12:53

Ýetim ýyldyz - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Ýetim ýyldyz

Gije ýarym boldy.
24:00.
Uka çümen şäher.
Asuda asman.
Aladasyz nurun saçyp duran Aý.
Gep gözleýän ýaly gözün mölerdip
Ýüzüme çiñerlip bakýan ýyldyzlar.
Yşykly sütünler.
Uzaýan bardur.
Çolaran köçeler.
Boşan duralga.
Alga alman ukusyny it-guşuñ
Göýä öñ bir-birin görmedik ýaly
Kellesin göçürip ýumruk mysaly
Hylwatynyñ humaryna çydaman
Mawyldaşyp sesi gelýär bir ýerden
Gijäñ ümsümligin bozýan pişikleñ...
Häzir ýarasynyñ gozgaýan wagty
Göwni ýaralylañ,
Kalby deşikleñ.
Dañ saz berip, tilkiguýruk bolýança
Hamala kyrk ýyllyk ary bar ýaly
Böwrüni garaldyp ap-ak kagyzlañ
Düşnüksiz şygyrlañ dogulýan çagy
Üşerlişip sessizligiñ sesinden
Çümrenişip gara ýapynjalaryn
Ümsümje otyrlar daşym gallaşyp
Garañkyda awa çykan ruhlaram.
Men bolsa öýe-de gaýtmak islemän
Müjewüri ýaly Çopan atanyñ
Solan guburlary syrdaş tutunyp
Ýatlap seniñ bilen biderek dünýäñ
10-njy gatynda bile geçiren
Yşkdan doly bagtly pursatlarymy
Saratsadym lenta deýin yzyna
Bilýän, hiç haçanam bu bolmaz ýöne.
Ne yzyna geler gamsyz günlerim,
Bir-birniñ yzyndan tirkeşip gelen
Senden soñra gelen sensiz günlerem
Sumat bolup gitmese-de başymdan
Hem bilsem-de seni görmejegimi
Mynçgalaýar birje sowal kalbymy
Seni kimler aldy?!
Men bolsa sensiz,
tentek ýaly gezdim ýördüm her ýerde.
Emma düşünemok terk edilenme
Düşünmek islämok...
Sen bolsa alysda,
asuda ýurtda,
Alyp menden jigerimiñ bendini
Akdeñiziñ plýažynda gezmeläp
Meni bu dünýäde bardyram öýtmän
Gitdiñ yñdarylyp, yzyña bakman.
Men ýene otyryn gum iýen ýaly
Lowlap duran gursak
Şepagatsyz yşk
Rehimsiz söýginiñ beren şarpygy
Berilen wadalar,
Edilen ähtler..
Elden alnyp, soñra döwlen badalar
Senden aýrylmaryn diýip birdenkä
"Ilkinji söýgim" diýp söýen ýigdiñi
Dünýäsin başyna düñderip goýşuñ..
Dolanarsyñ öýdüp öwlüýäde gije,
Señ adyñy tutup doga okaýşym...
Kim biler,
belki-de,
rehm edip Alla
Seni maña berer
Gelersiñ ýene.
Manysyz ömrümiñ gädilip başlan
Ýyllaryny yza dolarsyñ belki
Çytyk gaşlarymyñ ýazlyp arasy
Ahmal,
şonda maña ýar bolar gülki.
Ynan,
sensiz ömür hebesdir maña
Seniñ üçin çeken hasratlarymy
Aýtmaga-da gypynç edýän dogrusy.
Häzir gije ýarym,
Şol öñki wagt.
Guburlara garap otyryn şindem...
Gije ýarym boldy.
Sen häzir nirde?!
Besdir,
Dolan indi bu tukat şähre
Hem gaýdyp ber gamsyz oglanlygymam.
Şol öñki teşnäñ men ganmaryn senden,
Ynan, elimizden alnan badalañ,
Hasaba almaryn döwlenliginem...
Gijeler.
Gündizler.
Sansyz ýyldyzlar.
Sygyşmadyk ýaly aralaryna
Gözýetimde gamaşdyryp gözüñi
Gögüñ bir künjünden başga künjüne
Ogrynça äñetjek bolanda süýnüp
Towguñ boýny ýaly üzülip giden
Ýetim bir ýyldyz..
Öwlüýäñ gyrasynda şildirdäp çala
Sosnanyñ düýbüne akyp duran suw.
Ruhlar.
Al-arwahlar.
Diriler
Ölüler.
Mylakatsyz ýüzler
Ýalan gülküler...
Barysy birýana
Senem birýana...

17.07.2017 ý.
00:30


Категория: Goşgular | Просмотров: 8 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar