19:08

Hat - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Hat

“Hat gelmedi” diýip çekmegin gussa,
Gaýtam garaş öňküdenem on esse.
Mendirin - şol alabahar günleri
Agaçlar pyntyklap,
Şemal öwüsse.

Oglanlaň köpüsi barandyr gaýdyp,
Sorasaň, salamym bererler aýdyp,
Bardyryn men,
Ýaşap ýörüs sag-aman,
Göwnüňe getirme, ýokduryn öýdüp.

Ýalňyz günüň sora ýalňyzlygyňdan,
Gamgyn günüň sora gamgynlygyňdan,
Güneşden, ýeňişden, aýdymdan sora,
Olar saňa habar ýetirer menden…

Ýene-de nämeler aýtsamkam saňa,
Şeýle bir dürrüň kän aýdyp-diýere.
…Gije orun berip gyrawly daňa,
Ýene bahar geldi biziň bu ýere.

Yranyşyp berýozalaň şahasy,
Aýdyma başlady telleri bilen.
Örtüldi üstümiz al-elwan bolup,
Eneleň getiren gülleri bilen.

Boýny galstukly sakçylar gelýär,
Gülleň terligini saklamak üçin.
Ter gülleri – ter dünýäni syn edip,
Aýlanyp ýörüs biz älemiň için.

Gursagy nygmatly pasyllar gelýär,
Ilkinji sowgadyn bagryna basyp.
Ine, şeýdip ýaşap ýörüs müdimi,
Dünýäniň sesine biz gulak asyp.

Bilýän hat gelmesi kesildi diýip,
Gijeler, gündizler garaşansyň sen,
Berjaý edip ýörkäm soňky buýrugy…
Bu haty ýazmaga ýetişmedim men.

 

Halyl KULYÝEW


Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Admin | Теги: Halyl Kulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Halyl KULYÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar