« 1 2 ... 16 17 18 19 20 21 »

Üç yklymyň çar künjegine ýaýran oguz iliniň merdana nesilleri bolan türkmenler häzirki wagtda bir-birlerine nähili derejede meňzeýärler?
Olaryň fiziki aýratynlyklarynda bolan umumylyklary nähili anyklap bolar?
Bu soraglara jogap bermek üçin dürli ýerlerde ýaşaýan türkmenleriň suratlaryny deňeşdirip görmekligi makul bildik.
Stambul we Kaýseri boýunça geçirilen barlaglar biri-bi ... Doly oka »

Категория: Edebi makalalar | | Теги: Direliş edebiýat Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

■ hem-de onuň gadymy edebiýatymyzda teswirlenişi

Dürli taryhy döwürlerde agyr külpetleri başdan geçiren, iň gadymy halklaryň biri bolan türkmen halky uzak asyrlaryň dowamynda beýik arzuw-islegler, geljege bolan uly umytlar bilen ýaşap gelipdir. Ol berkarar döwlet gurmak, halkyň agzybirligi, ar-namysy, ýurdunyň parahatçylygy, il-günüň abadançylygy ugrunda göreş alyp barypdyr.
... Doly oka »

Категория: Edebi makalalar | | Теги: Jora ALLAKOW Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Birinji kyssa

• ATDA TAPAGANY GÖREN HATAM TAÝ ÝÖNE BAŞYNY ÝAÝKAP DURMUŞ

Bu dünýäde adamlar däl-de, ynançlar ýaşaýar.
Bu dünýäde adamlar däl-de, ynançlar söýüşýär.
Bu dünýäde ynançlar gürleşýär, ynançlar düşünişýär.
Bu dünýäde ynançlar garpyşýar.
Adamlar — ynançlaryň isleglerini ýerine ýetirijiler.
Ynanç söýgä-de, ýigrenje ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Kertik aga ýarygije oýandy.
Daşary çykmaly.
Ol daşary çykmajak, çykmalydygyny ýadyndan çykarjak, uklajak bolup çalyşdy. Eýlesine bir agdaryldy, beýlesine-de bir. Haýsy tarapyna agdarylsa-da bolmandan soň, närazylyk bilen ýerinden turup, ýeňlemek üçin mellegiň aýagujuna tarap ugrady.
Alagaraňkylyk. Öňem-ä gözleri çöňňe. Alagaraňkylykda oňly görünýän zat ýok. Ýöne, ýöremeli bola ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Esli meýdany tutup ýatan içi şor-kebir, ýönekeý dilde “Ýeroýlan” diýlip atlandyrylýan şol çöketligiň ady Badhyz belentlikleriniň resmi kartasynda “Ýeroýlanduz” diýlip bellenen. Badhyz baýyrlyklaryny etekläp oturan Sarahs etrabynyň ilaty bolsa ol oýa “ýomut gyrlan” diýýär. Oýuň bu adyny olar sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda hökümetden gaçyp Owganystana b ... Doly oka »

Категория: Taryhy makalalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |

– Arçmana gidemde şäherimiziň dükanlaryna aýlanmaga wagtym bolmady. Şäherde bary-ýogy on minut töweregi bolandyryn-da. Şähere gidýän bolsaň, Atageldi, balam, meni ýanyň bilen äkit. Sen şäherlik işini bitirýänçäň, men şähere aýlaň-çaýlaň edip çykaýyn. Gaýdaňda-da meni alyp gaýdyber – diýip, Kertik aga şeýle bir gygyryp gürledi, onuň şähere gitjek bolýandygyny eşidip Hemra Illew alakj ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Aşyk-magşuk ýüzün sallap ýanaşyk,
Bag astynda oý-pikire çümüp dur.
Asmanyň hem gyzyň ýüzi gamaşyk,
Dymyk howa ýaly, olar dymyp dur.

Birden husyt asman atdy topuny,
Buludyň öýkesi ýazyldy gitdi.
Kineli göwünler açdy sepini,
Ballyja dodaklar çyzyldy gitdi.

Çeşmäň suwy ýaly durudyr ýaşlyk,
Özümem ýaş boldum, ýetik aslyna.
On ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Kalbym käte azar berýär tomusda,
Ajy ýatlamalar üstümden gülýär.
Ejizleýän, basmarlaýar gam-gussa,
Şonda-da durmuşda ýaşasyň gelýär.

Maňa balyn hödür edýär balçylar.
«Git» diýýärler Gara deňziň boýuna.
«Saglygyňy dikelt, keýpiň açylar,
Tomaşa eýleseň gülroýyna».

Men durmuşda kän dostlary ýitirdim,
Olaryň ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 17 |

Suratyny alyp köne hramyň,
Daglaryň üstünden syryldy duman.
Içinde ýatan dek, haşamly jamyň,
Güne owsun atýar, durna göz Sewan.

Alysda dumanly daglar görünýär,
Guşlar dury suwda kakýar heşelle.
Ukusyz adam dek, bulut gerinýär,
Köne ýyl öwrümde, bu-da kyrk çille.

Ybadathanada ýüz ýaşly goja,
Ararat dagyna intizar bakýar.
D ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Geçeni ýatlamak ynsana kada,
Menem iller ýaly şol kada maýyl.
Ýelýürek jahyldym seniň husnuňa,
Badyhowa göwün bolanda maýyl.

Arzuw kyldym-bahar bolsam bagyňda,
Gözlerimde çakdy otly ýyldyrym.
Iki dünýä sygmady bir gursaga,
Hasabyn kim berer köýen ýyllaryň?

Onuň üçin senden soralmaz hasap,
Menem özüm üçin çykarman kanun.
Ý ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |