19:16

Warrygyñ hekaýaty - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Warrygyñ hekaýaty

“Keýmir körüň ýigitleriniň biri Warryk batyryň çowlugy Warrygyň hekaýaty”

(Degişme)

Bir gün Warryk gaýdyp geldi uruşdan,
Görmäge göz gerek, döşi medally.
Doldy töweregi şat ýylgyryşdan:
“Biý-ä ýigit bolaýypdyr edaly,
Görsene, gyz, döşündäki medaly!

Oturyp-turşuna etseňizläň syn,
Şinelem özüne tikilen ýaly…”
Bu sözleri eşden bolmaggy mümkin.
Birden üýtgäp gitdi Warrygyň haly,
Sypaşdyrdy döşündäki medaly:

“Bir gezek Polşanyň araçäginde
Faistlere garşy açanmyzda ot,
Sümme tokaýlygyň aňry çetinde
Çykdy garşymyza ýetmiş pulemýot,
Asmanda-da… ýene şonça samolýot.

Ýigitlere buýruk berdim şo zaman,
Ýok etmeli ýerden gelen belany.
Yzlaryny şaýradýança aýamaň!
Özüm bir zat etjek borun howany.
Gyryberiň, ot ýatyran mysaly!

Şeý diýdim-de, bombalary ýekme-ýek
Gapaga-da zyňyberdim yzyna.
Günortana çenli baryn edip hek,
Faşistleri çökerdik biz dyzyna;
Bombalary zyňyberdim yzyna…”

“Bir gezek”, “bir gezek…”
“Ýene bir gezek”.
Asyl bu “gezekleň” gelmedi ardy.
Ýeňiş bilen tamam boldy “her gezek”.
Ne yza çekildi,
Ne-de bir ardy.
…Medalynyň welin taryhy bardy:

Bir gün çekilmeli bolanda yza,
Geldi Warryk begiň gaty gahary.
Ot-ýalynyň, gaý-tupanyň içinden
Alyp çykdy iki bedre nahary,
Gazaply ýanwaryň sowuk säheri.

Edermen aşpeziň eden işine
Köpler haýran galyp, agzyn açdylar.
Gutlap,
Medal dakyp onuň döşüne,
Ýylyja nahary deň paýlaşdylar.
Tutuş rota bolup deň paýlaşdylar.

…Pyňkyrdylar obaň käbir gyzlary,
Bu üýtgeşik gülkä bolmady çydap.
- Kellesine ok degeni “çyn” eken.
Gahryman bolupdyr bulamak bulap,
Bu üýtgeşik gülkä bolmady çydap…

Gülüň, gyzlar, gülüň!
Ýöne bir zady
Siziňem mazaly bilmegňiz gerek.
Şol gün şöhratlandy Warrygyň ady:
Hüjüme başlady müňlere derek
Onuň duzun iýen bir rota ýürek.

Halyl KULYÝEW.


Категория: Goşgular | Просмотров: 13 | Добавил: Admin | Теги: Halyl Kulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Halyl KULYÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar