Işden gelýär
Gije sagat on iki.
Süýnmäge ýer gözläp ogryn jyklaýar.
Gapynyň agzynda dik duran gelni,
Yrsaraýar, olam özün aklaýar.
Soňra ýadawlygy delil tutunyp,
Balalarnyň gapdalynda uklaýar.  

Haky bardyr soramaga başdaşyň,
Bu ylahy takdyr, şeýle emir bar...
Daňdan özünden öň oýanýan gelni,
“Tur, işiňe gitseň&r ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Gül ömrüñ geçip gidensoñ,
                    Öküneniñ haýry näme?!
                              Mahmyt Zamahşary.

Gül ömrüñ geçip ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

Janym-a, janym-eý,
Dilnowazym, hanym-eý!
Dünýäm, hany-manym-eý,
Jennetmidir ýanyñ-eý?!
Damardaky ganym-eý
Salyp adam sanyn-eý,
Çagyrsana ýanyñ-eý!
Perizadym şanyñ-eý,
Alyp gitdi añym-eý...
Ýürek zer-zaw ýangyn-eý
Seslen maña kalbym-eý
Yşk elýetmez salgym-eý,
Magşuk sen-eý,
Aşyk men-eý...

"Beýik Türkm ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Mende goşa ýürek bardy,
Sagdakysyn saña berip,
Çep ýürekde oñup ýördüm.
Mende çäksiz akyl bardy,
Bar aklymy saña berip,
Günbe-günden artdy derdim.

Bakdym delmuryp her ýana,
Yşk sazyna owaz kylyp,
Haraý gözläp ýok zatlardan.
Men alaçsyz, men perwana,
Kemçiligme kimler gülüp,
Gaçar boldum gybatlardan.

Sen söýüld ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 7 |

Göwnüm seniñ göwnüñden suw içdimi, bilmedim,
Ýa näzijek kalbyña sygyşdymy, bilmedim
Bu nämäniñ dostlugy, bu nämäniñ halaty,
Gör, çarpaýa dik galan agzy gülli ak aty.

Kalbym seniñ kalbyña sygyşarmy, bilmedim,
Söýgümi bu ýazgylar, goşgularmy, bilmedim.
Ýa täzeje dostlugyñ ýelginimi, badymy,
Ýa-da ýanýan ýylgynyñ ýylysy ýok odumy?!

Ýa-d ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Ýagyş ýagjak bolýar.
Howa bulaşyk.
Asmanyñ ýüzüni kerepläp tutan
Ikiýan urunýan gara bulutlar
Sümükden doluşan çagañ burny deý
Suwly tumşugyny göterip bilmän
Daglañ arkasyna syñkyryp, çyrşap
Gaçyp gitmäñ emelini gözleýär...
Terk edilen şäher ýaly içgysgynç
Neneñsi biderek, bimany dünýä
Dolap almak üçin hapa gujagna
Gözýetimde tüw ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

On sekiz ýyl owal...
2000-nji ýyl.
26-njy mart.
Gyzyl ploşad.
Prezident saýlawnyñ öñüsyrasy...
Ýüzünden ýagdyryp gaýgy-görgüsin
Pensiýa gitmezden öñ iñ soñky gezek
Gahryman halkynyñ öñüne çykyp
Ýelsin çykyş edýär,
Halka ýüzlenip,
Tüýs ýüregi bilen ötünç soraýar
Elini gursagna mertlerçe goýup.
Diýseler-de oña hernäçe gende ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

Entek seni bir gezegem görmändim,
Sen wysaldyñ ýetilmedik armandyñ.
Emma men kalbymyñ gözleri bilen,
Seniñ näzli gözleriñi görýärdim.
Aý dek nurly gözleriñi görýärdim,
Basyp giden yzlaryñy görýärdim.
Görýärdim, nur bolup dogjak söýgimi,
Görýärdim, azalýan gussa-gaýgymy.
Çünki seniñ sesiñ eşden çagymam,
Bu dünýäde bagtly saýyp özümi,
Yk ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Dostlar,
Gödek görmäñ aýdan sözümi
Ýa dogry sözümi ýerliksiz görüp
Öýkelemäñ menden biderek ýere.
Çünki men barybir ýazman bilmerin
Çykyşy deý kalpdan,
gelşi deý sere
Beýan edip has täzeçe usulda
Görnüp duran Hakykaty özümçe...
"Goşgulary hapa,
özü-de howply"
diýip ýañraýana hetdini bilmän
Ýörenlere hergiz ýamanly ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 160 |

Köçe.
Saba çagy.
Iñlär siñek ýok.
Swetofor.
Gyzyl-ýaşyl yşyklar...
Sütüne alnyny dirän awtoulag
Burugsap duran motor...
Aýna döwükleri.
Mynjyran kapot.
Maşynda hyrkyldap ýatan bir kişi
Gysylan gapyny açyp bilenok...
Kimdir biri jañ edýämi, nämemi
Oturgyjyñ aşagynda bir ýerde,
Zaryn owazyny çalýar telefon.
Gana ç ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Gije ýarym boldy.
24:00.
Uka çümen şäher.
Asuda asman.
Aladasyz nurun saçyp duran Aý.
Gep gözleýän ýaly gözün mölerdip
Ýüzüme çiñerlip bakýan ýyldyzlar.
Yşykly sütünler.
Uzaýan bardur.
Çolaran köçeler.
Boşan duralga.
Alga alman ukusyny it-guşuñ
Göýä öñ bir-birin görmedik ýaly
Kellesin göçürip ýumruk mysaly
Hylwa ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 7 |

1990-njy ýylyň 18-nji aprelinde, sarahsly mugallym, Beýik watançylyk urşunyň weterany, jurnalist Berdi Töräýew bilen şol raýonyň Birinjii Kiçiaga obasynda ýaşaýan, 82 ýaşly goja Ýagmyr Ýazberdi oglunyň öýüne myhmançylyga, has dogrusy döwür barada gürrüňçilige bardyk.
Ýagmyr aganyň gürrüňçil adamdygyny men öňem eşidýärdim, emma henize çenli söhbetdeş bolup görmandim. Daljygyp-daljygyp gepl ... Doly oka »

Категория: Edebi tankyt | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

Ýadyña düşýämi: mermer şäheriñ
Ilersinde äpet ýaşyl baýdagyñ
Säher çagy şuglasyna Güneşiñ
Berkarar watanyñ bagtly halkyna
Gözüñ gamaşdyryp pasyrdap durşy...
Oñat ýadyña sal, şol ýaşyl tugy
Birden gözüm ýumlup, ölmeli bolsam
Eger eliñden gelse sowan meýdimi
Şol tuguñ astynda depin et, dostum...
Çünki hemmeleriñ sag gapdalyna
Kybla ýüzün ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

"Gözler kalbyñ aýnasydyr..."
Ahmet Seljuk Ilkan.


Eý, gamhory janany dil,
Apaty jan, bu ne sudur?!.
Çigildem göz, gyrmyzy gül,
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Pynhan pynhan duýgularyñ,
Aýanlyga gaýmasydyr.
Sokurlara men neýläýin?!.
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Ynjap ýadan ýürekleriñ
Yşka tarap taýmasydyr ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 18 |

Enem Ogulgeldiniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.

Öýe gelip Ogulgerek ejäniň mazasy bolmady: ysgynsyzlykdan ýaňa aýagy titredi, maňlaýynda görnen sowuk der hem onuň ragbatyny özi bilen alyp çykaýana meňzedi. Ol başyny ýassyga goýanyny kem görmedi.
– Wah, ejesi, gitmeli däldiňiz-dä. Ynha, indi wagty bilen özüňizi tutup bilmersiňiz – diýip, Güller eje segse ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Öň-öňler biziň obamyzyň adamlary içgi diýlen zadyň nämediginem bilenokdylar.
Ýöne eýýämhaçan ýurduň bir çetinden girip ugran gerşi gyzyl, garny ak şol bela, syňraklaryndan zäher damyp duran, demir dyrnakly penjesini ahyrsoňy biziň obamyzyňam başyndan inderdi.
Gelşi ýalam, ýakasyny tanatdy. Kowuldy. Şol döwrüň okumyş adamlarynyň: «Içgini Lenin gadagan edip gidenmişin, ondan öň ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |

Wah, göwne ýetmegiň ýokdugy gursun! Bir zada ýetip, edinip göwnümi hoşladym diýseň, ertesi gün göwnüň başga bir zady küýseýär. Oňa-da, teý, tükenme ýok. Onda-da ýaşlykdan köp zada hantama bolup ýaşan bolsaň, hiç zadam oňarmadyk bolsaň. Dünýäň zady saňa gerek. Belki, tapylyp dursa, dünýäň zadam azlyk eder?!
Oraza-ha azlyk etdi.
Orazyň ýaşlygy hantamaçylykda geçdi. Gurply biriniň ogly ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Mekdebi gutarjak ýylymyz gyzlara hat berlişik bolanda-da, men haty ilki Tawusa däl-de, onuň özünden iki ýaş kiçi jigisine — her arakesmede Tawusy bahanalap klasymyza gelende, maýyl-maýyl baka-baka, tygly hanjarlary bilen birsyhly bagrymy dilip ýören Mährijemala beripdim.
Ýöne ol özüniň entek ýaşdygyny, üstesine özünden uly uýasynyňam bardygyny aýdyp, maňa birhili gümürtik jogap beri ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

— Aýu, Amangylyç! Bu gije kanturda aýlyk berilýändir, ýadyňdan çykaraýma!
— Päheý! Hiý, putbol barka-da bir kantura gidip bormy-aý!
— Öýüňde öýlänlik ýok, dükana git-de, un alyp gel!
— Hä-ä, şu gije hakgeý bardygyny bilýän dälsiň sen.
— Bu wagt ýygym döwri, gije almasaň gündiz açylanok, o hazan.
— Oýny görmän-ä bosagadan aňryk bi ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 6 |

Her elinde agyr sumka göterip bazardan gelen Ogulbibi eje zatlaryny hazzar göterip durşuna:
– Merjenim, ýagdaýyň nähili? – diýip, gyzyna habar gatdy.
Düşekde ýatan gyz solgun ýüzüni ejesine tarap aýlady. Gyzynyň gözlerinden ýagdaýyň gowulaşmandygyny aňan ene açyk işikden içerä guýulýan ýagtylygy saklamazlyk üçin bir gapdala çekildi. Nur Merjeniň keşbini ýagtyltdy. Ýalkym ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

...Meniň «biz» diýýänim — klasdaşlarym. Klasdaş oglanlarym.
Ine, onsoň biz sapaga taýýarlanjak bahanasy bilen, her agşam birimiziňkide üýşerdik-de, oglanlygyň çüýşe deý dury, kir-kimirsiz tämiz asmany bilen hemişelik hoşlaşýandygymyzdan, ýigitligiň galagoply, köp-köp garamatlardan doly haý-haýly ýyllaryna golaýlaşýandygymyzdan bihabar, elimiz kagyz-galamly, pelteli çyran ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

Soňky wagtlarda şahyry ýürek heläk edip başlady. Birden-ä çalt-çalt, birdenem haýal, nämelim bir ýakymsyz ýaltalyk bilen urmany çykardy. Käwagt bolsa bir hili düýbünden urmaýan ýalam bolup dur. Ümsümlik. Geňler galaýmaly ümsümlik. Birdenem ýagyda galan ýaly pytyrdap, elem-tas bolup başlaýar. “Gürs... Gürs... Gürs... Gürs...”
Köpden bäri owadan setirlere suwsap ýören şahyr şu g ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

Kertik aga: «Iňirdärsiň-ow» diýen äheňde ogluna äňetdi-de, öwhüldäp, başyny aşak saldy. Atda kakasyna iňirdejegem bolanok. Ol öňem kakasyna iňirdäp ýören ogul däl. Asyl, kakaňa iňirdemelem däl. Iňirdese, goý, kakaň özi iňirdesin!
Bu mahal Kertik aga iňirdidenem, gepden-gürrüňdenem ellibizar. Şu jelegaýdan tanyş kişä sataşman, tizräk garasyny saýlap bilse, başga armany ýok onuň ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 22 |

Keýker eje ýaly sögünjeň aýal öňde-soňda biziň obamyzda-ha bolanok welin, hiç ýerde-de bolmadymy-ka diýýän. Onuň üçin sen ýat bol, ýakyn bol, uly bol, kiçi bol, tapawudy ýok. Gaharyny getirdigiň gutardy. Gargynç haltasynyň agzyny açaga-da birujundan eňterip bir ugrar welňn, köşekli düýe beribem goýdurybilmersiň.
Şol bolşy bilenem ol obada iň sylanýan adamlaryň biridir. Sebäbi, her näçe ga ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Gully gaşlaryny çytyp, ýerinden galdy. Gapynyň gözjagazyndan daşarda kimiň durandygyny görüp öwhüldedi:
– Şajan!
Adamsynyň habaryna ynanmadyk bolarly, Sadap gapynyň gözjagazyna gorky bilen gözüni basdy:
– Oňa näme gerekkä?
– «Kömek etjek, ýagşylyk etjek» diýip gelmedigin-ä bilýän. Möhüm işi bardyr.
Gapy ýene kakyldy.
– Bir ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Omar urşa ugrajak bolup durka, dört çagasyny daşyna üýşürip kemşerip duran aýalyna:

-Bujagaz garaja kelleleri hor edäýme, Gülendam! – diýdi. Yzyndanam gelniň gabaryp görünýän göwresine gözi bilen ümläp şadyýan ýylgyrdy. –Işallasa, ýene-de köpelersiňiz, onsoň-a aladaň hasam artar.

Gülendam: «Horlaman» diýdi-de, ärini gujaklamaga ejap edip, ýanbaş ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |

Uklap ýatyryn. Düýş görýärin.
Bir wagtlarky Ýazyjylar birleşmesiniň öňünden geçip barýarmyşym. Iki gatly, ýaşylymtyl ak reňkli bu bina men uly söýgi bilen bakýaryn. Hakykatda hiç haçan bolmadyk hem bolsa birleşmäniň gapysynda gök reňkli, uzyn agaç oturgyç dur. Özem näme üçindir adatça bolmalysy ýaly diwar bilen ugurdaş däl-de, keseleýin dur. Şonuň üçinem ol öten-geçenlere päsgelçilik döre ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

«Aşgabatdaky Altyň çagalarynyň birem türkmençe bilenoklarmyşyn». «Agtyjaklarym bilen ine-gana arzy-hal aýdyşyp, gürleşibilmejek bolsam barjagam däl» diýip, ejesi görgülem telim wagt bäri oglunyňka gara salmyýamyşyn» diýen habara Garaman obasynyň ähli adamlary ynansa-da, şol obadaky orta mekdebi uruş ýyllaryndan başlap tä şu günki güne çenli gutaran ähli ösdurimleri ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Täçdurdy Paýzyýew uniwersiteti tamamlandan soň bir topar edaralarda işläp gördi. Ahyram Ylymlar akademiýasynyň etnografiýa sektoryna geçip, alym bolmagyň hyýalyna mündi. Ol özüne degişli tema boýunça maglumat ýygnamak üçin uzakdaky raýonlaryň birine komandirowka gitdi. Şol ýerde-de oňa Mämmetguly aga diýilýän bir ýaşulynyň salgyny berdiler. «Şol gaty gürrüňçidir, başy çykmaýan zady ýokdur ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

Şol wagtlar men ýedinji klasyň iň gowy okaýan okuwçylarynyň biridim. Gowam okaýardym, köpem okaýardym. Köp okaýanlygym üçin häli-şindi mugallymlaram öwerdiler. «Allagulyň şu ogly haçan görseň, bagryny ýere berip okap ýatyr» diýip, goňşy-golamlarymyzam öwerdiler. Oba oglanlarynyň arasynda «okumyş» hökmünde diňe öz ogullarynyň ady tutulýandygy üçin, elbetde, kakamam, ejeme ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Hemme zat edil şu günki ýaly ýadymda. Men bäşinji synp okuwçysy. Diýmek, on iki ýaşlarymda. Özem ýanwaryň ortalarymyka diýýän, çünki ýaňy bir gyş kanikulyndan dolanyp gelipdik. Gün çykyp duranam bolsa howa sowuk. Tüýs: “Ýyldyrasa-da galdyraýa” diýenleri. Haýsydyr bir ygally günüň yz ýany bolansoň mekdebiň daş-töweregi saraňgaty bolup duran jork batga. Batganyň içi düýnki terslin-oňl ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Alym Ahmet Bekmyradowyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.

Kör Gojaly durmuşyň ahyrzamana meňzeş mojuk oýnunyň üstünden öz aýagy bilen bardy. Özem bir şumlugyň boljagyny çala duýup bardy. Wah, ýürek köp zatlary duýýar. Ýöne köplenç geleň edilenok. Kätelerem adamyň göwnüne degmezlik pikiri bilen islemeýän işleriňi hyrçyňy dişläp etmeli bolýarsyň. Onuňam soňy käte betbagtlyk bi ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

Ene ýer

Ene ýer juda beýik! Ol daglardanam beýik!
Sebäpmi?
Gar ýagdy. Gije-gündiz dynman ýagdy. Hemme ýer – depelerem, daglaram, sähra-da, peslikdir çöketliklerem ak.
Hoşroý adam ýaly ýylgyrjaklap görnen Gün, ilki bilen, daglaryň üstündäki garlary däl-de, zeminiň üstündäki garlary «süpürmäge» başlady. Daglaryň üstüniň garynyň tomsuň tüp yssysynda ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Begmyrat aga çepiksi göwresini egip, garry «hyk-çoky» bilen ho gaýraky atyzdaky şatuda bakan ugrady. Ol pilini uly ýük edinip mytdyldap barşyna, gelinleriň bolşuny göz atuwyna getirdi. Ynha, ol häzir meýdan düşelgesi hasaplanýan şatuduň aşagyna barar. Gelin-gyzlar ony edil ýitirip-tapan dek garşy alarlar. Eline suw akydarlar. Olar ýürekleriniň ýylysyny tüňçedäki suw bilen garyşdyrýa ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |