16:42

Seda - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Seda

Mende goşa ýürek bardy,
Sagdakysyn saña berip,
Çep ýürekde oñup ýördüm.
Mende çäksiz akyl bardy,
Bar aklymy saña berip,
Günbe-günden artdy derdim.

Bakdym delmuryp her ýana,
Yşk sazyna owaz kylyp,
Haraý gözläp ýok zatlardan.
Men alaçsyz, men perwana,
Kemçiligme kimler gülüp,
Gaçar boldum gybatlardan.

Sen söýüldiñ,
Sen söýdürdiñ,
Ýaş ömrüme sensiñ sebäp,
Saña ömrüm kyldym pida.
Bar syrym ile ýaýdyrdyñ,
Göýä, bagrym gara kebap,
Bolupdyryn aşyk juda,
Dilimde sen - yşky seda!

"Garagum" žurnaly, 2009/6.


Категория: Goşgular | Просмотров: 8 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar