16:44

Öz sözüm bar - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Öz sözüm bar

Gül ömrüñ geçip gidensoñ,
                    Öküneniñ haýry näme?!
                              Mahmyt Zamahşary.

Gül ömrüñ geçip gidensoñ,
Öküneniñ haýry näme?!
Eý, köñlüm! Heniz gedem sen,
Oýlan, hossar-saýry näme?!

Diýdiler: "Durmuş ýaryşdyr,
Utulmaklyk ýaman işdir".
Öz sözüm bar ~ şol ýeñişdir!
Başga bagt barmy näme?!

Kalba ýakyn saz görünýä,
Ýar gözünde näz görünýä.
Kime dünýä az görünýä,
Bu giñ jahan darmy näme?!

Ruhum belent hem pes pälim,
Barýan ýolum mese-mälim.
Aşyklyk ~ meniñ ykbalym,
Ýogsa söýmek kärmi näme?!

Çykdym bir zat gözlemäge,
Hetdim ýokdur gizlemäge,
Bildigimden sözlemäge,
Juda beýle irmi näme?!

 


Категория: Goşgular | Просмотров: 10 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar