12:55

Kyýamat eşeklerim - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Kyýamat eşeklerim

Dostlar,
Gödek görmäñ aýdan sözümi
Ýa dogry sözümi ýerliksiz görüp
Öýkelemäñ menden biderek ýere.
Çünki men barybir ýazman bilmerin
Çykyşy deý kalpdan,
gelşi deý sere
Beýan edip has täzeçe usulda
Görnüp duran Hakykaty özümçe...
"Goşgulary hapa,
özü-de howply"
diýip ýañraýana hetdini bilmän
Ýörenlere hergiz ýamanlyk etmen.
Ýöne şygra salman geçmek mümkin däl
Olaryñ messepsiz jelepçe bolman
Ýympyk gürläp onuñ-munuñ ýanynda
Goşgularmy okamakçy bolýanlañ
Ýüregine howp-howsala düşürip
Pis oslugyn ýaýradanda şähere
Görnenokmy näme size-de gülkünç
Ýyrtylanny bilmän ýörşi galgadyp
Agram düşen poh-püsülli syrtyny.
Gereksizmi?
Ýa gödekmi bu sözler?!
Syrt-pyrt diýmän medeniýetli söz bilen
Aýtjak sözüñ aýdyp bolanokmy ýa?
Diýip meni tankyt etjek bolsañyz
Onda sag elñizi çep döşe degrip
Iñ bolmanda ömrüñizde bir gezek
Hakykaty sözläñ Hak hormatyna...
Ýogsa-da siz gybat baryn döredip
Märekäniñ başyn-gözün aýlaýan
Melgunlaryñ elin-aýagyn güýlüp
Jogap edip öz gözüniñ alnynda
Ejesini dula bakdyrmarmysyñyz?!
A men bolsa,
bizar ejesindenem
Geregi ýok maña,
bajysynyñam
Päliñ bozuk bolsa,
netiñ şol bolsa
Selkildäp duşuñdan her geçen itiñ
Art aýagna ursañ syçyp goýberýär
Ýüz elli sanysyn köçäñ ugruna
Has görklüsin onuñ bajysyndanam.
Men geçdim günäsin,
meni tanaman
Ýa meni ömründe bir gezek görmän
Men hakda netije çykarýanlaryñ
Hantama däl haýyr-sogabyndanam
Gorkmasynlar,
magşar güni günämi
Ýüklemerin gerdenine olaryñ
Eger Biribary razy etseler
Men aýak diremen,
razy bolaryn...
Emma şek-şübhäm ýok,
Alla halasa
Men hakda ýalandan myş-myş ýaýradyp
Adamlañ işdäsin bulap gezenleñ
Palan ataryn egildirip omzuna
Soñra ökjäm bilen depip böwrüne
Syrtyndan ýel öwsen oslukçylary
Kyýamatda eşek edip münerin!
 


Категория: Goşgular | Просмотров: 161 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar