10:55

Göwün topukçalary - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Göwün topukçalary

Ene ýer

Ene ýer juda beýik! Ol daglardanam beýik!
Sebäpmi?
Gar ýagdy. Gije-gündiz dynman ýagdy. Hemme ýer – depelerem, daglaram, sähra-da, peslikdir çöketliklerem ak.
Hoşroý adam ýaly ýylgyrjaklap görnen Gün, ilki bilen, daglaryň üstündäki garlary däl-de, zeminiň üstündäki garlary «süpürmäge» başlady. Daglaryň üstüniň garynyň tomsuň tüp yssysynda-da şo-ol bir eräp bilmän durşy.
Ene ýer juda beýik! Ol daglardanam beýik!

Sähra

Baharda bulutlar başly-barat göçüp geldiler. Nirelerdendir bir ýerlerden haltalaryny dolduryp getiren gyrymsy otlarynyň tohumyny sähra gaýgyrman sepdiler. Baý, köp sepdiler-ä!
Otlar derrew gögerdi. Hemme ýer gül-gunça, göm-gök.
Sähra owadan! Ol durmuşyň özi ýaly owadan.

Harasat

Asmanyň ýüzi sargylt reňke boýaldy. Demirgazykdan tüweleý turzup ýel geldi. Ol şuwlap, küren obany tozana gabsady. Güýçli harasat obanyň adamlarynyň telekeçilligini mizana goýýan ýalydy: çamanrak adamyň eden işini tozdurdy, harsal goýlan zatlary uçuryp, allowarra äkitdi. Berk basylmadyk bedeleri giň meýdana sepeläp goýberdi. Käbir jaýlaryň şiferlerini hem alaşakyrdy edip gopardy. Serlip goýlan geýimleri galgadyp aldy gitdi.
Adamlar bu gopan harasada hopukdylar. «Ýel soňy ýagyş» diýipdirler» diýşip, ýagşyň ýagmagyna garaşdylar.
Ýöne ýagyş harasadyň gopan, garaşylan ýerine däl-de, goňşy obanyň üstüne baryp sil bolup indi...

Ganat

«At – adamyň ganaty». Şeý diýipdir gojalar. Şol ganat adamy giň jahana aýlapdyr, onuň göwnüni göterip, ýaşaýşa hyruç beripdir.
Owadan ganatlar! Wepadar ganatlar! Eýesini alys-alys menzillere aşyran, magşuk gyzy öz ýaryna gowşuran ganatlar! Duşmany aňk eden, toba getiren ganatlar! Garra tekge beren ganatlar! Çagalaryň düýşüne giren ganatlar!..
Adamlar atsyz durmuşy göz öňüne getirmediler, şonsuz ýaşaýyş bolmaz öýtdüler.
Bolçulyk.
Tehnika.
Bu gün adamlar ganatsyzam oňup ýörler.

Ýagyş

Baharda tebigat däli-porhan boldy: aram-aram Zeminiň üstüne topbak-topbak gara bulutlar abandy. Gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Uzak salym geçmänkä hem Zemini suw-sil edip, ýagyş ýagmaga başlady.
Adamlar ezilmezlik üçin, pena ýere ylgadylar.
Ýagyş günde-günaşa ýagyp dursa-da, ony geňlän adam bolmady. Ony bolaýmaly zat hasapladylar.
...Tomusda tebigat bahardaky bolşuny gaýtalady. Gök gürläp, ýagyş ýagmaga durdy. Onuň ahmyry bar ýalydy...
Tomusky ýagşy hemmeler geňledi: soň-soňlaram tebigatyň bu bolşuny ýatladylar ýördüler.

Bakylyk

Soltan Sanjaryň mawzoleýi!
Ol öň beýle ýalňyz däldi. Gapdallary durşy bilen ymaratdy. Galady. Göräýmäge, ondanam owadan ymaratlar bar ýalydy. Ondan beýik minara bardy.
Wagtyň ediberişini!
Onuň ýanyndaky şol owadan hasaplanan köşkler ýere garylyp gidipdir. Olaryň diňe käýerde yzlary galypdyr. Galanyň uzap gidýän haýaty-da guma garylyp barýar.
Soltan Sanjaryň mawzoleýi!
Ol seleňläp dur.
Ýalňyzlyk!
Bakylyk!
Hakyky zady, berkligi Wagt şeýleräjik edip ýüze çykarýar. Emma beýle synag üçin Adam ömri juda gysga bolýar.

Gije

Bahar. Ol adamlaryň ýüreklerinde ornapdyr.
Bu gün adamlar töweregini synlap oturan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyna ýygnandylar. Şowhun-şagalaň. Bahar ýüzli adamlar.
Adamlaryň öňüne çykyp, Magtymgulynyň gapdalynda durup, şahyrlar goşgy okamaga başladylar.
Baharyň tebigata jan, daragtlara boý berýändigi, şol daragtlardan hem kagyz öndürilýändigi gowulyk. Juda gowulyk. Şahyrlaryň hersiniň elinde baharyň peşgeşi bar. Olar şol «peşgeşlerden» gözlerini aýyrman, adamlara goşgy okap berýärler.
Kagyza seretmän goşgy okamak juda kyn bolarly?!
Hana, bir şahyr baharyň «peşgeşine» seretmän goşgy okamaga başlady. Bolmady, ýalňyşdy. Adamlardan ötünç sorap, jübüsinden kagyzyny çykardy. Kagyzyndan gözüni aýyrman, goşgusyny okady. Gygyryp, joşgun bilen okady.
Adamlar gidensoň, hiç kime görünmän, duýdurman, baharyň gara mahmal perenjesini – gijeligi üstüne çekip, bir adam aglady...

Galpyň gazany

«Galpyň gazany gaýnamaz, gaýnasa-da baýnamaz» diýip, ilki tapan kimkä?! Bu pähimi tapan o garynlak kişiniň doguljagyny, pähimini ýalana çykarjagyny näbilsin?! Bilenliginde, pähimine bir üýtgetmejagaz girizerdi. Belki, «Käbir galpyň gazany gaýnamaz...» diýerdi.
Her ýerde-her ýerde üýtgeşik kişiler döräberýär.
Hana, şol galpyň gazany-ha, indi nijeme ýylyň içidir, bygyr-bygyr gaýnap dur!
Onuň uly, owadan gazany bar. Galp her gün töweregine garanjaklap, ilden ogryn et getirip gazanyna salýar. Ýo-o-ok, adamlar ony görýärler, görmedikden bolýarlar. «Sen ogurlyk etdiň» diýip, ýakasyndan tutmasaň, olaryň köpüsi senden müň keren razy.
Galpyň gazanynyň daşyna her gün köp adam ýygnanýar. Epeý-epeý kişiler, agras, salykatly kişiler! Uly meýlis guralýar. Şo epeý kişiler öýlerinde etmeýän işlerini galpyň göwni üçin, bol-bereketli saçagy üçin etek alty-ýeň ýedi bolup edip ýörler. Ýalandan gülýärler, çakyr gülýärler. Galpyň tarypyny edýärler. Galp gülýär. Keýp edip gülýär. Gatbar-gatbar jaýlary sarsdyryp gülýär.
Kä gün şo garynlak galpyň gazany ýuwaşja gaýnaýar. Ody peselýär. Galp başyny aşak salyp oturýar. Ol ýalňyz. Soň ol ýene gazanyna jylka et salýar. Öňkülerindenem köp salýar. Çar ýandan epeý-epeý kişiler ýene gelýärler.
Meýlis. Uly meýlis.
Gije.
Ýene galpyň gülküsi hiç kimi ukladanok.
...Adamlar galpyň baýnamajakdygyny ýatlap, gije ýarpydan agansoň, uka gitdiler.
Pähim unudylsa erbet. Unudylmasa, belki, bir zatlar bolar...

Toýdan soňky toý

Uly toý boldy. Toýa gelip-gidenleriň sany-sajagy ýok.
Toý gije birçene baransoň sowuldy.
Töwerege imisalalyk aralaşansoň, ol ýerden-bu ýerden pişikler peýda boldy. Öň-ä beýle bir köpem däldi olar.
Gaty kän!
Pişikler üçinem toý sowlan öýde huruşlyk kän.
Şol känligem dawanyň üstünden eltdi: pişikler biri-birini gabanyşyp ugradylar. Tizdenem alazenzele edişip, uruşmaga girişdiler.
Bolçulygyň gohuna ýatanlar tisginişip oýandy.
Ömür kitabym

Maňlaý – ömür kitaby!
Haktagala şapbat deýin maňlaýa müň danyşmentiň, müň pähimdaryň, müň ýazyjynyň müň kitabyna sygmajak ykbaly gasyn bilen ýazypdyr.
Çar ýanyň Haktagalanyň ýazan täsin kitaplary. Käsi gyzykly, käsi gyzyksyz, käsi galyň, käsi ýuka, käsi gara, käsi ak.
Eý, Beýik Allam!
Eçilen maňlaýyňdan – ömür romanyňdan müň keren razydyryn men. Otuz sekiz ýaşap, ömür kitabymyň otuz sekiz sahypasyny okap, men bu dünýä – ömür kitabyma juda imrindim. Adam ömür kitabyna ýaşy durugşyp, maňlaýyndaky gasynlar – ömür kitabynyň setirleri görnüp ugransoň has imrinjek eken.
Ömür kitaby sahypasaýyn gyzykly, täsirli. Ktabyň soňuna çykasyň, bar zady – öňüňde nämeleriň garaşyp durandygyny, näçe ýaşajakdygyňy bilesiň gelýär.
Ýöne ony diňe özüň okap bilýärsiň, eý, Beýik Allam!
Meniň galyň, gyzykly kitap okasym gelýär.
Öz okumyş bendäňi maksadyna ýetir, eý, Beýik Allam!

Kime giň, kime dar dünýä

Haktagalanyň sygan giň dünýäsine bendesi sygman ýör.

Karz soramaly bolmasyn

Şeýle bir kişiler bar. Egniňdäki penjegiňi sypyryp alyp, özüňe on esse gymmat bahadan satjak bolup durlar.
Ogurladan köwşüňi satyn alyp bolýandygyna şükür.
Eý, Beýik Allam!
Seniň beýikde ýaşaýanlygyň gowy zat! Adamlaryň arasynda ýaşasaň, baý-bow, seni aldap, jüt galdyrarlar. Onsoň, öz bendeleriňden karz sorap ýörmeli bolardyň!

Şükür

Asyrlarboýy Deňlik diýen söz ähli jemgyýetde baýdak, şygar bolup geldi.
Gowy manyny gerdenine mündüren sözüň aňkasyny aşyrdylar: deňlik diýen söze dulanyp, gör, ençe-ençe galp işler edildi. Gör, näçe-näçe galplyk edilýär?!
Men Deňlik däldigime begenýärin.
Asyrlarboýy hakykat diýen aňlatma ähli jemgyýetde baýdak, şygar bolup geldi.
Gowy manyny gerdenine mündüren sözüň aňkasyny aşyrdylar: hakykat diýen söze dulanyp edilen bet işleriň aňrysy-bärisi ýok, ol söze dulanyp şu günlerki edilýän ýaramaz işler azmy näme?!
Men hakykat däldigime begenýärin.
Meni: «Deňlik bolmaly» diýip entetdiler.
Meni: «Deňlik üçin!» diýip kemsitdiler.
Meni: «Hakykatdan gaçyp gitjek ýeriň bolmaz» diýip entetdiler.
Meni: «Hakykatyň hatyrasy üçin!» diýip kemsitdiler.
«Deňlik üçin, hakykat üçin!» diýip, meni durmuş otlusyndan alyp galdylar.
Otludan galan ýeke men däl ekenim.
Ýüzi, egin-eşigi sypyrylan Deňlik bilen Hakykatam meniň ýanymdadylar.
Menem, olaram hiç kim tanamady.
Otludan galan kişi kime gerek?!
Gysganç

Baý kişi bir garry garyp naçara kömek etjekdigini özünden başga ähli kişä buşlap çykdy. Onuň bu işini unadylar, öwdüler: «Tüýs är kişiniň etjek işi» diýdiler. Bu söze baý kişiden başga ähli kişi ynandy. Gazetlere ýazdylar, radioda aýtdylar. Haýyr-sahawat işlerini edýänligi üçin döwlet oňa millionlap pul eçildi. Pul berjek diýip gazanç edip, abraý gazanyp bolýandygyny garry garyp naçar näbilsin?! Ol umydygärlik bilen baý kişiniň huzuryna bardy. Baý kişi janykdy:
– Hudaýyň bermedik bendesine men näme üçin bereýin?!

Amanat

Haktagala adama wagtlaýyn ömür, jan berýär.
Amanat jan bilen Adam beýikden beýik işleri bitirýär. Onuň mertligi, batyrlygy hakda tükeniksiz wakalar, rowaýatlar ýaşap ýör.
Adam hernäçe mert, batyr hem bolsa, bir zat babatda ýöwsel: Beýik Allatagaladan nesýe alan janyny onuň, teý, beresi gelenok.
Onsoň, adamyň käte ýoldaşyndan alan karz puluny wagty bilen bermeýşini gaty görüp, geň görüp oturasy iş ýok.

Arzuwym

Hiç zatdan nägile bolmaly däl. Nägileligiň bitirýän goşunyň ýoklugy üçin däl. Ýok, Beýik Allatagalanyň saňa eçilen ýazgydynyň şeýleräkdigi üçin nägile bolmaly däl!
Allatagala bizi üýtgedip gurmak, durgunlyk, gytçylyk, gymmatçylyk döwrüne dözüpdir. Allatagala bize şu döwürde ýaşamagy eçilen bolsa, biz şu döwre mynasyp adamlardyrys!
Her demime şükür edýärin!
Ýöne, otuz sekiz ýaşyma çenli bergisiz geçen günüm bolmady.
Otuz sekiz ýyl geçdi. Bergili geçdi.
Bar arzuwym, diňe bir bergi bilen – Beýik Allatagala amanat jan bergisi bilen ýaşamak!

Meniň ömrüm kimde?!

Otuz sekiz ýaşap men ömrümi isleýşim ýaly, arzuw edişim ýaly ýaşap bilmedim.
Eý, meniň arzuw edip ýetip bilmedik eziz ömrüm!
Sen nirede?!
Seni ýaşap biljek adamy juda göresim gelýär.
Sen ýaşalman bu panydan ötägitmersiň ahyryn.
Seni – meniň jandan eziz söýgüli ömrümi haýsydyr bagty çüwen ýaşar.
Meniňki çüwmedi:
Eliýukalyk.
Ýekelik.
Maşgala endişesi.
Durmuşyň batly akymynda gowy ýüzmegi başarmazlyk.
Arkasyzlyk.
Bularyň bary agzyny bir edip, garşyma çykdylar, ýykdylar, eý, meniň arzuw edip ýaşap bilmedik ömrüm!
Men saňa ýetip bilmän, başga bir ýöntemje ömri ýaşamaly boldum, eý, meniň eziz ömrüm!
Men häzirki ýaşaýan ömrümi näletlämok, ýüregim diňe sen diýip urýar, seni söýýän, her dem ýatlaýan, eý, meniň arzuw edip ýetip bilmedik ömrüm!
Men başga biriniň ömrüni ýaşaýan. Belki, meniň ýaşaýan ömrüm hem kimdir biriniň arzuw edip ýetip bilmedik ömrüdir?! Bu ömür juda ýygra, ýaýal. Ol batyrgaý gürrüň etjek bolmaýar, eden-etdilikleri görmezlige salýar. Sen maňa degme, menem saňa degmäýin diýýär, ol.
Eý, Beýik Allam!
Şu ömri eçileniňe şükür!
Ýöne men nirede?
Haýsy är kişi haýsy ýerde meniň aňymdaky gül ýalak ömrümi ýaşaýar?! Meniň oňa gözüm gidýär.

Çatryk

Çar ýanym ajal. Men olaryň arasynda ýaşaýaryn. Olara şeýle bir öwrenişipdirin, olara öwrenişişim ýaly, aýalyma-da öwrenişip bilemok. Ajal hem maňa juda öwrenişipdir. Maňa azar berjek bolup duranok. Ýogsam, ol pylan zat üstüne gaçdy diýibem, pylan zady iýdi diýibem, pylan kesel tutdy diýibem, atdanlykda ýaşaýan jaýyndan – dördünji gatdan ýykyldy diýibem alyp biljek.
Dünýädäki iň kän zadyň nämedigini kim bilmeýär?!
Men aýdaýyn: dünýädäki iň kän zat ajalyň bahanasy.
Islese, onuň gelmesi kyn däl. Oňa gapydan gelmegem hökman däl. Ol öýüňe islän ýerinden girip bilýär. Uçup bilýär, ýüzüp bilýär, ýakyp bilýär, ýanyp bilýär.
Iň köp başarnygy Beýik Allatagala ajala eçilipdir.
Men ajaldan her hili ýollar bilen sypyp, otuz sekiz ýaşa ýetdim.
Öňüm çatryk.
Wazlaşyp gelen birgiden ajal swetoforyň gyzyl yşygyny görüp saklandy. Ajallar maňa ýene ýol berdi.
Çatrykdan geçdim, ajallar wazlaşyp ýene ugradylar.
Eý, Beýik Allam!
Soňky çatryklardan hem öz bendäňi geçireweri!
Pyşbaga

Güýzüň başlarynda çäge ýorganyny üstüne çekip, pyşbaga süýji uka gitdi. Alabaharda – ýere ýyly girende oýandy. Ýaltalyk bilen ýokaryk çykdy. Muny gören zemzen «haşşyldap», onuň üstüne towusdy. Pyşbaganyň çykan ýerini köwläp, kiçeňräk ýumurtga çykardy. Ony ýuwutmaga ýetişmänkä, kepjebaş onuň üstüne abandy.
Pyşbaga aýaklaryny içine ýygryp, kellesini çala çykaryp, öz ýumurtgasy üçin dawa edýän ýylan bilen zemzene seredýärdi. Olaryň çaltrak giderine, çykarylan ýumurtgasyny çägä süsdürmäge howlugýardy.
Zemzen ýylany kowjak bolup guýrugyny tarpyldadýardy, «haşşyldaýardy». Kepjebaş hem yza teserli däldi. Ol kellesini ýokaryk galdyryp, haçja dilini «zuw-zuw» çykaryp haýbat atdy. Ol birek-birege haýbat atyp durmagyň uzaga çekmegini islemän, zemzeniň ganakaryna hylç etdirip, agyz saldy.
Zemzen yzasyna çydap bilmän, ikiýana urundy. Ýylanyň çakan ýerine agyz ýetirmäge çalyşdy. Kem-kemden ysgyndan gaçyp, entirekledi, beýleräkde ýaňy ýerden saýlanan ýüzärlige kepjebaşyň çakan ýerini terslin-oňlyn süýkäp, birneme özüni tutdy. Ýene garşydaşyna tarap okduryldy. Kepjebaşyň ýerden saýlanyp duran ýerine agyz urdy. Çakmak üçin ýylan kellesini aşak uzadanda, zemzen çaltlyk bilen onuň kellesini çeýnedi. Kellesi çeýnelen kepjebaş janhowluna ikibaka urundy. Onuň hereketleri kem-kem haýallady. Soň ol-da galdy.
Gyssanmaçlykda endamyndan ýylanyň zäherini doly aýryp ýetişmedik zemzen hem pyşbaganyň ýumurtgasynyň ýanynda jan berdi. Ýylanyň çakan ýerinden onuň sary içegeleri görnüp durdy. Oýa ümsümlik aralaşandan soň, pyşbaga ýumurtgasynyň ýanyna bardy. Ony ysgaşdyrdy-da, ýene çägä süsdürdi.
Oýda pyşbaganyň ýumurtgasynyň üstünde oňuşmadyk ýylan bilen zemzen dem-düýtsüz ýatyrdy.
Pyşbaga haýallygy bilen depä çykyp barýardy.

Ählihalk urşy

Atalar, agalar uruşdadylar.
Oglanjyklaram gol gowşuryp oturmadylar. Bir ýere üýşüp, «söweşe» girişdiler, uzynly gün faşistler bilen gidişdiler.
Ir ertirden giç agşama çenli gidişdiler. Içleri açlykdan ýaňa eljuk berse-de gidişdiler.
Söweş wagty iýmek-içmegem ýatdan çykýan eken.
Bir günüň dowamynda telim faşistiň jany jähennemiň dik düýbüne iberildi. Telim duşman tanklary otlandy, hatardan çykaryldy.
Ýesir alynýan duşmanlaram eginlerini ýygryp otyrdy.
Elbetde, bu ýeňiş oglanlara atalarynyňkydan, agalarynyňkydan aňsat düşenokdy.
Parahat obada ir ertirden başlanýan «söweş» giç agşam üstünlikli tamamlanýardy. Gazanylýan ýeňişler az bolmaýardy.
Ýeňiş ululara-da, kiçilere-de ýeňil düşmedi.
Esasy zat, ýeňdiler!

1992 ý.


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 15 | Добавил: Admin | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Osman ÖDE awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar