11:19

Okumyşlygyñ peýdasy - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Okumyşlygyñ peýdasy

Şol wagtlar men ýedinji klasyň iň gowy okaýan okuwçylarynyň biridim. Gowam okaýardym, köpem okaýardym. Köp okaýanlygym üçin häli-şindi mugallymlaram öwerdiler. «Allagulyň şu ogly haçan görseň, bagryny ýere berip okap ýatyr» diýip, goňşy-golamlarymyzam öwerdiler. Oba oglanlarynyň arasynda «okumyş» hökmünde diňe öz ogullarynyň ady tutulýandygy üçin, elbetde, kakamam, ejemem daşymdan guwanardylar. Esasanam ejem guwanardy. Üç aýalyň başy çatylan ýerde meni gepbaşy edinäýesi geler durardy. Bardy-geldi aýallaryň käbiri gürrüňiň ugruny başga ýana ýa öz çagalarynyň birine tarap sowaýsa dagy gaty görerdi. «Gör! Görübilenok şu meň çagamy, gysganýa» diýip siltenerdi. Ata-eneleriň ýygnagy boljak diýselerem kakamy ibermezdi. Özi giderdi. Barybam iň öňdäki partada aýalaryny eňegine diräp, mugallymyň ýüzüne jiňkeriler oturardy. Mugallym meni öwüp başladygam gozganjyrap başlardy. Ýalt-ýult edip, beýleki ata-eneleriň ýüzüne serederdi.
Öwgi bir ýaman zat bor ekeni, soňabaka asyl duş gelen ýerde öwübermeseler özümiňem içim gysyberdi. Okumyşdygymy özümiňem duş gelen ýerde bildiresim geliberdi. Hut şol, bimahal dörän ýaramaz endik zerarlam tas bir gezek heläk bolupdym. Ýeke özümem däl, tas ejemem heläk edipdim. Hälem Hudaý diýen ýerimiz bar ekeni.
...Bir gezek ejem bilen, obamyzdan ýigrimi kilometr uzaklykda ýerleşýän raýon merkezine — daýymlara gezelenje gidermen bolduk. Obamyzyň gaýra ýüzünden geçýän çagyl ýola çykyp, ýarym sagatdan gowrak duranymyzdan soň şol wagtyň «dört tonnalyk» diýip atlandyrylýan maşynlarynyň biri geldi-de, «was-s» edip, gapdalymyzda saklandy. Başy «Stalin papakly», çal kiteliniň ýakasyndan matros maýkasy görnüp duran, gaşlak, orta ýaşlaryndaky şofýor agzyndaky tütäp duran papirosynam aýyrman gyryljyk sesi bilen ýogyn burnuna salyp bir zatlar diýdi. Biz onuň näme diýenine ikinji gezek gaýtalanyndan soň düşünip galdyk. Nyrhyny aýdan ekeni
Bizem öz nyrhymyzy aýtdyk. Şeýdibem ylalaşdyk. Maşynyň üsti birgiden demirden doly bolansoň ikimizem kabina mündük. Men şofýor bilen ejemiň aralygynda oturdym.
O döwurlerde ýeňil maşynyň-a adam ýok welin, häli-şindi münülip ýörülmänson, «dört tonnalyklaryň» içem biziň üçin samolýotyň içi ýalydy. Ak harplar bilen, käbirine bir zatlar ýazylan, käbirine her hili bellikler edilen ýüzi aýnalyja tes-tegelek, garaja enjamlara, towlanýan ýa çekilip iterilýän, ýa-da «şyrk» etdirip o ýan, bu ýan ýatyrylýan nurbatjyklara, häli-şindi basylyp-goýberilip durlan pedallara, ýoluň silkewine birsyhly saňňyldaşyp duran ryçaglara syn edip oturyşyma men eýýäm obamyz bilen şäherin orta gürpünde ýerleşýän towuk fermasyna ýetenimizem duýman galypdyryn. Bir görsem maşyn uly ýoldan sowlup, ferma tarap tutduryp barýar. Men «ýalt» edip, münelimiz bäri sesini çykarman, çilim yzyna çilim kükedip oturan şofýoryň ýüzüne seretdim. Ol aýasynda mynçgalap oturan «Belomor» gabyny penjireden zyňyp goýberdi-de, gyryljyk, warryk sesi bilen:
—Men bir şu fermäň kapratilinden çilimjik alyp çykaýyn, papruzym gutaraýypdyr — diýdi.
Maşyn joýa-joýa bolup duran çarkandakly ýol bilen ala-şakyrdy bolup bardy-da, dükanyň arka ýüzündäki alaňrak ýerde saklandy. Şofýor birki ýola güýçli gaz berensoň motory öçürdi. Açaryny sogurdy. Jübüsine saldy. Nämüçindir şondan soňam pedallaryň çepkisini basyp, ryçagy öňe iterdi. Käbinadan çykansoň iki epläp aşagyna ýazan ýagjymak, sary güpbüsini çekip aldy-da, howanyň maýyldygyna garamazdan egnine atdy. Bir eli bilen bilini tutubam gaýşarylybraga-da, eginlerini ýaýkyldadyp, dükana tarap ugrady.
Ol burçdan öwrülendenem ejem meniň ýolboýy synlap gelen enjamlaryma tarap elini aýlady-da:
-Baý, şu zatlardan baş çykarýan adamlaram-a zor görmeli-ow — diýdi.
Şol sözleri ejem şofýora diýdimi ýa şo maşynlary ýasaýan ussalara diýdimi, ony bilemok, ýöne, Şeýtan böwrüme dürten ýaly «köne keselim» gozgady-da, özümi tehnikadanam baş çykarýan adam hökmünde görkezmek üçin:
—Aý, bilip-bilmez ýaly bu ýerde bir üýtgeşik zadam ýok, gaty prostoý bi, ine, büý-ä yskor çalşyranda basylýany, bulam tormuzy, bärki çepek ýaly zat gazy, bujagaz tegelejik aýnanyň aşagyndaky diljagaz bolsa binzin görkezýäni-i... — diýip, enjamlaryň içinden öz bilýänjelerimi sanaşdyryp ugradym. Bilmeýänlerimiň üstünden böküp geçdim. Şol barmana: — Ine, bu ujy pökgülije uzynja zadam yskoryň özi-i... — diýäge-de, dözümliräk çekdim weli bir hili aşagymda ýer süýşýän ýaly bolaýdy. Başymy galdyryp daşaryk seretsem maşyn çalajadan öňe tarap gymyldap barýan ýalam boldy. Men ilk-ä göwnümedir öýtdüm. Ýöne häliden bäri: «Tuweleme, bilýän ekeni» diýip, daşymdan söýünip oturan ejemem iki ýana garanjaklap:
—Tokar jan! Maşyn ýöräberdimi, oglum? — diýeninden soň welin, ozaldanam pesaşaga duran maşynyň hakykatdanam pyşdyl ýöreýşini edip ugranyny duýdum. Asyl maşynyň nowalaryny biri-birine çatýan äpet zynjyrlaryň şakyrdysam eşidildi.
Men bir-ä gorkudan ýaňa eýýämhaçan ýüzi ap-ak bolan ejeme, birem on-on bäş ädimlikde, edil maşynyň barýan ugrunda keserip ýatan, içi jork batgaly ullakan ýaba seretdim. Ýabyň gyrasynda ösüp oturan gamyşlaryň şoradyr-ketgenleriň arasynda bir zatlar çokuşdyryp ýören akja towuklaryň «wak-waklaşyp» dyr-pytrak boluberişlerine gözüm düşendenem, kabinany nädip açanymam, nähililik bilen böküp ýere düşenimem bilemok.
Ejemiň:
—Tokar jan! Düşdüňmi, oglum? Düşmelimi? Onda men nädip düşsemkäm? Nädip düşmelikä myndan? Nädip açmalyka myny?.. — diýip, ynjyly myňňyldaýanyny, gorsanýanyny, birdenem: — Waý, nätsemkäm, waý, işim gaýtdy — diýip, aljyraňňy halda gygyryp başlanyny, özümiňem bir alaç tapmak üçin daş-töweregime göz aýlap duran ýerimde ik ýaly pyrlanýanymy welin bilýän.
Birdenem — oba adamlarynyň dükandan çakyr alyp içýänje ýerleri bolmaga çemeli — dükanyň arkasyndaky çaşyşyp ýatan bäş-üç sany boş ýaşikleriň ortarasynda duran ullakan, çalymtyl daşa gözüm düşdi-de, şol tarapa okduryldym. Ýyldyz ýaly süýnüp barşyma daşy garbap aldym-da, ýyldyrym çaltlygynda yzyma eňdim. Ony egnime atyp gaýtdymmy ýa goldap getirdimmi, bilemok, atylyp gelşime ýaňy bir bada girip ugran maşynyň öňüne geçdim-de, sag tarapky öň tigriniň öňüne gütüledip goýdum. Äpet maşynyň mähnet tigri läheň daşa degip saklandy. Ýene-de nowalary birikdirýan zynjyrlaryň şakyrdysy eşidildi. Nowanyň içindäki demirler «dükür-de-dükür» bolşup öňe gaýtdylar. Nowanyň öň ganatyna degibem saklandylar. Tigirlerden gyzgyn reziniň, kapotdan bolsa reňklenen demriň ýag gatyşykly agyr ysy burnuma urdy.
...Men elimiň gumuny kakyşdyrdym-da, duran ýerimde aşak çökdüm. Her nagşynyň ululygy gawunyň diliminden kiçi bolmadyk tigirlere seredip oturyşyma uludan demimi aldym. Şuş-şu wagtjyk özümi şu nagyşlaryň astynda nagyş bolaýmak howpuna sezewar edendigim barada oýlananymda inim dyglap gitdi. Men diňe şondan soň gorkup başladym.
-Waý, çagajygym, ýüregiň süýşmedik bolsa-dý biridir – diýip, kabinadan ala-şakyrdy bolup çykan ejemiň ýyljak demi ýüzüme urandanam özümi dürsedim.
Oňa çenlem dükanyň burçundan her eli bäş-üç gap «Belomorkanally» şofýor çykdy. Bir zatlar aňan ýaly maňa tarap ýiti-ýiti seretdi.
-Näm boldy-ow, pälwan, maşyn ýerinden suýşen ýaly-la bi?.. — diýip, howatyrly seslendi.
Meniň bolsa henizem şol sarsman oturyşym. Galara, gepläre gurbatym ýok. Injiklernm dagy eräp gidip barýa. Nireden getirenini bilemok, ejem: «Al, oglum, iç» diýip alýuminden ýasalan jüňňüli agzyma tutdy. Suw içirdi. Arasynda ýüzüme-de sepdi. Iki agzynyň birinde-de: «Ýa, Hudaý jan, uly beladan sowduň, sag-aman öýe barsak ýoluňa jüp nan» diýip pyşyrdady. Henizem näme-näme bolanyna düşünmän haýran bolup duran şofýora bolan işiň barysyny birin-birin gürrüň berdi. Yzyndanam:
—Seň bilýänjeleň barysyny men byjagazymam bilýän ekeni. Köp bilýänin-ä öňem bilýän welin, bular ýaly uly maşyndan başy çykýandyr öýdemokdym. Haýsy nurbatyny haýsy ýana towlaňda näme bolýanyna çenli aýdyp otyr-a. Hälem ýöräýdi. Ýöremedik bolsa dagy... Özi okuwlyja meň byjagazym. Köp okaýa. Ýaňam şo köp okanlygy peýda edäýdi, ýogsam ho-ol, allowarralarda ýatan daşy getirip, ýöräp barýan maşynyň aşagyna goýmak nireden ýadyna düşsün myň...— diýdi. Ondan soň ellerini kabina tarap galgatdy. – Men bolsam nadanlygymy edip şo-ol, sen süreňde basyşdyrýan zatlaryňy basyşdyryberjek-dä, oturan ýerimde.
Şofýor diňläp-diňläp durdy-da, gülüp goýberdi.
—Wah, şolary basyşdyryberen bolsa baýaminnet maşynyň özem durardy-la, daş näm-ä gerek oňa!
Menem-ä utandym welin, ejem hasam erbet boldy. Hernä akly çatandyr-da, gaýdyp sesini çykarmady. Bir gyzaryp, bir agaryp durşuna galanja suwy bir owurt etdi-de, kuruşgäni edil, ýerden çykan ýaly, duýdansyz peýda bolan gyzjagazyň eline tutdurdy. Dogrudanam, oturan ýerimde pedaly basaýman, ýöräp barýan maşyny allowarralardan daş getirip togtadandygym üçin, esasanam ejemiň ýanynda şeýle masgara bolandygym üçin, bir ýere giribilmedim. Ölüm howpundan sowulandygym dagy bu biabraýçylygyň ýanynda hiç zat bolup galdy. Iň ýamanam şony edäýmän, beýdäýmeli ekendigini ejemiň bileni. Ýeri, agzamadyk bolsa-ha bolaýjakdam welin... Aý, ýok, onsuzam şofýoryň: «Beýdip ýöreniňden tormozy basaýmaly ekeniň» diýmegi mümkin. Çünki bolan işi aýtman-a boljak däl, maşynyň ep-esli ýere çenli ýöräp gidendigi görnüp dur...
...Şofýor kabina girip bir zatlar edişdirdi welin, henizem bahana tapsa öňe tarap yňjak bolup duran maşyn «hylk» edip duran ýerinde doňdy duruberdi. Şondan soň ol ýene-de kabinadan çykdy. Ýüzüni gara-ört edip başyny ýaýkady. Tigriň öňündäki daşy aýyrmak üçin maşynyň öňüne geçdi. Egildi. Ilki bir eli bilen, soň iki eli bilen çekdi. Emma daş gozganmady. Ol meniň ýüzüme seretdi-de, täzeden, ýöne öňküsine görä has dözümliräk çekdi. Onda-da bolmady. Bir dyzyny ýere urup dyzabam gördi. Ahyram bolmajagyny bilip ýerinden turdy. Maňa seretdi. Maşynyň öňünden aýryldy. Gabaklaryny sallap durdy-durdy-da, elini silkip goýberdi. Kabina tarap ýöneldi. Güpbüsini egninden aýryp öňki ýerinde goýdy. Bir aýagyny basgançaga basandanam, oglunyň okumyşlygyna dil ýetirilendigi zerarly henizem çişip duran ejeme ýüzlendi.
—Ýörüň-dä indi gitjek bolsaňyz...
Mündük.
Hakyky bilýän adamyň eline düşse bir başga. Maşyn «zyg-g-g...» etdi-de, ep-esli ýere barýança yza tesip gitdi. Ondan soňam ýarsy ýere gömülgi, nebit guýulýan ullakan demir çelegiň daşyndan aýlanyp, hälkije çarkandakly ýola çykdy.
Çagyl ýola duşenimizden soň şofýor täzeje «Belomoryň» birini açyp çilim otlandy. Iküç gezek işdämenlik bilen sordy. Göwresi bilen hezil eden bor-a çemeli, oturan ýerinde eginlerini gaýkyjakladyp oýkanjyrady. Bolup geçen wakanyň bize betbagtlyk özüne biabraýçylyk getiräýmeginiň ahmal ekendigine ýaňy düşünen ýaly, agzyndan-burnundan burugsap duran tüssäniň çykyp gutararyna-da garaşman, käýeýän äheňdemi, ýa öwüt berýän äheňdemi, gyryljyk, zorruk sesi bilen boguljyrap:
-Beýtmeni dän-ä, binmeýän zadyňy ennemeni dän-ä. Hänäm Hudaý saknaýypdyr, birinjiden çykyp ikinjä giräýipdir — diýdi. Aşak eglip, şalkyldap ýatan başga bir ryçagy elledi. — Şu uruşnoýy oňartmasam ahyr bir gün biriniň ýanynda ýüzügara eder bi meni.
Men usullyk bilen ejemiň ýüzüne seretdim. O-da: «Bilib-ä bilýä-le çagajygym» diýip, çalaja pyşyrdady.
Şondan soň tä şähere barýançak hijimizdenem ses çykmady. Düşenimizden soň şofýor hatda bizden almalyja hakynam admady. «Sag-aman başymdan sowulsaňyz bolýa, hudaýýoly aýtdym men şo puly» diýdi. Ejemem: «Hudaýýol-a bizem aýtdyk-la...» diýip, myňňyldaberjek ýalam etdi-de, ýene-de agzyny berk ýumdy. Pul uzadyp duran elini usullyk bilen yza çekdi. «Dört tonnalyk» maşyn ala-şakyrdy bolup ep-esli arany açandan soňam yzyndan garap tolgundy durdy. Bir zatlar diýjek boldy. Emma gepläp bilmedi. Diňe daýymlara tarap ýönelenimizden soň bir zat ýadyna düşen ýaly sakga durdy-da, ýaňky maşynyň giden ugruna tarap gaňryldy. — Uruşnoýyň işlemeýän bolsa nä körüňe sürüp ýörsüň ony? Otur-da öýüňde, gömül-de, oňardýançaň!
Bu — onuň öz ogluny, ýagny, meni akladygydy. Ýaňky bolup geçen oňaýsyz waka üçin meniň zat bilmeýändigimi däl-de, «uruşnoýyň» işlemeýändigini günäkärledigidi. Şol düzüw bolanda ýaňky aljyraňňylygyň asla ýüze çykmalam däldigini, «bilmeýän zadyňy ellemezler» diýip, şofýoryň nähak ýere meniň ýüzümi alandygyny, maşynyň ähli enjamlaryndan başymyň çykýandygyny öz ýanyndan tekrarladygydý. Has dogrusy, düşen oňaýsyz ýagdaýym üçin, meniň göwnümi göterjek boldugydy.
Şonuň üçinem öz «okumyşlygymy» subut ederim ýaly, şeýdibem ynjalarym ýaly ol maňa ýene-de bir gezek mümkinçilik döretdi.
—Uruşnoýy bolanda nämesi bolýar-a, ol artybyň, Tokar jan?
Men, elbetde, «uruşnoýyň» nämedigini bilýärdim. Ýöne sesimi çykarmadym. Ejemem gyssabam durmady. Bir gowy zat —ol daýymlara baranymyzdan soňam meniň okumyşlygymy magtap, hemişekileri ýaly daýzalarymyň ýanynda öwünmedi. Ýoldaky wakan-a asyl, ýatlamadam.
Maňa-da onuň şony ýatlamadygy kem ýaramady.


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 11 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma HUDAÝGULY awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar