12:11

Aýdaky azan sesi hakynda toslama - Geň-taňsy wakalar


Awtor:
Bölüm: Geň-taňsy wakalar
Materýal: Aýdaky azan sesi hakynda toslama

Sada adamlaryñ añyny bulaşdyrýan ýene-de bir asly näbelli we boş habarlaryñ biri-de Aýda eşdilen azan sesi baradaky toslamadyr.
Aslynda bu toslama nädip ýaýrady?!. Geliñ munuñ has köklerine aralaşalyñ we taryhy nukdaýnazardan seredip göreliñ.
Bilşiñiz ýaly, XX asyr dünýäniñ iñ uly iki güýji bolan ABŞ bilen SSSR-iñ harby tehnologiýa, senagat, ykdysadyýet we ş.m ähli pudaklarda bäsdeşlik geçiren döwri boldy.
1961-nji ýylda sowetleriñ üsti bilen adam ogly ilkinji gezek kosmos giñişligine gadam basdy. Bu bolsa sosialistik dünýäniñ kethudasy SSSR-iñ kapitalistik dünýäniñ kerwenbaşysy ABŞ-na garşy gazanan iññän uly ýeñşidi. Elbetde, amerikanlar muña jogap bermekde gijikmeli däldiler. Olar hem öz gezeginde Aýa uçmaga taýýarlyk işlerini görýärdiler. Jedeliñ başy hem şu ýerde başlaýar. Aslynda amerikanlaryñ 1969-njy ýylda Aýa uçandygy nähili derejede şübheli bolýan bolsa, ony ýalana çykaryjy delilleriñ hem dogrulygy şübhelidir. Biz bu ýerde amerikanlaryñ Aýa uçandygy baradaky pikire gol ýapmaýarys. Şol sanda biziñ bu pikirimiz anti amerikançylaryñ ol uçuşy ýalana cykaryjy delillerine hem ynanýandygymyzy añlatmaýar. Ýöne entek ol uçuşyñ hakykatdygy ýa däldigi şübheli bolýan bolsa, "amerikanlaryñ Aýda azan sesi eşidendigi" baradaky toslamalar nireden gelip çykýarka we biz muña näme üçin köre-körlük bilen ynanýarys?!. Ynha, bize şol gyzykly!
1969-njy ýylda ABŞ-nyñ "Apollo" kosmos korably arkaly Aýa adam ugratmandygy baradaky jedeller dünýä jemgyýetçiliginde häzirem gowur turuzyp gelmegini dowam etdirip gelýär.
Apollo" taslamasy sowuk uruş ýyllarynda ABŞ bilen SSSR-iñ kosmos basdaşlygynyñ bir bölegidi.
"Aýda düşürilen suratlaryñ" montaždygyny öñe sürýänleriñ bu uçuşyñ galpdygyny delillendirýän birnäçe tutaryklary bar. Şol sanda bu tutaryklaryñ hem gutarnykly dogrulugyna göz ýetirilmändigini-de bellemän geçmek adalatsyzlyk bolar.
2000-nji ýyllardan soñ "Apollo" korablynyñ Aýda galdyran yzlary "LROC" kosmos korably tarapyndan surata düşürildi. Bu suratlar Aýyñ üstüni we uçuşyñ yzlaryny açyk görkezýär. Ýöne bu yzlar 1969-njy ýyldaky ilkinji jedelli uçuşyñ yzlarymy ýa ondan soñky uçuşlaryñ yzymy? Bu sowala jogap bermek üçinem amerikanlar goşmaça delili orta goýmaklary (ýa-da bu delili döretmekleri) gerekdir.
1969-njy ýyldaky Aýa uçuşyñ bolmandygy barada pikire ynanýanlar ikä bölünýär. Birinji topar uçuşyñ asla bolmandygyna ynanýar. Dürli çeşmeler şol ýyllarda tehnologiýanyñ heniz ýeterlik derejede ösmändigini, şol wagtky tehnologiýa bilen "Wan Allen" radiasiýa guşaklaryndan geçmegiñ asla mümkin däldigini öñe sürýär.
Ikinji topar bolsa uçuşyñ adamsyz bolandygyny aýdýar. Ýagny, içinde kosmonawtlar bolan kosmos korably Aýa golaýlaşanam bolsa, adamlaryñ biri-de Aýa gadam basyp görmändi. Bu pikiriñ tutarygy bolsa Aýa inişi we Aýdan göterilişi görkezýän suratlaryñ dury dälligidi. Eger bu aýdylanlar dogry bolsa, onda Aýyñ üstüne içi adamsyz korabl inen bolmaly. Muña ynanýanlaryñ aýtmagyna görä, "Apollo" korably ýeterlik derejede ýol aşmandygy sebäpli ABŞ kosmos bäsdeşliginde ýeñlişe uçramakdan gorkdy we montaž suratlary ýaýratdy.
Bu iki pikiriñ haýsysy dogry, haýsysy nädogry, ol entek bize näbelli bolup galýar. Ýöne şonda-da ol bizde Armstrong Aýa inmedik ýerinden nirde azan sesi eşitdikä we ol haçan musulman bolup ýetişdikä diýen soragy welin döretmän goýanok.
Munuñ toslamadygyna göz ýetirmek üçin ilki bilen XX asyryñ dünýä taryhyny we syýasatyny içgin bilmek gerek.
ABŞ-nyñ Aýa uçuş edendigi baradaky ýalan habarlaryñ ýaýramagyny şu aşakdaky sebäpler bilen düşündirmek bolar:

1. Kosmiki bäsdeşlik:

ABŞ garşydaşy SSSR bilen ýiti bäsdeşligiñ içindedi we munda ýeñilmezlik gerekdi. Çeşmelerden çen tutsañ, ABŞ-nyñ Aýa hakykatdanam uçuş etmegi bu ýalany oýlap tapmakdan has gymmada düşýärdi we has howpludy. Bu ýalanyñ ýaýramagy netijesinde ABŞ ujypsyzam bolsa ýeñiş gazanýardy. Munuñ tersine, uçuşy delillendirmäge çalyşýanlar bu galplygy etmegiñ has howpludygyny, SSSR-iñ munuñ ýalandygyny bilen ýagdaýynda dünýä jemgyýetçiligine amerikanlary masgara edip biljek ýagdaýa salmak ähtimallygynyñ bardygyny aýdýarlar. Jedelleriñ özi amerikanlaryñ öz içinde turýar. Diýmek bärde bir bassyr-bussurlygyñ bardygy belli. Sebäp diýseñ SSSR bu uçuşy hiç haçanam ýalana çykaryjy faktlar bilen çykyş etmändi. Gaýtam SSSR "Apollo" korablynyñ Aýa uçandygy barada habar ýaýrandan soñra, özleriniñ Aýa uçmak barada maksatnamalarynyñ ýokdugyny mälim edipdi.

2. Seslenme döretmek:

Munuñ ýaly sebäbiñ bolandygyny aýdýanlaryñ pikir etmegine görä, şol wagtlar ABŞ dilden düşmeýän Wýetnam uruşyndan adamlaryñ ünsüni sowmak bilen birlikde basdaşlary SSSR-iñ gazanan kosmiki üstünliklerini tozana garyp dünýä jemgyýetçiliginde şow turuzmak isleýärdiler.
"Apollo" korablynyñ üstünligi diñe Wýetnam urşy üçin däl-de, şol wagtlar ABŞ-nyñ garşysyna ýüze çykyp biljek ähli ýagdaýlaryñ öñüne böwet basmak üçin Sowuk uruşyñ şertlerinde propoganda serişdesi hökmünde ulanylypdyr.

3. Pul:

"Apollo" uçuş meýilnamasyna goýulan pullar meýilnamany taýýarlaýjylar tarapyndan jübä urulan, ujypsyz mukdardaky pul bilen galp suratlar ýaýradylan bolmagy ähtimallygyny-da öñe sürýärler az däl. Ýöne bular ýaly giñ gerimli bir işiñ ujypsyzja pul bilen amala aşyrylmagynyñ mümkin däldigini hem aýtmak gerek.

4. Howp:

"Apollo" meýilnamasy juda howpludy. Eger bu uçuş hakykatdanam amala aşyrylan bolsady, onda şol wagtyñ tehnologiýasy bilen şowsuzlyga uçramak ähtimallygy ýokarydy. Şol sebäpli meýilnamany ýöredýänler galplyk etmäge mejbur boldular.
Şeýle-de bolsa, şol wagtyñ tehnologik enjamlary bilen Aýa uçuş etmegiñ mümkindigi görünýär. Hatda hernäçe boýun almadygam bolsa, bular ýaly meýilnamanyñ üstünde SSSR-iñ özi hem işleýän eken. Sowetleriñ amerikanlardan gijä galandygy üçin Aýa uçuşy goýbolsun edendigini SSSR dargandan soñra faktlar bilen subut edildi.

Geliñ indi bolsa Aýa uçuşyñ bolandygy ýa-da bolmandygy baradaky jedelleri bir gyrada goýup, şol jedeli edilýän uçuşa gatnaşan amerikan kosmonawty Armstrongyñ musulmandygyny subut etmäge çalyşýan käbir işsizleriñ ondan-mundan alan asly näbelli we delilsiz maglumatlaryna däl-de, Armstrongyñ adyndan berilen beýannamadan okap göreliñ:

"Neil Armstrong,
Ohio, 14.07.1983 ý.
Gadyrly jenap Parşal. Jenap Armstrong meniñ jogap bermegimi we beren soragyñyz üçin minnetdarlyk bildirmegimi towakga etdi. Onuñ yslama geçendigi we Aýda azan sesini eşdendigi barada aýdylýan habarlar dogry däldir. Bu habarlar Malaýziýa, Indoneziýa ýaly ýurtlarda düýbüne göz ýetirilmän ýaýradylan habarlardyr. Biz žurnalistleriñ bu esassyz we nädogry hereketleriniñ netijesiniñ sizde döreden oñaýsyz täsiri üçin ötünç soraýarys.
Jenap Armstrongyñ hut özi telefon arkaly ýaýradylan bu toslamalara bolan garşylygyny görkezipdi. ABŞ-nyñ senatorlygynyñ onuñ bilen geçiren gepleşiginiñ bir nusgasyny munuñ aşagyna goşmak bilen hatymy soñlaýaryn.
Hormatlamak bilen Wiwian WAÝT,
adminstrasiýanyñ kömekçisi".

Aslynda Aýda ýa-da kosmiki giñişlikde azan sesi eşidilip bilermi? Hezreti Magtymguly işanyñ kyýamat goşgularynda "ýyldyzlaryñ ýagyş ýaly döküljekdigi" aýdylýar. Munuñ ýaly kosmiki hadysalar "Gurhanda-da" kän agzalýar. Eýsem äpet ýyldyzlaryñ ýok boluşy, kosmiki giñişlikde bolup geçýän hadysalar, planetalaryñ çakyşmagy sessiz-sedasyz bolup geçýärmi?!. Diýmek adatdan daşary jisimleriñ adatdan daşary bir sesinden söz açylýar. Allatagala islese, diñe Aýda däl, Sakar dowzahy ýatladyp duran Günde-de ses eşitdirip biler. Emma bu hakykat amerikanlaryñ Aýda azan sesini eşdendigi baradaky toslamany hiç hili dogrulamaýar. Kosmosda ses eşidendigini amerikanlar däl-de, hut musulman kosmonawtlarynyñ özleri aýdypdy. Olardan biri-de kosmosa uçan dokuzynjy musulman kosmonawt malaýziýaly Şeýh Muzaffar Şükürdir. Ş.M.Şükür özünden öñ kosmosa uçan kosmonawtlaryñ hiç biriniñem kosmosda azan sesini eşitmändigini, emma muny özüniñ duýandygyny, şol sanda kosmosda geçiren 11 gününde nähili namaz okanlygyny-da gürrüñ berýär.
Makalamyzy ABŞ-nyñ kosmiki gullugy bolan NASA-da birnäçe ýyl işlän we Armstrongy kosmonawtlyga taýýarlanlaryñ biri müsürli Faruk El-Bazyñ sözi bilen jemläliñ:

"Neil şu wagt 74 ýaşynda we Ohioda maşgalasy bilen ýaşaýar. Ol menden sekiz ýaş uly. Elbetde, ol günleriñ bir güni öz islegi bilen yslam dinine geçendigini mälim etse, hemmämiz tüýs ýürekden begenerdik. A tersine ol musulman bolmasa näme bolar öýdýärsiñiz, 1400 ýyllyk yslam güýjüni we ähmiýetini ýitirermi?! Musulmanlaryñ öz dinlerine ynanmagy we buýsanmagy üçin hökman "ýewropaly" biriniñ delili gerekmi? Şeýle bolmalydygyny düşünýänler bu diniñ ýanyna golaýlaşmaly däldir. Çünki munuñ ýaly gözboýagçylykly delilleriñ kölegesine sygynmak isleýänlere, diñe şular ýaly zatlar bilen huzura gowuşýandyryn öýdýänlere, isleseñiz men delilleriñ iñ ajaýybyny aýdyp bereýin:
"Hawa, gaýtalap aýdýaryn. Neil Armstrong ýa-da "Apollo" kosmos korablynyñ kosmonawtlarynyñ hiç biri-de häzire çenli musulman bolmady. Emma olary birin-birin Aýa ugradyp ýene dolanyp gelmeklerine gözegçilik eden mugallymlarynyñ biri bolan men ~ Faruk El-Baz eneden doglan gününden bäri musulman! Boldumy?
Eýse bu delil siziñ üçin ýeterlik dälmi?!"

Taýýarlan: Has TÜRKMEN.


Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 7 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar