« 1 2 ... 17 18 19 20 21 »

Diýýän sözlerime gulak goý, gardaş,
Suw meniň gamymdyr, topragym – tenim.
Garagumuň reňkine çalymdaş,
Meniň güne ýanan goňras bedenim.

Ýedi gat toprakdan nem syzyp ýatan,
Sazagyň köküdirr meniň damarym.
Seň gara synaňa gül ýazyp ýatan,
Bol suwly derýamdyr altyn kemerim.

Çopan ody ýaly közürgär durar,
Maňa meşgeş beren gar ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 20 |

Daglar adamlara meňzeş bolýandyr,
Olaň hem içinde beýgi-pesi bar.
Tebigat daşlara, çal gaýalara,
Terjimehalyny keşdeläp ýazýar.

Ony okap bilýär aňly adamlar,
Aňsyzlar aňmazlar beýle zatlary.
Saňa gürrüň berer nuhuň döwründen,
Ýagyşyňdyr ýagmyryň alamatlary.

Bu joşgunly, akar suw ýaly durmuş,
Daşa ýazýar ynsan terjimehalyn.
... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 21 |

Gadymy Anteýiň aýagyn diräp,
Gyssanan çagynda güýç alan ýeri,
Süňňüm seniň bilen mäkäm badaşan,
Nämäni tutaýyn senden ileri.

Oýarýarsyň säher bilen ukudan,
Daň jemalyn ýüze sylmak ýagşy-la!
Gülleriň gözüňi deşip barýandyr,
Maýsalaň ezilýär bahar ýagşyna.

Egni gök begresli tekiz meýdanlaň
Ak bagtym ýalydyr ak atyzlaryň.
Al ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

I.

...Bu habar sähel salymda onçakly uly bolmadyk obany öýme-öý aýlanyp, uludan-kiçä  hemmäni laňňa aýaga galdyrdy. Gaharyna her kim degenek taýak agtardy.  Obada eliňi uzadan ýeriň taýak.
Obanyň insizje egri ýollary elleri taýakly, gahar-gazaply adamlardan doldy. Olaryň ugry obanyň ortasyndaky gojaman ýeke tuda tarapdy. Her kim bir zat diýip sögünýärdi, gargynýardy ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

▶ Atamyň ruhuna

Başyma al bürenjegi büredäm,
Geldim, ugrat, özgä dodak çöwürtmän.
Garabekde ýatyrmysyň, garadag,
Onuň gara topragyny bagyrtlap.

Atam, garyp atam, ýeriň pestinde,
Nirdeligin tapa bilmän bagtynyň.
Ine, bu gün ýoly düşdi üstüňden,
Seň mekansyz entäp ýören agtygyň.

Ýar bolup saçymy sypanda säher,
Köňlüň ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Torbasyz gedaý gelipdir,
Döşüňe urma, arkadag!
Sen diýip Hudaý gelipdir,
Git indi durma, arkadag!

Ezraýyl ömrüň kirşini,
Ýolup ýegşertdi gerşimi.
Gama gark bolup ýörşümi,
Sen gaty görme, arkadag!

Munda göge tutup seri,
Aman sypan barmy, ýeri,
Ölüm ýeňmek üçin şeri,
Tapylan tärmi, arkadag!

Nazaryňa düşme ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

▶ UMYT DÜŞELGESINE
PELSEPELER  SYÝAHATY

Ýürek kalpda heserim,
Göwrede bikararym.
Bu jana derdeserim,
'Eý, ömre bikaramym.

Eý, meň  tylladan tarlym,
Tylla taryň üzerler.
Men saňa dözmesem-de,
Ikimize dözerler.

Ymaratyň ýer bilen,
Ýegsan eder apytap.
Salyp bizi holtumna,
Towlanar çarhy ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Ýyllar gitdi geçip,
Pes tutduk pygly.
Ýeri, halyň niçik,
Daýzamyň ogly?!

Nädeýin ýaşyryp,
Bagrym gara gan.
Yzyma düşürip,
Gamgyn kölegäm.

Gidipdim birmahal,
Umytdan düşmän.
Geçmiş sähel-mähel,
Ýadyma düşýä.

Oýnardyk daň bile,
Seçerdik nogly.
Bileje seň bile,
Daýzamyň ogly.

... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

Beýik türkmen akyldary hem şahyry Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde taryhyň türkmen aňynyň öňünde goýan meselelerine jogap bermäge synanyşdy. XVIII asyrda türkmeniň taryhy ýaşaýşynda täze döwür başlanýardy. Täze taryhy döwrüň esasy manysy bolsa geçişe syrygýardy. Halk Merkezi asyrlardan Täze döwre geçýärdi. Şonuň üçin hem Azadynyň öz eserinde goýan hem paýhasynyň çatdygyndan ... Doly oka »

Категория: Filosofiýa | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

1.

Mämmet işden müň küýüniň birine ymykly örklenip, aýaly bilen nähili gürleşmelidigini, näme etmelidigini kemsiz bişirip geldi.
Sadap işden gelen adamsynyň ýüzüne seredenden onuň bir aladajygynyň bardygyny derrew aňdy. Heý, Sadap aňmazmy?!
– Näme habar, Mämmet!
Mämmet soragyň jogabyny bilgeşleýin garaşdyrdy:
– Bu işimden iş bolmaz meniň, Sadap. ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 17 |