19:30

Bir ýyldan soñ... - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Bir ýyldan soñ...

365 gün,
Kyrk sekiz hepde.
Tegelek 12 aý,
Bir ýyl geçipdir.
Ýagyşly gün düşüremde öýñüze,
Awtoulagyñ çekgesine gysdyrlan
Aýnasyndan kem-kem menden daşlaşyp
barýan suduryña seredenimde
Gaharly siltämde ruly ikiýan
Köçäñiziñ asfaltyny garaldan
Tekerleñ yzlary birçak öçüpdir.
Hatda aşak düşüp 10-njy gatdan
Ýaşyl reñki eýýäm gopuşyp ugran
Tagta oturgyja arkañy beren
Ýerlerini boýapdyrlar ak reñke.
Hut şol oturgyjyñ dört aýagyna
Duşalan deý butnap bilmän hamala
Muzeýe taşlanan gadymy tañka
ýaly boş-boş hüwläp durdum şemala...
Soñra çakgy çykardym-da jübimden
Gazamaga başlap ugradym seniñ
Oturan ýeriñde düýn giçligara
Oýnan çagajygyñ burnundan akyp
Besse-besse gatap galan mañkasyn.
(Şol wagt açyldy liftiñ gapysy:
Atynyp egnine gyzyl öýmesin
Zibil dökmek üçin daşary çykan
Gelneje geñirgäp dikdi tiñkesin).
Hiç zat!
Ýatlar ýaly hiç zat galmandyr,
Mundan bary-ýogy kyrk sekiz hepde
owal basgançakda ökjeli köwşüñ
Galdyran yzyny aýyn bolmasa
Müñ gezek üstünden basylan yzlar
Ýitirip taşlapdyr görer gözümden.
A men aşagynda ezilip ýagşyñ,
Dek düýnem gelmen diýip şu ýere
Tasanjyrap gaýdyp giden bolsamam
Tegelek 24 sagat geçmänkä,
Ýene-de alñasap gelýän müýnsüz,
Misli ýitiren dek tokga gyzylym,
gözelim!..


Категория: Goşgular | Просмотров: 19 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has Türkmen awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar