12:51

Hemmämize dahylly - Edebi tankyt


Awtor:
Bölüm: Edebi tankyt
Materýal: Hemmämize dahylly

1990-njy ýylyň 18-nji aprelinde, sarahsly mugallym, Beýik watançylyk urşunyň weterany, jurnalist Berdi Töräýew bilen şol raýonyň Birinjii Kiçiaga obasynda ýaşaýan, 82 ýaşly goja Ýagmyr Ýazberdi oglunyň öýüne myhmançylyga, has dogrusy döwür barada gürrüňçilige bardyk.
Ýagmyr aganyň gürrüňçil adamdygyny men öňem eşidýärdim, emma henize çenli söhbetdeş bolup görmandim. Daljygyp-daljygyp gepleýşinden, käbir zatlary hakydasyna getirjek bolup aňyna zor salyşyndan ,sähel zada alňasap ellerini saňňyldadypberşinden ony gaty bir gassabermeli däldigini duýduk. Şonuň üçinem köplenç özugruna kowduk. Sarahsda oturan salyr türkmenleriň taryhyna, medeni durmuşyna degişli käbir zatlary ýazyp aldyk. Birdenem gürrüňiň ugryny şu döwrüň iň wajyp meseleleriň biri bolan dil meselesine syrykdyryp göýberdik. Türkmenistanyň çet obalaryň birinde, ýorganly-düşekli ýatan bu ýaşulynyň şu temadan gürrüňleşmäge diýseň ilgezikdigi bizi biçak begendirdi. Ol asyl şondan soň birneme dirjenen ýalam bolaýdy. Oturan ýerinden gobsunyp, bize has golaý süýşdi. Iki dyzyny gujaklap ýüzümize, ýüzümize jüýjerilip-jüýjerilip seretdi.
— Habarym bar, habarym bar. Hemmesindedem habarym bar... —diýip, hümürdedi. Agzyny müňküldetdi. Äňi bilen owurdyny çeýnäp otyrşyna gapdalynda duran radio, bir burçda üýşüp ýatan gazet-jurnallara tarap ümzügini atdy. — Ine, şulardan eşidip oturyn hemmesini şu oturan ýerimde. — Soň ol meniň ýüzüme. — Sen, inim, Aşgabatdan gelenem bolsaň bagyşla, men dogrymy aýtjak. Şo-ol, türkmen diliniň döwlet dili edilmegine garşy çykýanlar bar-a, ana, şolar öz çagasyna ene dilini öwretmedik zandyýamanlardyr. Hiý, ene süýdi bilen ganyna giren diline garşy gidenem bir biiman bolarmy? — Ýagmyr aga şondan soň hasam ýangynly gürläp başlady. — Biler bolsaňyz , iniler, bu göreş türkmen halkynyň taryhynda birinji gezek däldi , üçinji gezekdir. Birinji gezek muny alyp çykan Gorkut atadyr. Ikinji gezek alyp çykan bolsa, hezreti Jamynyň okuwçysy, Soltan Huseýin patyşanyň iň uly weziri we iň ýakyn dosty Kyýassedin Nowaýydyr. Türkmenlerde – Muraly. Ol şonda şo döwrüň alymlaryny, şahyrlaryny, hatda Soltan Huseýin Türkmenlerde – Soltansöýün patyşanyň, hut, özünem bir ýere jemläge-de: '' ... Näme üçin öz dilimiz barka biziň döwlet dilimiz pars dili bolmaly? Näme üçin biz öz şygyrlarymyzy pars dilinde ýazmaly?'' diýen meseläni çürt-kesik orta goýupdyr. Özäm bu işe ilkinji bolup topulypdyr. Türki dilde''Hamsa'' atly meşhur eserini döredipdir. / Hamsa – bir awtor tarapyndan ýazylyp, bir ýere jemlenen bäş poema. Ilki ýazan Nyzamy Genjewi. Soň Abdyrahman Jamy oňa ökünip özüniň ''Häft öwreng'' atly eserini ýazýar J.H./ Ony diňlän adymlar, şahyrlar, şol sanda hezreti Jamynyň özem Kyýasetdini gutlap: ''Tüweleme, sen türki diliniňem arap-pars dilinden pes däldigini subut etdiň, öz dilinden ýüz öwrüp, gaýry dilde ýazanlaryň agzyny mumyýaladyň , şygryýet äleminde täze bir heň döretdiň, owaz ýaratdyň'' diýipdir we üýşüp oňa Nowaýy lakamyny beripdirler./ Now- täze diýen sözden däl-de , NOWA- äheň , owaz diýen sözden. Ikisem parsça. Ýagmyr aga şondan soň bize Nowaýynnyň türki dile pata berip, oňa rowaçlyk arzuw edip, şu günki dil bilen aýtsak'' status'' berip ýazan ajaýyp bir goşgusyny aýdyp berdi. Asyl biziň şu makalamyzy ýazmagymyza sebäp bolanam şol goşgy. Şol goşgynyň başky iki beýdinden soňky beýtleriň hemmesiniňem birinji setirinde-hä arap diline, ikinji setrinde hem pars diline hormat goýulýar, olaryň sypaty, syraty taryp edilýär. Üçünji, dördünji setirlerinde bolsa, türki diliniň hem şol dillerinden bigörk däldigi, belki has görkmendigi beýan edilýär.
Mysal üçin: '' Araby güfteýem ar-ar ''. Bu ýerde Nowaýy arap diliniň sypatyny serwi agajyna meňzedýär. Yz ýanyndan: '' Bu parsy güfteýem kaddet '' diýmek bilen bolsa, pars dili hem edil arap dili ýaly kaddy-kamaty ýerindäki, ajaýyp bir gözeldir diýýär. Üçünji, dördünji setirinde: Bu türki sözlesem boýuň , çemende sebzezar olsun '' diýýär. Ýagny, bu gün günçe içre arap, pars dili giden bir çemenzarlyk bolsa, türki dili hem şol çemenzarlygyň içinde ýaşyl öwsüp görünýän maýsaçylykdyr, diýýär.
Goşgynyň şondan soňky beýtleriniň ählisem şol tertipde gidýär.
Ine, şol goşgy:

Gel – eý, mahbuby matlubym,
Seniň ýaşyň hezar olsyn,
Nykap açgyl göreý ýüziň,
Jemalyň berkara olsyn!

Şikesti putkuba zadyň,
Gije-gündiz seniň zaryň,
Ki , jennet hüýrleri daýym,
Gaşynda şermysar olsun!

Araby güfteýem ar-ar,
Bu parsy gufteýem kaddet,
Bu türki sözlesem boýuň,
Çemende sebzezar olsyn!

Araby güfteýem sahab,
Bu parsy güfteýem ebru,
Bu türki sözlesem gözüň
Säherlerde humar olsun!

Araby güfteýem wejhet,
Bu parsy gufteýem ruýet,
Bu türki sözlesem ýüzüň,
Halaýyk intizar bolsyn!

Araby güfteýem ýeddet,
Bu parsy gufteýem desdet,
Bu türki sözlesem eliň,
Dünýäniň käri bar olsyn!

Araby güfteýem sadret,
Bu parsy gufteýem tinet,
Bu türki sözlesem göwsüň,
Gyzyl alma-enar olsun!

Araby gufteýem lafzet,
Bu parsy gufteýem zyban,
Bu türki sözlesem tiliň,
Jümle – halk, intizar olsyn!
Biz bu goşgynyň sözlerini Ýagmyr aganyň agzyndan eşidişimiz ýaly ýazyp aldyk.
Goşgynyň sözlerinde beýitlerinde säwlik bolaýmagynyň ýa-da doly däl bolaýmagynyň ahmaldygy üçin , TSSR Ylymlar akademiýasynyň işgärleri Abdyrahman Mülkamanow , Gözel Maşaýewa dagy bilen , arap, pars sözlükleri arkaly deňeşdirip gördük , ýalňyşdyr öýden ýerlerimizi düzetdik.
Goşgynyň soňunda awtoryň ady gelenok, bu bolsa aýdyjy ýa-ha şygryň iň soňky beýdini bilýän däldir, ýa-da ýadyna düşen dýldir diýip, oýlanmaga esas berýär. Awtoryň adynyň gelýän ýerini häzir başga bir sözüň eýeläp oturan bolmagam ahmal.
Sebäbi, sarahslylaryň arasynda . '' Şu goşgyny meşhur Muhy bagşy Yrak nowaýynyň heňinde : -Nowaýy güfteýem ar-ar –diýip aýdýardy'' diýen adamlar bar. Muny Berdi Töräýew hem tassyklaýar. Onsoňam bu goşgynyň asyl nusgasynyň TSSR YA-nyň golýazmalar fondunda, Özbegistanyň kitaphanalarynda ýa Nowaýynyň özbekçe, rusça neşirlerinde bar bolup, biziň aý ýaly aýdyň zat barada pikir ýöretjek bolup azara galyp oturan bolmagymyzam mümkin. Ýöne, biziň esasy maksadymyz bu goşgynyň asyl nusgasyny tapmak ýa ony seljermek etmek däl. Bu goşgy häzir biziň dil göreşleri baradaky pikirimiziň gerimini giňeltmek üçin tutaryk. Esasy aýtjak bolýan zadymyzam dil ugrundaky göreşiň hakykatdanam gelip-gelip edil şu günki gün ýüze çykaýan däldigi. Bu göreşiň dil taryhynda hakykatdanam basgançak-basgançak bolup, seleňläp durandygy. Dil ugrunda tas, bir ýyla çeken çekeleşikleriň hiç birinde-de hiç birimiziňem bu mesele barada şeýle giň gerim bilen gürrüň etmändigimiz. Bu meselä taryhy nukdaý nazardan çemeleşmeli bolanymyzda Magtymgulydan, Şeýdaýydan aňry geçip bilmändigimiz. Ýöne Nowaýynyň bu goşgusyndan türkmen diline däl-de, külli türki dile „status“ berilýändigi göz-görtele görnüp durka, näme üçin Ýagmyr aga muňa türkmen dili ugrundaky göreşiň Gorkut atadan soňky ikinjisi hökmünde garaýarka?
Görnükli alym A.Ýu.Samoýlowiçiň we başga-da käbir alymlaryň: “...türki dilleriň ählisi, gadymyýetde ýeke-täk bolan yürki diliň aýry-aýry şiweleri hökmünde ir wagytlardan bäri ýaşap gelipdir“ diýen pikirlerine uýsaň-a, ýaşulynyň aýdýanlary dogry ýalam bolup dur.
Nowaýynyň eserlerini häzir özbekleriňem, türkmenleriňem öz dillerine terjime edip okaýanlyklaryny nazarda tutsaň, bu hakykatdanam şeýle. Nowaýynyň şygyr ýazan hem-de döwlet dili hukugyny beren dili gadymy türki dil-biziň hemmämize-de deň derejede degişlidir. Oňa köne özbek dili diýmegem, köne türkmen dili diýmegem durs däldir. Jedellidir. Asyl şol döwrüň şahyrlaryny oňa-muňa bölübermekligede alan-aldy edibermän, iňňän seresaply çemeleşmek gerekdir. Bu meselede, bölüşmek, bölünişmek matlabyndan däl-de, taryhyň çunlugyna tarap süýşüp, birek-birege golaýlaşmak matlabyndan ugur almak gerekdir.
Gadymy türki dili-biziň hemmämiziňem düýp dilimizdir. Ol dil-ähli türki halklaryň edebi dili hökmünde Gorkut atadan, Nowaýydan, Burhaneddin Siwaslydan, Baýram handan we ýene-enelerden başlap tä, on sekizinji asyra çenli, Ýagny, Magtymgula, Şeýdaýa çenli dowam edip geldi. Mysal üçin Döwletmämmet Azadynyň „Wagzy-Azat“ eserem şol dilde ýazylandyr. Hatda on dokuzynjy asyr türkmen şahyry Abdysetdar Kazynyň „Jeňnama“ eserem şol dilde ýazylan. Ýöne barybir ol eserleriňem içi arap, pars sozlerinden ýaňa hyň berýär. Hatda bu göreşiň başyny başlaýjy Nowaýynyň özem birbada şol „keselden“ saplanyp bilmändir.
Bu“keselden“ saplanmak ýaşap geçen barada“ 17 asyrda Hywa hany Abylgazy özüniň „Şejere-e teräkime“ /Türkmenleriň nesil daragty/ diýen kitabynyň başynda şeýle ýazar: „...Şeýdip şu kitaby ýazmaga girişdik...Hemmäňiz biliň: bizden öň tütki dilde taryh ýazanlar arap sözlerini köp goşupdyrlar, parsçany hem goşupdyrlar, türki sözleri-de kapyýa salypdyrlar. Olar şeýtmek bilen özleriniň hünärlidiklerini hem ussatdyklaryny görkezmek isläpdirler. Bu kitaby okajagyň hem diňlejegiň türki kowumlardan boljakdygy sebäpli biz bularyň hiç birini-de etmedik.
Olaryň hemmesem düşüner ýaly, türki kowumlara türki dilde aýtmak gerek ahyry! Biziň aýdan sözlerimize düşünmeseler ondan ne hasyl? Eger olaryň içinde bir ýa iki okuwly, akylly adam bolup, düşünýände hem, ol düşünmeýän köpçüligiň haýsy birine aýdyp çyksyn! Şoňa görä-de, ýagşy-ýaman ählisi düşünip, köňüllerine makul bolar ýaly aýtmak gerek...“/Nusga T.Nepesow bilen G.Akýaplynyň türkiçeden türkmençä geçirilen wariantyndan alyndy.“Ýaşlyk žurn.“.N5. 1990ý
Ine, bu-da türki dil rowaç bolandan soňam, onuň arassalygy, şol arassalygyň, halk köpçüligi üçin zerurlygy, ýogsam onuň halka etmän, sanlyja adamyň çygryndan çykyp bilmän, peýdasyz bolup galaýmagynyň gaty ahmaldygy baradaky göreşleriň bir mysalydyr.
Howwa, gadymy türki dili-türki halklaryň edebi dili hökmünde örän uzak wagtlap dowam edipdir. Şol bir wagtyň özünde Samoýlowiçiň aýdyşy ýaly, birwagtlar umumy türki dilden şiwe hökmünde şaha ýaryp gaýdan türkmen, özbek, gyrgyz, gazak we başga-da birnäçe türki halklaryň öz sada, gepleşik dillerem öz ene derekleri bolan gadymy, edebi-türki dil bilen parellel, ýene biri-birlerinden aýratynlykda, aýratyn dil hökmünde formirlenmeklerini dowam etdiripdirler. Kem-kemden kämilleşipdirler. Netijede, „gol biter, gol ýiter“ diýlişi ýaly, asyrlar-boýy kemala gele-gele, özbaşdak ýaşamaga ukyp toplan giller özleriniň düýp-teýkarlaryndan düýpleýin daşlaşypdyrlar we hersi aýratyn, milli dile öwrülipdirler. Bir döwürlerde olaryň ählijesiniňem köki damary hasap edilen gadymy türki dili bolsa görşüňiz ýaly indi hatda edebi dil hökmünde hem özbaşdak ýaşamagyny bes etdi. Ol dil indi taryhyň gatynda, şol dilde şygyr ýazan şahyrlaryň setirlerinde fondlarynda galdy.
Bu ýagdaý gaty bir geňem däldir. Dil hem adamzadyň genetiki taýdan üýtgäp durşy ýaly, haýsydyr bir etniki toparlaryň başga biretniki toparlara öwrülşi ýaly, hemişelik ösüşe, öwrülşige eýe bolan janly organizmdir.
Munuň şeýledigini biz asly bir bolan belorus, rus, ukrain halklarynyň dilleriniň mysalynda hem düşündirip bileris. „Igoryň polky hakynda söz“ atly rus halk eposyny häzir ruslanyň özem edil, türkmenleriň, özbekleriň Nowaýyny terjime edip okaýyşlaryn ýaly, ýa-da asly bir bolan türkmenleriň, azerbeýjanlaryň, türkleriň hersiniň „Gorkut-ata“ kitabyny öz dillerine golaýlaşdyrylan görnüşinde terjime edip okaýyşlary ýaly sadalaşdyrylan rus diline terjime edip okaýarlar. Asyl, turuwbaşda şu däbi başlanam şolar. „Haýsyňyzyň diliňiz nesilbaşy?“ diýip soraýsaňyz welin, şol halklaryň wekilleriniň hiç birem: „Biziňni!“ diýip goluny ýokaryk götermez. Sebäbi edil türki halklaryň köküniň bir bolşy ýaly olaryňam köki bir.
Diýmek, Ýagmyr aganyň aýdyşy ýaly, Nowaýynyň türki dil ugrundaky göreşine belli bir derejede türkmen dili ugrundaky göreşiň bellli bie basgançagy hökmünde seretmäge esas bar. Bu göreşde öz dilleri ugrundaky göreşiň belli bir basgançagy hökmünde garamaga beýleki türki halklaryňam haky bardyr. Ol göreş umumy türki dilden şaha ýaryp gaýdan şiwe dilleriniň entek özbaşdak, edebi dile öwrülip ýetişmedik mahallary ýüze çykan umumy göreşdir.
Emma, gündogaryň görnükli alymy Mahmyt Kaşgarlynyň baryp-ha 11 asyrda: „Türkmen oguz dilini bilmäge halk içinde höwes örän güýçli“ diýen sözlerine salgylansaň welin, gadymy türki dili diýlende ogu-türkmen dili göz öňünde tutulýan bolaýmasyn, ýa-da şol döwürlerde köne türki dili oguz-türkmen dili diýlip atlandyrylyp ugarn bolaýmasyn, agzalýan şahalar oguz-türkmen dilinden aýrylyp gaýdýan bolaýmasyn, diýen ýaly pikirlere hem uýaýasyň gelip dur. Köne çeşmeleriň käbirinde duş gelýän: „...Türkmen-oguz dilini öwrenmek gerek. Öz dilinde gürläp bilseň olar hatda başyny aljak bolup duran hem bolsalar boşadyp göýberýärdiler“ diýen ýaly sözleri okanynda-hä ýokarky pikiriň ähtimaldygyna hasam ynanasyň gelip dur.
Biz häzir gürrüňimiziň esasy özeni bolup durýan ikinji göreş barada gürrüň etdik. Indi bolsa Ýagmyr aganyň birinji göreş diýenine dolanyp geleliň. Howwa, ýaşuly şu günki güne çenli dowam edip gelýän dil göreşiniň başyny başlap Gorkut ata hasap edýär. Emma bu göreşiň has irki zamalrda hem dowam edendigi jedelsizdir. Şeýlede bolsa biz öz sözümiziň ähli duran ýerinden bärsi barada gürrüň etmeli boldy. Gorkut ata öz „Oguznamasynyň“ ilkinji şahalaryny /Salyr Gazab baradaky şahalaryny.galanlary soň goşulan. Dürli döwürlerde üsti ýetirilen. Yslam bilen baglanşykly ýerleri has soň araplaryň täsiri bilen goşulan bolmaly. /türki dili ýazan taryhy şahsdyr. Muny türkmrn alymlary hem tassyklaýarlar. Gorkut atanyň kitabynda türkmenleriň käbir şiwelerinde henize bu günr çenli ulanylyp ýörlen sözleriňem duş gelýändigi bolsa, Gorkut atanyň gürrüňsiz türkmrn bolandygynyň subutnamasydyr. Bu barada edebiýat taryhçysy, professor S.E.Bertels, özüniň: „ literaturnaýa proşloýe turkmenskogo naroda“ atly işinde örän ynandyryjylyk bilen ýazylypdyr.
Ýöne, dil ugrundaky häzirki göreş welin, biziň pikirimizçe, Ýagmyr aganyň aýdyşy ýaly Gorkut atadan, Nowaýydan soň çüunji göreş däldir. Bäşinji göreşdir. Göreşiň çüçnji tapgyry 18-nji asyryň geneýal şahyrlary Magtymguly bilen Şeýdaýa degişlidir. Olar öz döredijiliklerinde içi arap hem pars sözlerinden dikalanyp doldurylan türki/ çagataý/ d9linden sada halka düşnükli bolan barassa türkmen diline geçen ilkinji şahyrlardyr. Oalryň bu göreşi aýagyny umumy türki dil ugryndaky göreşlere diräýýän hem bolsa, türkmen halkynyň hut öz dili ugrundaky göreşiniň başlangyjydyr. Türkmen halkynyň edebi taryhynda täze bi9r etapdyr. Biziň halkymyzyň Magtymgulydan soňky Kemine, Mollaneper, Seýdi, Zelili, Mätäji ýaly şahyrlary has gowy tanamaklaryň, has gowy görmekleriniň, ýürekden söýmekleriniň esasy sebäpleriniň biram şol şahyrlaryň Magtymgula eýrip şygyry öz ýüreklerine ýakyp dilde ýazandyklaryndandyr.
Eder-de şol döwür türkmen halky bütewi bir döwlet bolup oturan bolsa, Magtymgulydyr – Şeýdaýyhem Nowaýy ýaly köşge ýakyn, sisetli soltanlaryň ýanynda gepleri geçýän emeldarlardan bolan bolsadylar, onda olaram hökman, Nowaýynyň türki dile rowaçlyk äberişi ýaly, türkmen diline rowaçlyk äbererdiler. Ony döwlet dili hökmünde ykrar etdirerdiler. Emma olarda beýle mümkinçilik bolmandyr. Şonuň üçinem olar diňe bir goşgularynyň süňňüni arassalamak bilen çäklenmän, eýsem şeýle göreşiň zerurlykdygyny, ýogsam kemsiz kemala gelen türkmen diliniň arap-pars dilleriniň astynda çüýräp, ýok bolup gidäýmeginiň ahmaldygyny öz setirleri arkaly tekrarlapdyrlar.
Mysal üçin Magtymguly:
„Araby zyban istemen, bal zybanym bar meniň“
Ýa-da:
„Aýdadyr Magtymguly, asal ermişdir tillerim“
diýip, ýüreginden syzdyran bolsa, Şeýdaýy:
„Arap ajam her bir zada goşuldy,
Sanly düzgün bilen saýrap tillerim“
Ýa-da:
„Bu gün indi pelek seni öldürip,
Gurhanyň astynda çüýräp tillerim“
diýip, bagryny paralapdyr. Türkmen diliniň arap, pars dilleri tarapyndan zaýalanandygyny öwran-öwran nygtapdyr.
„Dartyşyp dert ýana süýrän dillerim...“
diýmek bilen bolsa, türkmen topragyna dürli döwürlerde leşger tartyp gelen we onuň medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny, barsyndan beterem dilini dürli taraplara çekelän dört sany uly-uly döwletleriň-ýunanlaryň, parslatyň, araplaryň, mongollaryň-türkmen diline nähili aýylganç-aýylganç zarbalar orandygyny türkmen dilini o ýan, bu ýan suýreý-suýreý seňseledendiklerini yza bilen ýatlapdyr. Bu bolsa biziň: türkmen dili bir wagtky gadymy türki diliň özeni, köki bolaýmasyn, diýen çaklamamyza ýene-de bir gezek goltgy berýär. Çünki, golunda juda düýpli tutarygyn bolaýmasa, şol döwürlerde şeýle sözleri diýäýmeklik oýun-oýunjak iş däl. Öz taryhymyzy Şeýdaýyça bilmeýändigimiz bolsa bize şeýle derwaýs mesele barada mundan artyk gürlemäge mümkinçilik berenok. „Gözel ýigrim bäş“ diýen goşgusynda ha ol bize: Taryhyň bir ýerlerinde eliňizden gaçyp galan, ýigrim bäş belgiden ybarat elipbiýiňiz bardyr, gowuja gözleseňiz taparsyňyz, diýibem otyr. Şol goşgusynda onuň: „Üç müň ýylda ömrüň ýakyp geçirdik gözel ýigrim bäş diýmegi bolsa, türkmen dili barada gürrüň edilende bäri-bärde durmaly däldigini, köküni taryhyň has çuňluklaryndan gözlemelidigini ýene bir gezek subut edýär.
Dil ugrundaky dördünji göreş bolsa, 1920-nji ýyllaryň ahyrlarynda, 1930-njy ýyllaryňam başlarynda bolup geçýär. Şol döwürlerde, Türkmenistanyň çäklerinde türkmen dilini döwlet dili diýip yglan etmek, ähli kärhanalary millileşdirmek barada uly göreş gidýär. 1928-nji ýylya 16-njy maýynda Türkmenistan Merkezi Ijraýomynyň /ilkinji çagyryş/ üçünji sessiýasynda N.Aýtakowyň hut ozi bu mesele barada doklad edýär. Şol gün 31 punkdan ybarat kararam kabul edilýär. Emma syýasatyň Lelençilik prinsiplerinden daşlaşmagy bilen ol göreş togtadylýar. M.Geldiýew, A.Gulmuhammedow, K.Böriýew, O.Wepaýew ýaly dil ugrundaky göreşe has işjeň gatnaşan adamlar bolsa, buržuaz milletçileri hökmünde ýok edilýär.
Şondan soň tä, üýtgedip gurmak döwrüne çenli, käte bir sözlük beýleki çykarylaýmasa, türkmen dilini ösdürmek barada hiç hili alada edilmeýär.
Şeýlelikde, bu günki göreş dil ugrundaky göreşiň bäşinjisidir.
Howwa, dil barada Ýagmyr aga bziň bile örän gyzykly gürrüňler etdi. Halynyň tendigine garamazdan, gaýtjak wagtymyz daş çykyp, bizi ýedi ädime çenli ugratdy. Elimizi gezek-gezegine gysyp durşuna, Yrak Nowaýynyň heňine meňzeýän birhili pessaýja, üýtgeşik owaz bilen:
-Hemmesem bolar gider, iniler, gaýgy etmäň...-diýdi. Birdenem ol owaz batlandy. Beýik perde galan bagşynyň sesi ýaly has belent çykdy.-Türkmen diline döwlet dili hukugy beriler. Hemmä berildi, muňa-da beriler. Ýöne, kanun çykansoň ony ýerine ýetirmekde iş bardyr. Işiň ulusy ana şol. Şol uly wezipäni ýerine ýetirer ýaly, Gorkut ata deý siziň bilen deňine gopjak ozanlaryňyz barmy? Nowaýy dek şirleriňiz barmy? Uly-uly göreşlere galkynan gerçeklerine goltgy beren, Soltan Huseýin Baýkara deý soltanlaryňyz barmy? Gorkut atanyň gara gopuzyna gulagyny geripi, oguznamany diňlände edil, sährä gülleriniň ygşyldasyndan lezzet alşy dek lezzet alan Baýandyr han kimin, Hindistanda oturan ýerinde türki dilde şygyr ýazan, hanlar hany Baýram han kimin hanlaryňyz barmy?!... Salyr Gazan soltan kimin atalaryňyz barmy?
Saragtyň Kiçiaga obasynda, ýorganly-düşekli ýatan, segsen iki ýaşly goja Ýagmyr Ýazberdi oglunyň bu ýangynly sowallary elbetde, ýeke bir Berdi aga ikimize degişli däl. Ol biziň döwürdeşlerimiziň hemmesine-de degişli.

Aşgabat. Maý.1990 ý.

„Edebiýat we Sungat“gazeti

6-njy iýul, 1990 ý.


Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 16 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma HUDAÝGULY awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar