug-ra!!
Gyz yzyna öwrülip, ylgap gitdi. Sylabyñ ýüregi üzülene döndi. Ol oýdan çykyp, öýlerine nazar aýlady. Bildirýär, çyra öçügsi ýanyp dur. Ejesi igini ýanynda goýup, irkilendir. Ene... hemişe gyzdan soñ ýada düşgüç bolýar. Şumat barsañam mukaddes ojagyna kabul etse gerek, sebäbi ene ýüregi dözümsiz bolýa.
Ol öýlerine tarap ýörejek boldy. Bolmady. Edil aýaklary duşaklanan ýaly, gymyldanok... Ene... ogluny düýşünde görüp, gürleşýändir, sag-salamat gelmegini isleýändir. Belki, ony az mahallyk şujagaz bagtyndan mahrum etmeli däldir. Perzendiniñ gaçgakdygyny bilen ene ýüregi näder?
Ýigidiñ soñky umydy üzüldi. Yrañ-darañ edip, ileri ýöneldi. Obadan mazaly daşlaşansoñ ýene sägindi. Eýsem, başga çykalga ýokmuka?
Sylap soñky gezek gañrylyp oba seretmek isledi, emma bogny ysman, öñe ynamly gadam urdy.
Egrem-bugram ýol ony göni raýon merkezine alyp barýardy.
 


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 8 | Добавил: Admin | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Annatagan NURGELDIÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar