12:56

Höküm - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Höküm

Entek seni bir gezegem görmändim,
Sen wysaldyñ ýetilmedik armandyñ.
Emma men kalbymyñ gözleri bilen,
Seniñ näzli gözleriñi görýärdim.
Aý dek nurly gözleriñi görýärdim,
Basyp giden yzlaryñy görýärdim.
Görýärdim, nur bolup dogjak söýgimi,
Görýärdim, azalýan gussa-gaýgymy.
Çünki seniñ sesiñ eşden çagymam,
Bu dünýäde bagtly saýyp özümi,
Ykbalymda täze-täze ýer açyp,
Seniñ ornaşmagña taýynlap goýdum.
Men seni görmänkäm, şeýdibem söýdüm.

Haçan-da biz sataşmaga ýer belläp,
Ilki duşuşygy wadalaşañda,
Özüñi görjegim ýada düşende,
Ganat ýaýyp uçdum yşk asmanynda,
Haçan-da ilkinji didarlaşañda,
Ýürek janhowluna bolup perwana,
Örän zaryn owaz etdi çar ýana:
"Men beýle perini görmedim ozal,
Belki-de, görmerin mundan beýlägem.
Eger ýazan bolsa takdyry-ezel,
Meniñ bagtym bolar bu duran Gözel!"

Maýyl bolup şeýle täsin arzuwa,
Nädip geçenini bilmedim wagtyñ.
Sen bolsa garşymda göýä bir altyn
Gaş ýaýyp, mähirli ýylgyryp durkañ,
Sen meniñ arzuwlan iñ nepis bagtym,
Sen meniñ münberim
Tylladan tagtym.
Göýä tylla tagta çykan ýaly men,
Göýä akly üýtgän telbe-däli men.
Ýürek höküm kyldy pähim-paýhasa,
Nätjek, söýgi öz günüme goýmasa...
Ine, ol hökümiñ gysga mazmuny:
"Eger mähriñ şol periden doýmasa,
Taşla!
Bu dünýäni şonuñ yşkyna.
Ornaşdyr!
Şol ýary köñül köşgüñe.
Söý, söý,
Ýene-de söý!
Söýmekden irme!
Mynasyp ýar söýülenne degýändir,
Seniñ söýgiñ joşsa,
Oñky çogýandyr.
Bakma dünýäñ gussasyna-gamyna,
Gorkma, garrylygyñ gelerindenem.
Söýüp ýaşa!
Dem gatyp ýar demine.
Bilgin, bu dünýäniñ ähli dertleri,
Hötde gelmez bir söýginiñ emine!"

Bu şeýle mukaddes, mylaýym höküm,
Bu höküme boýun kylmak parzymdyr.
Näzlim, sende arzuwlaýan wysalym,
Seniñ maña berilmeli karzyñdyr.

"Beýik Türkmenbaşy NESLI" gazeti, 15.05.2008 ý.


Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar