12:57

Ýelsiniñ ötünji - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Ýelsiniñ ötünji

On sekiz ýyl owal...
2000-nji ýyl.
26-njy mart.
Gyzyl ploşad.
Prezident saýlawnyñ öñüsyrasy...
Ýüzünden ýagdyryp gaýgy-görgüsin
Pensiýa gitmezden öñ iñ soñky gezek
Gahryman halkynyñ öñüne çykyp
Ýelsin çykyş edýär,
Halka ýüzlenip,
Tüýs ýüregi bilen ötünç soraýar
Elini gursagna mertlerçe goýup.
Diýseler-de oña hernäçe gende
Görseler-de ondan hernäçe aýyp
Soñra öz adyny geljek nesilleñ
Tutmazlary ýaly gargap-sögünip
Meñzäp tundranyñ çal aýysyna
Boýnun burup rus halkyna garaýar:
" -Eziz halkym, haýyş edýän, bagyşlañ!
Men oñat ýolbaşçy bolup bilmedim.
Edil häzir ýarylanok gara ýer,
Menem gowrup barýan namysdan ýaña
Gädigine girip ölüp bilmedim...
Birwagt türkmeniñ gadyrsyz gazy,
Akýarka Bakuwyñ gara altyny
Depäñizden Murmanskiñ gary deý
Ýagyp durka özbekleñ ak altyny
Beýle-beýle güne galarys öýdüp
Belki siz, pikirem eden dälsiñiz.
Zähmet bilmän saga-sola ýaltaklañ:
Döwür nä zamana,
Nä wagt boldy...
Nirä baksañ iş tapmaýan bikärler,
Mafiýalar öç alýar biri-birinden,
Öñýeten paç alýar hojaýynsyrap
Ýiti penjesiniñ ýeten ýerinden.
Hudaý saklawersin,
uruş turaýsa,
Watan üçin eli taýak tutmajak
Bihepbeler sapançasyn somlaşyp
Bu gün dumly-duşda selpeşip ýörler...
Berezowksiý,
Abramowiç ýalylar
Mähriban Russiýamyñ ganyny sordy.
Birmahallar gadym Kalkañ boýunda
Ýurtbasar mongollañ biri-birine
Jet bolan agzala knýazlarmyzy
Gol-aýagyn güýlüp,
Soñam seteran
ýatyryp üstünde şagal mesligin
guruşlary ýaly, garamaýaklañ
gerdeninde ornaşykly oturan
Gusinskiý,
Melniçenko,
Potanin.
Liwçis,
Ýawlinskiý,
Hodorkowskiý.
Kiriýenko,
Nemsow,
hemde Çubaýs...
ýaly mugthorlar açlañ üstünde
Doklukdan ikiýan agynýan wagty
Ummalardan aşdy ýurduñ bergisi...
Bäş ýüz göterme deñ inflýasiýa!
Orramsy paýlaşdy ýurduñ baýlygyn.
Abramowiç pul sowurdy Londonda
Nirä ýetirjegni bilmän aýlygyn
ýörkä Moskwada gullukçy bende...
Gündogarda bir ýörgünli pähim bar:
"Bu-da geçer!"
Neneñ dürdäne sözmüş!
Mert boluñ!
Hemişe bolşuñyz ýaly.
Ynha, geler mendenem has pähimdar
Sizi bagtly güne ýetirip biljek,
Ýurdunyñ omzunda oturan däl-de,
Russiýany omzunda göterip biljek ~
Edenli,
Gujurly,
Dana hökümdar!.."
Tamamlady sözün,
Bar zat gutardy...
Faraonlañ, patyşalañ alnyna
ýazylan täleýden gutulyp bilmän,
Kürsüsinden Ýelsin geçdi ýel kimin.
Yzyndanam saýlaw...
Gülala-güllük!
Özüñiz bilýäñiz,
Bu iş oýun däl.
Etjek işi-de däl her öñýeteniñ.
Putin geldi kürsä kyrk ýedi ýaşly.
Ol howandar çykdy egbary agyp
Soñky demin sanap ýatan Russiýa.
Oligarhlañ ýepbeklendi gomuna
Berezowksiý gaçdy "Ýelenin" bolup.
Watanperwerleriñ ýyly demine
Kem-kem ýurduñ ýüzi başlady gülüp.
Hawa, beýik Pýotr gelen ýalydy
Gaýtadan galkynan täze Russiýada!
Ýöne bärde bir zat geñsi görünýär:
Şol Russiýany aç şagallañ eline
beren alkaş Ýelsin pensiýa çykansoñ,
Eks-prezidentiñ ähli hukugyn
peýdalanyp tä ölýänçä ýaşady,
Iñ gymmat bahaly sanatoriýada!..


Категория: Goşgular | Просмотров: 9 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar