19:09

Toýda okalan goşgy - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Toýda okalan goşgy

Özlerine ogul gerek bolaýsa,
Gyz hem bolsa, Ogulgerek diýerler.
Gundaglyja aglap ýatan bäbegi
Ogulgerek, oglum, diýip söýerler.

Şonuň üçin dünýä inen badyna,
Ogulgerek dakypdyrlar adyna.

Ogulgerek dakypdyrlar adyna,
Tutar ýaly ogullaryň deregin.
Wah, olar nireden bilsin ahyry
Biziň Ussamyza gyzyň geregin smile

Ogulhem gerekli, Ogulgeregem,
Geliň dostlar, götereliň tosty biz.
Hem-ä söýülýänleň, hemem söýýänleň –
Aşyk-magşuklaryň söwer dosty biz.

Gyzjagazlar bolsun ekiz-ekizden,
Ogullarnyň her birisi ner bolsun.
Bu dünýäde armanyň nä köpelseň,
Esasy zat – agyzlary bir bolsun.

Bulaň bary bolar gider kem-kemden,
Ir entekler bu barada oýlanmak.
Ilkinji tost çyn söýginiň saglygna.
Ýaşasyn dünýäde söýüp öýlenmek.

Halyl Kulyýew


Категория: Goşgular | Просмотров: 17 | Добавил: Admin | Теги: Halyl Kulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Halyl KULYÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar