10:57

Meniñ ilkinji eserim - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Meniñ ilkinji eserim

Hemme zat edil şu günki ýaly ýadymda. Men bäşinji synp okuwçysy. Diýmek, on iki ýaşlarymda. Özem ýanwaryň ortalarymyka diýýän, çünki ýaňy bir gyş kanikulyndan dolanyp gelipdik. Gün çykyp duranam bolsa howa sowuk. Tüýs: “Ýyldyrasa-da galdyraýa” diýenleri. Haýsydyr bir ygally günüň yz ýany bolansoň mekdebiň daş-töweregi saraňgaty bolup duran jork batga. Batganyň içi düýnki terslin-oňlyn basylan aýak yzlaryndan emele gelen oýuk-oýuk hokga çukurlardan doly. Doň bolansoň çukurlaryň gyralary ýalaw ýaly ýiti. Degen ýerini kesip barýar. Gara batganyň ýüzüne daňdanaralar düşen öwunjak gyraw zerrejikleri gün şöhlesi bilen çaknyşyp edil jowahyr ýaly lowurdaşýar, bäbene giňe düşüp gözüňi gamaşdyrýar, beýniňi gyjyndyrýar.
Howanyň az-kem maýlamagy bilen batganyň doňy çözlüp, öýläne çenli alan hamyra döndi. Düýnki günden ýadygär galan doň çukurlaryň gyralary lellerdi, kenaralary paşşardy, sudurlary üýtgedi. Aýagyňy ýerden götermek kynlaşdy. Öňki aýak yzlarynyň ýerine başga-başga yzlar peýda boldy.
Ýeriň şeýle agyrdygyna garamazdan, uly arakesme wagty biziň barymyzy “P” harpyna meňzedilip gurlan mekdebiň agzyna ýygnadylar. Öňde uly stol goýup, üstüni gyzyl begres bilen ortdüler. Aňyrsynda-da üç sany arkasy ýaýjykly oturgyç goýdular. Olaryň birinde-hä gapak ýaly ýasy döşüniň çöpürleri ýakasyndan çogup çykyp duran eginleri giň, ortadan sähelçe belendiräk boýly, bürgüt burun, gyzyl ýüzli, syrdalyp syrylan sakgal ýerisi göm-gök, hüwiniňki ýaly tes-tegelek, ullakan, ýaşylymtyl gözleri içiňden geçip barýan, haçan görseň bir gepläp, iki gülüp, "hahahaýlap" ýörendigi üçin oba arasynda “ýalançynyň ýazy ýaly” diýen ýagşy ady alan mekdep direktorymyz Ýazgylyç okudyjy, beýlekisinde onuň tersine ýuwaş, özüni elmydama parahat alyp barmaklygy başarýan, çalaja ýylgyryp kelte kirpikli gyýajyk, gözjagazlaryny gypyrjykladyp diýseň pessaý hem saýhally gürlände bokurdagyndaky aşyk ýalyjak ýumrusy aşak- ýokary gelip-gidip duran, degirmeniň süýbegi ýaly süýnmejik hem kiçijik ýüzli, gabaklary pissepisint, tüýs çöpe jan bitdi diýilýän hor göwreli okuw müdirimiz Şakuly okudyjy, üçünjisinde bolsa içine pagta dykylan ganar ýaly çişik, semizliginden ýaňa arkan gaýşyp, iki elinem guşuň döwuk ganaty ýaly yzyna sallap, iki ýana çaýkanjyrap aýaklaryny abşanakladyp zordan ýöreýän, günortan öýüne gidip ukusyny alyp gelmese uzynly gününi pallap, irkiljiräp geçirýän, öň mekdepde sürüji, soň agaç ussasy, indem “zawhoz” bolup işleýän Meret aga ýerleşdi. Ýerleşmezden öň ol stoluň üstüni dürli reňkdäki matalardan münderledi. “Üçlügiň” astyndaky oturgyçlaryň aýaklary garyş-seredenem gowrak batga çümdi.
Geçiriljek çäredenem, stoluň üstündäki matalaryň nämedigindenem biz habarlydyk. Çüňki, düýn-öňňunlikde: hökümet tarapyndan sapagyna gowy ýetişýän okuwçylara-ha sylag, urşuň yzynda galan hossarsyz çagalara, şeýle hem hossarlary bolaýanda-da ýetde-gütderäk ýaşaýan hojalyklaryň çagalaryna bolsa maddy kömek beriljekmişin, diýen gürrüň ýaýrapdy.
Onuň birinjisinden menem hantamadym. Sebäbi, mekdep boýunça sapaklaryna gowy ýetişýän iň bir göreldeli okuwçylaryň hataryna girýärdim. Mugallymymyz Muhy okudyjy kakamy gören ýerinde: “Allaguly, öýňüzde Annamyratlyk iş-gaýry ýüze çyksa dagy çekinme-de aýdaý, rugsat bererin, tüweleme ol gowy okaýa, temasyny aýtsaň özbaşdagam taýýarlanyp geläýýä…” diýip, meni magtar ýörerdi. Kakamam begençden ýaňa gözlerine ýaş aýlap durşuna bokurdagyny doldyryp: “Aý, rugsat alyp-alman men-ä Muhy jan şoňa kän bir ýumuş buýrubam ýöremek, gowy okaýan bolsa bolany şol, özümiz-ä okap bilmedik, bular bir okasynlar…” diýerdi. Agşamlyk, onluk çyranyň ýagtysyna şamlyk edinip otyrkak: “Annamyrat jany şu gün okudyjysy öwdi, ähli okuwçylardan zor diýdi” diýip, uly buýsanç bilen ejeme-de gürrüň bererdi. “Wiý, ol-a şo gürrüňi höwün dükanda duşanda maňa-da aýtdy ýanymda Baky lütjegiň aýaly Jümägülem bardy-da, şony eşidip ol akýalyň-a halys içi-bagry tütäýdi.” “Biziňkilerem eşeg-ä bakanoklar, okuwa diýşip çykyb-a gidýärler her gün öýden bukjalaryna el ýaly nan salşyp diýip, “höňňül-höňňül etdi ” diýerdi-de, ejemem burnuny çalarak çekip arkan-ýüzin gaýyşardy.
Şondan soň ikisi birigip maňa guwanardylar, biri-birini makullaşyp bolubilenlerini bolardylar. Şolar ýalyda ejem hökman: “Ýazmyrat jan sag-aman okuwyny gutaryp gelip işe başlansoň bolýamy ýa oňa çenli öz gurbumyz çatýamy,şuna agaç ussaçylygyna degişli gurallardanam alyp bereli, tüweleme şona-da ökde şü, höwünki jigisiniň sallançagy üçin ýasan tegeagaçjagazyny dagy gördüňmi, men-ä Isaguly aga-da şonça ýasar öýdemok” diýerdi.
Wagty bilen eremän bizar-peteňini çykaran ýaşylymtyl süýri mampasany dili bilen o ýan,bu ýan aýlap, agzynyň içinde alaşakyrdy turzup oturan kakamam çep ýanyna ýassanyp ýatan ýassygyny hasyr-husur sag tarapyna geçirerdi-de, gözlerini jaýyň petigindäki tüsseden ýaňa hüýt-gara bolan, gol boýy şahalary somalyşyp duran, ýogyn, egri-bugry toraňňy agaçlaryna dikäge-de: “Bor, bor, hökman äbäris, surat çekep ýaly ýoşa bilen çotga-da äbäris, dutaram satyn alarys, tüweleme munda üşük kän” diýerdi. “Gübürdäp” oturşyna ýüzünden, boýnundan şaglap inýän derini öçügsi elwan reňkli, iri ak gülli ýukajyk hülle ýaglyk bilen süpürip, uçjak guş ýaly yzly-yzyna göbsunardy.
O zatlaryň üstesine mekdebimiziň “Biziň bäşlikçilerimiz” atly hormat tagtasynda-da meniň suratym hemişe asylgy durardy. Diwar gazetinde-de häli-şindi men hakda makala ýazylardy. Özümem onuň her sany üçin gerek bolan suratjagazlary çekip berýärdim. Çeper höwesjeňleriňem işjeň agzalarynyň biridim. Goşgy okaýardym. Käte kiçijik sahnalarda çykyşam edýärdim.
Şonuň üçinem sylaglananlaryň arasynda adymyň ilkinjileriň biri bolup çykmagy özüm üçinem geň däl, hiç kim üçinem geň bolmaly däl. Ýöne, Şakuly okudyjy näme üçindir gowy okaýandygy sebäpli sylaglanýanlar bilen pukaralygy üçin kömek edilýänleriň sanawyny aýyl-saýyl etmedi-de, garym-gatym görnüşinde paýlaberdi. Kimiň nämäni, näme üçin alýandygyny biler ýaly bolmady. Kimdir biriniň ady tutulýar, o-da stoluň öňüne barýar, Meret aganyň uzadan matasyny alýar we yzyna öwrülýär gaýdyberýär. Şonuň üçinem, okuwçylaryň arasynda düşnüksiz bir “hyşy-wyşy” peýda boldy. Ýöne, mekdep direktorymyzyň gözlerini öňküsindenem beter ulaldyp, boýnunam süýndürä-de köpçülige tarap azmly üşerilmegi bilen ojagaz “hyşy- wyşylaryň” üstüne suw sepilen ýaly boldy.
Sylaglanyşyk uzaga çekmedi. Ýöne, ol oba arasynda üç hili pikir, üç hili garaýyş döretdi. Has takygy üç hili täsir etdi. Ýagny, pukaralygyny boýnuna alyk,gün-güzeranlaryny hakykatdan-da zoraýakdan itekläp ýören bendeler, hususan-da frontçylaryň birtopar çaga bilen dul galan aýallary, eneleri-hä magaryfçylaryň geçiren bu ynsanperwerçilikli çärelerini ýeke bir öňlamak däl, eýsem uly minnetdarlyk bilen kabul etdiler. Ýörite gelip mekdep ýolbaşçylaryna, mugallymlara taňryýalkasyn aýdyp gitdiler.
Gowy okaýandyklary üçin sylaglananlar bolsa, okuwlaryna öňküdenem has yhlasly ýapyşdylar.
Menem şeýtdim.
Ýöne ine, uruşdan gaýdyp gelmedik dogan-garyndaşlarynyň bir söý bilen ejedenem galan ýetim çagalaryny ýitip giderler, ýedi ýada öwrülerler, diýip çagalar öýlerine, internatlara bermän, öz öýlerinde saklap, güýçleriniň ýetdiginden öz çagalary bilen bir hatarda ekläp ýören “hossarlar” welin muny juda ýokuş gördüler. Hossarçylyk mertebeleriniň kemsidildigi, abraýlarynyň el ýaly esgä çalşyldygy hasap etdiler. Şonuň üçinem, şol günüň ertesi ir bilen berlen matany goltuklaryna gysyşyp geldiler-de: “Näme,biz öz çagalarymyza iýdirip, geýdirip bulary aç-ýalaňaç saklaýasmy? Hossarçylyk borjumyzy berjaý edip bilemizokmy diýşip, ellerindäki düýrlengi matalary direktoryň stolunyň üstüne “patladyp–patladyp” urdular. Şakuly okudyjy: “Belki biz olara bu zatlary gowy okaýandyklary üçin berendiris” diýip, bir çykalgajyk tapjak boldy. Ýöne, olar onuň o sözüne gulagam gabartmadylar. “Kimiň gowy okap, kimiň ýaramaz okaýanyny biz sizden gowy bilýäs” diýibem çykyp gitdiler.
Direktor bilen müdir biri-biriniň ýüzüne seredibilmän esli wagt başlaryny tutuşyp oturdylar. Soň bulara Meret aga-da gelip goşuldy. Giň gara balagynyň çermegi garnynyň üstünde saklanman birsyhly aşak sypyp durandygy üçin ol endigine görä iki bilegi bilen bykynlaryny berk gysdy-da, ýüzünem kesä sowaga-da, her biri tummul bolan böwrek ýaly içi gyzyl, daşy ýata suwuň düýbündäki läbik gek garamtyl gök öwsüp duran galyň dodaklaryny çommaldyp: “Beýleki mekdepler bilen maslahatlaşaýmaly ekinik, olaryň haýsy usulda paýlajakdyklaryny soraýmaly ekenik, munymyz birhili gowusyny etjek bolup birtopar adamyň göwnüne degen ýaly boldy” diýdi.
Bu zatlara biz direktoryň kabinetiniň açyk gapysyndan syn etdik. Ol ýere bizi berlen maddy kömegi yzyna getiren “hossarlaryň” zähräňi ýaryp barýan haýbatly sesleri ýygnapdy.
“Hossarlaryň” şol maddy kömegi öz hojalyklarynyň namysyna degildigi hasap edendiklerine okuwçylaram, oba adamlaram dogry düşündiler. Olara: “Häý, şun-a oňarmagyňyz-ow” diýen bolmady. Uly il bilen bir hatarda olara menem dogry düşündim. Ýöne, ýaňky wakadan iki gün hem geçip-geçmänkä: “Allagulynyň ogly Annamyrada-da şol sylag gowy okaýa bahanasy bilen pukaralygy üçin berlipdir” diýen gürrüň ýaýrap, edil şolaryňky ýaly ruhy yza sezewar bolanymdan soň welin hasam gowy düşündim.
Ýaş kalbymy otlara çalan şol habary maňa birhili aýlawlyrak ýollar bilenem bolsa ilkinjileriň biri bolup bile okaýan synpdaş oglanlarym ýetirdiler. Gyzlar olara goşulmadylar. Gaýtam göwünlik berdiler. “Gulak asma, ynanma,şol gürrüňi aýdýanam, ýaýradýanam şularyň özleri” diýdiler. Hiç neneň okamasalar-da, gaty bir tapawutlanybam barmaýandyklary üçin “üleşikden” bipaý galan ortatap oglanlar gürrüňi ýaýratmakda hasam erjellik görkezdiler. Özlerem şol “hyşy-wyşylary” meniň eşitmän galaýmagymdan gorkýan ýaly has golaýragyma gelip, ulyilleri bilen gygyryşyp gürleşdiler, şol gürrüňiň bütin oba ýaýrandygyny öwran-öwran ýanjaşdylar.
Maňa welin, olar ýaly degnama degiji gürrüňi bir gezek gulagyma ilenden soň gaýtalamaklygyň geregi ýok. Şonuň üçinem, şol pursadyň özünde hum ýaly çişdim. Ýüzümi çym-gyzyl edip oturşyma olaryň haýsyna näme diýjegimi bilmän kösendim. Soň ýerimden turup uly adamlar ýaly iki baka gezmeledim. Elewräp ýörşüme bir direktoryň gapysynda häzir boldum, birem müdirin. Her gezegem giribilmän yzyma döndüm. Kabinetine giräýenimde-de,okuwçy halyma olar bilen gygyryşara mende hukugam ýok, ony edibem biljek däl. Onsoňam entek o gürrüniň çyndygy ýa ýalandygam belli däl. Hiç zat ýok ýerden çişip ýören bolmagymam mümkin. Ýöne, her niçik hem bolsa gürrüň ýaýrady, kim çykaranym bolsa jyn küýzeden çykdy, kim atanam bolsa ok gelip nyşana degdi.
Dogry, hakykatdan-da gowy okaýandygym üçin sylaglanandygyma men özüm ynanýardym, ýöne, ýaýrady diýilýän gürrüňem erkime goýmaýardy. Şol gürrüňiň aşagyndan abraý bilen çykar ýaly maňa bir çykalgajyk gerekdi. Emma ne öňde, ne yzda yş görünmeýärdi. Nämeden başlamaly hähili hereket etmeli, aklym çatmaýardy. Binamyslyga salyp oturybermäne bolsa ýaňy bir oýanyp barýan ýetginjeklik namysym ýol bermeýärdi. Iň bir ätiýaç edýän zadymam şu gürrüňiň kakama, ejeme ýetäýmeginiň, olaryňam: “Allajanlarym şeýlemikä şol”, diýşip, iňkise gidäýmekleriniň ahmallygydy. Ýöne, temeni haltada gizläp bolmaýşy ýaly, o gürrüň barybir kakamdyr ejemiňem gulagyna ýetdi. Emma bagtyma olaryň hiç birem oňa pitiwa etmedi. Üňsem bermediler. Kakam-a:
― Seň gowy okaýandygyny ýeke men däl uly il bilýä, oglum. Şoň üçinem janyňa agram salyp özüňi horlaýma. Beýtseň duşmanlar begenerler. Içigaranyňky ýol alýan däldir, olaňkam almaz. Sähelçe dişiňi gyssaň gybat-gürrüň gara el ýaly sowlar-da geçer gider – diýdi.
Egerde meniiň hakykatdan-da gowy okaýandygym üçin sylaglanandygyma aňryýany bilen gözi ýetmeýän bolsady, sähelçejigem bolsa göwnüne çiglik giden bolsady, onda kakamyňam namysynyň oýanmagy we beýdip meni köşeşdirjek bolup oturmagyň ýerine hossarlaryň edişi ýaly üç metrlik mawut matany eltäge-de direktoryň stolunyň üstüne gütüledip goýaýmagy, olar bilen gygyryşaýmagy, üstesine: “Näme üçin aldyň, näme üçin öýe getirdiň, ýa uýat ýeriňi ýapar ýaly egniňde el ýaly esgiň ýokmudy” diýip, meniň üstüme-de gygyraýmagy, hatda ýenjäýmegem mümkindi.
― Jümägül ýaly ýelni kesilenleriň tapýan gürrüňleridir ol. Ýüregiňi sarsdyryp, beýniňe agram salýanyňy bilseler-ä heşelle kakarlar. Öňkiňdenem gowy okaberseň şondan gowy jogap bolmaz olara – diýip, ejemem hemişekileri ýaly kakam bilen deň gopdy.
Şondan soň birneme göwnüm giňän ýalam etdi welin ertesi mekdebe gelenimden soň ondan-mundan eşidilýän terslin-oňlyn teýeneli sözler ýaňy bir söňüp barýan peltäme täzeden ot berdi oturyberdi. Durşum bilen ýanar oda döndüm. Beýnimde bolsa alasarmyk pikirler iki-baka at salýar. “Dogrudanam gowy okaýa bahanasy bilen pukaraçylygymyz üçin beriläýdimikä? Ýa hem gowy okaýa, hem pukara diýlip beriläýdimikä?” Gije, pagtalary çykyşyp duran köneje ýorganyň aşagynda iki-baka agdarylyp ýatýşyma sylaglananlaryň ählisiniň hem hojalyk ýagdaýlaryny, hem okaýyş derejelerini seljerýärin. Öz hojalygymyz, öz okaýşym bilen deňeşdirip görýärin. Hem gowy okaýandygy, hem pukaradygy üçin sylaglanyp biläýjekleriň başga-da bardygyny, ýokdygyny biljek bolup kösenýärin. Soňam: “Gowy okaýan bolsa, hut şonuň üçinem sylaglanan bolsa, onda ol garyp boldy, baý boldy tapawudy näme” diýip, öz özüme sorag berýärin. Derrewem: “Tapawudy kän! – diýen jogaby eşidýärin ― Iň bärkisi alyp görsek ine, başlygyň seniň bilen bir synpda okaýan oglam sapaklaryna gowy ýetişýändigi üçin sylaglandy. Emma,hiç kim oňa şol sylag mätäçligi üçin berildi, diýip bilmez. Sebäbi ol söz oňa ýokmaz. Hiç kim ynanmaz Pukara ýeriň çagasyna welin, şol melamat oýundan aýtsaňam şaplaşar durar”.
“Dogry,– diýip, men ol ses bilen ylalaşýaryn ― Meniň bilenem hut şeýle bolan bolmaly… Ýöne…”
Elbetde, atamyz-enemiz bar hem bolsa, bizem bir baý hojalyg-a däldik, pukaraçylygam ýok däldi, ýöne, beýdip dile düşer ýaly ýa bir balaklyk mata tapmaz ýaly ýarlykly garybam däldik. Döwre görä mydarymyz bardy. Iliň iýenini iýýärdik, geýenini geýýärdik. Onsoňam gizläp nätjek, o döwür bir biz däl, tutuş oba, etrap, welaýat, külli ýurt pukarady. Halk dört ýyla çeken urşuň zarbasyndan ýaňa ýere degen ýanbaşyny göteribilmän kösenýärdi. Berýän maddy-kömeklerini, baýrakdyr–sylaglaryny döwletiň özem baýdygy ýa şol zatlary goýara ýer tapmaýandygy üçin däl-de, garaz, uruş zerarly çöken hojalyklara az-owlak hem bolsa goltgy bermek üçin, gowy okaýan çagalary hasam höweslendirmek üçin, döwletiň ylmy binýadyny berkitmek üçin berýärdi. Galyberse-de, o döwür şüý-ä gurplydyr-ow, diýen hojalygyňam güzerany beýlekileriňkiden gaty bir ýütgeşik däldi. Oba guramalarynyň çagalaram görer-göze ne iýmit, ne geýmit taýdan bizden gaty bir tapawutlanyp barmaýardylar. Şonuň üçinem, obada hiç kimň özüne pukara diýdiresi ýa ýetde-gütde görünesi gelmeýärdi. Çüňki, haýsy tarapdan alsaňam, pukaraçylyk melamata, töhmete golaý zat. Her kim özüniň garyp saýylmagyny mertebesiniň kemsidildigi hasap edýärdi. Bu duýgy ululardadam-a güýçlüdi welin, çagalarda hasam ösendi. Biz öýüňiz garyp, kakaň-ejeň pukara diýen sözi eşidenimizden, gurruk guýa taşlananymyzy gowy görýärdik.
Ýaňky ýaly agyr oýlary ýaş beýnimde öwüre-çöwüre halys aňkam aşdy. Şondan artyk çydara ýagdaý galmady. Ahyram “hossarlaryň” edişi ýaly şol üç metrlik matany “gürpüldedäge-de” direktoryň stolunyň üstüne urmalam, dynmalam, diýen netijä geldim. Şol pikir bilenem uly arakesme wagtdy oýe ylgydym. Barsam ejem iki epilip içerini süpürip ýör. Men ellerim bilen söýeden ýapyşdym-da:
― Eje-e!..– diýip, jynssyz gygyrdym. ― Hany şol mata?
Zähresi ýarylara gelen ejem sübsesini ýere taşlady, dikeldi.
― Haýsy mata?
― Höwünki mata
― Sylag alanyňmy?
Meniň bokurdagym doldy
― Howwa-a…
― Nätjekdiň ony?
― Eltip yzyna tabşyrjak
― Näme üçin?
― Näme üçindigini bilýäň-ä, eje.
― Wiý, kakaň aýt-da saňa, o gürrüňlere gulak asma diýd-ä…
Men ýaryldym.
― Diýse diýibersin. Men köp pikir etdim. Şonuň maňa umuman, içerimiziň pukara saýylyp berlen bolmagam mümkin.
Ejemiň ýüzi üýtgäp gitdi. Ýüregi aşak şüýşen ýaly sesi juda pessaý çykdy.
― Wiý, biz pukara däl-ä, jan oglum. Onsoňam Muhy okudyjy dek-düýnüň özünde-de kakaňa: “O gürrüňlere ynanmaň, Annamyrady gowy okaýanlaryň hatarynda sylaglandyrys” diýipdir-ä…
― Muhy okudyjynyňam ony kakamyň göwni üçin aýdan bolmagy ahmal, eje. Ýetimleriň hossarlary ýaly yzyna getiräýmesin diýendir– Ejemiň ikirjiňlenip başlanyny görüp hasam ekezlendim. ― Bol, eje, nirede goýanam bolsaň tap… Men ony hökman äkitjek.
Ejem usullyk bilen aşak çökdi. Uludan demini aldy. Birdenem sag eliniň arkasyny şarpyldadyp çep aýasyna urdy.
― Wiý-ý… Men ony eýýäm biçäýipdimem-dä…
― Biçenem bolsaň ber bäri. Ähli gyýkyndylaryna, sogrundysyna çenli tap-da, bir düwünçege düw.
Ejem kyn güne galdy.Ýöne, bolup durşuma dözen däldir-dä, meni şondan artyk gynamady. Matany bir düwünçege düwdi. Soňam ony bagryna basyp, az-kem böwrüni diňläp oturdy.
― Wah, kakaň geliýänçä bir garaşaýmaly ekiniň-dä, hiç bolmanda maslahatlaşardyň-da…
Kakam goňşy etrapda ýaşaýan uýasynyňka görme-görşe gidipdi. Ertirmi ýa birigünmi, haçan geljekdigem näbellidi. Ýöne, şu gün agşamlyk geläýende-de, men oňa garaşyp durup biljek däldim. Şonuň üçinem, düwünçegi ejemiň elinden kakyp aldym-da, hut, şol pursadyň özünde mekdebe tarap ylgadym.
Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, barsam direktoryň gapysy ýapyk ekeni. Düwünçekli sapaga girmänem, yzyma gaýtmanam birhili görüp ýaýdanyp durkam, direktoryň gabat garşysyndaky gapy “jygyldap” açyldy-da, okuw müdirimiziň ilk-ä horja ýüzi, soňam çepiksije göwresi göründi. Ol ýüzüne göňur dermantin çekilen tagta gapyny bir eli bilen ýuwaşja ýapdy-da, endigine görä gözlerini gypyrjykladyp pessaý gepledi.
― Allagulyýew, näme işläp ýörsüň daşarda, sapak wagty?
Men elimdäki düwünçegi onuň eline tutdurdym-da, sessiz-ýünsiz yzyma döndüm. Meniň şol ýerden göni öýe gaýdasym, baryp tä, ertire çenli galman,ýeke özüm bir jaýda ýatasym geldi. Ýöne, sapak gidip durdy, ony bolsa sebäpsiz ýere goýbermek bolmaýardy.
Klasymyzyň gapysyny ýuwaşlyk bilen açdym.
― Mümkinmi? – Muhy okudyjy tagta bakyp elindäki ak heki çommaldyp durşuna maňa tarap ýüzünem öwürmän, diň salmak arkaly düşündirişe garaşdy. Men yzly-yzyna ardynjyrap zordan gepledim. Ýöne ýalan sözlemedim. ― Zerur iş bilen oýe gidip geldim, okudyjy.
― Geç.
Geçdim. Egnimden agyr ýük aýrylan ýaly uludan demimi aldym. Gözümiň gytagy bilen synpdaşlarymy synladym. Olaryň maňa tarap gönügen nazarlaryndan many aljak boldum. “Indi näderkämiz? Indi nämäniň gybatyny ederkäňiz? Ýok indi mende şol mata! Tabşyrdym! Sebäbi men garyp däl” diýip, içimden ulyilim bilen gygyrdym. Birdenem: “Bular entek seniň matany yzyna tabşyrandygyňy bilenoklar-a” diýen pikir ýyldyrym çaltlygynda beýnimiň içine çabrap gitdi.
Şol wagtam gapy kakyldy. Muhy okudyjy baryp ony garyş-sere ýalyrak açdy. Aňyrdan okuw müdiriniň ýarpy ýüzi göründi. Kiçijik gözler gypyrjyklady. Dodaklary gymyldady.
Muhy okudyjam: “Bor, bor, häzir” diýde-de, gapyny emaý bilen çekdi. Bärsine öwrüldi. Gözlerini maňa dikip sag eliniň başam barmagyny gapa tarap taýzartdy.
― Allagulyýew, bar seni müdir çagyrýa.
Men ýerimden turjak bolup görgi baryny gördüm. Ýeke bir aýaklarymdan däl, tutuş göwrämden ysgyn gitdi. Ýüregim suw bolup akandyr öýtdüm. Şeýle-de bolsa biline urlan gaýyň ýaly süýnjeýip partanyň arasyndan-a çykdym. Yraň-daryň gapa tarap ýöneldim. Keýpimiz çag wagty ýelginimize-de açylyp-ýapylyp duran ýeňiljek gapy şol wagt Demir agsagyň läheň derwezesindenem agyr göçdi.
Biziň synp otagymyz uzyn däliziň aýagyragynda ýerleşýär. Çykalganyň gapysyna barýançaň bäş-alty sany synp otagynyň deňinden geçmeli. Ýigrimi-otuz ädimden uzak bolmadyk şojagaz gapy maňa şol wagt älemiň sowuk burçunda ýerleşýän demirgazyk ýyldyzyndanym daşda göründi. Eden batyrgaý hereketimden razy bolmakdan ýaňa ýaňy bir bag-bag bolup ugran köňlüm ýene-de lerzana geldi. Bedenim çäk-çäk söküldi. Özümi etmesiz bir işi edip, indem jezasyny çekmek üçin dar teýine alnyp barylýan günäkär hökmünde duýdum.
Nädip girenimi bilemok bir görsem müdiriň gabat garşysynda durun. O-da maňa seredip birgeňsi ýylgyryp dur. Onuň parahat keşbi az-kem özümi dürsemäne maý berdi.
Ol asylam gaharjaň adam däl. Mekdepde okan on ýylymyň içinde men onuň haýsydyr bir okuwçynyň üstüne gygyranyny ýa şarpyk çalanyny göremok. Käbir mugallymlar berk tutjak bahanasy bilen ýersiz ýere urup-sögüp eňter-pelegiňi öwürýärler. Gahary gelen wagty hatda direktorymyz Ýazgylyç okudyjynyňam hut özüne mahsus temmi beriji tärjagazy bar. Ol ajyja ýylgyrar-da, sag eliniň etlek, ýogyn hem kelte barmaklary bilen-ä çep goluňdan mäkäm gysar, sag aýagynyň burny bilenem çep aýagyň ujuna basar. Agzynam eglibräge-de gulagyňa elter-de diýjegini diýer durar. Daşdan görene golundan tutup okuwçysy bilen mesaýy gürrüň edip duran ýalydyr.
Şakuly okudyjy welin hemmeler bilen salyhatly gürleşýär, aýtjak pikirini janyndan syzdyryp, düşnükli edip aýdýar. Esasanam seniň ýüregine düşünjek bolup jan edýär. Şonuň üçinem, biz ony ähli mugallymlardan gowy görerdik, sylardyk. Biz ony häli-häzirlerem diňe ýagşylykda ýatlaýarys.
Onuň şol pursatky bolup durşy aňymda ömürlik galypdyr: egninde ýakasy bilen ýeňleriniň ujy basma keşdeli, tulkuldan duran sarymtyl ak ýüpek matadan tikilen, şol döwrüň zyýalylaryna ýoň bolan ukrain köýnegi. Onuň içindäki hor göwre dim-dik. Dutaryň sany ýaly inçejik boýun gowreden ep-esli saýlanyp dur. Şonuň üçinem, keşdeli serpme ýaka iňňän uly we bol görünýär. Boýnuň üstündäki dillije kelle ikbaşdan sähelçe ulurak diýseň boljak. Öň tarapy tolkun-tolkun bolup, soňam arkan gidýän gaňtarylgy gara saçlary onuň tagaşyksyz göwresindäki ähli gelşiksizlikleriň öwezini dolýar. Kelläniň yz tarapy ýaňy bir tüýüni döken terne ýaly süýri çanakdan, öň tarapy bolsa degirmeniň süýbegini ýada salyp duran süýnmejik hem kiçijik ýüzden ybarat kelläniň kiçiligini ýuwmarlaýar. Ýüzüň üstündäki gyýajyk gözlerde mähir uçganaklaýar. Şol gözleriň görejiniň içinde meň durun. Ýöne, näme üçinder pasporta ýelmenýän suratlar ýaly ýarty görünýärin. Müdir gözlerini gyrpan wagty men ýom-ýok bolup gidýärin. Soň ýene-de peýda bolýaryn. Has giňiräk ýylgyran wagty müdiriň ap-ak dişleriniň düýbündäki solgun gyzyl reňkli kentlewüginiňem ep-esli bölegi görnüp gidýär. Bokurdagyndaky aşyk ýalyjak ýumry aşakmy, ýokarymy, haýsy tarapa gitjegini bilmän ortarada iki-baka yrgyldap dur. Tukejiň edil jikgä birigýän ýerindäki oýjagaz birsyhly müňküldeýär.
Onuň öňündäki üstüne ýaşyl mahmal ýapylan stolyň çep gyrasynda meniň elten düwünçegim dur. Ol çözlüpdir. Diýmek, açyp görüpdir.
Müdir maňa golaý ýerde duran oturgyja tarap goluny salganda giň ýeňi galgap gitdi.
― Otur…― Men oturanymdan soň onuň özem oturdy. Soň kiçijik eňegini düwünçege tarap ülňedi. ― Munyň näme? Ýa tikdirmäne getirdiňmi?
Elbetde, mata biçilgi bolansoň ol muny oýun edip aýdýardy; Çüňki, mekdepde tikinjiligem ýok, tikin tikýänem ýok. Şonuň üçinem,men dogrymy aýtmaly boldum.
―Ýok, okudyjy, yzyna tabşyrmana getirdim.
Sesimiň erbet bir ebeteýsiz çykanyny bilýän.Muny Şakuly okudyjam aňdy. Ýöne, meni öňküdenem beter oňaýsyz ýagdaýa salmazlyk üçin syr bildirmedi.
― Näme üçin tabşyrjak bolýaň?
― Sebäbi men gedaý däl.
― Kim saňa gedaý diýdi?
― Hemmelerem aýdýa... ― Birdenkä damagym doldy. Ýüregim sarsdy. Sesim awusyna çydaman çyňsaýan itiňki ýaly öňküsindenem naýynjar çykdy. ―Gowy okaýa diýen bahana bilen pukaralygyňyz üçin berildi, diýýärler…― Birdenem ýerimden turdum-da, “hossarlaryň” edişi ýaly gollarymy galgadyp sesimiň ýetdiginden gygyrmana başladym. ― Kim bizden gowy ýaşaýa? Biz kimden kem ýaşaýas? Men… Men… Biz… Biz… Siz… Siz…
Böwet böwsüldi. Häliden bäri bokurdagymda tegek bolup duran agy yňyp gaýtdy. Şakuly okudyjynyň ýerinden turanyny, assa basyp ýanyma gelenini ýaşdan ýaňa ümezläp duran gözlerim çala saýgardy. Ol iki elini egnime goýup öňki ýerimde oturtdy.
― Azajyk garaş…– diýibem çykyp gitdi. Eglenmänem gaýdyp geldi. Elinde-de üç-dört tagta kagyz. Ol şolaryň iki sanysyny maňa uzatdy. ― Me, oka. Kime näme üçin berlipdir göz ýetir. Ynjal.
Men ol wagt zat okap biljekmi? Gözlerim zat saýgarjakmy? Aklym zada çatjakmy?
Müdir bu gezegem ýagdaýymy aňdy. Gapdalyma geldi-de, kagyzlaryň birini eline aldy. Ýokarysyna barmagyny dürtdi.
― Ine, oka şuny.
Şondan soň islesem-islemesem okamaly boldum. Harplar gözüme görnüp başlady. Ýokarda ortarada “Büýruk” diýlip ýazylan. Özem nomerlenen. Soň şeýleräk terzde tekst gidýär: “Türkmenistanyň Magaryf ministrliginiň pylanynjy senede çykan pylan kararyna laýyklykda şu aşakdaky gowy okaýan we beýlekilerden tapawutlanýan göreldeli okuwçylary gymmat bahaly zatlar bilen sylaglamaly…” Aşagynda mekdep direktorynyň ady, familiýasy. Goly. Şondan soň uzyn sanaw gidýär. “A” harpyndan başlanýandygy üçin meniň familiýam ilkinjileriň hatarynda dur.
― Ine, indem muňa seret – diýip, müdir maňa başga bir kagyzy uzatdy.
O-da buýrukdy. Onda-da Magaryf ministrliginiň çykaran kararyna esaslanylýardy. Ýöne, teksti başgaçarak. Ýagny, “Ýetim, hossarsyz we Beýik Watançylyk urşunda ekleýjisini ýitirendikleri zerarly kynçylyk çekýän hojalyklaryň çagalaryna maddy kömek bermeli…” diýlip ýazylan.Yzam öňki ýaly. Şol bir at, şol bir gol, şol bir sanaw. Ýöne, ol sanawda meniň adym ýok.
Müdir tä, okap bolýançam sesini çykarman garaşdy. Soňam kagyzy elimden aldy-da meniň bilen deňleşmek üçin aşak eglip, kiçijik gözlerini ýüzüme jüýjertdi. Süýem barmagy bilen orta barmagynyň arka ýüzüni kagyza taýly gezek kakyp “şypyr-şypyr” etdirdi.
―Adyň bar ekenimi, şunda? ― Men başamy ýaýkadym. ― Öňküde adyň bar ekenimi? ―Men başymy atdym. ―Gözüňi ýetirdiňmi indi näme üçin sylaglanan-dygyňa? ― Men ýene-de başymy atdym. ― Bar onda arkaýyn git-de okaber. Bor-bolgusyz gürrüňlere gulagyňam gabartma, ýüregiňem çişirme. Allagulynyň mätäç adam däldigini bilmäýän ýok. ― Ol içi “serpaýly” düwünçegi öňüme süýşürdi. ― Me, al munyňam. Tikdir-de geý. Bu seniň arassa zähmetiňe, zehiniňe berlen peşgeş.
Sanawly buýruklaryň ikisinem gözüm bilen görenimden soň süňňüm birneme ýeňlän hem bolsa düwünçege tarap el uzatmana bognum ysmady. Asla şol tarapa nazaram aýlamadym. Sebäbi mende indi: “Adymyň gowy okaýanlaryň arasyndadygyny, hut şonuň üçin sylaglanandygymy men öňem bilýän ahyry. Ony gybatkeşler bilenoklar ahyry” diýen pikir oýanypdy. Dogrydanam ine, arakesme başlanar welin, olar ýene-de şol öňküje tükezzybanlaryna tutup ugrarlar. Müdir meni köşeşdirdim etdi, ýöne, köşeşdirilmeli men däl-de, şolar! Şonuň uçinem häzirlikçe meniň ellerim düwünçege tarap uzanok.
Aýalaryny stoluň gyrasyna diräp, ýylgyryp duran müdir gözlerini gypyrjyklatdy.
― Ýene näme?
Men beýnimde at salýan öý-pikirleri mälim etdim. Müdir meni üns bilen diňledi.
― Olar şol gürrüňlerini Annamyrat jan, buýruk bilen sanawy gözlerine görkezäýeniňde-de ederler.Seniň haýsy sanawadadygyňy, näme üçin sylaglanandygyňy şolar asla bilmänem duran däldiler. Nätjek, durmuş şeýle. Durmuşda ýalan bilen çyn, ajy bilen süýji hemişe ýanaşyk gezýä. Onsoňam ol iki sanawy tutuş oba-ha görkezip çykyp bolmaz…
Men möňňüräýmekden zordan saklandym.
― Bolar…Görkezip bolar…
― Aý, ýok, ol bolmaz. Birinjeden-ä ol dokument, ikinjidenem ýaňky aýdanym: şony şeýdäýeniňde-de barybir etjek adam şol gürrüňi ýene-de eder. Kagyzdyr-da, näme ýazsaňam bolar durar-da, diýer. Ýöne…―Ýüzünde ýylgyrma alamatlaryndan nam-nyşan galmadyk müdir az salym böwrüni diňläp oturdy-da, gözlerini süzüp ýüzüme seretdi. ― Men saňa-da düşünýän. Gep-gürrüňleriň ýol almazy ýaly saňa hakykaty hemmeleriň bilmegi gerek. Sübütnama gerek. Şeýle dälmi?
Men tisgine-tisgine dem aldym.
― Howwa! Maňa şol gerek ! Uludan-kiçä bütin obanyň hakykaty bilmegi gerek.
― Gel onda bir zat edeli… ― Müdir meni gaýtadan oturtdy. Özem oturdy. ― Ine ,bizde diwar gazeti bar. Aýda bir gezeg-ä çykýa, bir aýlabam asylgy durýa. Sen şoňa ýaz: “Şeýle, şeýle, gowy okasaň hökümet gadryňy bilýä, sylaglaýa, okuwa bolan höwesiňi artdyrýa, ine, arada biziň mekdepde-de şeýle ýagdaý bolup geçdi, birtopar gowy okaýan göreldeli okuwçylar sylglandy,şolaryň arasynda menem bar, şol sylag üçin men hökümedimize-de, magaryf ministrligine-de köp-köp minnedar” diý. Isleseň men saňa ýaňky dokumentlerdäki kararlaryň, buýruklaryň çykan senesine, nomurlaryna çenli bereýin. Şeýtseň hem-ä gybatkeşleriň gybatlaryndan dynarsyň, hemem: tüweleme bu oglanyň aňy syýasy taýdanam sagdyn ekini, diýerler. Hakykatdanam gowy okaýandygyň üçin sylaglanmadyk bolsaň, beýşe batyrgaýlyk bilen çykyş edip bilmejekdigine düşünerler. Mahlasy ähli gybatçylaryň agyzlaryna zäk atylan ýaly bolar. Ylaýyk, ine, aýam aýak bolup barýa. Bu gün-erte gazetiň täze sanyny taýýarlap başlarlar. Asyl özüňem gatnaşýaň-a oňa. Suratlaryny çekip berýäň-ä..
Elbetde,müdir ýüregindäkini aýdýardy. Garaçyny bilen ugur salgy berýärdi.Okuwçysyny jebirden dyndarasy gelýärdi,onuň maňlaýyna basylan nähak tagmanyň basymrak aýrylmagyny isleýärdi.
Meniň diwar gazetini çykarmaklyga gatnaşýandygymam çyndy, ýöne, bir mekdebiň çygryndan çykmaýan diwar gazeti barybir meniň göwun-islegimi kanagatlandyryp biljek däldi. Ýene-de şol bir okuwçylar okarlar, üýşerler çaşarlar, maňa bakyp pyňkyryşarlar,üýtgän zat bolmaz. Oba bolsa giň.
Men bu pikirimem müdire duýdurdym.
― Ata-eneler ýygnagy bolanda ulularam-a üýşüp okaýarlar ony… – diýdi-de, öz aýdanlaryndan göwni suw içmeýän ýaly müdiriň özem aşak bakyp böwrüni diňläp ep-esli oturdy. Iňkise gitdi. Birdenem gözlerini çerreldip ýüzüme seretdi-de, sesine bat berdi. ― I-i… Bolmasa nemedäýsene sen şony… Hem-ä diwar gazetine ýaz, hemem şol makalaň bilen kolhozyň radiouzelinde çykyş et. Şonda-ha oba-da eşitmän galan bolmaz. Radiosyz öý bolsa ýok…– Çykalga tapanyna menden beter begenen müdir: ― Hä?.. – diýip, ýyrş etdi. Kiçijik ýüz ýene-de ýagtyldy. ― Belki, ýazyjylyk ugrundanam zehiniň açylar…
Men indi müdiriň ikinji gezek elime tutduran düwünçegini sessiz-ýüňsüz goltygyma gysdym-da, synp otagymyza-da barman göni öýe gitdim. Barşym ýalam matany ýüzüme seredip äm-säm bolup duran ejeme berdim-de, onuň soragly nazaryny jogapsyz galdyryp kagyzdyr-galamlaryma tarap topuldym.Soňam bagrymy ýassyga berip ýazmana başladym. Gijesi bilen galman işledim. Okuwçy depderiniň bary-ýogy üç ýarym sahypasyny tutýan kiçijik makalany on gezek dagy gaýtadan göçürdim. Ilki many-mazmun taýdan sünnäledim, soň sözlemleriň gurluşyny timarladym, ondan soň her bir sözüň jaýba-jaý düşüşine, biri-biri bilen sazlaşykly gelişine, owazyna üns berdim. Has geň galan zadym soňabaka maňa her harpyň reňkine, jynsyna, agyrlygyna-ýeňilligine, ýumşaklygyna-gatylygyna çenli görnüp ugrady. Mysal üçin: “A” harpy aýal jyns, reňki gyzyl, tebigaty ýumşak we ýeňil, “T” harpy erkek jyns, reňki goňur, tebigaty gaty.
Birdenem mende: “Makalany merkezi gazetleriň birine ibermek gerek” diýen pikir döredi. Şonuň üçinem men bu gelen netijämi ertesi Şakyly okyja-da duýdurdym. Maslahatlaşdym. Ol munam makullady.
Makala uzak garaşdyrman çykdy. Onuň yz ýany bilen: “Ýazyp duruň, bize siz ýaly ýerli habarçylar zerur gerek” diýen terzde bir hatjagazam geldi.
“Habarçy” sözi maňa ýaramady. Şol söze men asyl soň-soňlaram, uzak wagtlap öwrenişip bilmedim. Hiç inim söýmedi. Çünki, oba arasynda şugulçylyk edip, ondan-oňa gep gezdirip ýören adama-da biziň obamyzda habarçy diýerdiler. “Habarçy Hally balak, bazarda belli balak” diýen ýaly bir gyjalatlyja aýtgyjagazam bardy. Şonuň üçinem meniň bir gepden gaçjak bolup başga bir gepe uçraýmagymyň ahmaldygyndan gorkýardym.
Şeýle-de bolsa men ojagaz hatjagaza-da edil makalamyň çap bolup çykyşyna begenişip ýaly begendim. Belki, ondan artygrak begenen bolaýmgymam ahmal. Sebäbi, şol hat ömürboýy meni alyslardan-alyslara, sepgitlerden-sepgitlere çagyrýan çelgi bolup öňümde birsyhly magallaklady durdy. Ol meni soň-soňlap beýleki gazetdir-žurnallaryň, neşirýätlaryň, ýazyjylar birleşmesiniň gapysyndan eltdi. Mekdepdekäm edebiýat sapagyndan terjimehallaryny okan, eserleri boýunça ekzamen berip baha alan söýgüli ýazyjylarymyň şahyrlarymyň arasyna goşdy. Olar bilen dostlaşdyrdy. Gatnaşdyrdy. Birnäçe kitabyň eýesi etdi. “Ýazyjy” diýen hormatly ady berdi. Ýöne, her niçik hem bolsa, şol çelginiň aňyrsynda şo-ol, meni otlara salan makala ýatyr. Şonuň üçinem şol makala özümiň ilkinji eserim diýmäne meniň doly hakym bar.
Makala şol wagtam öz wezipesini aňryýany bilen ýerine ýetirdi.Onuň “Mydam taýar” gazetinde ýalpyldap çykmagy bilen gep-gürrüň çalyşdy. Görüpler dilleriniň başyny çeýnemeklerini goýdylar. Şakuly okudujynyň aýdyşy ýaly olaryň barysynyň agzyna zäk atylana döndi. Iň bir esasy zadam, şonça ezýetler beren şojagaz sylagyň maňa hakykatdan-da gowy okaýandygym üçin berlendigini ýeke bir öz obamyzyň adamlary däl, tutuş ýurt bildi.
… Ýatdan ýeri ýagty bolsun, Şakuly okudyjy pahyr ýaňy-ýaňylaram her gezek oba baranymda salam-helikden soň derhal sag eliniň süýem barmagyny çömmaldardy-da:
― Seni ýazyjy eden mendirin, bilýaňmi şony, ýadyňa düşýämi.. – diýip, şol bir enaýyja ýylgyryşy bilen, kiçijik kellejigini titredip, öňkülerine görä mazaly kösseýşen gözleriniň bulançak nazaryny göreçlerime göni dikibilmän kösenip durşuna “kih-kih” gülerdi. Her gezegem ýaltanman, şo-ol, birwagtlarky bolup geçen wakany gapdalyndakylara gürrüň bererdi. Menem ony makyllardym. Men ony häzirem makyllap otyryn. Asyl şu hekaýanyň ýazylmagyna sebäp bolanam şol. Şakuly okudyjynyň aýdýanlarynyň hakykatdygyna hiç hili şek-şübhe ýok.

Mart-aprel, 2007 ý.
Aşgabat ş.


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 12 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma HUDAÝGULY awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar