12:53

Penjire - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Penjire

Köçe.
Saba çagy.
Iñlär siñek ýok.
Swetofor.
Gyzyl-ýaşyl yşyklar...
Sütüne alnyny dirän awtoulag
Burugsap duran motor...
Aýna döwükleri.
Mynjyran kapot.
Maşynda hyrkyldap ýatan bir kişi
Gysylan gapyny açyp bilenok...
Kimdir biri jañ edýämi, nämemi
Oturgyjyñ aşagynda bir ýerde,
Zaryn owazyny çalýar telefon.
Gana çyrşalan beden.
Çygjaran gözler.
Tebsirap ýarylan,
ganjaran dodak.
Ahmyrly ýuwdunýan ýumry bokurdak...
Samyrdaýar, birin çagyrýan ýaly
Göz öñünden geçýär geçen günleri
Ýok, ýok!
Geçmişi däl.
Ýar bilen gezen
Bagtly pursatlaryn salýar ýadyna
Ah, biwepa dünýe,
namyrat dünýe
Kim ýetişer indi munuñ dadyna...
Bu ýalançy pany aklyñ uçuryp
Aldanmakmy bir Gözeliñ yşkyna
Terk edilmekmi?
Undulmakmy ýa?
Ýa köçede şeýle ölüp gitmekmi?!.
Ýogsa onuñ umytlary soñsuzdy
Ynamy güýçlüdi bagtly boljagna.
Kim bilýä,
günäsi-sogaby bilen,
Biribara berjek jogaby bilen
Hoşlaşman ýakyny-yragy bilen
Ysgynsyz titredip tüýlek gursagyn
Gözgyny ýagdaýda sanaýar demin...
Telefonam dymdy.
Ümsümlik örtdi,
Ruluñ arasynda gysylyp ýatan,
Tañrygargan mazlum göwräñ üstüni.
Jan diýlen zadam süýji bolarly
Ol henizem ýitirmändir essini...
Ynha-da,
guguldap geldi "Tiz kömek".
Adamlar üýşdi.
Kim tomaşa görýär
Kim başyn ýaýkap
Biçäräñ halyna gynanan bolýar.
Tersine,
ol kişiñ ölümin isläp,
Hem toslanan myş-myşlary ýaýradyp
Özi bukuljyrap,
güjüklerine
Meçew berip,
mynafyklyk öwredip
Iblisden paý alan taýly şahyny
Ýyrşarşyp bir-birniñ artbujagyna,
Sokup keýp alýanlar gezek gezegne
Loly dünýäñ syrtyndaky pohuny
Öz pohuna garyp iýýän doñuzlar
Maçy eşegiñ siýdigine agynap
Agzyna a:l çüflän ýylankelleler
Nogul seçýän ýaly nejasat seçip
Bu gün şatlanyşyp baýram ederler...
Bu zatlar owarram
Gabra gitsin-le!
Şatlansynlar gaýtam,
Goý, toý etsinler!
Halys özlerinden güýçli tapylman,
Edere-de hyşy-wyşy galmasa
Ýa töhmet atmaga zat tapmasalar
Arkasyna geçip biri-biriniñ
Syrtyndaky gyllaryny ütsünler!
Dogrusyny dogry aýtmaly bolsa,
Ol biçäre hemişe-de bulary
Görenokdy gurap giden tezekçe...
Gowsy, edil häzir ol namartlara
Gözi düşüp düwülmänkä ýumrugy
Şu taýdan bir alyp gitse "Tiz kömek".
Ölse-de arkaýyn gözlerin ýumup.
Özlerem bilýändir rulda ýatanyñ,
Görünseler birje gezek gözüne
Ganly gakylygyn üýşürip şol dem
Tüýkürjegni namartlaryñ ýüzüne...
Şapak gyzarypdyr.
Gün dogup gelýär.
Kyn boldy ulagyñ gapysyn açmak...
Tabydy ýatladýan nosilka.
Çytyk gaşly lukmanlar.
Ahyr başardylar.
Açyldy gapy...
Mündürende biçärani nosilka
Bakdy soñky gezek mermer şäheriñ
Ilersinde şemalyna säheriñ
Parlap duran mähnet ýaşyl baýdaga.
Gymyldadyp sag elini ysgynsyz
Harbylarça başyn atdy neresse...
Üşerilişip seredýärkä jemende
Ajal bilen darkaş gurup ol bende
Gitdi tabytpisint nosilka münüp...
Bilemok ol,
ölermi ýa galarmy?!.
Keç ykbaly Ýaradanyñ emrinde...
Ölse,
ýene bir syr gömler topraga
Diri galsa paş eder bir pisligi.
Dirikä ol Şirdi
Şir ölende-de
Şagallara agyr ýükdür maslygy...
Köçe.
Sypan teker.
Gyşaran sütün.
Ýenjilen maşyny äkitmek üçin
gelen ewakuator.
Asfaltyñ üstünde gatap galan gan...
Meger bu hadysa doñýürek dünýäñ
10-njy gatynyñ penjiresinden
Garnyndaky dogulmadyk oglunyñ
Depesinden ajy gözýaş inderip
Sessiz synlap duran kimdir birine
Aýylganç jeza...

01.08.2017 ý.


Категория: Goşgular | Просмотров: 11 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar