11:21

Añyrsy nireden? - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Añyrsy nireden?

Täçdurdy Paýzyýew uniwersiteti tamamlandan soň bir topar edaralarda işläp gördi. Ahyram Ylymlar akademiýasynyň etnografiýa sektoryna geçip, alym bolmagyň hyýalyna mündi. Ol özüne degişli tema boýunça maglumat ýygnamak üçin uzakdaky raýonlaryň birine komandirowka gitdi. Şol ýerde-de oňa Mämmetguly aga diýilýän bir ýaşulynyň salgyny berdiler. «Şol gaty gürrüňçidir, başy çykmaýan zady ýokdur» diýensoňlar, Täçdurdy, haýal etmän, şonuň ýanyna eňdi. Ak öýlän boluberende Mämmetguly aganyň gapysyndan salam berip girdi. Merkezden iş bilen ýörite gelendiginem aýtdy.
— Maňa, Mämmetguly aga, halkyň gelip çykyş taryhyndan bilýän zatlaryňyzy gürrüň beräýseňiz? — diýip, gürrüňiniň üstüni ýetirdi.
Onýança çaýam geldi. Ýaşuly myhmanyň käsesine çaý guýup oturyşyna burnunyň tommaýyny ýygyrdy.
— Bi, adam maýmyndan azan diýen haýsyňyz osoň? — Ol çaý getirip giden agtygynyň yzyndan gygyrdy: — Saçagam getir, gyz! Naharam ataryň! Küh-hä, ühüm.
Täçdurdy ýaşulynyň oýnudygyny, çynydygyny bilmän, serimsal boldy. Jogap bermän oturmany hem bir hili gördi:
— Maýmyn bilen biziň işimiz ýok, Mämmetguly aga!
— O nähili işiň ýog-aý?! Ýaňy aýtdyň-a halkyň gelip çykyşy barada işleýän diýip.
Täçdurdy muňa darygyp başlady.
— Ýa, ýaşuly, sizem-ä, o başga bir zat, bi bolsa düýbünden başga bir zat. Meň işim, ine, şü türkmen halkynyň gelip çykyşyna degişli. Ýagny, turkmenleriň halk hökmünde formirlenmegine kim gatnaşypdyr? Bu bir. Ikinji...
Mämmetguly aga «şirp-şirp» etdirip, çaý owurtlap oturyşyna Täçdurdynyň sözüni böldi:
— Gatnaşar ýaly, o nä, ýowarmykan-aýt?
Täçdurdy atdan düşürilen ýaly bolup, sortdurylyp oturdy. Göwünli-göwünsiz çaý içdi. Çilim otlandy. “Mundan-a zat çykjak däl öýdýän. Ýöne işiň bähbidi uçin giň bolmaly” diýen karara geldi. Endamynda dartylyp duran hamyny gowşatdy. Gülen boldy.
— Aý, indi gatnaşdy diýläýýä-dä. Bu bir telim asyryň eleginden geçen zatlar. Seljuklar diýýä, oguzlar diýýä, garaz, aňyrsy çuň munuň. Ondan aňyrda-da telim öwrülişik bolan bolmaly. Aňyrsy görnenok munuň...
— Aňyrsy maýmyn diýmedisizmi nä?
— Men aýtdymmy?
— Onda kim aýtdy?
— Darwin aýdypdyr.
— Kimiň ogly şo?
Täçdurdy serpmeden gaýdan dek boldy.
Mämmetguly aga bolsa: “Ýeri, ýaňky kimiň ogly onsoň? Ýa öz ýoldaşyňyzmy? — diýip sowalyny gaýtalady.
— Bir wagt ötüp giden alym, how, ol, jan aga! Agtyklaryň kitabynda-da bardyr şo.
— Wah, şolar-da meni bizar edýän: «Ata, adam maýmyndan döräpdir, ine, guýruk ýerem bar» diýşip. Seň aýdýanyňam şol diýsene. Hm-m. Oňňaly belli bolsa, onda bi seň näme gözläp ýöreniňe düşemok men, ýogsam, gürrüň kän bizde.
Täçdurdy umyda bil baglap ýaşulyny ugruna kowdy:
— Menem şony eşidip geldim-dä. Gaty gurrüňçidir diýip öwensoňlar gaýdyberdim.
Ýaşulynyň gözleri ýiteldi:
— Senem ynanýaňmy onsoň şoňa?!
— Siziň gürrüňe ökdeligiňizemi? —Ek, şü adamyň maýmyndan döränine?
Täçdurdy: «Maýmynam gursun, senem gurasyn» diýip, içinden gyjyndy. Kejigýändigini bildirmejek bolup horlandy.
— Ylym şony diýýä-dä.
— Özüň ynanýaňmy diýýän şoňa?
— Ynanman näme?
— Onda näme gözleýäň sen?
— Aýtdym-a ýaňy, türkmenleň gelip çykyşy hakynda maglumat ýygnaýan diýip.
— Şumatjyk adam maýmyndan azan diýmediňmi?
— Men türkmenler hakdakyny ýygnaýan.
— Türkmen nä adam dämi?
— Bir zatlar aýtsaň-a ýazyp aljak, ýaşuly, ýogsa-da...
Mämmetguly aga-da aňsat ýeň bermedi.
— Gürrüň kän, inim! Ýöne men bir zada geň galýan. Hany, sen birazajyk giň bol entek. Ine, gulak sal! Ol diýýäň, bu diýýäň, taryhy gorjaýaň, zat edýäň, bu gowy zat welin, şol ýaňky oglanyň aýdýany çyn bolsa-ha...
— Haýsy oglanyň?
— Ine, ýaňky adam maýmyndan azan diýýäniňki. Şo çyn bolsa-ha, onda ondan bärsini gorjap oturmagam gerekgä.
— O nämüçin?
— Üçini şol... Barar-barar-da, şol maýmynyna dirär ýene barysy. Ýöne şol maýmynyň haýsy maýmyndygyny bilerin diýäýmeseňiz?!
— How, jan aga, biz şü türkmeniň aňyrsyny takyk bilsek bolýa...
— Özüňiz kimdir öýdýäňiz?
— Kimi?
— Türkmeniň aňyrsyny.
— Oguzlar...
— Oguzlar nä, ýegen, ýapyň ýüzünde düme bitendir öýdýäňmi? Ýa olary Oguz han melleginde ekip gögerdendir öýdýäňmi? — Ýaşuly azajyk sägindi. — Seljuklaram oguzdyr, ýegen! Piläni, pismidäni diýip, olary böljek bolma!
Täçdurdy dişini gyjady.
— Näme diýjek bolýaň, ýaşuly?!
— Diýjek bolýan zadymy beýan etsem, ýegen, oguzlaňňam-a aňyrsy bardyr. Oň aňyrsyny bilersiň welin, ondan aňyrsy bardyr. Hiçisem inkibatyrdan çykan däldir, inim, olaryň. Ine, onsoň bary bara-bara ýaňky aýdanymyza dirär duruberer. Baryň maýmyn borsuň durubirsiň. Onsoň şo maýmynyň kimden döränini biläýmek galýa. Galan azapdan sen boş! Ýok, gürrüň ber diýseň, men bereýin. Onsuzam meň içim gysýa. Gürrüňe şu jelegaýda menden ökde adam bolmaz. Hol, Sähediň oglam her kanygula gelende ýanymdan aýrylanok. Şolam-a Aşgabatda okaýa. Tanamaly sen onam. Myratly diýýändirler. Keçjeräkdir olam özi. Şoňkam-a şü siziň ugurragyňyzdan öýdýän.
Mämmetguly aga şeý diýdi-de, gözlerini çüýjerdip, Täçdurda seretdi. Myhman usullyk bilen galam-kagyzlaryny ýygnaşdyrdy. Nägileligini bildirmejek bolup, ýuwaş gepledi:
— Ýaşuly, men gaýdaýyn... Irgözindenjik... Bolýa, onda!
— Ýa, senem-ä, walla... Giň borlar, how, ýegen, ile çyksaň. Öýkeleme, ertir gidersiň-dä. Gürrüň kändir bizde!
Täçdurdy ýaşulynyň eline-aýagyna bakman, köwşüni geýdi. Howul-hara hoşlaşyp, öýden çykdy. Garaňky duşmänkä raýon merkezine ýetmek niýeti bilen duş gelen maşyna mündi.
Täçdurdy myhmanhanada az-kem demini dürsänsoň, işiniň bitmändigine ökündi. Gojanyň sada, bigunä keşbi göz öňüne gelende bolsa, oglanlyk edip, öýkeläp gaýdandygy üçin tüýs ýüreginden puşman etdi. Duran ýerinden yzyna dönäýesi geldi.
Şol gije goja-da rahat ýatyp bilmedi. Ertesi göwnüne myhman ýigit gaýdyp geläýjek ýaly, şo-ol ýola bakdy oturdy..


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 17 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma HUDAÝGULY awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar