« 1 2 ... 4 5 6 7 8 ... 20 21 »

- Saklan balam, saklan!!.
Ene eñräp gapa gerñeldi. Küýkerişen bili, birden ýazylana dönüp, syrdym, jahyl ogly bilen boýdaş bolaýdy.
- Hudaý alar arymyzy, it igi edip. Gitme, beýgim!
- Goý-ber-r, Eje-e!! Goý-ber-r, diý-ýän-n!!
Söýünçli gözler biri-birine otlukly bakdy.
Ene elewredi:
- Ganojakdyr, olar...
- Aý-ryl-l!!
Ene ýakasyny sermenekleşdirip, ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

Dañdan dag başyna çöken duman ýukalyp-ýukalyp aýryldy. Çatmanyñ içi has-da ýagtylanan ýaly boldy. Ertirlik çaý-çöregini edinen gojadyr agtygy daş çykdy. Ikisem dag eteginde, düme ýere ekilen gawun-garpyza ser saldy. Güýzüñ ilkinji günleri howa çigräpdi. Süýjüliginden darkyldap ýarylan gawunlaryñ ömri paýawlaýardy. Ýöne tomsuñ soñragynda ýagan ak çabga gawun güýzäp ýatyrdy. Goja agtygyna: " ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Çöññelen gözlerini serilgi kakmaçlara dikdi. Täzeje. Suwly ganjagazlaryñ damýanlygy saýgardýar.
Ol tamşandy. Çopan kölegede ymyzganypdyr. Läheñ goýun iti bolsa beýleräkde garysyna ýassanyp irkiljireýär. Hemişeki kuwwaty bolanlygynda şol ýatan sürüden bir çebiş ýa-da toklyny alyp asmana galardy. Hany o günler. Öñler bölek lukma üçin ýuwdunyp amatly pursata garaşyp durmazdy. Hawa, ol ogurly ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

Şäheriñ merkezindäki et dükanynyñ içi hümerlenişikdi. Şeýle-de bolsa, galmagal-gowur ýokdy, her kim nobatyna alyp durdy. Hortañ, ýañaklary içine çöküşen satyjynyñ mañlaýyndan düwmelenip-düwmelenip der akýardy. Daşyndan göräýmäge ol şunça märekä hyzmat edýänligine monça ýalydy. Et satyjysyna alyjylary razy etmek ýeñil-ýelpaý işem däl-ä.
Nobaty golaýlan orta boýly, etleki adam: "Şeýtan ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

MAŞAT-MISSERIAN

Seleñläp dur gadymy ýadygärlik,
Geçen eždatlaryñ ykbaly bolup.
Çapawulçylyklañ, gyrgynçylyklañ,
Topraga siñdiren al gany bolup.

Pyragynyñ gõrsem diýip arzuwlan,
Sypady başymy bady-sabasy.
Dehistanyñ baýry täsin bir dünýä -
Gelip dur geçmişiñ ýañy-sedasy.

Ýere ýegsan bolan şäheri gõrüp,
Göze gubar do ... Doly oka »

Категория: Powestler | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 5 |

Beýik depä meñzeş, gylyç bilen kesilen ýaly iki bölek çägäniñ ortasyndan düýe ýodajygy geçýär. Saç-sakgaly ösgün ýolagçy şunuñ günbatar tarapdakysynyñ gyrasyna geldi. Holha-da oba, heniz ýatmandyr. Itleriñ üýrýän sesleri eşidilýär. Güýzüñ başy bolsa-da, gije çigräpdir. Ýöne bu çigreklik onuñ köz salnan ýaly gursagyny sowadyp bilenok. Teşnelikden ýaña agzyna sygmajak bolýan dili bilen ýarçyk-ýar ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 6 |

Howa barha garalyp, ýagşyñ ysy gelýärdi. Dagyñ etegini syryp gidýän gumak ýol bilen eñip barýarys. Ýagşyñ ilkinji owunjak damjalary ýüz-gözümize syçrap ugrady. Motosikletiniñ gazyny barha galdyrýan Merdan maña gygyrýar:
- Berk ýapyş, ýykylaýma. Öñde uly gowak bar. Şoña ýetýänçäk, gaýrat et!
Biz ol gowaga özümizi atýançak, kemsiz ezildik. Içinde bir süri goýny arkaýyn ýerleşdiräýmeli ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Oraz GUWANJALYÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 7 |

Gazetimiziň 7-nji sentýabrdaky sanynda Daşhowuz şäherindäki 19-njy mekdebiň 9-njy klas okuwçysy Maksuda Çowdurowanyň başga planetalylar bilen gatnaşygy barada informasiýa berlipdi. Şondan soň bu wakanyň nähili bolup geçendigi bilen ýakyndan tanyşmak üçin şol mekdebe baryp. M. Çowdurowanyň özi hem-de onuň ejesi Ş. Eşmyradowa, mekdep direktory Ş. Allamow dagy bilen gürrüňdeş boldum. Öňi bilen gaz ... Doly oka »

Категория: Geň-taňsy wakalar | | Теги: Toyly Öwezow Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 5 |

Döredijilik komandirowkasynda gezip ýören hudožnikler Hakberdi Halykow bilen Ýagdy Nurnepesow sowhozyñ iñ ökde çopany Gorkut aganyñ goşuna gelip, dik duran ýerlerinden adama bir okara düýe çalyny gönderip-göndermänkäler guýynyñ gündogar tarapyndan ilk-ä bir: "Hä-äýt, hä-häýt!" diýýän haýbatly ses eşidildi, yz ýanyndanam bosuşyp gelýän bir süri goýun göründi.
Süriniñ gapdaly bile ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma HUDAÝGULYÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 5 |

Şu wagtlar Ufologiýa degişli görkezmeleriň bardygyna ynanýan adamlar ynanmaýanlardan gaty köpdir. Olar ilkinji nobatda şaýatlar, şeýle hem kosmiki siwilizasiýanyň problemalary we Ýerde ýaşaýyşyň döreýşi bilen gyzyklanýan adamlardyr. Ynanmaýanlaryň sany örän az, olaryň pikiriçe hiç hili näbelli uçýan obýekt ýok, aýdylýanlaryň hemmesi toslama, ýerliksiz degišme, ýa-da gallýusinasiýa. Mysal üçin M ... Doly oka »

Категория: Geň-taňsy wakalar | | Теги: Kosmos dünýäsi Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 5 |