10:56

On üçünji perde - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: On üçünji perde

Alym Ahmet Bekmyradowyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.

Kör Gojaly durmuşyň ahyrzamana meňzeş mojuk oýnunyň üstünden öz aýagy bilen bardy. Özem bir şumlugyň boljagyny çala duýup bardy. Wah, ýürek köp zatlary duýýar. Ýöne köplenç geleň edilenok. Kätelerem adamyň göwnüne degmezlik pikiri bilen islemeýän işleriňi hyrçyňy dişläp etmeli bolýarsyň. Onuňam soňy käte betbagtlyk bilen gutarýar.
Bar-a şeýle söz: «Köp gülen – bir aglar» diýip. Ili köp güldürenem bir aglajak eken.
Allan burun Kör Gojalyny bu toýa bir aý öňünden çagyryp gaýtdy. Allanyňky düşnükli: toýuny gabaraly geçirip, adyny dag-depe aşyrasy gelýär. «Allan burunlaryň toýuna alys ýol söküp, külli türkmen ilini baglan Kör Gojaly bagşy geldi!» diýdirmesi nämä degmeýär?!
Bagşy Allaň baýyň çakylygyna razylyk berdi. Söz berse-de berdi welin, birki gün ol hakda oýlanyp gezdi. Göwnüne, nähilidir bir çiglik bar ýaly duýuldy. Onuňam sebäbi bardy.
«Allan burun toý etse, soňy ýas bilen gutarýar» diýen gürrüň gulagyna birki gezek degipdi. Ana, şol gürrüň bagşyny iňkise salan bolsun gerek. Allan burun ogul öýerende bir gelniň düýeden ýykylyp jan berendigini bagşy hakyt görüpdi. Şeýle şum wakalar Allan burun toý edende az bolmandy. Toýda göreş tutup, aýagyny döwdürip maýyp bolan kişini bolsa bagşy tanaýardy.
Ol toýa gaýtsa-da, gaýtdy welin, aňyndan ünji aýrylmady. Öz-özüne göwünlik berdi: «Toý diýeniň, onda-da Allan burun ýaly baý adamlaryň toýy günde-günaşa bolup duranok. Toýuň ahyrynda «Selbinýazy» orta çakaraýyn. Alla halap, il oňlasa, ana, onsoň rahat gezsem bolar».
Beýik halypa özünden öňe hiç kimi geçirmändi. Onuň sesi çeküwlidi, eli ýitidi. «Balsaýady», «Könegüzeri» döredip, dutara on üçünji perdäni dakypdy. Bu aýdymlar indi özüne göwni ýeten men diýen bagşylaryň dilinde. Emma hiç biri hem Gojalynyň özüçe aýdyp bilenok. Gojalynyň çykan perdesine ýetmek mümkin däldi. Onuň öz deňine hiç bir bagşyny getirmeýänine begenji ýeke-de bolsa, gynanjy ikidi. Ilki bilen-ä ol aýdymlar özünden soň aýdylmaz, beýle meşhurlyk gazanmaz öýdüp gorkýardy. Sebäbi ol perdä ýetmek her kime başardyberenokdy. Ikinjiden bolsa, has ýaramazy, bagşy bu aýdymlar üçin gözüniň nuruny – şamçyragyny ýitiripdi. Kimler pessaý aýdym aýdyp, «bagşy» adyny alsa, ol dutarda on üçünji perdäni goýup, bary-ýogy «Kör» lakamyny aldy. Wah, bar aljagy «kör» lakamy bolsa, ony elini dutara degirmänem alyp ýörler ahyryn. Bu lakam üçin özüňe zor salmagyň geregi ýok. Agyr mukam onuň içegesi bilen iki gözüne agram saldy. Ýöne Gojaly ejizlemedi. «Eger gözüm eräp akýanam bolsa, aýdym aýdaryn!» diýdi.
Bagşy öte geçenini indi-indi bilýärdi. Wah, şol öte geçmeler dälmi erkek kişileri soňundan ýowuz güne salýan?! Haýsy erkek kişi durmuşda öte geçmedi?! Elbetde, öte geçmese, ol ýokary perdelere ýetibem biljek däldi. Ýöne zerurdan zerury, möhümden möhümi bar. Aýdym-saz toý-tomaşada gerek bolsa, göz diýeniň her ädimiňde, hatda oturan ýeriňde gerek. Görüp bilýän adama gözsüz durmuş mümkin däldi. Ýuwaş-ýuwaşdan janynyň höziri göwün hözirinden üstün çykyp başlady.
Bu synagly günler onuň bar aladasy «Selbinýazdy». «Selbinýazy» «Kyrklaryň» bir şahasyna öwrüp, onuň yzyna tirkäp bolsa, azaby ýerine gowşaýjakdy. Tutan işini jem edip, bu täsin çeküwli aýdymy köpçüligiň gulagynda galdyryp, onsoň armansyz ýaşajakdy.
Bir çaganyň sünnet toýy üçin beýle tutum ulurakdyram welin, emma şu güne, şu şatlyga bagşynyň özi garaşypdy.
Toý güni. Hana, ýüz elli öýli oba baş bolup oturan Allan burnuň toýuna Kör Gojaly meňsepen atyny säpjedip geldi. Küren oba garagörnüm ýerden bagşynyň öňünden çykdy, şatlygy mumyýa deýin az durmuş şu pursat bilen bakylyga öwrüläýjege meňzedi.
Atdan düşen bagşy özüne niýetlenen ak öýe girmäge howlukmady.
Adamlar çar ýandan dökülip, gelip durdular. Toýuň beýemçisi gelenlere: «Hoş geldiň!» aýdyp, olary ak öýüň ýeňsesindäki köneje, gyşyk gara öýe geçirip durdy.
Bagşy bilen Allan saglyk-amanlyk soraşyp durkalar, ýene bäş-dört adam geldi. Olar hormat bilen görşüp, Allanyň toýuny gutlap, bagşynyň hal-ýagdaýyny sorap bolansoň, Allan olara-da şol gyşyjak gara öýe geçmegi teklip etdi. Olar ugranlaryndan, toýuň bekewüli Allanyň ýüzüne çiňerildi:
– Baý, onça millet bu öýüne sygarmyka?
– Şol öýemi? – diýip, Allan göwnüýetijilik bilen gaýşaryldy. – Han bolsa, ol öýe biri sygar, ikinjisi sygmaz. Molla bolsa ikisi sygar, humarbaz bolsa üçüsi. Bular ýalydan näçesi diýseň, şonçaragam sygar. Ha... ha... ha!.. – Allan burun gülküsini kesip, çynlakaý gürrüňe geçdi. – Bular ýaýnap oturmaga gelenlermi ýa toý görmäge?! Men olary tomaşa üçin çagyrdym. Ýör, bagşy aga, içerä, özüňi ganymatja seýisle. Bu toýda, nesip bolsa, seniňem gözüňi açaýmagymyz mümkin. Ha... ha... ha!..
Allan burnuň gülküsi bagşynyň gulagyna ýakmady. Bagşy özüne göwünlik berdi: «Haý, Gojaly, körlügiňi edip, ýene darygyberme».
Halaýyk bagşyny altyganat ak öýüň gapdalyndaky sekide oturdanam bolsa, aslynda göwnüniň töründe oturan diýip düşündi. Millet bagşyny başyna täç edinip bilenok, diňe söýüp-guwanyp ýa-da ýigrenip bilýär. Giden halaýyk, sadagöwün köpçülik Kör Gojalyny nazarlary bilen sypalap, ezizläp otyr. Muny, heý, bagşy duýmazmy? Muny duýmak üçin gözli bolmak zerurlygy ýok. Muňa, heý, bagşy buýsanmazmy? Emma buýsanç bir bagşa gerekmidir?!
Bagşy daşyny gallap, özünden gözlerini aýyrman oturan-duranlara mähir minnetdarlygy bilen baş atdy. Millet bir tolgunyp gitdi. Özüne golaý oturanlar bilen adaty endik boýunça hal-ahwal soraşdy. Soraşylmaly zatlar kän. Onuň üçin çaý içimlik salym azlyk edýär.
– Siz bu gün bir musulmany ulularyň hataryna goşjag-ow – diýip, Gojaly öýe eýesine ýüzlendi.
– Size garaşyp otyrys, bagşy aga. Mundan gijikdirmän, Pygamberimiziň sünnetini berjaý edeliň. – Allan burun galkyjaklap gürledi. – Onda çagyryň pälwany.
Sähel salymdan ýedi ýaşyna giren sarymeňizje oglanyň elinden tutup geldiler.
– Salawmaleýkim! – Oglanjyk bagşa çekinibräk ýakynlaşdy.
– Waleýkim essalam! – Bagşy çöňňe nazary bilen oglanjygy boýdan-başa synlady.
– Tüweleme, sen-ä ýigit ýetipsiň.
– Ýok... – Oglanjyk gaşlaryny bürüşdirdi. – Men entek ýigit däl. Sünnet etsinler, ana, soň men ýigit bolýan! Onsoň hakyky erkek bolýan. Hemmeler şeýle diýýär.
Kör Gojaly ýöriteläp getiren kiçeňräk dutaryny oglanjyga uzatdy. Ýylgyryp:
– Ýigit çykanyňdan soň çalmagy öwrengin – diýdi.
Oglanjyk birgeňsi ýylgyryp, baş atdy.
– Onsoňam ýigit et jek bolanlarynda aglaýmagyn.
Oglanjyk şu gürrüňe garaşyp duran ýaly, pert-pert jogap berdi:
– Erkekler aglamaly däl...
Adamlar oglanjygyň çyn gepine gülüşdi. Bu oglanjyga agyr degdi: adamlara seredip, dodajygyny müňk-müňk etdirdi, emma gepläp bilmedi. Oglanjyk näbilsin ýalan söze görä çyn sözüň ýaňsa köp alynýandygyny?!
Her kim sähel salymdan ýigit çykjak oglanjyga bir zatlar eçildi. Oglanjyk berlen zatlary göterip, är ýigide öwrülmek üçin, dolup-daşyp, ak öýe girdi.
Nahar çekilip ugrandan soň, degdim-gaçdym gürrüňler azaldy. Asyl, küren oba birmeýdan dymdy. Sebäbi köp wagtlap garaşylan arzyly toý çagany öňe alyndy. Duzuň hormatyna omyn edildi. Allan burna, onuň ýigit çykmaga giden ogul agtygyna ýagşydan-ýagşy dilegler edildi. El göterilenden soň, öý eýesi Kör Gojala ýüzlendi.
– Bagşy aga... – Ol nädip aýtjagyny bilmeýän ýaly, birsellem sägindi. – Eşiden bolmagyňyzam mümkin, biziň obamyzda-da bir bagşy bar.
– Weý, bolsa, gelsin! Birden iki bagşy şüweleňli bolar.
– Ol nemeräkdir, bagşy aga, ýagny aýalrak...
– Onuň hiç gürrüňi bolmaz. Özi aýdym aýdyp bilse, aýalynyň-erkeginiň gürrüňi ýokdur.
Allan burun başyny ýaýkady. Bu onuň bagşynyň hiç zady düşünmeýändigine janyny ýakdygydy. Şeýle toýlarda, bagşy aýdýan ýerlerde başga-da höwesekler orta çykardy. Olara tirmeçi bagşylar diýerdiler. Uly bagşy çaý-çilime güýmenende, dem-dynç alanda şol höwesek tirmeçi bagşylar milleti güýmärdi. Bu toýa şüweleň bererdi hem kimiň kimdigini aýan etmäge, güýçli bilen ejizi, öwrenije bilen ussady saýgarmaga halka mümkinçilik bererdi. Kör Gojaly öz garşysyna çykjagyň tirmeçiden ýokary däldigine akyl ýetirjek bolanokdy. Şonuň üçin Allan burun gürrüňini gönüledi:
– Bagşy aga, ol diňe bir höwesine aýtmakçy däl, hut siziň bilen aýdyşyp görmegiň höwesinde. Oturan-turan ýerinde, siziň bilen toý sowmagyň höwesindedigini ýaňzydýar. Obadaşlarymyzam: «Myhman bagşa sala salyp göräýseň!» diýşip, menden haýyş etdiler. Eger garşy bolmasaňyz...
– «Il göwnese, atyňy soý» diýipdirler. Bu at soýandan ýeňilräk mesele ýaly-la. Heý, oňa-da garşy çykyp bolarmy. – Kör Gojaly bu sözi diýse-de diýdi welin, ynjalygy gaçdy. Dogrusy, aty soýulsa-da, beýle ynjalygy gaçmazdy. «Meni baş bagşy hökmünde däl-de, güýç synanyşmak üçin çagyran ýalak-la bu? Geň, meniň bilen gidişip biljek bagşy bar bolsa, çagyrma nämä gerek bolduka? Asyl, kimkän meniň bilen aýdyşyp biljek bagşy? Ýa meniň gözümi açjak şu täze bagşymyka?..»
– Bagşymyzyň özüni görmeseňizem, belki, at-owazasyny eşidensiňiz-le. Onuň il arasyndaky ýörgünli ady Heleý bagşy.
– Heleý bagşy?!
– Hawa, hawa, Heleý bagşy. Geň gördüňiz öýdýän. Onuň ady Bezmeden bolmaly.
– Kimlerden ol? Ärsarylardanmy ýa düýejimi?
– Olardan-a däl. Heleý bagşy baýatlardan bolmaly.
– Hä... Şeýle diýsene... – Ähli kişi bagşydan anyk jogaba garaşýar. Millet bagşynyň her bir sözüni, her bir hereketini terezä salyp otyr. Kör Gojaly oturanlary uzak garaşdyrmak islemedi. – Aýtsyn, aýtsyn! Bagşy bagşa garalla bolmaz. Bu – toýdur.
Kör Gojaly hyrçyny dişledi, başyny aşak saldy. «Aýal bilen ýaryşmalymy? Bu, heý, türkmençilikde görlüp-eşidilen zatmy? Ýaşalyp ýörülse, adam her hili zadyň üstünden barjak eken. Gojaly bagşy aýdyşmakdan gorkýan däl, ýaryşybam bolar, ýeňibem. Ýöne «Gojaly aýal bilen aýdym aýdyşypdyr» diýen ýakymsyz gürrüň il arasyna ýaýrar. Iň erbedi, ine, şu bolar. «Aýaly ýeňipdir» diýen gürrüňiň özem peslik. Ýeňilmeg-ä masgaraçylyk. «Bu aýaldan Kör Gojaly ýeňlipdir» diýseler, başyňa telpek geýip gezip bolmaz.
Eý, Alla, özüňden medet! Bu masgaraçylykdan gora!»
Birtopar gyz-gelni yzyna tirkäp gelen Heleý bagşy oturanlara baş egip salam berdi-de, tagta sekiden birneme uzagrakdaky düşege geçdi.
«Şu aýal indi meň bilen aýdyşmakçymyka? Eý, Hudaý, onuň guş kellesine gelip ýören pikiri! Aýalda akylyň, eşekde sekiliň bolmaýandygy çynmyka, Allajanlarym? Düýeden ýykylyp, biloňurgaňy döwdürdiň näme? Bu aýaldan ýeňildiň näme?.. Haý, özüň bir bimazalygyň üstünden barmasaň ýagşydyr».
Bagşyny agyr ýaýdançlyk gaplady. Allan burnuň bolsa guşy al-asmanda pel-pelleýärdi. Iki ýana ýöräp, eýemsiräp, entegem aýagy ýer tutanokdy. Hälki gara öýe gaplanan millet bolsa howsala hem tolgunma bilen uly tomaşa garaşýardy.
«Başlamalymy ýa turup gidibermelimi?» diýip, Gojaly iň soňky gezek özüne geňeşdi. «Bagşy milletine öýke haramdyr. Bir bendäniň toýuny pozmaýyn. Näme-de bolsa, peselen men bolaýyn. Belki, bu meniň ömrümdäki iň soňky toýlaryň biridir». Bagşy taryny gowşatdy.
– Manlykmy, gelin?! Sekä çykmaly ekeniňiz...
Heleý bagşy ýerden ýazylan düşekde jaýlaşykly oturyp:
– Aýallaryň gara ýerden aýagyny üzerligi ýokdur, bagşy aga – diýdi. – Sekide siz oturyň.
Oturanlar ýogynly-inçeli gülşen boldy. Kör Gojaly çalarak gyzardy. Damarlary tirpildedi. «Gyşyk gürrüň eden bolýar. Maksady meni oýnamak, rüstem gelmek bolarly. Haý, Gojaly, Gojaly! Senem indi gutarapsyň öýdýän?! Özüňi tanaňok. Uly bagşydyryn öýdüp ýörsüň, bu gün seni ýaňy eline dutar alyp, birki oýnam sözi ýat tutan heleýjik oýnaýar. Eşidýmiň, Gojaly, seni oýnatmak isleýärler? Allan baýyň hem islegi bu. Düýş-ä däl bu bolýan zatlar. Ýeri, başga nähili oýnuň bar, hany göreli?..»
Göreli!

* * *

Durmuşyň bir gyrajygynda ýaşap ýörseň, onuň ýowuz oýunlarynyň bir çeti saňa-da gelip ýetjek eken.
Allan burun aýlanyp gelip, bagşynyň ýanynda oýkanjyrap oturşyna nämedir bir zatlar aýtmaga häzirlendi. Ýöne ýetişmedi.
– Bagşy aga, gaçjakmy? – Heleý bagşy özüniň aýdyşyga taýyndygyny mälim etdi.
– Men gaçyp ýörmäýin, yzyňdan kowubereýin. – Gojaly bagşy kinesini saklamaga çalyşdy. – Aýdyşyga höwes bildiripsiň...
«Höwesi siz bildiripsiňiz» diýesi gelen Bezmeden bir ýuwdunyp, sesini çykarmady.
Tomaşanyň bozulmagyndan heder eden Allan burun şelaýyn ýylgyryp ara goşuldy:
– Bezmeden gelin, başlaber, ikimiziň şol eden şertimizdir – diýip, köpmanyly gürledi.
– Sözüňizde dursaňyz bolýar, Allan aga.
– Gaty arkaýyn bolgun! Söz berip, yzynda tapylmaýan ärlerden däl men! – Güpjegi iki dyzynyň üstünde goýup, ellerini owkalaşdyryp oturan Allan burun aýdanyny tassyklatmakçy bolýan ýaly, töweregindäkilere äňetdi. Onuň sözüni tassyklan bolmady. Bilmeýän zadyňy tassyklandan, dyman, eşitmedikden bolan gowy. Onsoňam bu mahal bagşy dutaryny düzýär. Geplemeli däl. Diňlemeli.
Ýuwaş!
Heleý bagşy uzak garaşdyrmady: gapdalynda oturanlaryň ruhy goldawy bilen saza başlady.
Ilkinji kakuwy eşiden Gojalynyň teninden garynja ýöredi: «Bu «Garybymdan» gitdi-ow! Tutumy çaksyz uzakdan boljak öýdýän».
Bezmeden aljyramady, alňasamady. Sazy aýlap-dolap, başyny aşak salyp çaldy. Çaldygyça galkdy. Başyny kem-kemden dikledi. Etgelçiler – bagşynyň alkymynda oturyp häsini berijiler: «Aýtmasaň, ine, häzir özümiz özüňdenem gowy edip aýtjak» diýýän ýaly, gözlerini süzüp, owsun atyp yranyşdylar.
Uzyn, näzik barmaklar dutary üýtgeşik bir gudrata öwrüp, adamlary jadylap dur. Düňňür-düňňür edip ýaňlanýan owaz deňziň tolkunlaryny ýadyňa salýar. Düňňürdileriň – tolkunlaryň yzy üzülenok, gaýta, bat alýar. Tolkunlaryň arasynda ýüzüp ýörsüň. Gowy ýeri, ol düňňürdili tolkunlar heläk edenok, süňňüňi bogun-bogun yzarlap, meýmiredip, zenan gujagy deýin muhabbetli, ýyly gujagyna dolup barýar. Ýok, göýä saz näzenin gyz bilen pynhan ýerde boljak duşuşyga alyp barýana çalym edýär.
Allan burnuň toýundaky mähelle, ana, şol duşuşyga ümzük atyp, oňa goşulyşyp barýar. Şol duşuşygyň telwasy bilen gaýnap joşýar.
Pynhan duşuşyk.
Dur-da durubilseň!
Näzenin gyz geldi, elini uzadýar!
Hany seniň eliň?!
Heleý bagşy aýdyma başlady. Onuň inçemik owazy adamlaryň onki süňňüni durşuna gulaga öwürdi.
«Garybym» onsuzam bir ýürege ýakyndyr welin, ony aýal aýdanda, edil ýüregiň içinejik salaýýan eken. Kör Gojaly aýal aýdymy hüwdüden aňry geçýändir öýdüp pikirem etmezdi. Gör-ä, geçýän eken, onda-da nähili geçmek! Bagşy aýdymy geň galyp diňledi. Adamlaryň aýdyma örklenenliginden peýdalanyp, Heleý bagşyny gowuja synlady.
Görsene syratyny!
Onuň kaddy-kamaty, çala ýakal atan ýüzi bir toýda syn edip ganar ýaly däl. Onuň syratam, keşbi-keşmerem duran bir mukam!
Onuň şirin owazyny diýsene!
«Uçaýsam-uçaýsam!» diýýär.
Wah, ol hoşsuratdan doýmak üçin Kör Gojalynyňky ýaly çöňňe göz däl, ýigrimi bäş ýaşyň didesi gerek.
Wah, ol kaddy-kamatdan doýmak üçin häzirki ýaly uzak aralykda däl-de, dyzba-dyz oturmak gerek.
Haýp geçen ömür! Aýdymy diňe aýallara aýtdyrmaly eken. Türkmen aganyňam ýalňyşýan ýerleri bar-ow! Heý, şeýle şirin aýdym aýdyp bilýän zenana «Heleý bagşy» diýmäň näme! Hiç bolmanda Gelin bagşy, Zenan bagşy diý. Adamlaryň «Heleý bagşy» diýdigi, onuň aýdym aýtmagyny judabir unaman, kinesini ýaňzytdygy-da! Hernäme diýselerem, onuň aýdymyna kökerilib-ä otyrlar. Haý, türkmen aga, türkmen aga!
Ýeri, bolýar, aýdym diňläli!
«How!» diýdim-ä, bagşy!

* * *
Bezmeden dutaryny gapdalynda goýup, doňan dek bolup oturan Kör Gojala bakdy: «Gezek sizden indi, myhman bagşy!».
Myhman bagşy Heleý bagşynyň nazary bilen aýdan sözüne düşündi. Dutara elini ýetirdi.
Ilkinji kakuwlar.
Tanyş kakuwlar, tanyş basuwlar. Kör Gojaly bäş müçäni arka atyp, şu garalan agaja kakyp ýör. Kakyp-kakyp, içine sygman müňzäp duran ýüregine teselli tapýar. Oňa bu beýikli-pesli, ajyly-süýjüli dünýäde başga hiç zat teselli berip bilenok.
Sadagaň bolaýyn, gudratly dutar! Ýaraly ýüreklere, ömür aýrylmajak gussalara melhem bolýan dutar! Türkmen gamly günem, begenen günem saňa sygynýar. Senem olara! «Kör Gojaly Amyda aýtsa, bamyly eşider» diýen gürrüň lapçylaryň tapyp ýören gepi däl. Onuň owazy uçarhaly ýaly göterilip-göterilip, gül-gunçalary açyp, tukatlygy şatlyga öwrüp gidip otyr-gidip otyr. Toý sowlup, aradan bäş-on gün geçip, çölden çopanlar gelende, Kör Gojalynyň haýsy aýdymlara gygyrandygyny edil toýda bolan ýaly aýdar oturar. Şeýle belent owaza diňe elindäki garalyp giden dutary çydaýar.
Bagşynyň ýüreginden gaýdýan owaz ýönebir ses däl, ol bagşynyň jany, janynyň bir bölegi. Öz şirin janyňy dutaryň owazyna goşup, ile ýaýradýaň.
Dutar! Ýogsa-da, senem-ä başda Kör Gojalynyň öz döreden «Könegüzeri» bilen «Balsaýadyna» ejiz gelipdiň. Soň başga – täze perde – on üçünji perdäni döredip, şondan owaz beripdiň.
Iň belent perde – on üçünji perde!
Kör Gojaly perdesi!
Göreli, on üçünji perdäni döreden bagşy bu gün öz perdesinde – iň ýokarky perdede ýeňläýermikä?!
Başlady. Özem Zenan bagşynyň hörpünden gopdy. «Leýli gelinden» – hoşlukly hem dabaraly aýdymdan başlady. «Aýal adamdyr, muňa hoş owaz kem ýakmaz. Belki, dört-bäş aýdym aýdar-da, öz çen-çakyny bilip turar?». Bagşynyň gelen pikiri şu boldy.
Aýdym aýtmak kynsa kyndyr welin, etgelçileriň işiniňem ýeňil däldigi-hä hak. Ýöne ýerden däl bolarly odun aýrana bir paý, häsini berene iki paýyň berilmegi. «Haý, berekella!» – «Hä, diýdim-ä!» – «Ýürejigim bolduň!», «Eý-ho!..» Etgelçileriň häleriniň hemmesini sanabam gutarar ýaly däl. Kän. Häsini bere-bere, bagşydan öň sesleri gyrylýar-a olaryň. Sebäp – sesi gyrlanda, olara häsini berip, çaý uzadyp duran ýok. Bagşy çaý owurtlaýar. Halaýyk şonda bagşydan öň ýuwdunýar. Ýene gidibermelidir. Bir görseň, oturanlaryňkydan bagşynyňky aňsat ýaly bolup dur.
Adamlar gözlerini süzüşip, yranyşyp başladylar. Tüýs karz pul soralmaly pelle! Baryny eçilmejek ýokdur! Sazy bilen aýdymy türkmene diňletseň!
Allan burun bütin obanyň adamlaryny gyşyjak gara öýüne sygdyraýjakdy. Olary içerde oturdyp, daşardaky bagşyny derledip çaý başynda diňledäýjekdi. Ýöne giden millet! «Ýa bir han, ýa üç humarbaz sygar» diýen öýüne ýekeje adam hem sygmady. Daşarda bagşy barka: «Bir çäýnek çaý içjek diýip, derlejek» diýip, içerde oturjak adam tapylmady. Garaja öý galyberdi gugaryp. Ähli kişi daşarda – bagşylaň gaşynda.
Allatagala kime aýdym aýtmagy, kime diňlemegi buýrupdyr. Kör Gojaly Allanyň özüne eçilen ykbalyna şükür etdi. Adamlaryň alkyşy nämä degenok?! Är alkyş bilen gögerýär-ä! Kör Gojalynyň depseň yranmaz döwleti il-günüň alkyş-hormaty bilen gögerendir. Türkmen aganyň özgä göwni aňsat-aňsat ýetýän däldir. Ýetse-de depesine täç edinýär. Kör Gojaly hem obasynyň kethudasy. Her öýüň töründe orny bar. Her sözem altyna gaplanýar. Oňa hiç zadyň aladasyny etdirenoklar. Bagşy Allan burnuň toýuna ekin aladasyndan dynyp gitmegi ýüregine düwende, adamlar onuň içki pikirini aňdylar-da, üýşüp geldiler . Ýerini depip, ekinini ekip berdiler. Uzak eglenmän, sag-aman dolanmagyny dileg edip, doga bilen ugratdylar.
«Goý, adamlar şat bolsun! Hezil berip gaýt!» diýdiler.
«Göwnüňi giň tut, bizi mydama ýanyňda hasapla» diýdiler.
Kör Gojalynyň göwnüne, bu sözler şeýle wakanyň boljagy bilnip aňyp aýdylan ýaly bolup dur. Ýogsam toýlara kän gidildi. Öňki gezekler bagşa o diýen ünsem berip durmandylar.
Bezmeden «Zöhrejan» diýdi. Kör Gojaly muňa geň galmady. Başrakdan ýa ortarakdan Zenan bagşynyň «Zöhrejana» gygyrjagyny aňypdy. Goý, aýtsyn! Ol öz aýdymlaryny aýtsyn. Kör Gojalynyň aýtjaklaram özüne ýetik. «Zöhrejany» Kör Gojalynyňam bir ediberşi bardy, «Zöhrejany» ýandyrýardy. Muňa Bezmeden gelin meýil edýän bolsa, goý, aýtsyn! Zenan bagşynyň aýdany bolsun.
Beýik halypa: «Mylaýym sen bolsaň, guluň bolaýyn» diýipdir. Kör Gojalynyň bu mylaýym mukamdan daşlaşasy gelmedi. Ol «Garry ezizime» başlady.
Ol bu gün joşmasa bolmaz. Ilki bilen-ä adamlar şat bolar ýaly etmeli. Olary jadyly, muhabbetli-eşretli äleme äkitmeli. Tä daňa çenli şol ýerde gamly dünýäni unudyp, durmuş aladalaryny unudyp, dynç almaly. Adamlary ol täsin äleme seýrana çykarmak kyn düşmez. Nädip kyn düşsün! Gözüňe söweýin zenan seniň aýdymyňa muşdak bolup, bile toý sowmagy islän çagy neneň joşmajak?!
«How!» diýdim-ä!..

* * *
Bezmeden Kör Gojala eýerdi.

– Bilmen oýalykda, bilmen düýşümde,
Pereňde Gyratyň owazy geldi.
Ne gowgalar bardyr meniň başymda,
Pereňde Gyratyň owazy geldi...

Bezmende soňky öwrümde «Biçärä» geldi. Bu eýýäm onuň Kör Gojalynyň çygryny gysyp ugradygydy.
Kör Gojaly Bezmedeniň aýdym aýdyşyndan, dutar çalşyndan kem tapmady, synasyndanam kem tapmady. Bir geňräk görnen zat – ol hem Bezmedeniň ýüzündäki ýakalydy. Allan burun şol düşnüksizligi bir oýnam sözde aýan etdi oturyberdi.
– Haý, işigaýdan diýsänim, iki gat halyňa beýle belent perdä çykmak nämäňe gerek? Entek gije uzak ahyryn. Meni ýüzügara etjek bolýandyr bu.
Kör Gojaly ör-gökden geldi.
– «Iki gat» diýdiňizmi?
– Göreňzokmy näme? Siziň bilen aýdyşjak bolup, çagasy aýrylar munuň. Şeýle heleýe är bolanda akyl ýok.
Bagşy elinden tas dutaryny gaçyrypdy...

* * *
Heleý bagşy Kör gojalynyň aýdymyny öň birki toýda diňläpdi. Şonda onuň keramatly aýdymlaryna bendiwan bolupdy. Eline dutaryny aldygy göz atuwyna Gojaly bagşynň aýdym aýdyp oturan keşbi janlanýardy, sesi gulagynda eşidiler durardy. Gör-ä, bu gün takdyr onuň bilen bir toýda aýdym aýtmaga miýesser etdi. Özem bile toý sowmagy Kör Gojalynyň özi isläpdir. Allan burun bu habary bir aý mundan öň buşlapdy. Buşluk kemi ýok. Ýöne Kör Gojalynyň bolşy bile toý sowmagy isleýäne meňzänok. Ol her aýdyma başlanda, edil ýaga depjek ýaly. Onda dyzmaçlyk ýok, joşgun ýok. «Aýal bagşyny ýerinde oturtmaly» diýen ýowuz niýet ýok. Allan burun aldaýdymyka? Ondan her hili kümsüklik çykar? Bir zat welin belli: Allan burun mundan bir aý öňem Kör Gojaly bilen aýdym aýtsa, serpaý-sepini ýetirjekdigini aýdypdy, aýdyşyga başlamazdan öňem şol wadasynda durýandygyny nygtady. Wah, hamylalyk bir tarapdan badalga bolup dur, ýogsam Gojaly bagşy bilen näçe aýdym aýdyşsaňam az. Durmuşda beýle pursatyň köp bolmajakdygy hak. Belki, onuň ak patasyny alyp, ýagşy dileg-dogalaryna eýe bolup bolar!
Aýdym gutarandan soň, Bezmeden ussada bakdy. Gezegi almagyny isledi. Ýok, bagşa bir zad-a bolupdyr: başyny aşak salyp otyr. Heý, onuň ynjalygynyň gaçmagyny islär ýalymy?! Näme bolduka, allajanlarym? Belki, açylyşar, şeýle bolsun-da herne!
Bezmeden ýene bir aýdymy gutaryp, ýaňadan bagşa äňetdi. Bolmady, Kör Gojalynyň şol bir sarsman oturşy. Ara böwşeňlik salmazlyk üçin, Heleý bagşy ýene bir aýdyma girişdi.
– Binamysy dertden aman eýlediň,
Baran jaýyn meýlis-mekan eýlediň... eý...

Ýok, bagşy aýňalanok. Ol nämedir bir zadyň aladasynda. Wah, beýle ussat adamyň bar derdini çekip bolsady. Oňa ýardam berip bolsady! «Bir ilde beýle bagşylaryň birisi bolar» diýmän, «Bäş-onusy bolmaly» diýselerdi. Bir toýda diňe bir bagşy aýtman, üç-dördüsi aýtsady. It uruşdyran ýaly «Kim ýeňerkä?» diýip daşyňy gallap oturman, seniň senediňe sarpa goýsalardy. Seniň aýdym sanyňa däl, owazyňa – ýüregiňe diň salsalardy. Bezmedeniň arzuwlary köpdi, ýöne hyýal ýüwürtmäge wagt ýokdy.
Üzlem-saplam pikirleriň yzy üzülenok. Anyk bilýän zadyň hem ýok. Ýöne bir zat belli: bu toý Kör Gojala-da, Bezmedene-de bolmady. Şol barmana, Bezmeden içinden yza duýdy. Bu näme boldugyka? Çaga zeper ýetmez-dä hernä? Allanyň gazap etdigi bolaýmasyn bu? Şu aýdym bir gutarsyn, galan zady, belki, Taňrynyň özi oňarar. Bezmeden gaşlaryny çytyp, aýdymyny dowam etdirdi:

– Şatlar aglar boldy – bagryn daş etdiň,
Aklyn aldyň, kär eýlediň, läş etdiň,
Magtymguly, diý, ne ajap iş etdiň,
Ýamana duş kylyp äriň ýagşysyn-ýeý...

– Gezek siziňki indi, bagşy aga! – Bezmedeniň sesi gazaply çykdy.

* * *
Bagşy eline dutaryny aldy. Gaşlaryny gamaşdyryp, bir paýyz durdy.
Ajal karkarasy paýawlanda, adam geçen ömrüni ýatlaýandygyny bagşy ençe sapar eşidipdi. Bagşynyňam geçen ömri, köp-köp wakalar hakyndasynda janlandy. Göz öňünde janlanan ähli zatlar, pikirler bir akaba birleşdi: «Düşen günüň-ä gowy däl, Gojaly!» Geçen günleriniň göz didiwanyndan geçmegi Kör Gojalynyň göwnüne, ajalyň öňündeberilýän hasabat ýaly duýuldy.
Belki, Alladandyr, gulagyna owaz gelen dek boldy:
– «Gojaly, dünýäni entek muňa gelip görmedik adam üçin baglama!»
«Ganhorluk etme!»
Belki, bu owaz bagşynyň ynsabydyr?! Kim bilýär? Ýöne Allanyň beýle zenana namaz buýurmaýandygyny, orazadan halas edýändigini ýatlady. Sen bolsaň namaz okamagyna dözülmeýän ynsana näme mejbur edýärsiň? Bu imansyzlyk, dinden çykmak dälmidir? Bu dowzahylyk dälmidir?..
Bagşynyň göz atuwyna başga şekil geldi. Hana, ak guş ýaly, ak balakly agtygy bagşynyň öňünden enaýyja gollaryny gerip ylgap gelýär. Oglanjyk birden büdredi. Bagşynyň jigeri jigläp gitdi. Ýok, ýok, oglanjyk ýykylmady, ýöne ýykyljak boldy. Ol ylgap gelýär. Kör Gojaly birgeňsi galkdy. Ýoluň beýleki çetindan obadaşlary göründi. Olar başga biriniň eşitmeginden heder edýän ýaly, pessaý gürlediler.
«Heleý bagşa gezek bermän çalyber!»
«Sende başga çykalga ýok. Gaýrat et!»
Gojaly bagşy ýalt edip, gapdalyna seretdi. Gapdalynda ne agtyjagy, ne obadaşlary bar. Ol garşysyna bakdy. Oturan millet aýdyma teşne.
– Bagşy, öňki hörpüň ýok-la? Heleý bagşydan asgynlaýan-a dälsiň-dä? – diýip, Allan burun gözlerini güldürdi. – Keýpiň ýetmeýän bolsa-ha, aýdaý, mele ýorgamyz bolmaly.
– Bagşynyň Heleý bagşymyzdan susty basyldy – diýip, oturanlardan biri kikirdedi.
– Basylmaz ýalam däl-how.
– Heleý bagşynyň öňüne çykan özüň bolma!
Kör Gojaly bu gürrüňlere üns bermezlige çalyşdy. Heleý bagşa gezek bermän aýdym aýtmagy, şeýdibem toýy gowulyk bilen sowmagy niýet etdi.
Aýtdy.
Bar güýjüni jemläp aýtdy.
Özüniň kimdigine bütin millet, şol sanda Bezmedenem düşünsin diýip aýtdy.
Bäş-alty aýdymdan soň bagşy çaý owurtlady. Allan burun şundan peýdalandy.
– Gojaly aga, Heleý bagşy «Birki aýdym aýdaýsam» diýýär.
Kör Gojaly ýüregini bire baglady.
– Öz bagşyňyzy her günem diňläp bilersiňiz. Şunça ýol söküp gelenime görä, men bir barjamdan biraz aýdyp bereýin...
Allan burun kejirlik etdi:
– Heleý bagşymyzyňam göwni galmasyn, Gojaly aga. Ol köpden bäri siziň bilen deň aýdyşmagyň arzuwynda. Gezekleşip gitseňiz oňat bolar. Şeýle dälmi, Bezmeden gelin?

* * *
Heleý bagşy Kör Gojalynyň öňki göçgünliliginiň ýokdugyna teý düşünip bilmedi. Onuň başdaky ýaly joşgunly aýtmagyny isledi. «Uzak ýol söküp gelen adam. Ýadawlygyň basmarlaýan bolmagy-da mümkin. Eger şeýle bolsa, toýa sowuklyk aralaşdyrmaly däl. Hudaýa şükür, hälki ýaly, içimde yza hem ýok. Kör Gojalynyň aladalydygyny adamlara duýdurmazlyga çalşaýyn. Heleý halky bütin ömrüni erkeklere goldaw berip geçmek üçin dünýä inipdir ahyryn».
Heleý bagşy bilini berk guşady.
Gojaly bagşynyň gözüniň alny garaňkyrady. «Eý, Alla, ol aýal bilini çekip guşanýar-la! Heý, ony saklap bolmazmyka? Eý, adamlar, bu ýagdaýdan bir çykalga tapyň!»
Göz, aslynda, diňe bir daşky zatlary görmek üçin däl, içki dünýänem duýmak üçin berlen bolmaly. Ýöne köplenç içki ahwalat göze ilmän galýar. Oturan halaýygyň gözi süýji mukama daňyldy. Şu mähelläniň içinde: «Heleý bagşy, özüňe kast etme, saklan!» diýip bilen tapylmazmyka?
Tapylmady.
Kör Gojalynyň obadaşlary ýene üýşüp geldi. Hyrçlaryny dişläp, başlaryny ýaýkadylar. Ellerini uzadyp, öz eziz bagşysyny oňaýsyz ýagdaýdan halas etmekçi boldular. Ellerini hernäçe uzatsalar-da, Kör Gojalyny gozgap bilmediler. Bir üýtgeşik gudrat bagşyny goýbermedi.
«Gyssan, Gojaly, gyssan! Tap bir çykalga! Soňundan kelläňe urup oturma!.. Ýeke-täk çykalga şu ýerden it masgarasy bolup gitmekmi?»
Kör Gojalynyň göz öňünde dutar çalmagy öwrenjek bolup ukusyz geçiren gijeleri janlandy. Gör, näçe azap siňdirildi bu senede?! Abraýy – geçen ömri. Geçen ömrüňe atanak çekip gidip, soňundan telpek geýip gezip bolarmyka? Masgaraçylyk diňe meniňki bolmaz. Ol meniň obamyň adyny hem ýere sokar. Obadaşlarymyň hem dili gysga bolar...
Adamlar hyşy-wyşy edişdi:
– «Biziň Heleý bagşymyza taý geljek ýok!» diýdim-ä!
– Kör Gojaly Heleý bagşynyň ýarysyça-da ýok.
Eý, türkmen aga, türkmen aga! Saňa düşünemok. Sen iki bagşyňy bire getirjek bolýaň. Bu gün ökde diýen bagşyň ertirki gün başga biri bilen ýaryşdyryp, masgara etmek isleýärsiň. Bu durmuşyňy: onsuzam horaşaja, garyp görünýän, az şatlykly ýaşaýşyňy bara-beter garyplaşdyrýaň. Öz eliň, öz akylyň bilen ony bogýaň. Adamlaryň her birine, hersiniň aýratynlygyna guwanyp, her birini öz derejesinde görüp gezibereniňde boljak däldir-dä!..
Heleý bagşy joşdy. Maýa bolup kükredi. Etgelçiler onuň häsini ýetirdiler. Has beteri, bir köse zaluwat bagşy aýdymyny çekdigiçe ösüp, ýekedyza galyp barýar.
– Hä... Baryber, ýenäm baryber! – diýip, özünden ygtyýarsyz Bezmedeniň arkasyny sypalaýardy. – Hä... jan-a! Ýenäm düş aşak. Hä... baryber, ine, indi bardyň üstünden.
Köse etgelçi Bezmeden bilen deň dikleşip, onuň arkasyny barha aşak sypalaýardy.
Diňe Köse däl, adamlar bu mahal dünýäni bütinleý unudypdylar.
«Geliň, sen içiňdäkä zeper ýetirýärsiň» diýip, Kör Gojaly pyşyrdady. – Masgaraçylyk menden bolsa-da, şol dogmadyk ynsanyň gany menden däldir, eý, Alla!» Öz obasynda bolanlygynda, bu gürrüňi daşa çykarsa-da çykarardy, ýöne uzak bir obada kişi maşgalasynyň çagasyna zeper ýetjekdigini aýtmagy juda gelşiksiz hasaplady.
Ol geň garaýyş bilen Allan burnuň ýüzüne seretdi. Emma Allan bagşynyň ýagdaýyndan habarsyzdy. Ol hatda Bezmeden tarapa-da seredenokdy. Onuň gözi jemagatdady. Ol köpçüligiň bolşuny synlaýardy. Häli toý nahary çekilmezden öňürti bir öýe gaban bu giden milletine seredýärdi. «Bir öýe han bolsa birisi, molla bolsa ikisi, humarbaz bolsa üçüsi, bular ýalydan näçesi diýseň, şonçasy sygar» diýen milleti tomaşa akylyny aldyryp joşýardy. Oturanlar her biri, hana, magşugyna ýetmek üçin özüni oda-köze urýan Mežnuna öwrülip joşýardy. Olar Allan burnuň öýüne, daşarysyna däl, küren oba sygman joşýardy. Wah, ol joşgun öýlänçi deýin, daň atsa sowuljak. Däli Jeýhun esremäni-joşmany şu obanyň etgelçilerinden öwrenipdir.
Bagşynyň halyna üns beren bolmady.
Heleý bagşy myhman bagşa bir göz aýlady-da, täzeden, aýdymyň iň agyryndan başlady.

– Bu dünýä çohlara bipaýan boldy,
Garyp golun serdi, gury san boldy,
Namartlar mert boldy, ile han boldy,
Rehm eden bolmady, bagtym garadyr-eý...

Ähli kişi aýdyma kökerilip otyr.
Heleý bagşynyň: «Bagtym garadyr-ýeý» diýip gygyrmasy Kör Gojalynyň kejebesini iňňäniň gözüne dönderdi. Heleý bagşyny – bir naçary, Allanyň gyrnagyny bagtygaralyga iteklemek bolmaz. Hiç bolmaz!
Eý, Alla!
Adamlary, olaryň bagşysyny ýene birlaý synlan Kör Gojala birden gop berlene döndi: ol tarsa ýerinden turdy. Sandyr-sandyr edip, atyna atlandy. Güzap ýamanyny görüp gazanan abraýyny oturan ýerinde goýup, onuň deregine tükeniksiz masgaraçylygy gerdenine atyp, öz obasyna ugrady.
Agyr!
Juda agyr! Ýöne agyr bolsa nätsin! Ynsabyňa hyýanat etmek bolanok. Dinsiz-imansyz galmak bolanok! Gazanylmadyk şöhrat-şan bolsun! «Kör Gojaly Heleý bagşa hyýanat edip, onuň çagasynyň düşmegine sebäp boldy» diýmeseler bolany.
Wah, Kör Gojaly hut şeýle gürrüňiň aýdyljagyny näbilsin!..
* * *
Aýdym birden kesildi.
– Eý, halaýyk, a-how, adamlar, Kör Gojaly ýok-la!
– Hana, ol gaçyp barýar!
– Dogrudanam, ol gaçyp barýar!
– Heleý bagşydan basylyp barýar! Ha-ha-ha...
Kör Gojalynyň at-abraýy ýaňsy-gülkä öwrülip, yzyndan kowdy. Derrew ýetdi. Bagşy şolary-da takdyr gerdenine mündürip, gözden ýitdi. Onuň belent abraýy meňsepen atyň toýnagyndan göterilýän tozan ýaly ak gert bolup ýitip gitdi.
Adamlaryň gülküleri al-asmana göterildi.
Adamlaryň bolşuny görüp, Allan burnuň depesi gök diredi:
– Ine, seniň serpaýyň, Bezmeden gelin! Men seniň ýeňjegiňi, Kör Gojalynyň bolsa ýeňiljegini bilýärdim. Ony ýeňmegiňe meniňem goşandym bar, şony unudaýmagyn!
– Men-ä düşünýän däldirin, Allan aga. Gojaly bagşy, sen-men ýok, näme üçin turdy gidiberdi?
– Senden ýeňlip gitdi ol.
– Siz onuň gulagyna çawuş çakanyňyzdan soň, onuň bolşy üýtgedi. Aýdym aýdyp mazasy bolmady.
– Men aýtdym ahyryn: «Ony ýeňmegiňde hyzmatym bardyr» diýip.
Heleý bagşy nämedir bir zatlar diýjek boldy. Ýöne içinden tutan burgy ony gürläre goýmady. Ol agyrysyna çydaman, elinden dutaryny gaçyrdy. Burlup, ses etmejek bolup, dilini dişledi. Onuň dodagy gögeripdi.
Şol aljyraňňy ýagdaýda çykan agy ähli kişini tisgindirdi.
Jüllügi keslip, ýigit çykdy diýlen oglanjyk Kör Gojalynyň giden tarapyna seredip, wägirip dur.
– Näme üçin aglaýaň, oglum? Agyrýarmy? – diýip, Allan burunuň aýaly agtyjagyny köşeşdirmäge çalyşdy.
– Agyrýa, ene, agyrýa, ýaman agyrýa – diýip, oglanjyk sojap-sojap aglady.
– Aglasaň, daýyň başynyň kel boljagyny bileňokmy näme sen? Sen erkek kişi ahyryn! Aglamaly däl! Çydamaly! – diýip, Allan burnuň aýaly agtyjagyny içeri saldy.
Oglanjyklaryňky hezil: bir ýeri agyrsa, nämedendir bir zatdan ýaman göwni galsa, aglap goýberýärler. Ýogsam erkekleriň aglamaly däldiginem, aglasa, daýysynyň başynyň kel boljagynam bilýärler.
Bir aglap, soň diňip bilmeýän adamlaryň dat gününe!

1990 ý.


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 17 | Добавил: Admin | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Osman ÖDE awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar