11:43

Gybatkeş şäheri taşlap gideli... - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Gybatkeş şäheri taşlap gideli...

Seniñ bilen bir şäherde ýaşaýas,
Bir säheriñ howasyndan dem alýan.
Eý, sen meniñ şahyrana dünýämde,
Iñ mähriban ynsan bilen deñelýän ~

...Hem undup bolmajak beşer çagasy,
Neçüýn, roýuñ görmek kyn düşýär juda.
Elbet, bir gün rowa görer wysaly,
Bizi dar şäherde ýaşadýan Huda...

Ýolda duş geläýjek ähtimalyñ ýok,
Mende bolsa ganatam ýok uçmaga.
Ýogsa seniñ äpişgäñden pel-pelläp
Urnup... barardymam çaýyñ içmäge.

Geçer, deñimizde durmaz bu günler,
Ýat bolar dünýäniñ gaýgy, gahary.
Gepimizi etjeklerden ýüz öwrüp,
Gybatkeş şäheri taşlap gideli.
 


Категория: Goşgular | Просмотров: 9 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar