« 1 2 ... 6 7 8

Ýyllar gitdi geçip,
Pes tutduk pygly.
Ýeri, halyň niçik,
Daýzamyň ogly?!

Nädeýin ýaşyryp,
Bagrym gara gan.
Yzyma düşürip,
Gamgyn kölegäm.

Gidipdim birmahal,
Umytdan düşmän.
Geçmiş sähel-mähel,
Ýadyma düşýä.

Oýnardyk daň bile,
Seçerdik nogly.
Bileje seň bile,
Daýzamyň ogly.

... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

Göwnüñ ýukalypdyr çaga mysaly,
Şonda-da, dag deýin, arkamda berk sen.
Baranymda didaryñy küýsegläp,
Kaka, kalbyma hem öýüñe görk sen.

Biraz ýegşeripdir, durmuş ýükünden,
Arkalaryñ, çaga wagtym hopbalan.
Çaga wagtym diýen bolýanam welin,
Indi berin ýük däldir-ä, balalañ.

Herimiz bir öýde gitsegem örñäp,
Ýagyrnyña ýa henizem ünjü ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa Дата: 16.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 19 |

Kalbymda kök urup, şinesin ýaran,
Aýdaýyn syrlarym diñlesene ýar.
Saña bolan yşkym etse diwana,
Meniñ bu halymy geñleme sen ýar.

Duýañokmy, ýa diýmadyk bolýañmy,
Öz janymdan eziz görüp söýýänim.
Gözlerime bakyp, bagryña basyp,
Aýdaýsañ söýgüñi aýnar diýýämiñ.

Ýok aýnaman, seniñ aýtjak sözlerim,
Ömürboýy garaşýanym ahyry.
... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa Дата: 16.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Diñlesem taryhyñ ýañyn,
Kerwen geçen ýollaryñ bar.
Şu güniñde, geçmişiñde,
Şan-şöhratly illeriñ bar.

Nazar salsam geçmişiñe,
Mert pederleñ ýolun yzlap.
Buýsañçdan doludyr başym,
Gutarma ýok, waspyñ sözläp.

Tirsegine galdy belki,
Türkmen ruhy, jana gelip.
Geçmişiñden ylham alyp,
Joş Watan, heýjana gelip.

... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa Дата: 16.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

Jogap bermän, ýeke agyz geplemän,
Sen nämüçin ýigidi kän kösediñ.
Zaryñy çekipdir telim hepdeläp,
Halyña dözmedim, synlap keseden.

Siziñ ýanyñyzdan geçipdir ýoly,
Işe, toýa, garaz, nirä gitse-de.
Hamana, ol göze ilmeýän ýaly,
Yşk derdini ýeñletmänsiñ pisseçe.

Bileñok, gedemlik ~ akmagyñ däbi,
Sen onuñ ýüzüne äñetmänsiñem.
... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Çary Ýegenmyradоw Дата: 16.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

DURMUŞ

Ýaşym 12...
Ne-hä boý ýeten gyzdym.
Ýok, çaga-da däldim bökjekläp ýören.
Çekinerdim ogşamaga kakamy,
Hem ejemiň gujagynda ýatmaga...
Geňsi tüýsler bardy kalbymda örän –
Bukardym zülpümi ýaglygym bilen
Belki, bu adatdyr oba gyzlarna?!
Bilmedim,
ozal täzeje köýnek geýäýsem,
Güjeñlärdim goňşularmyñ baryna.
... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Gurbanjemal Annakоwa Дата: 16.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

1-10 11-20 ... 51-60 61-70 71-76