« 1 2 ... 8 9 10 11 12 ... 20 21 »

Ýagyş ýagjak bolýar.
Howa bulaşyk.
Asmanyñ ýüzüni kerepläp tutan
Ikiýan urunýan gara bulutlar
Sümükden doluşan çagañ burny deý
Suwly tumşugyny göterip bilmän
Daglañ arkasyna syñkyryp, çyrşap
Gaçyp gitmäñ emelini gözleýär...
Terk edilen şäher ýaly içgysgynç
Neneñsi biderek, bimany dünýä
Dolap almak üçin hapa gujagna
Gözýetimde tüw ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

On sekiz ýyl owal...
2000-nji ýyl.
26-njy mart.
Gyzyl ploşad.
Prezident saýlawnyñ öñüsyrasy...
Ýüzünden ýagdyryp gaýgy-görgüsin
Pensiýa gitmezden öñ iñ soñky gezek
Gahryman halkynyñ öñüne çykyp
Ýelsin çykyş edýär,
Halka ýüzlenip,
Tüýs ýüregi bilen ötünç soraýar
Elini gursagna mertlerçe goýup.
Diýseler-de oña hernäçe gende ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

Entek seni bir gezegem görmändim,
Sen wysaldyñ ýetilmedik armandyñ.
Emma men kalbymyñ gözleri bilen,
Seniñ näzli gözleriñi görýärdim.
Aý dek nurly gözleriñi görýärdim,
Basyp giden yzlaryñy görýärdim.
Görýärdim, nur bolup dogjak söýgimi,
Görýärdim, azalýan gussa-gaýgymy.
Çünki seniñ sesiñ eşden çagymam,
Bu dünýäde bagtly saýyp özümi,
Yk ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Dostlar,
Gödek görmäñ aýdan sözümi
Ýa dogry sözümi ýerliksiz görüp
Öýkelemäñ menden biderek ýere.
Çünki men barybir ýazman bilmerin
Çykyşy deý kalpdan,
gelşi deý sere
Beýan edip has täzeçe usulda
Görnüp duran Hakykaty özümçe...
"Goşgulary hapa,
özü-de howply"
diýip ýañraýana hetdini bilmän
Ýörenlere hergiz ýamanly ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 160 |

Köçe.
Saba çagy.
Iñlär siñek ýok.
Swetofor.
Gyzyl-ýaşyl yşyklar...
Sütüne alnyny dirän awtoulag
Burugsap duran motor...
Aýna döwükleri.
Mynjyran kapot.
Maşynda hyrkyldap ýatan bir kişi
Gysylan gapyny açyp bilenok...
Kimdir biri jañ edýämi, nämemi
Oturgyjyñ aşagynda bir ýerde,
Zaryn owazyny çalýar telefon.
Gana ç ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Gije ýarym boldy.
24:00.
Uka çümen şäher.
Asuda asman.
Aladasyz nurun saçyp duran Aý.
Gep gözleýän ýaly gözün mölerdip
Ýüzüme çiñerlip bakýan ýyldyzlar.
Yşykly sütünler.
Uzaýan bardur.
Çolaran köçeler.
Boşan duralga.
Alga alman ukusyny it-guşuñ
Göýä öñ bir-birin görmedik ýaly
Kellesin göçürip ýumruk mysaly
Hylwa ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 7 |

1990-njy ýylyň 18-nji aprelinde, sarahsly mugallym, Beýik watançylyk urşunyň weterany, jurnalist Berdi Töräýew bilen şol raýonyň Birinjii Kiçiaga obasynda ýaşaýan, 82 ýaşly goja Ýagmyr Ýazberdi oglunyň öýüne myhmançylyga, has dogrusy döwür barada gürrüňçilige bardyk.
Ýagmyr aganyň gürrüňçil adamdygyny men öňem eşidýärdim, emma henize çenli söhbetdeş bolup görmandim. Daljygyp-daljygyp gepl ... Doly oka »

Категория: Edebi tankyt | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

Ýadyña düşýämi: mermer şäheriñ
Ilersinde äpet ýaşyl baýdagyñ
Säher çagy şuglasyna Güneşiñ
Berkarar watanyñ bagtly halkyna
Gözüñ gamaşdyryp pasyrdap durşy...
Oñat ýadyña sal, şol ýaşyl tugy
Birden gözüm ýumlup, ölmeli bolsam
Eger eliñden gelse sowan meýdimi
Şol tuguñ astynda depin et, dostum...
Çünki hemmeleriñ sag gapdalyna
Kybla ýüzün ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

"Gözler kalbyñ aýnasydyr..."
Ahmet Seljuk Ilkan.


Eý, gamhory janany dil,
Apaty jan, bu ne sudur?!.
Çigildem göz, gyrmyzy gül,
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Pynhan pynhan duýgularyñ,
Aýanlyga gaýmasydyr.
Sokurlara men neýläýin?!.
Gözler kalbyñ aýnasydyr.

Ynjap ýadan ýürekleriñ
Yşka tarap taýmasydyr ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 18 |

Enem Ogulgeldiniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.

Öýe gelip Ogulgerek ejäniň mazasy bolmady: ysgynsyzlykdan ýaňa aýagy titredi, maňlaýynda görnen sowuk der hem onuň ragbatyny özi bilen alyp çykaýana meňzedi. Ol başyny ýassyga goýanyny kem görmedi.
– Wah, ejesi, gitmeli däldiňiz-dä. Ynha, indi wagty bilen özüňizi tutup bilmersiňiz – diýip, Güller eje segse ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |