19:28

Bir jana üflenen janan... - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Bir jana üflenen janan...

Şapagyñ gyzyly - ýañagyñ aly,
Senden uzak bolsun şeytanyñ aly.
Asman atynanda gara ýapynja,
Sen meni galdyrma tümde gypynja.

Süýdüñ gaýmagy deý Aýyñ ýagtysy,
Gondy daglañ çekgesine birgeñsi.
Ýylgyrañda dünýä ýagtylyk berýäñ,
Men şonuñ nuruna ymtylyp barýan.

Ymtylyşym geñsileme, mähriban,
Ymsynyşym ýañsylama, mähriban.
Sen süýde ýugrulyp ýasalan lira:m,
Nirden gelip çykdyñ, melekmi tiräñ?!

Al ýañagna çukanaklar çöken gyz,
Tebigatyñ kükreginden çykan gyz.
Çytyk gaşly, giñ mañlaýly görküñi,
Gel, ýüze sylaýyn bugdaý reñkiñi.

Bu howsala salýan - yşkmy, ne bela?
Tebsiretjek, çar tarapym Kerbela.
Senden gaçyp tebigatyñ goýnuna -
Bökdüm, yşkyñ ýüki düşdi boýnuma.

Sen, Tebigat, hem Yşk - bir Jan ekeniñ,
Bir jana üflenen Janan ekeniñ.

Has Türkmen.


Категория: Goşgular | Просмотров: 19 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has Türkmen awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar