11:53

Adyñyz owadan bolsun - Edebi makalalar


Awtor:
Bölüm: Edebi makalalar
Materýal: Adyñyz owadan bolsun

Allanyñ ýaradan bendesine, özüñiz ýaly birine göwniýetmezçilik edip ýa-da ýañsylamak maksady bilen at dakmak erbet gylyk-häsiýetleriñ biridir. Ata-babasynyñ adyny yzyna tirkäp ýa-da elinden gelýän hünärine, meşgullanýan kärine (mugallym, balykçy, çopan we ş.m) görä at dakmak oñlanylýar. Dini şahsyýetleriñ adynyñ yzyna hormatlamak we derejelendirmek üçin (s.a.w - salallahu aleýhi wesellem), (a.s - aleýhissalam), (r.a - radiallahu anh ýa-da rahmatullahu aleýh), (k.s - kuddise sirruh) ýaly atlaryñ tirkelmegi adam adyny götergileýjin sözleri tirkemegiñ bolýandygyny görkezýär. Umuman adam adynyñ yzyna ýañsylaýjy lakam dakmak hiç haçanam halanylmaýar. Biz bu gezek lakam barada däl-de, adam ady barada gysgaça durup geçeliñ.
"Erbet ady owadan ada öwüriñ!" diýen Hadysdan ugur alyp, adamlar çagalaryna erbet at dakmajak bolmaly. Biz türkmenler käte yrym-ýom diýip "Italmaz", "Güjük", "Porsy", "Gotur", "Bessir", "Doýduk" ýaly dakaýmagymyz bar. Bular ýaly atlar dakylan çagalaryñ köpüsi kämillik ýaşyna ýetensoñ, öz atlaryndan utanyp gezýärler. Musulman adama owadan at dakmak sünnetdir. Oñaýsyz hasap edilýän ady başga ada öwürmek hem bolýar. Mysal üçin, Dört Çaryýarlaryñ birinjisi Hezreti Abu Bekir Syddygyñ (r.a) yslamdan öñki ady Abdylkäbedi, Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bolsa bu adyñ ýerine Abdylla dakypdyr.
At dakmak meselesinde juda seresaply çemeleşmelidir. Çaga aşa şöhratlandyryjy atlary dakmajak boluñ. Meselem "Reşit", "Emin" ýaly atlary oñarsañ dakmaly däl. "Muhiddin", "Nureddin", "Fahreddin", "Şerefeddin", "Jemaleddin" ýaly atlary çagañy kämil edep-terbiýe berjegiñe, halal şahsyýet edip ýetişdirjegiñe gözüñ ýetse dakmaly. Çünki bu atlar şöhratlandyryjy we agyr atlardyr. Yslama laýyk gelmeýän durmuşda ýaşaýan adamyñ bu atlar bilen gezmegi mekrudyr. Çagasyna bu atlardan birini goýup, şol ada mynasyp ýaşadyp bilmedik adamyñ berjek hasaby agyr boljakdygyny unutmañ.
Ibni Abidin diýen alymyñ kitabynda çaga dakyljak atlaryñ arasynda iñ gowusynyñ Abdylla, ondan soñra Abdyrahman, ondan soñra Muhammet, ondan soñra Ahmet, ondanam soñra Ybraýym boljakdygyny aýdýar. Şeýle hem Allatagalanyñ atlaryndan bolan Aly, Reşit, Eziz ýaly atlary-da daksañ bolar. Emma bu atlar tutulanda gaty seresaply bolmaly. Kimdir birine sögünjek bolup, bu atlar dakylan adama sögýändirin öýtmäñ..... Köp nokada düşünen bolsañyz gerek. Muny bilibem edepsizlik eden dinden çykar we kapyr bolar.
Rahman, Rahym, Samat, Jepbar, Jelil, Kadyr ýaly Allanyñ atlaryny oñarsañyz göni dakmañ, öñüne "Abdy(l)" (mysal üçin: Abdysamat, Abdylkadyr..) ýa-da yzyna "guly" (mysal üçin: Jepbarguly, Rahmanberdi) goşulmasyny goşup goýuñ.
Şeýle hem adam adyny doly tutsañyz birinjiden-ä etikanyñ kadalaryny ýerine ýetirdigiñiz bolar hem mundan lezzet alarsyñyz, ikinjidenem doly ady tutulanyñ özüñize mylakatly we hoşniýetli çemeleşmegine sebäp bolarsyñyz. Galyberse-de adyñ hormatyny sakladygyñyz bolar. Hasan diýmän - "Hasik", Muhammet diýmän - "Muha", Ybraýym diýmän - "Ibo", Ysmaýyl diýmän - Iska" diýseñiz bu hormatly atlary ýañsa aldygyñyz bolar. Niýetiñizde bu atlary ýañsa almak bolmasa-da, günä gazanmak ähtimallygynyñ döreýändigini ýatdan çykarmañ. Çaga dünýä inensoñ aradan çyksa oña at dakylman depin edilmeýär.
At dakmakda halkymyzyñ baý tejribesi bar. Ilki bilen pygamberleriñ, sahabalaryñ, welileriñ atlary, galyberse-de milli şahsyýetlerimiz bolan Kültegin, Kürşat, Görogly, Oguzhan, Atilla, Alparslan, Ilarslan, Iltutmuş, Beýbars, Jelaleddin, Bamsy Birek, Hantöreli, Ärhasan, Magtymguly, Seýdi, Azady ýaly atlary dakmak halkymyzyñ milli ruhuñ çygrynda kämilleşmegine belli bir derejede ähmiýetiniñ boljakdygyna berk ynanýarys.
 


Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 7 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar