19:08

Söweşjeñ dostuma - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Söweşjeñ dostuma

Onda biziň ikimizem çagadyk,
Gülki bilen oýun boldy kärimiz.
Garagoldyk, şadyýandyk, sadadyk
Söýmägede ýetişmändik häli biz.
Aşyk bolup ýörmesek-de gyzlara,
Aşygydyk şadyýanja guşlaryň.
…Ine birden uruş turup jahanda,
Ýüreklere urdy sansyz neşderin.

Kimler ýitirýärdi howandaryny,
Kimseler ogluny, kimler ýaryny,
A biz bolsa poçtalýondyr öýderdik
Bu zatlaryň ýalňyz günäkärini.

Äpet gara sumkasyny gerdenläp,
Aýlanýarka köçeleriň hemmesin,
Howsalaly bakardylar adamlar:
- Göni gitsin…
Biziňkä bir gelmesin.

Indi indi haýran galýan bu zada,
Gör, neneňsi işler bolýar dünýäde,
Şol poçtalýon,
Şol gazaply ýyllarda
Getiripdir şum habarlaň ençesin,
Bir ölüme döz geläýmek aňsat däl,
Ol neneňsi göterdikä şonçasyn?

Kä zatlara düşünsek-de azajyk,
Kän zatlara düşünerden sadadyk,
O zeýelli gowgalary näbilsin
Peýwagtyna oýnap ýören çagajyk.

Aýlar geçdi…täze oýun tapyldy,
“Bedew atlar” dört tarapa çapyldy.
“Awtomatly”, “bäşatarly” “jigitler”
“URA!” diýip, öňe bakan topuldy.
Uzak frontlarda atylýan oklar
Edýärkä her günde ençeme gurban,
Biziň “urşumyzy”
Biziň “soldatlar”
Mydam
Şatlyk bilen ederdi tamam.

Günbe-günden barha artyp badymyz,
Duşmany ýakýardy biziň odumyz.
Beýik ynam bilen arman-ýadaman,
Arzuw etdik: “Arzuwlarmyz ýer alar”.
Şeýdip ölmän ýeňşe ýetdik sag-aman,
Galsa-da ýürekde bitmez ýaralar.
…Dostum, indi özüň bolupsyň ata,
Dur anha çagalaň daşyňy gallap
Ýyllar bizi köp güzerden geçirdi.
Indi biz çaga däl, biz köne soldat.

Halyl Kulyýew


Категория: Goşgular | Просмотров: 31 | Добавил: Admin | Теги: Halyl Kulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Halyl KULYÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar