12:59

Ýaşlary galar - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Ýaşlary galar

Ýagyş ýagjak bolýar.
Howa bulaşyk.
Asmanyñ ýüzüni kerepläp tutan
Ikiýan urunýan gara bulutlar
Sümükden doluşan çagañ burny deý
Suwly tumşugyny göterip bilmän
Daglañ arkasyna syñkyryp, çyrşap
Gaçyp gitmäñ emelini gözleýär...
Terk edilen şäher ýaly içgysgynç
Neneñsi biderek, bimany dünýä
Dolap almak üçin hapa gujagna
Gözýetimde tüweleýler pyrlanýa...
Daglar bolsa äwmän bimanylygy
Gyzykly kinonyñ arasyn bölüp
Çilim çekjek bolup daşaryk çykan
Gojalañ burnundan tüsse çykaryp
Keýpine humarlap duruşy ýaly
Serindäki dumanyna gark bolup
Ymyzganyp ýatyr ýolbars mysaly...
Urnup-urnup geçer gider bulutlar
Daglar öñküsi deý uklar... oýanar
Duýmazam dek ýañy jülgeleriniñ
Hanasyny hapa silden dolduryp
Sümügini döküp giden bulutlañ
Garaşjagam bolman ýene gelerne
Kerkawlaram ygşyldaşar, daranar...
Siller akar gider, daşlary galar
Dereleri böwsüp binowa halda
Käkilikleñ güzerine öwrülip
Çeşme bolup akjak ýaşlary galar...

◆   ◆   ◆

Ne men oglum barka,                              
ogra gülmerin
Ne men gyzym barka,
küntä gülmerin.
Ýöne;
         ogra ogry,
                          küntä-de künti
Diýmeklikde hiç bir gypynç görmerin.
Magat göz ýetirip duranam bolsam
Birmahal ýüzüniñ suwy sypyrlyp
Her geçeniñ elniñ kiri süpürlip
Gatap giden köne esgi mysaly
Şalhasy sallanan loly dünýäniñ
Müñ ýerinden ýel şuwlaýan deşigniñ
Ýamap bilmejegmi birje ýyrtygyn
Dogjak çagy bütin älem synlaýan
Aýa meñzeş hakykatyñ bardygny
Aýdaryn!
Goý, onsoñ ogrular, küntüler üýşüp
Meni özlerine duşman saýsynlar
Ýüwürsinler,
Pişigiñ bar çaltlygy
Samanhana çenli diýipdirler-ä,
Arabaly towşan tutuljak güne
deñeç ýalan-ýaşryk gybat ýaýsynlar...
Daglaryñ bagrynda doglan bürgüdiñ
Ak şäheriñ asmanynda pel-pelläp
Gulatynyñ ganatyny saýalan
Gözli kör akmaklañ dik depesinden
Şaglap injegimi bilip durlar-a...
Aý aýlanar.
Ýyl dolanar.
Wagt geçer...
Kimiñ ogrulygny paş eden bolsam
Kimiñ küntüligni paş eden bolsam
Ýalançyny hasabyna ýaşadýan
Zanny päk adamlar toýda-baýramda
Kimden näme bukjagyny bilerler
Haýsy haýýar künti bilen ýalñyşyp
Bir saçakda duz iýmeli däldigne
Birmahallar dilime tüý çykaryp
Aýdan sözlerimi ýatlarna salyp
Göz ýetirerler ...


Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar