19:51

Sowgat - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Sowgat

Ýadyñdamy?
Äht edipdiñ birmahal,
Aýrylmarys diýip ölýänem bolsak.
Bize näme garaşýanyn takdyrda,
Bilmeýänem bolsak, bilýänem bolsak.

Bu şeýle-de bolmalydy aslynda,
Aýralyga pursat bermekçi däldik.
Emma bimahal çag mañlaýdan öwsen,
Hijranyñ ýeline añalyp galdyk.

Sen gitdiñ, bilemok ölümi diri,
Men welin her günde ölüp direlýän.
Eýesiz señsildäp köçede ölen,
Itiñ maslygy deý gyra süýrelýän.

Çynym bilen öldüm öýdýän şu gezek,
Indi direlmäge galmady rowgat.
Meýdim-ä ýer guçar, şeýtan almanka ~
Al, ruhumam saña berýärin sowgat...

Has TÜRKMEN.


Категория: Goşgular | Просмотров: 20 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has Türkmеn awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar