« 1 2 ... 5 6 7 8 »

Aşyk-magşuk ýüzün sallap ýanaşyk,
Bag astynda oý-pikire çümüp dur.
Asmanyň hem gyzyň ýüzi gamaşyk,
Dymyk howa ýaly, olar dymyp dur.

Birden husyt asman atdy topuny,
Buludyň öýkesi ýazyldy gitdi.
Kineli göwünler açdy sepini,
Ballyja dodaklar çyzyldy gitdi.

Çeşmäň suwy ýaly durudyr ýaşlyk,
Özümem ýaş boldum, ýetik aslyna.
On ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Kalbym käte azar berýär tomusda,
Ajy ýatlamalar üstümden gülýär.
Ejizleýän, basmarlaýar gam-gussa,
Şonda-da durmuşda ýaşasyň gelýär.

Maňa balyn hödür edýär balçylar.
«Git» diýýärler Gara deňziň boýuna.
«Saglygyňy dikelt, keýpiň açylar,
Tomaşa eýleseň gülroýyna».

Men durmuşda kän dostlary ýitirdim,
Olaryň ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 17 |

Suratyny alyp köne hramyň,
Daglaryň üstünden syryldy duman.
Içinde ýatan dek, haşamly jamyň,
Güne owsun atýar, durna göz Sewan.

Alysda dumanly daglar görünýär,
Guşlar dury suwda kakýar heşelle.
Ukusyz adam dek, bulut gerinýär,
Köne ýyl öwrümde, bu-da kyrk çille.

Ybadathanada ýüz ýaşly goja,
Ararat dagyna intizar bakýar.
D ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Geçeni ýatlamak ynsana kada,
Menem iller ýaly şol kada maýyl.
Ýelýürek jahyldym seniň husnuňa,
Badyhowa göwün bolanda maýyl.

Arzuw kyldym-bahar bolsam bagyňda,
Gözlerimde çakdy otly ýyldyrym.
Iki dünýä sygmady bir gursaga,
Hasabyn kim berer köýen ýyllaryň?

Onuň üçin senden soralmaz hasap,
Menem özüm üçin çykarman kanun.
Ý ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |

Diýýän sözlerime gulak goý, gardaş,
Suw meniň gamymdyr, topragym – tenim.
Garagumuň reňkine çalymdaş,
Meniň güne ýanan goňras bedenim.

Ýedi gat toprakdan nem syzyp ýatan,
Sazagyň köküdirr meniň damarym.
Seň gara synaňa gül ýazyp ýatan,
Bol suwly derýamdyr altyn kemerim.

Çopan ody ýaly közürgär durar,
Maňa meşgeş beren gar ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 20 |

Daglar adamlara meňzeş bolýandyr,
Olaň hem içinde beýgi-pesi bar.
Tebigat daşlara, çal gaýalara,
Terjimehalyny keşdeläp ýazýar.

Ony okap bilýär aňly adamlar,
Aňsyzlar aňmazlar beýle zatlary.
Saňa gürrüň berer nuhuň döwründen,
Ýagyşyňdyr ýagmyryň alamatlary.

Bu joşgunly, akar suw ýaly durmuş,
Daşa ýazýar ynsan terjimehalyn.
... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 21 |

Gadymy Anteýiň aýagyn diräp,
Gyssanan çagynda güýç alan ýeri,
Süňňüm seniň bilen mäkäm badaşan,
Nämäni tutaýyn senden ileri.

Oýarýarsyň säher bilen ukudan,
Daň jemalyn ýüze sylmak ýagşy-la!
Gülleriň gözüňi deşip barýandyr,
Maýsalaň ezilýär bahar ýagşyna.

Egni gök begresli tekiz meýdanlaň
Ak bagtym ýalydyr ak atyzlaryň.
Al ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

▶ Atamyň ruhuna

Başyma al bürenjegi büredäm,
Geldim, ugrat, özgä dodak çöwürtmän.
Garabekde ýatyrmysyň, garadag,
Onuň gara topragyny bagyrtlap.

Atam, garyp atam, ýeriň pestinde,
Nirdeligin tapa bilmän bagtynyň.
Ine, bu gün ýoly düşdi üstüňden,
Seň mekansyz entäp ýören agtygyň.

Ýar bolup saçymy sypanda säher,
Köňlüň ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Torbasyz gedaý gelipdir,
Döşüňe urma, arkadag!
Sen diýip Hudaý gelipdir,
Git indi durma, arkadag!

Ezraýyl ömrüň kirşini,
Ýolup ýegşertdi gerşimi.
Gama gark bolup ýörşümi,
Sen gaty görme, arkadag!

Munda göge tutup seri,
Aman sypan barmy, ýeri,
Ölüm ýeňmek üçin şeri,
Tapylan tärmi, arkadag!

Nazaryňa düşme ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

▶ UMYT DÜŞELGESINE
PELSEPELER  SYÝAHATY

Ýürek kalpda heserim,
Göwrede bikararym.
Bu jana derdeserim,
'Eý, ömre bikaramym.

Eý, meň  tylladan tarlym,
Tylla taryň üzerler.
Men saňa dözmesem-de,
Ikimize dözerler.

Ymaratyň ýer bilen,
Ýegsan eder apytap.
Salyp bizi holtumna,
Towlanar çarhy ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |