13:08

Emel - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Emel

...Onuň adamzadyň başyna salyp gelen oýunlarynyň köpdügini! Oňa erk etjek, kökerjek bolup niçe çalyşdylar. Ol welin, däli derýa ýaly, garaşylmadyk ýerden böwedi böwsüp, dünýäni alahasyrdy etdi. Kimi bir gysyma, kimi tuluma öwürdi.
Owadan zenana aşyk bolan ýigdekçe ýaly, adam onuň ugrunda sargaryp solup, bütin ömrüni geçirýär. Barybir, ondan ganyp bilenok. Ol bolsa, adamy gyzyl däli edip, hars urduryp, soňundan ýere duwlap, başga biriniň başyna ala ýabylynyň gününi salmaga, üstünden gülmäge ugraýar.
Ol ýigrimi üç ýaşly arabakeş Mirzo Ahmady hem alys menzil sökmäge kaýyl edip, başda dünýäniň aňrujunda ýaly görnen welaýata südenekledip alyp gaýtdy. Özi hakda oýlandyrdy, düýşüne girdi, erkini aldy. Şarifjan mahtumyň ýüküni eltip berdi, wada eden puluny aljagy göz öňünden aýrylmady. Ol aljak puluny hyýalynda eýýäm ençeme gezek sanapdy. Garyplyk adamy hyýalbent eder eken. Mirzo Ahmad bütin ömrüne mele-myssyk nandan gerk-gäbe doýmagy, owadanlygy bilen Buharanyň «Men-men!» diýen ýigitlerini aňk edip ýören gyzlaryň birine öýlenmegi, garyp külbede onuň bilen uzak ömür sürmegi arzuw etdi. Mundan başga zatlar arzuwyna-da sygmazdy...
Ol çagalykda üç-dört ýyl molla gatnap, birneme okamagy, ýazmagy öwrenipdi. Öýde-de, metjitde-de oňa üşüginiň ýokdugyny aýdyp käýýärdiler. Soň-a molla ibermelerini-de goýdular. Mirzo Ahmad ertirden agşama çenli ylgap, bir kesemen nanyň yzyndan ýetip, ölmez-ödülik edinip, süýji uka batardy. Düýşünde hemişe uly hazynanyň üstünden baryp, tütjar baý bolardy. Hezillikdi! Gündizem şony ýatlap, hezil ederdi... Kerki welaýatyna kazy bellenen Şarifjan mahtumyň: «Eger isleseňiz, meniň ýanymda galarsyňyz. Men sizi hor etmerin!» diýende-de, ol durmuşda aşygy alçy gopdugy hasaplapdy. «Galyp göreýin. Belki, günüm oňat bolar! Erbet bolan güni ötägidemde-de, ýitirýän zadym ýok...» diýip netijä gelipdi. Ol tükeniksiz baýlyk hakdaky pikiriň içinde meýmiräp, bütin dünýäniň aladasyny topugyna düşürip otyrdy. Üç arabanyň ortasyndakyda oturansoň, nirä sürmelidigi barada oýlanmaly bolanokdy. Öňdäki araba dursa durýardy, ýogsamam gidip barýardy. Ýöne Amyderýanyň sag kenaryndaky, äpet ýylana meňzeýän egrem-bugram ýodaly gür jeňňellige girilende birneme howsala düşdi. Kerki welaýatyna ýetiberenlerinde öňlerinden bäş-alty sany atly çykdy. Gara telpekli, gyrmyzy donly türkmenleriň atlaryny dabyrdadyp gelşi ýolbererli däldi. Öňden barýan arabakeş Şajan olaryň ýol bermejegini aňyp, atynyň jylawyny howlukmaç gyra sowdy-da, atlylara nägilelik bilen seretdi:
– Myhman, heý, şeýle garşylanýanmydyr?
– Habar soralmasa, ümsüm otur! – diýip, Şarifjan mahtum Şajan arabakeşe azgyryldy.
Atlylardan gözüni aýyrman oturan Mirzo Ahmad ýedi ýoluň üstünde talaň salynýan ýaly saňňyldady. Olar deňinden geçip gideni bilen özüni dürsäp bilmedi. Atlylaryň yzyna öwrülip gelip, talap başlamaklaryna garaşdy. «Nebsiňe «Haý!» diýip bilmän, ýetde-gütderägem bolsa rahatja günüňi taşlap, gör, nirelerde ölmeli bolduň!..» diýip, özüne käýindi. Olara näme diýip ýalbarjagy barada oýlandy. Atlylar yzyna öwrülip gelmänsoňlar, maňlaýynyň sowuk derini syldy. «Çüw!» diýip, atyna gamçy çaldy.
Öňde çar ýanyny jeňňel örten kiçeňräk oba göründi. Onuň deňinde, ýoluň ortasynda pälwansypat kişi üç-dört adamdan öňe saýlanyp durdy. Olar Şarifjan mahtumy baş egip garşy aldylar. Şarifjan mahtum arabadan düşüp, olar bilen sowuk salamlaşdy.
– Hoş gördük, sapa gördük, merhemetli Şarifjan mahtum! – diýip, öňe saýlanyp duran pälwansypat kişi sözüne nazym berip gürledi. – Men bir hepde bäri ýola çykyp, siziň geleriňize garaşýaryn. Kerkiçiniň üstünden gelensiňiz öýdüp, gara janym galmady. Biziň ýolumyzdan geçjegiňize begendim. Şu welaýata aýak basyp, ilki bilen meniň duzumdan dadyp geçäýseňiz diýýärin.
Kazy oba göwünli-göwünsiz sowuldy. Özüni Hekim pälwan diýip tanyşdyran hälki kişiniň bedewini kä öňe, kä yza sürüp ýylgyrjaklaýşyny, gürrüňlerini, öňden çykýan adamlaryň howlukmaç gyra çykyp, gözleri bilen ugradyşlaryny Şarifjan mahtumyň görmezlige salyp, söwdadan zyýan gören ýaly sortduryp oturşyny Mirzo Ahmad halamady. Onuň ýylgyrmagyny, Hekim pälwanyň hem ýylgyrmagyny isledi. Gowy ýeri – Hekim pälwan kazynyň sowuklygyna ünsem berip durmady:
– Siziň geljegiňize juda begendik! Adamlaryň bujurygy köpeldi. Özüňiz tertibe salaýmasaňyz, bolar ýaly däl! Häzir galada Babyr Haýyt ogly diýen bir näkes bar. Ol: «Men kazynyň mürzesidirin! Welaýatyň ähli hat-petegi menden çözülýär. Mensiz çöp başy gymyldamaz!» diýip, hondanbärisireýär. Bege: «Güm ediň şuny!» diýip, birnäçe gezek aýtdym. «Buharadan kazy gelensoň bir iş ederis» diýipdi... Öňünden aýdaýyn. Şarifjan mahtum, gowşak tutsaňyz, ol size-de azar berer.
Mirzo Ahmad arabanyň üstünde gyşaryp barşyna Hekim pälwandan gözüni aýranokdy. Onuň gaýşarybrak oturyşyna, gürleýşine gözi gitdi. Onuňky ýaly täze don, owadan bedew edinesi geldi. «Göwnüne gelen işi edip ýaşaýandyr. Wah, şeýdip, baý bolup ýaşasadyň!» diýip, göwün ýüwürtdi. Hekim pälwanyň ýedi ganatly dört sany ak öýüne Mirzo Ahmadyň syny oturdy. Birgiden adam baýyň bir aýdanyny iki gaýtalatman ylgap ýör. Salyhatly zenanlar biş-düş bilen başagaý. Olaryň elleriniň süýjüdigini! Juda tagamly naharlar bişiripdirler. Mirzo Ahmad hiç bir zada üns bermän, giňden ýazylan saçakdaky dürli naz-nygmatlardan garnyny gärk-gäbe doýurdy. Şeýle hezzeti onuň ilkinji gezek görşüdi. Onsoňam, Hekim pälwan olaryň hersine – elbetde, Şarifjan mahtuma edilen serpaý uludyr-la – don berdi. Mirzo Ahmad Kerki begligine ugranlarynda göwşül donuny çykaryp, serpaý berlenini geýdi. Onuň gözüne dünýäde bu mahal Hekim pälwan ýaly sahy, mährem adam ýokdy. Ol ýene Şarifjan mahtumyň bu ýere ugramazlaryndan öň: «Eger halasaňyz, meniň ýanymda galarsyňyz. Men sizi hor etmerin!» diýen sözlerini ýatlady. Onuň welaýatda kazy bilen obama-oba aýlanyp, serpaý geýesi geldi. Bu mahal dünýäde özünden baý, özünden dok, özünden bagtly adam başga ýokdy. Gala baranlarynda öňlerinden Babyr Haýyt ogly atly ulumsy, gara nebsine «Haý!» diýip bilmän ýören adamyň çykjakdygyna gynandy. «Wah, ol hem Hekim pälwan ýaly jomart adam bolsa bolmaýamy?» diýip, içini gepletdi.
Garaňky gatlyşyberende üç araba şäheriň galasyna girdi. Öňden barýan Şajan arabakeş köçeden özlerine üns bermän geçişip barýan adamlara gatyrganasy gelse-de, Şarifjan mahtumyň bir zat diýmeginden howatyrlanyp, dişini gysyp otyrdy. Olar bazaryň sag tarapynda ýerleşýän jaýyň deňine ýetip saklandylar. Mirzo Ahmad arabadan towsup düşdi-de, ölügsije yşyk görünýän penjiräni kakdy. Biraz wagtdan gapy açylyp, ondan elli ýaşlaryndaky peşeneli adam çykdy.
– Myhman, heý, şeýle garşylanýanmydyr?! – diýip, Şajan arabakeş ram eden närazylygyny gaýtalady.
– Men myhman çagyrmandym! – diýip, Babyr haýyt ogly täjik dilinde sowuk jogap berdi.
– Eşidýäňizmi, Şarifjan mahtum, ol näme diýýär?! Bu aýdylyşyndanam bäş beter eken. Kowuň muny. Hany, ýok bol! – diýip, Mirzo Ahmad Babyr Haýyt oglunyň alkymyna dykylyp bardy. Oňa el götermäge injigi çatman, soragly nazaryny kaza dikdi. Ondan hiç hili goldaw bolmansoň, yza çekildi, hyrçyny dişledi.
Kerki begi kazyhana üçin wagtlaýynça ýekeje otagly jaý berdi. Onda Şarifjan mahtum ýerleşdi. Bu onuň hem öýüdi hem kabulhanasydy.
Kazy ertir ir bilen öýüň penjiresini açardy. Bu onuň: «Adam kabul etmäge taýýar!» diýdigidi. Mürze Babyr Haýyt ogly bu ýerde oturara ýer bolmansoň, bazaryň çep tarapynda ýerleşen bassyrmanyň aşagynda oturyp, kazynyň ähli permanyny, hat-petegini ýazýardy. Onuň daşyndan hem adamlaryň kaza arza-şikaýatlaryny ýazyp bererdi: adamlar ilki onuň ýanyna baryp, oňa arzlaryny düşündirerdiler. Babyr Haýyt ogly olary diňläp, aýdan zatlaryny hata geçirip berýärdi. Adamlar onuň ýazan haty bilen Şarifjan mahtumyň ýanyna barýardylar.
Mirzo Ahmad günüň dowamynda kazyhana bilen bassyrmanyň aralygyny bäş-alty gezek sökmeli bolýardy. Mydama hat ýazyp garabaşyna gaý bolup oturan mürzä kazynyň iberen zadyny berip, yzyna dolanýardy. Ol bu ýere bahym öwrenişdi. Adamlaryň kazynyň arabakeşi diýip, hormat goýmalary ýaramanam durmady.
Ol bir gün Babyr Haýyt oglunyň ýanyndan gelýän Hekim pälwany gördi. Mydama ýüzi gülüp duran pälwanyň keýpi ýokdy. Ol Mirzo Ahmady görüp, zoraýakdan ýylgyrdy:
– Oh-ow, Mirzo jan, nähili ýagdaýlaryň? Kazymyzyň ýagdaýlary nähili? Näme üçin bize gezmäge baraňzok?
– Barmakçy öz-ä... – diýip, Mirzo Ahmad Hekim pälwana geňirgenme bilen seretdi. – Hekim aga, ýüzüňiz salyk görünýär-le?
– Şi, Babyr Haýyt oglunyň jany sag bolsa, biziň ýylgyran wagtymyzy görmersiň! Men-ä begiň, kazynyň şuny näme üçin saklaýandyklaryna hiç düşünip bilemok. Bireýýäm gümüni çekmeli ahyryn bu haramzadanyň. Dogrymy aýdaýyn, size şundan abraý gelmez! Mirzo jan, seniň özüň bolaý ahyryn şunuň ýerine.
– Maňa başartmaz...
– O näme üçin: «Başartmaz» diýýäň? Kiçigöwünlik etme. Bizi şi näkesden halas et.
Mirzo Ahmad Hekim pälwanyň teklibini öz ýanyndan makullady. Daşynyň mydama hümer bolup durjakdygyny, adamlara arza ýazyp berjekdigini göz öňüne getirdi. Birden iňkise gitdi.
– Şarifjan mahtum göwnemez.
– Merhemetli kazymyzdan bütin welaýatymyzyň adamlary bolup, towakga ederis. Meni şo näkesden dyndarsaň, gymmat bahaly don serpaýyň!

* * *
Mirzo Ahmad uzynly gününi bassyrmanyň aşagynda oturyp, kazynyň permanlaryny göçürýärdi. Agşama çenli lüti çykyp ýadaýardy. Ýöne ýanyna gelen adamlara hat-petek ýazyp berip, olaryň eçilen zatlaryny alanda welin, ýadawlygy el bilen aýrylana dönýärdi.
Ol köp wagt geçmänkä köp zady öwrendi. Gelen adamlaryň ýumşuny derrew bitirmeli däl. Olary her hili ýol bilenem bolsa garaşdyrmaly, ýalbartmaly. Ana, şonda gadyryň artýar. Mirzo Ahmad şu öwrenen, ýok öwrenen däl, tapan ýörelgesine begendi. Begenmez ýalymy! Bu ýörelge ony bolçulygyň kaşaň gapysyndan eltdi. Durmuşda bolçulyga eltýän ýörelgejigi tapmaly, tapaňsoň, ondan büdremänjik ýöremegi öwrenmeli. Ine, ol şeýleräk pelsepe edindi. «Garaş!» diýip adamlara azgyrylmagy çykardy. Ol muny işiniň känliginden däl, işi düşüp gelýänlerden birazajyk artyk zat ýonmak üçin şeýtdi. Ol käbir gurply adamyň arzyny artdyryp, seni bolgusyz ýere garaşdyryp, aňsatja bitäýmeli işi juda kyn iş ýaly görkezip, bitiren işi üçinem artygrak ýonup baý bolýandyklaryny aňdy. Muny köp adamyň bilmeýändigine begendi. Gurply bolmagyň bu ýönekeýje tilsimini hemmeler bilse, onda dagy nähili bolarka? Hudaý saklasyn! Hekim pälwanlaryňka baranlarynda Şarifjan mahtumyň näme üçin özüni agras alyp barýandygyna şu gün düşündi. Dogry eken şo, ýüzüňi agras tutmaly, adamlara ýüz bermeli däl. Şeýtseň, senden çekinýärler hormat goýýarlar. Bu pelsepäniň yzy kän. Sebäbi şeýle pelsepe edindigiň yzy köpelibiýr eken. Diňe uly ýola düşmekde, baýlygyň iňňäň gözi ýaly gapysyny tapmakda iş bar.
Indi gowy. Adamlar kiçeňräk ýumuş üçinem oňa ýagdaýlarynyň ýetdiginden eçilýärler. Taňryýalkasyna bitýän iş ýok. Hekim pälwan ýaly gurply adamlaryň işini bitirmek gowy. Olar seniň gadyryňy bilýärler. Öýlerine äkidip hezzetleýärler, serpaý ýapýarlar. Ol her gün adamlaryň çagyrmagyna, baran ýerinde hem begiň, kazynyň iň ýakyn maslahatçysy hökmünde oturmaga halys öwrenişdi. Wezipe ynanylan adamy köp zatlara öwrenişdirjek eken...
Mirzo Ahmad bäş-alty aýyň içinde üýtgedi, eşigini täzeledi, gepi-sözi agraslandy, ýüzi nurlandy. Her günki öýüne getirýän zady juda köp dälem bolsa, soňabaka ol zatlar öýüne sygmady. Zat, baýlyk az-azdanam köpeljek eken. Ýöne ilki köp bolup görnen zatlar, wagt geçdigisaýy kiçelip, ownap barýan ýaly duýuldy. Adamyň gözi, mümkin, başga zatlardanam doýýan däldir welin, baýlykdan doýmaýandygyna-ha Mirzo Ahmad açyk göz ýetirdi. Zadyň köpeldigisaýy, köp-köp zatlara höwesiňem artyp gidip otyr.
Mürze biriniň gapysynda ýaşap ýörmesini goýdy-da, galadan kaşaň, giň howly satyn aldy. Soň, onuň göwnüne, hemme zady satyn alyp bolýan ýaly göründi. Ýöne ol, hernäçe çalyşsa-da, Şarifjan mahtumyň göwün galasyndan özüne gadyr tapyp bilmedi. Kazy hemişe onuň eden işinden zeýrendi, ýazan zatlaryndan ýalňyş tapdy. Babyr Haýyt ogluny nähak kowandygyny ýatlady. Mirzo Ahmadyň muňa jany ýandy. Birnäçeler öz dogan-garyndaşyna, ildeşine eýdip-de bolsa, beýdip-de bolsa kömek edýär ahyryn! Şarifjan mahtum näme üçin şolar ýaly bolmaly däl?! Goý, ol hem öz buharalysyna kömek etsin! Babyr Haýyt ogly ýaly ýedi ýat jähenneme gitsin! Bagtly bolmak üçin köp bilmeli däl eken. «Zehinli adamlar betbagt bolýar» diýleni dogry bolmaly. Babyr Haýyt hem şolaryň biri eken-dä. Köýüp ýören az däl ahyryn! Ahmad kazynyň bolşuny eger-eger halanokdy. Käte hyýalynda Şarifjan mahtumy başga bir welaýata kazy edip geçirerdi-de, Kerki begligine özi kazy bolardy, adamlary özi kabul ederdi, olardan para-peşgeş alardy. Hiç neneň däl, gelişýär. Asyl, onuň bir kemi kazylyk bolsa nätjek?! Ýöne süýji hyýalyň bir gyrajygyndan, kümsük ýaly bolup, Babyr Haýyt ogly girerdi-de, barja süýjüligi dyr-pytrak ederdi. Mürze Babyr Haýyt oglunyň ölümini dilärdi. Kimdir birini hakyna tutup, ony gümlemegi hyýalynda aýlardy. Munuň üçin pul çykarmalydygy ýadyna düşende welin, myssarardy. Adamlardan aklyk almak bilen ber-başagaý bolup, bu zatlary tiz ýadyndanam çykarardy. Birki hepde mundan öň onuň öňünden Şarifjan mahtum çykyp, ony gözi bilen iýäýjek boldy. Göterip gelýän zatlaryny köçäniň üstüne pytradyp zyňdy.
«Men nem-e, men, näme, sorap alýanmy, özleri goýup gidýärler. «Çaşyp ýatmasyn» diýip, alyp gaýdyberdim...» diýip, Mirzo Ahmad göterip getiren zatlarynyň almasyz edilmeginden gorkup saňňyldady.
Buharadan gaýdanlarynda perişde ýaly görnen Şarifjan mahtum, mürze bolup işe başlansoň, Mirzo Ahmadyň göwnüne rehimsiz, yzgytsyz adama öwrüldi. Belki, alýan aklyklaryndan onuňam öýüne eltip dursa, kazy gaharlanmazam. Kim zatdan ýüz öwrüpdir?! Ýöne hiç bolanok. Mirzo Ahmad kazynyň agzyny zat bilen ýapmak, rahat işlemek üçin alanja aklygyndan göterip ýola düşýär. Uzak gitmänem yzyna dolanýar. Eline düşen zady hiç kime beresi gelenok. Şol wagt ol iňirdä-de, urulmaga-da taýýar. Aklygyndan almasalar bolany. Mirzo Ahmad öýünde oturanda-da, gapdalynda Şarifjan mahtum iňirdäp duran ýaly bolýar. Ony rahat oturyp bir käse çaý içere goýanok, öýde oturarlygy galanok. Başyny alyp nirädir bir ýere gidiberesi gelýär. Bu gezegem ol aňynda hekgerip oturan kazydan dynmak üçin Amyderýanyň kenaryna çykdy.
Bu ýeri erbet däl. Derýanyň serginje şemaly häliden bäri güzap beren Şarifjan mahtum hakdaky hyýaly-da özi bilen äkitdi. Derýanyň şemalsyz wagty ýok...
Mirzo Ahmad kenarda derýa seredip oturan peşeneli adamyň ýanynda aýak çekdi. Oturan adam ýakynyna biriniň gelenini aňyp, gaşlaryny çytyp, bärsine öwrüldi.
– Babyr! – diýip, Mirzo Ahmad geňirgendi. – Bu ýerde näme edip otyrsyň?
– Derýa seredýän – diýip, Babyr başdansowma jogap berdi.
– Sereder ýaly nämesi bar onuň? Derýa derýadyr-da.
– Ýok, bu üýtgeşik derýa! Gör, derýa öň aňyrrakdan akýardy. Ol indi düýnki bulanyp akyp ýatan ýerini taşlapdyr, öňki gurap ýatan ýeri ýol edinipdir. Onuň ertir nireden akjagyny bilýän adam ýok. Derýa, beýleki derýalar ýaly, hiç wagt öz hanasy bilen akmandyr. Bu köplenç hanasyna sygman, mesirgeýär. Bir gün çasly akýar, bir gün sessiz...
– Jähenneme gitsin-le – diýip, Mirzo Ahmad elini galgatdy. Babyryň gapdalynda oturdy-da, çiňerilip seretdi. – Şarifjan mahtum seni näme üçin gowy görýär?
– Gowy görýän bolsa, kowmazdy...
– Onuň tutgaýy bar ýaly. Bu gün menem kowjak bolýar.
– Kowsa, gaýdyber! Mürzelik dünýäniň diregi däl eken. Men-ä gaýdanyma ökünemok. Ýöne birazajyk giç – ýaşym geçişensoň gaýdypdyryn. Indi hemme zady täzeden başlamaly bolýar. Onuňam zyýany ýok. Zähmetini çekip iýen zagaraň baldanam süýji...
– Nirede ýaşaň?
– Obada. Şäherde ýaşamak maňa eýgertjek däl eken. Ony başarýanlar kän-le. Meniň dünýäm obalynyňky, daýhanyňky. Obada özüme kepbejik edindim. Birazajyk ýerim bar. Günlükçilik edýän. Aý, garaz, ölmez-ödülik tapýan. Ýöne işigagalary, togsabaýlary hyraç bilen, zekat bilen, eminana bilen hiç doýrup bolanok.
– Adamlar seni oba sygdyraýdylarmy? Olaryň basyp bilmeýän ýagysy sendiň ahyryn.
– Adamlar meni näme üçin halamasynlar? Seniň «adamlar» diýýäniň Hekim pälwan tetellilerdir. Men olaryň pyssy-pyjurlyklaryna şärik bolmadym. Onsoňam, biziň welaýatymyzyň köp adamyna mahsus bir häsiýet bar. Olar öz welaýatyndan bolan adamlaryň ökde bolmagyny, welaýaty edara etmegini halanoklar, oňa göriplik edýärler. Her edip-hesip edip, onuň aýagynyň aşagyny opurmaga, yzyny tapmaz ýaly etmäge çalyşýarlar. Barypýatan mahluk bolsa-da, eger ol başga ýerden gelse, onuň üzeňňisinden on geçip, Hudaýa sygynyşlary ýaly sygynýarlar. Bu biziň welaýatymyzda öňem şeýle eken, indem şeýle bolsa gerek.
– Hä?
– Adamlaryň biri-birine göwünleri ýetenok. Tanamaýan adamlaryna ýalbarmagy, gerek hasaplan ýerlerinde aýaklaryna ýykylmagy gowy görýärler. Obadaşlaryna ýüz tutmak olara aýyp, namys! Men baý adamlar hakda aýdýaryn. Sen meniň bu sözlerimi göwnüňe alma. Men muny janym ýanyp duransoň aýdýaryn – diýip, Babyr uludan demini aldy. – Ýogsa-da, ýör, bize gideli. Gürleşeris, göwün açyşarys. Hem meniň daýhan ýaşaýşymy görersiň.
– Ýok, ýok! – diýip, Mirzo Ahmad zöwwe ýerinden galdy. Babyry ilkinji gezek görýän ýaly, oňa gaşlaryny çytyp seretdi. – Öýüňizde näme bar?
– Hiç zadam ýok. Hökman zat bolanda barmalymy? Çaý başynda oturarys, gürleşeris.
Mirzo Ahmad onuň ýanyndan çaltrak gaýdanyny kem görmedi. Babyr Haýyt ogly ýene derýa seretmäge başlady. Ol derýadan nämedir bir zat agtarýan ýalydy...
Jeýhun durmuş ýaly towlanyp, düňderilip akyp ýatyrdy.
* * *
Ony Şarifjan mahtum çagyrdy. Mirzo Ahmad ýolboýy Babyr Haýyt oglundan bir gep ýetendir öýdüp gitdi. Kazynyň tukat oturşyny görüp, onuň hasam bady gaçdy. Kazynyň ýanyndan çykanda dünýä gapyşandyr öýtdi. Näme etjegini bilmän elewredi. Ýene Şarifjan mahtumyň aýagyna ýykylasy, bu ýumşy eger-eger oňarmajakdygyny gaýtalasy geldi. Kazynyň ýüregi daşa dönüpdir. Ýaňy näçe ýalbarsa-da, onuň ýüregi eremedi ahyryn! «Bary gutardy! – diýip, Mirzo Ahmad hüňürdedi. – Aklyk getirip berjegem tapylmaz indi. Günümi görüp bilmän, howlymy hem satmaly bolaryn. Kazynyň gapysyndaky şol öňki günüm başlanar...»
Ol birmahal gününden närazy däldi, oňa kaýyldy. Indi ol öňki gününe dolanyp barmak islemedi, bu oňa masgaraçylykly bolup göründi. Şu ýagdaýdan dynmak üçin ol hemme zada razydy. Göwnüne, dünýäniň ähli betbagtçylygy öz gerdenine düşen ýalydy. Öwrenişen kärinden gitmegiň kyndygyny! Buharada bir baý, öýüne talaň düşensoň, ýüregini tutup ölüpdir. Mirzo Ahmad özüniň hem ölmeginiň mümkindigini ýatlady. Ýüreginiň urşuna diň saldy. «Heý, munuň alajyny edip bolmazmyka?» diýip oýlandy. Oňly çykalga tapman kösendi. Ýerine – bassyrmanyň aşagyna baryp oturdy-da, öňüne kagyz aldy. Nämedir bir zatlar ýazdy. Bolmady, kagyzyny ýyrtyp, gapdala taşlady. Howlusyny satyp, Buhara aşmak hakda oýlandy.
Kelte boýly, uly kelleli, şu ýerli däldigi bildirip duran bir ýaş ýigit onuň oturan ýerine geldi:
– Siz kazyhananyň nirededigini aýdyp bilmersiňizmi?
– Hana, şo ýeke jaý – diýip, mürze howsalasyny ýuwdup, jogap berdi. «Şu ýigit kömek edip bilmezmikä?» diýen pikir bilen ýerinden tarsa turdy-da, nätanşyň alkymyna dykylyp bardy. – Siz kazymyzyň ýanyna barmakçymy? Ol bu gün hiç kimi kabul edenok. Siz häzir onuň ýanyna barmaň, şu ýerde biraz oturyň. Ol ýaraly ýolbars ýaly bolup otyr. Meni tas iýipdi. Mundan-a, iýenem bolsa, gowy bolardy. Wah, bagtym ýatdy meniň! Eý, perwerdigär...
– Eýgilikmi?
– Kazynyň agasynyň ogly bolupdyr. Şol günem onuň ers-mers bolanja başga bir çagasy ýogalypdyr. Ine, bolan zat. Ol maňa: «Hem begenjimi, hem gynanjymy bildirip hat taýýarla. Oňarmasaň hem gümüňi çek!» diýdi. Häliden bäri ýazjak bolýaryn. Başaramok. Bir zat göçürmeli bolsa oňarjak-la men. – Ol nätanyş ýigide naýynjar bakdy. – Siz ýazyp bilmezmikäňiz? Eger ýazyp berseňiz, men size adyny tutan zadyňyzy bereýin. Gadyryňyzy bilerin! Gaýrat ediň, meniň ykbalym gyl üstünde.
Nätanyş ýigit biraz oýlandy-da:
– Synanyşyp göreýin – diýdi. Mürzäniň ýerine geçip, nämedir bir zatlar ýazdy. – «Daragtyň bir şahasynyň kesilmegi gynançly zat. Ýöne tebigatyň kanuny boýunça, bu beýleki şahalaryň gowy ösmegine ýol açýar. Şonuň üçinem men sizi ýogalan perzendiňiziň ýerine uzak ömür sürjek ogluňyzyň dünýä inmegi bilen gutlaýaryn!»
Mirzo Ahmad kazynyň ýanyndan uzak eglenmän, begenjine uçaýjak-uçaýjak bolup geldi. Nätanşyň elinden tutup, berk gysdy:
– Taňryýalkasyn! Siz maňa uly ýagşylyk etdiňiz. Kazymyz ýazan hatyňyzy okap begendi. «Kelläme geljek pikir däl, tüýs bolaýypdyr» diýdi. Men siziň eden ýagşylygyňyzy gaýtarmasam bolmaz. Men sizi öýüme çagyraýyn. Hezzet-hormat edeýin, serpaý ýapaýyn!
– Baý-bo! – diýip, nätanyş ýigit güldi.
– Meniň çynym, ýörüň!
– Men Şarifjan mahtumyňka bäş-on günlük myhmançylyga geldim...
– Onda men agşam sizi alyp gitmek üçin ýanyňyza bararyn. Merhemetli kazymyzam çagyraryn. Ol entek meniň alan howlymy-da görenok. Şarifjan mahtum maňa köp ýagşylyk etdi, şüý-ä tüýs bolaýdy! – Nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly, Mirzo Ahmadyň ýüzi agardy. Ol gorkuly seslendi: – Sen şu gün gelen bolsaň, men saňa agşam azar berip durmaýyn. Agşam gürleşiň oturyň. Ertir çagyrmaly bolaryn-da. Ýogsam, gelşiksiz bolar. Ýöne maňa hat ýazyp bereniňi kazymyzyň ýanynda aýdaýma.
Mirzo Ahmad nätanyş ýigidiň yzyndan seredip durşuna, kejebesi daraldy, öňküsi ýaly begenmeýändigine, gaýtam, özüni nähilidir bir ünjüli duýýandygyna geň galdy. Öýüne keýpsiz gaýtdy. Ertir nätanyş ýigidi, Şarifjan mahtumy çagyrjakdygyny ýatlady. Olary çagyrmak üçin etmeli çykdajyny hasaplady. Harç etmeli boljak zatlary göz öňüne getirende, öýüne talaň düşene döndi. Ir bilen bassyrmanyň aşagyna nätanyş ýigidiň gelmeginden howatyrlanyp ýola gorka-gorka seretdi. Daýhanlara hat, arza ýazyp berip, aklyk alyp, öýüne keýpihon gaýtdy. Şondan üç-dört gün geçensoň, ol Şarifjan mahtum bilen şol nätanyş ýigidiň bir ýere geçip barýanyny görüp, bassyrmanyň aňyrsynda gizlendi. Olar geçip gidensoň uludan demini aldy.
Ol gün Mirzo Ahmada Şarifjan mahtumyň çagyrandygyny Şajan arabakeş gelip aýtdy. Ol kazynyň ýanyna baranda nätanyş ýigit ugrajak bolup durdy. Onuň bilen sowuk salamlaşdy.
– Näme, eýýäm gýtjak bolýaňmy?
– Ep-esli gün bolubildik-le, indi gaýtjak.
– Seni çagyrjakdym, ýetişmedim-dä. Ýöne indiki geleňde öýe barmasaň, gaty görerin.
Mirzo Ahmad jogaba-da garaşyp oturman Şarifjan mahtumyň göçürmek üçin beren hatlaryny goltugyna gysyp, bassyrma bakan howlukdy.
Oňa adamlar garaşýardy.

* * *
Mümkin, beýle saý ata münüp görmänligi üçindir, ol bedewiň üstüne münjek bolup üzeňňä aýagyny ýetirende, birhili, howpurgady. Çepiksi göwresini bir ýerde durmaga takady ýetmän sepjeýän ak atyň üstüne atdy. Del eşikli del adam üstüne münensoň, at dabyrdap öňe gitdi. Sadreddin 1 göwresini saklap bilmezliginden gorkup, eýeriň gaşyndan berk tutdy-da, aýaklaryny bedewiň garnyna gysdy. Saý at şol belet ýoly bilen gorduryp ugrady.
Howanyň öňküligi üýtgän ýalydy: onuň ýüzüni sergin şemal sypap, demini dürsemegine tekge boldy. Ol bir menzil geçip-geçmänkä oturmaga öwrenişdi, biraz galkyjaklaldy. Eýeriň gaşyndan elini aýryp, bedewiň keliň saçy ýaly seýrek ýalynyň arasyndan jylawyny aldy-da, özüne dartdy. Barşyndan kanagat tapmaýan atyň üstünde jaýlaşykly oturmak üçin oýkanjyrady, üst-başyny tertibe salyşdyrdy. Sellesini kellesine omrakaý sümrüp, hälki ahwalaty – tas atdan ýykyljak bolşuny gapdalynda dogabagyny deňläp barýan polat gyr atyň üstünde gunt düşen ýaly bolup oturan Hekim pälwanyň duýanyny-duýmanyny aňşyrmak üçin assyrynlyk bilen oňa seretdi. Onuň gyrmyzy donuna sygman, gaýşarylyp, ýylgyrjaklap oturşyny synlap, birneme arkaýynlandy.

1 Gürrüň täjik edebiýatynyň klassygy Sadreddin Aýnynyň (1878 – 1954) 1902-nji ýylda Kerkide bolan günleri hakda barýar.
Hekim pälwan mahal-mahal hoşroý ýylgyryp, Sadreddine seredýärdi.
Sadreddin Aýny Kerki begligine gelenine, köp zatlary görenine begendi. Hekim pälwanyň çakylygyna göwünjek razy bolmagynyň sebäbi-de ýönekeýdi: del zatlary görmekçidi. Onsoňam Kerkä gaýtjak bolanda dogany: «Kerki begligine barsaň, Hekim pälwan bilen salamlaşmagy, menden salam aýtmagy unudaýmagyn» diýipdi. Hekim pälwanyňka Şarifjan mahtumyň gaýtmazlygy Sadreddini gelşiksiz ýagdaýa saldy. Kazy işiniň kändigini aýtdy. Hekim pälwany bir çete çagyryp, onuň gulagyna çawuş çakdy. Pälwan sadyklyk bilen ençeme sapar baş atyp, onuň sözlerini makullady...
Ýodajygyň iki tarapyny toraňňylyk tutup ýatyrdy. Kä uzakdan, kä ýakyndan – atlar muňa öwrenişen bolsa gerek, ürkenokdylar – käkilikleriň, sülgünleriň jokurdysy eşidilýärdi. Tebigatyň bu sahabatyna Sadreddiniň göwni göterildi. Bu görnüş onuň göwnüne bolmasa, Saadynyň goşgusyndaky waspy eidlýän gülüstana meňzeärdi.
– Men Şarifjan mahtumy juda gowy görýän, Sadreddin! Ol şu topraga ilki aýak basanda, men ony ilki duz-çörek bilen garşyladym. Iki sany mal öldürip, hezzet etdim. Çärjewiň bazaryndan her hili nogul-nabat, ir-iýmiş getirip, saçagy doldurdym... Gaýdanlarynda arabakeşlerine çenli halat ýapdym. Ýöne ol menden gaçarak bolmaga çalyşýar. Näme üçindigine, eger-eger, düşünemok. «Bir adam bilen urşup geler, menem oňa kömek etmeli bolaryn» diýip gorkýarmyka? Bu ýaşdan soň maňa urşup ýörmek muwapyk däl ahyryn! – diýip, Hekim pälwan özüne adaty bolmadyk ýeňillik bilen gazan ýaly kellesini ýaýkady. – Kazymyz sowathon, akylly adam. Ýöne öýdeçil. «Gezeýin, göreýin» diýenok. Ömrem, näme, pata gelen ýaly, mydama howlukmaç. Eýläňe-beýläňe garamankaň ýaşyň bir çene barýar. Soň isleseňem gezip, ýaýnap bolanok. Bäş günlük öter dünýäde diňe gezeniň-göreniň galjak. Şarifjan mahtum, haçan görseň, kitaplarynyň çaňyna boglup otyr. Onuň çaga-çugasam, ýegre dostam şol kitaplary. Öýünden çykmansoň, ony welaýatymyzda tanaýan adam az. Ol wezipesiniň nähili abraýynyň bardygyna düşünenok. Ine, meniň şuňa janym ýanýar. Dogrymy aýdaýyn, Şarifjan mahtum diýseň welaýatda köp adam tanamaz, Hekim pälwan diýseň welin, tanamajak bolmaz! Elbetde, olaryň hemmesi meni gowulykda tanaýan däldir, ýöne, tanaýandyr...
– Näme üçin erbetlikde? – diýip, Sadreddin dillendi. Gönümel soragyna gyzardy.
– Durmuş agyr, zalym, Sadreddin. Ol adamy hem özi ýaly bolmaga mejbur edýär. Ras, şony başaraňokmy, onda iliň gapysynda günlükçilik et-de geziber. Ýüregi ýuka adam rozugärini hiç wagt gurply edip bilmez...
Hekim pälwan atyň jylawyny öýüne sowmady. Ilki goňşy obanyň, soňam öz obasynyň içinden geçdi. Gapylardan seredişýän daýhanlar bilen gadyrly salamlaşdy. Ol Sadreddine obasy barada gürrüň berdi. Eken ekinleri barada gürrüň berdi, görkezdi.
Olar bir daýhanyň yzyndan ýetdiler. Hekim pälwan atyň jylawyny çekdi:
– Mämmet aga, salawmaleýkim?
– Waleýkim essalam, aman-esenlikmidir? – diýip, goja çöňňe nazaryny atlylara dikdi.
– Mämmet aga, tanamadyňyzmy?
– Ýok, tanamadym, inim, aýyplaşmaweri? Gözleň nury galmandyr.
– Hekim men, Mämmet aga, Hekim pälwan!
– Hä, hä, indi tanadym. Wah, men öz deňimdäkileri zordan tanaýan. Ýokary seredip tanamaly bolsa, kyn düşýär. Bä-ä, sen şol Hekim pälwanmy? – diýip, goja ýene çiňerildi. – Sesiň beýle mylaýym çykýan müddeti-de bar eken-ä seniň?!
– Ine, adamlara ýüz berseň... Ýör, Sadreddin. – Hekim pälwan gaharynyň gelenini ýaşyrjagam bolman, atyny debsiledi. — Ýagşylyk bilner diýýärler. Ýok, halka ýagşylyk etseň, ol seni hasap etmäni goýýar, seni ýagşylyk etmäge borçly hasaplaýar. Özüni asmandan asýar...
Hekim pälwanyň öýünde bäş-alty adam garaşyp durdy. Olar Sadreddiniň atyny tutup, onuň bilen gadyrly salamlaşdylar. Hekim pälwan myhmany garşy alanlar bilen birin-birin tanyşdyryp çykdy.
– Hany ýörüň, hormatly myhman, öýe giriň! – diýip, Hekim pälwan Sadreddine ýedi ganatly ak öýüň goşa gapysyny görkezdi. Gapyny açyp myhmanyň yzy bilen özi girdi. Myhmany törde iki gat ýazylan gurnama körpeçäniň üstünde oturtdy. Onuň gapdalyndan başga biriniň oturmagyndan howatyr edýän ýaly, özi howlukmaç aşak çökdi. Ýuwaşlyk bilen oturan Sadreddinden gözüni aýyrman, onuň her bir hereketine hezil edip seretdi. Onuň perişde ýaly bolup oturşyny, birneme çekinişini görüp, biraz gaýşaryldy-da, gelip eda bilen oturýan obadaşlaryna howalaly göz aýlady.
Saçak giňden ýazylypdy. Herdürli ir-iýmişlerden, geň-enaýy nogul-nabatlardan doludy. Daşy haşamly çüýşeli jöhit aragyna, pereň konýagyna Sadreddin geňirgenme bilen seretdi. Göräýmäge, çet welaýat bolsa-da, Buharadaky ýaly, del zatlaryň bu ýerde tapdyrmagy ony geňirgendirdi. Lowurdap duran mele myssyk nan, mejime doly kellebaşaýak, owadan nagyşly küýzedäki agaran, dilimlenip goýlan paýendeki, garrygyz gawunlar, her biri mäşirik ýaly narynç almalar, baly goýalyşan dagtokga, gelinbarmak üzümler Sadreddini ýuwdundyrdy.
Gapy çekinjeňlik bilen açylyp, içeri ýaşy durugşan üç-dört sany adam salam berip girdi.
– Hekim aga, size Buharadan atly ahun myhmançylyga gelenmiş diýip eşitdik-de, salamlaşmaga gaýdyberdik...
Gelenler jaýlaşykly oturdylar, olaryň käsi Sadreddini gözüniň gyýtagy bilen, käsi bolsa göni synlamaga başlady. Hekim pälwanyň: «Buharadan Şarifjan mahtumyň işini barlamaga atly ahun gelipdir, şony myhmançylyga çagyryp goýbermekçi» diýen sözlerini ýatlap, ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlaryndaky, çepiksi, sada geýnewli ýigide öz ýanlaryndan baha berdiler. Guraksy resmilik bilen hal-ahwal soraşdylar.
– Hekim aga, Şarifjan mahtum gelmedimi? – diýip, orta ýaşlaryndaky mopraç kişi dillendi.
– Şarifjan mahtum niçeler gaýtjak boldy. Ýöne gyssagly iş çykdy. Onuň maňa goýýan hormaty üýtgeşik. Ýadyňyzda bolsa, ol ilki şu welaýata aýak basanda-da, men ony duz-çörek bilen garşy alypdym. Şondan bäri ikimiziň aramyzdan gylam geçenok. Ol bu gün-ä gaýtjak bolup taýýarlygam gören eken – diýip, Hekim pälwan pezzik burnuny sypady. – Aý, zeleli ýok, Sadreddin geldi – öýümize uly döwlet geldi! Kazy bilen ýene bir gün oturybiris...
Oturanlaryň arasynda iň rahady Hekim pälwandy. Onuň galadaky galjaňlygyndan nam-nyşan galmandy. Sebäbi ol eýýäm maksadyna ýetipdi: «Hekim pälwanyňka Buharadan atly ahun gelipdir, ol ikisi ýegre dostmuş» diýen habar häliden bäri öýme-öý aýlanyp ýördi...

* * *
Gapynyň agzynda duran hyzmatkär: «Merhemetli kazymyzyň ýanynda iki sany myhman bar» diýensoň, Sadreddin sekiniň üstüne baryp oturdy, töweregine göz aýlady. Ol Şarifjan mahtumyň elleriniň yzyny agtardy. Hemme zat sowuk, nätanyş. Şarifjan mahtumyň Buharadaky öýünde eliniň yzy görner durardy...
Içerden tanyş ses eşiden Sadreddin diňşirgendi.
– Düşünen bolsaňyz, hany, onda elleşiň! Araňyzda hiç zat bolmadyk ýaly bolup elleşiň! Aý, bu elleşişiňiz-ä bolanok. Ana, ana, şeýdipjik! Menem eliňiziň üstünde elimi goýaýyn. Indi gaýdyp araňyza tow düşmesin bu bäş günlük ýalançyda. Allanyň eçilen gününi wagtyhoşlukda geçiriň! Menem araňyza düşmeli bolmaýyn...
Gelenleri ugratmak üçinmi ýa başga sebäp bilenmi, iki daýhanyň yzy bilen gapynyň agzynda peýda bolan deşlek Şarifjan mahtum tagta sekiniň üstünde oturan Sadreddin Aýnyny görüp ýylgyrjaklady:
– Boh-o, gör, bize kim gelipdir?! Haý, berekella, Sadreddin jan! Men gelmezmikäň öýdüp, janyma ýer tapman ýördüm. Nähili gowy boldy geleniň. Hany, bir görşeli-le! – Şarifjan mahtum Sadreddiniň çepiksi elini berk gysdy. Onuň bilenem kanagatlanman ony garsa gujaklady.
– Mürzäniň ýazan hatyndanam welaýata bir sowatly adamyň gelenini aňypdym. Ol, asyl, sen ekeniň-ow? Hatyň üçin serpaýyňy menden al! – Kazy yzyna öwrülip, içerden gymmat bahaly don getirdi-de, ony Sadreddiniň egnine atdy. – Sen diňe goşgy däl, kyssa ýazmaga-da ökde ekeniň.
– Merhemetli kazymyz, myhman, heý, şeýle garşylanýanmydyr?! – diýip, Şajan arabakeş janykdy. – Damylla Aýnyny öýe çagyryň ahyryn.
– Şu gezek dogry aýtdyň – diýip, kazy ýylgyrdy. – Ýör, Sadreddin, içeri gireli.
Sadreddin süňňi ýeňlän Şarifjan mahtumyň her bir hereketini synlap, myhmançylyga gelenine, kazy bilen hemsöhbet bolup göwün solpusyndan çykjakdygyna öz ýanyndan begendi. Gör-ä, adamdan adamyň tapawudyny?! Adamy adama ýakynlaşdyrýan, daşlaşdyrýan zatlar, göräýmäge, üýtgeşigem däl ýaly. Biriniň eden ýagşylygyny bütin ömrüňe ýatlap, minnetdar bolup ýörsüň. Adama ýagşylyk etmek ýamanlyk etmekden kyn bolarly...
O wagtlar Sadreddin oýnap ýören oglanjykdy. Şonda öýlerine baran Şarifjan mahtum onuň goşgusyny diňläp, «Sadreddini okadyň, onuň ýiti zehini bar» diýipdi. Buharanyň baş kazysynyň bu sözlerinden soň ol Buhara medresä getirilipdi. Medresede okamak, kireýine ýaşamak, günemaňy görmek üçin köp-köp harçlyk gerek. Daýhan maşgalasynda aňyrsy görünmän ýatan zat barmy?! Ýene Şarifjan mahtum onuň maňlaýyndan dired: ony öz ýanyna aldy. Jaýyň, iýjegiň-içjegiň mugt. Bu zatlar üçin diňe içeriniň işine kömekleşseň bolany.
Şarifjan mahtumyňka sowatly adamlar, şahyrlar gelerdiler. Şonda öý eýesi Sadreddini hem çagyrardy. Olar bilen tanyşdyrardy. Sadreddin onuň öýünde Hafyzyň, Jamynyň, Nowaýynyň diwanlaryny okady. Bu zamanda bu ýagşylyga köp adamdan garaşyp bolanok. Ýaş ýigidiň göwnüne şeýle adamlar az ýaly bolup dur. Onsoňam Şarifjan mahtuma, hany, hormat goýmanam gör! Ol Sadreddine: «Bu ýerde meniň ýeke içim gysýar. Meniň ýanyma gezmäge gel! Edebiýat barada gürrüň ederis, göwün açyşarys» diýip, Buhara hat iberipdi. Ol uly welaýatdan tapmadyk ýürekdeşligini çepiksije ýigitden tapjagyna ynanýar.
Şarifjan mahtum Sadreddiniň içki pikirin aňan ýaly, ona habar gatdy:
– Dogrymy aýtsam, Sadreddin, meniň bu ýerde içim gysýar. Buhara durmuşyna halys öwrenişen ekenim. Ol ýerde düşünişere, göwün açyşara adam kän. Bu ýerde welin, ýeke özüm. Galada adam az däl. Ýöne men ýasawulbaşylara, dadhalara, diwanbaşylara ynanyp baramok. Welaýatyň içine aýlanmaga-da çekinýän. Meniň kimdir biri bilen goşgy okaşasym gelýär. Bediliň, Hafyzyň goşgularyna meýmiremek isleýärin. Indi seniň bilen goşgy okap göwün solpusyndan çykaryn. – Şarifjan mahtum Sadreddiniň ýanynda jaýlaşykly oturdy. – Men bu ýerde bir bagty ýatan adam bilen tanyşdym. Ol seniň okaýan Mir Arap medresäňi gutaryp, şu ýere işe gelipdir. Juda sowatly adam. Haýsy şahyryň goşgusyny ýatlasaň, ol saňa şol şahyryň ähli goşgusyny ýatdan aýdyp berýär. Ýöne ony ýerli adamlar gowy görenok. Men gelemde ol kazynyň işini dolandyryjy eken. Soň meniň mürzäm boldy. Beg maňa ony kowmagy buýurdy. «Welaýata kazy iberildigi men ony kowaryn» diýip beg birki adama söz beripdir. Begiň garşysyna gitmegem gowy däl. Hakykaty oňa aýtdym. Menden gaty görüp ýörmesin diýdim. Ol gyňyr, dogruçyl adam. Özi garyp bolup, baýlara hakykaty – erbetligini aýdyp dursa, elbetde, halanmaýar. Diňe baý islänini aýtmaly. Ýöne men onuň gyňyrlygynam, dogruçyllygynam haladym. Ony köpden bäri göremok weli, uly bir zat ýitiren ýaly bolup ýörün.
– Ol welaýatdan çykyp gidipmi?
– Ýok-la, ol gala ýakyn obada daýhançylyk edýärmiş. Baryp ýagdaýyny soramaga-da galadaky adamlaryň gep-gürrüňlerinden çekinýärin. Ýöne men onuň yzyndan birki gezek çakylykçy iberdim. Näme üçindir, gelmedi.
– Öýkeländir.
– Elbetde, ol diňe menden däl, köp-köp adamlardan öýkeli. Asyl, ol dünýäniň gurluşyndan öýkeli. Ony diňleseň, Ahmad Kallanyň zeýrençden doly kysasyny okan ýaly bolýarsyň. Barybir, onuň gürrüňlerini diňlemek hezil. Özem ol täjik dilimizi gowy bilýär.
– Ony tapyp bolmazmyka?
– Öýüne barsag-a bolardy welin, garyp-da. Hudaýam adama: «Günüňi gör!» diýip, her hili gowy mümkinçilikler döredip görermişin. Ana, şol pursatdan peýdalanyp bilmedik adama Hudaý: «Garagyň aksyn!» diýermiş. Babyr Haýyt ogluna-da Hudaý gargapdyr. Ol ençe ýyllap kaza mürze bolup işläpdir. Şonda-da meniňki bolsun diýere zady ýokdy...
Olar Buharadaky tanyş-bilişlerini ýatlap, goşgy okaşyp, ýarygijä çenli oturdylar.
Sadreddin günortan oýandy. Gözlerini süzüp, Şarifjan mahtum bilen oturşyny ýatlap, esli ýatdy. Onuň ýaly adamlaryň köp bolmagyny dileg etdi. Şarifjan mahtum Buhara bilen Kerki begliginiň arasyny paý-pyýada sökeniňe degýär. Bu aralyk ýanaşyk oturan hyrsyz goňşyň bilen aralykdan juda ýakyn. Şarifjan mahtum: «Galada derdinişere adam ýok» diýýär. Ol hiç ýerde-de köplük edenok. Näme, Buharada känmi?
Şarifjan mahtumyňka Buharadan myhman gelenini eşidip, galanyň kethudalary olary myhmançylyga çagyrmaga başladylar. Her gün bir öýe baryldy. Sadreddin oturylyşyklarda köp gürlemedi. Oňa gezegem ýetmedi...

* * *
Sadreddin gala aýlanyp görmäge ugrady. Galanyň adamlary ony nätanyş görüp, geňirgenme bilen seredýärdiler. Obalardan gelen eginleri horjunly daýhanlar bazara howlugyp barýardylar.
– Garaş, garaş! Meniň on elim barmy näme?!
Sadreddin gazaply çykan tanyş sese tisginip gitdi. Bazaryň bir gyrasynda ýerleşen bassyrmanyň aşagynda başyny galdyrman nämedir bir zatlar ýazyp oturan Mirzo Ahmady görüp geňirgendi. Ho gün ol gaharlanjak adama meňzänokdy ahyryn! Sadreddin Mirzo Ahmada seredip barşyna çep gulagynyň ýokarsy kesilen hyrsyz adamy tas baryp süsüpdi. Ol müýnli bolup bir gapdala çekildi. Onuň gulagyny näme üçin kesdikäler? Azgynçylygy üçinmikä ýa ogurlygy?.. Bu zatlar üçin gulak kesip ýörseň, galada juda köp adam gulaksyz galar... Sadreddin onuň deňinden çaltrak geçenini kem görmedi.
Bazaryň ortasyndaky bir gulaç çemesi beýiklikdäki sekiniň daşyna köp adam ýygnanypdy. Onuň üstünde boýunlaryna ýüp salnan üç sany adam başlaryny aşak salyp durdy. Begiň bäş-alty nökeri bolsa olaryň daşyny gallap durdy. Boýny syrtmaklylaryň biriniň ýalaňaç bedenine ýandak goýlup daňylypdy. Onuň persala bolan endamyndan gan akýardy. Siňekler ol adamyň daşynda waň berýärdi.
– Adamlar, ah-ow adamlar! – diýip, şilliň uzyn jarçy gygyrýardy. — Şu üç adamdan ägä boluň-how! Bular ogrular-how. Tanap goýuň, serediň! Ýüz berseňiz öýüňizi göterip gaýdar-how! Öýüňizdäkilere, dogan-garyndaşlaryňyza, tanyş-bilişleriňize aýdyň, şu üç ogrudan habardar bolsunlar-how! Ynha, bu duran ogrynyň ady Töre ogry bolmaly-how. Çekir obasyndan. Goňşusynyň towugyny ogurlapdyr...
Jarçy gygyryp, bazardaky adamlara ele düşen üç ogrynyň nirede ýaşaýandygyny, ata-enesiniň, dogan-garyndaşlarynyň kimlerdigini, haýsy urugdandygyny, näme ogurlandygyny, bulardan ägä bolmalydygyny öwran-öwran aýdýardy.
Durmuşyň guralyşyny! Ol her kimiň başyna müň hupbatly hyýal salypdyr. Ähli hyýalam jemlenip bir ýere syrygýar: hor bolmaly däl, gowy ýaşamaly. Hyýallaryň jemlenýän ýerinde baýlyk atly böwenjik otyr. Ol juda guduman, her kimiň başyna bir oýun salýar. Hiç kime aňsat-aňsat boýun sunaýanok. Adamlaryň gurjak bolýan duzaklaryna ol köplenç düşmän sypýar. Ol özi ýaly harsydünýä adamlary gowy görýär. Şolaryň dulunda rahat ýatýar. Garybyň rahatlyk bermejegini bilýär ol.
Ol hana, bazaryň içinden okkessirme geçip, kimi güldürip, kimi gaýga batyryp, çapyp ýör! Ol üç ogryny ýere sokup gaýtdy. Jarçyny ertirden bäri gygyrdyp dur. Ol Mirzo Ahmad bilen ýegre dost bolupdyr. Indi Mirzo Ahmad bu dostundan jyda düşse, gözýaş döküp aglar, peseler.
Sadreddine şol böwenjik bazaryň içinden iki ýana çapyp ýören ýaly göründi. Şol hakda goşgy ýazasy geldi. Ýöne pikirini jemläp bilmän, yzyna gaýtdy. Şarifjan mahtum ony ýylgyrjaklap garşy aldy:
– Kim gelip gidendir öýdýäň?
Sadreddin egnini ýygyrdy.
– Babyr Haýyt ogly gelip gitdi. Güne ýanyp, gap-gara bolup garrapdyr. Seniň myhmançylyga geleniňi eşidipdir. Goşgularyňy diňlemek isleýär. «Ertir goýun soýup garaşjakdyryn» diýdi.
– Mal soýmak nämä gerek? Bary hem ýeke goýundyr! Onam bu gün soýsa, soň özi nätjekkä?
– Garybyň bolşy hemişe şeýle-dä! – diýip, Şarifjan mahtum güldi.
Şol günüň ertesi Sadreddin kazynyň Babyr Haýyt oglunyňka alyp giderine garaşdy. Günorta çenli öz aladasy bilen bolan Şarifjan mahtum aladaly göründi. Sadreddin oňa çakylyk hakda ýatlatmagy gelşiksiz gördi. Muny anan bolsa gerek, Şarifjan mahtumyň özi oňa ýüzlendi:
– Sadreddin, men oýlanyp gördüm welin, Babyr Haýyt oglunyňka gidere boljak däl. Onuňka barsak, bize näme diýerler? «Özler-ä atly-abraýly adamlar, oturyp-turuşýanlary hem ýarlykly garyp» diýerler. Galada adamlaryň agtaryp tapyp bilmän ýören zatlary – gybat. Şonuň üçin, gitmämizi goýbolsun edäýeli. Agşam bizi işan çagyrýar. Şonuňka gitmesek bolmaz!
Sadreddin gözlerine ynanmaýan ýaly, Şarifjan mahtumyň ýüzüne çiňerilip seretdi. Myhmanyň öýke etmeginden howatyrlanan bolsa gerek, kazy janagyryly gürledi:
– Men adamlara hiç düşünip bilemok, Sadreddin! Adamlar sähel söz üçinem biri-birlerini öldürip, soňundan hun sorap ar alyp ýörler. Heý, «Depegenden – daşrak» diýip ýaşap bolmazmy? Seniň myhmançylyga baryp gaýdan Hekim pälwanyň Mämmet atly bir gojany öldüripdir. Bu günem gojanyň hununy soraýarlar. Munuň üçin indi köp adam öler. Bu ýeriň adamlary biri-birini gyrybam tüketjek... – Şarifjan mahtum uludan demini aldy. – Aý, näme diýeýin?! Hany, Sadreddin jan, Bediliň bir goşgusyny okap bersene!
Sadreddin ilki gelip, kazynyň daşary çykaryna garaşyp oturan wagtyny ýatlady. Şonda Şarifjan mahtumyň iki daýhana aýdan sözleri gulagynda ýaňlanan ýaly boldy: «Düşünişen bolsaňyz, hany, onda elleşiň! Araňyzda hiç zat bolmadyk ýaly bolup elleşiň. Aý, ol elleşişiňiz-ä bolanok. Ana, ana, şeýdişipjik! Menem eliňiziň üstünde elimi goýaýyn. Indi gaýdyp araňyza tow düşmesin bäş günlük ýalançyda. Allanyň eçilen gününi wagtyhoşlukda geçiriň! Menem araňyza düşmeli bolmaýyn...»
...Sadreddin Aýny on günläp Şarifjan mahtumyň myhmany bolup, Kerkiçiniň üsti bilen Buhara gaýtdy. Kazy ony hormatlap, ep-esli aralyga çenli ugratdy. Olar biri-biri bilen köp gürleşmän, pyýada esli wagtlap ýörediler. Näme üçindir, dumly-duşdan tüsse göterilýärdi. Sadreddiniň göwnüne, Batyr Haýyt ogly uly ot ýakyp, mal soýup, nahar bişirip garaşyp oturan ýalydy.
Onuň Kerkiden alyp gaýdan ýüki az däldi, kändi. Şonda-da ol galada nämedir bir zadyny galdyryp gaýdan ýaly boldy durdy. Nämäni galdyryp gaýdandygyny welin, teý, ýadyna salyp bilmedi.

1986 ý.


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 17 | Добавил: Admin | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Osman ÖDE awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar