11:44

Lut kowmunyñ kyssasy - Edebi makalalar


Awtor:
Bölüm: Edebi makalalar
Materýal: Lut kowmunyñ kyssasy

"Lutuñ şähri zynadyr, bary gitdi berbada..."
Gurbanaly Magrupy.

▶ LUT PYGAMBER (a.s)

Lut  pygamberiñ ady arap elipbiýinde: لوط, ibrany elipbiýinde: לוט görnüşinde ýazylýar. Lut pygamber (a.s) häzirki Ysraýyl bilen Iordaniýanyñ aralygynda ýaşan kowuma ugradylan pygamberdir. Ol Ybraýym pygamberiñ garyndaşlaryndandyr, şol sanda Lut Ybraýymyñ pygamberligine iman getirenleriñ ilkinjisidir. Lut kowmunyñ heläk ediljekdigi baradaky habary pygambere ýetirmäge giden üç sany perişde ilki Ybraýym pygamberiñ ýanyna sowlup, oña Yshak atly oglunyñ boljakdygyny buşlaýarlar.
Ýewreý we hristiýan ynanjynda Lutuñ pygamberligine ynanylmaýar.

■ Lut pygamberiñ "Töwratdaky" we "Köne Ähtdäki" keşbi

Lut pygamberi "Töwrat" Terahyñ ogullaryndan Haranyñ ogly we Ybraýymyñ inisi diýip görkezýär. Haran Ur şäherinde ýogalandan soñra Terah ogly Ybraýymy we agtygy Luty alyp Harrana gelýär. Terah ýogalandan soñ bolaa Ybraýym inisini alyp Kengan diýaryna göç edýär. Lut Ybraýym pygamber bilen bile Müsüre hem gidip gelýär. Müsürden Kengana dolanan Ybraýym bilen Lutyñ birnäçe süri goýunlary we sygyrlary bolupdyr. Emma sebitde süýji suwly guýularyñ azlygy zerarly olaryñ çopanlarynyñ arasynda oñuşmazlyk döränsoñ, Lut agasynyñ ýanyndan aýrylyp, Sodom we Gomorra şäheriniñ golaýlaryna göçýär. Sodom, Gomorra, Adma, Tseboim, Bela şäherleriniñ ilatynyñ Elam patyşasy Kedorlaomere garşy turuzan gozgalañynda ýesir düşen Luty Ybraýym pygamber gelip azat edýär. "Töwratda" Sodom we Gomorra şäherleriniñ ilatynyñ her dürli ahlaksyzlygyñ, ylaýta-da jynsy ahlaksyzlygyñ soñky derejesine baryp ýetendigi barada gürrüñ berilýär. Sodom we Gomorrany jezalandyrmak üçin ugradylan perişdeler adam keşbine girip ilki Ybraýymyñ öýünde düşleýärler. Olar Ybraýyma Sodom we Gomorranyñ günäleriniñ juda çökderdigini we Hudaýyñ olary ýok etmekçidigini aýdanlarynda, Ybraýym pygamber ol ýerde gowy adamlaryñ bardygyny aýdyp, bu gazaply karardan dänilmegini haýyş edýär. Perişdeler oña tutuş halkyñ arasyndan on sany gowy adam çyksa şäheriñ heläk edilmejegini aýdýarlar. Emma bu azgyn halkyñ içinden bary-ýogy on adamam çykmaýar. Şol gije Sodoma baran adam sypatly perişdeler Lutyñ öýüne myhman bolýarlar. Sodomlylar Lut pygamberiñ öýüniñ daşyny gabap, ondan gelen myhmanlary özlerine bermegi talap edýärler. Çünki ençeme ýyllaryñ dowamynda beçebazlygy özlerine pişe edinen bu azgynlar gelen myhmanlaryñ perişdediginden habarlary ýokdy we olary öz hapa işlerine bulaşdyraslary gelýärdi. Myhmanlaryny goramaga çalyşan Lutyñ gapysyny döwmäge çalyşan mähelläni gören perişdeler Luty içeri alýarlar we daşardakylaryñ gözüni kör edýärler. Soñra perişdeler Lut pygambere şäheriñ ýer bilen ýegsan ediljekdigini, şonuñ üçinem derhal paty-putylaryny alyp şäheri terk etmekligi buýurýarlar. Aýalyny we iki gyzyny alyp şäherden gyssagly daşlaşan Luta yzlaryna bakmazlygy hem berk tabşyrýarlar. Lut pygamber berilen möhletde şäherden ara açmagyñ mümkin däldigini düşünip, golaýdaky Tsoar atly şäherjige gidýär. Olar şäherden çykan badyna Sodom ve Gomorranyñ üstüne asmandan kükürt we ot ýagyp ugraýar. Iki şäherde-de janly-jandar bar bolsa barsy ýok edilýär. Ýolagçylyk pursatynda Lutuñ aýaly perişdeleriñ tabşyrygyna eýermän yzyna bakýar we duran ýerinde duzly daşa öwrülip galýar.
"Töwratyñ" "Tekwin" kitabynda Lut pygamberiñ iki gyzy bilen bile Tsoar şäherjiginde galman bir gowaga ýerleşendigini aýdýar. Ýewreý ynanjynda Lutyñ neslini dowam etdirmek üçin onuñ gyzlarynyñ kakasyna şerap içirip serhoş edendiklerine we öz huşunda bolmadyk Lut bilen ýakyn gatnaşykda bolandyklaryna, bu gatnaşykdan göwreli bolan uly gyzynyñ Moab atly ogul dograndygyna, kiçi gyzynyñ bolsa Ammon atly ogul dograndygyna ynanylýar. Allanyñ päk pygamberlerine myjabat ýapmakda we ýalan hekaýatlary toslap tapmakda öñlerine adam geçirmedik tüpbozar ýewreýleriñ adamzada beren ýalan hekaýatlarynyñ diñe birjesi bolan bu aýylganç toslama öz köküni Kengan diýarynda has öñ ýaşan bir kowumyñ gadymy mifologiýasyndan alyp gaýdýar. Ol mifologiýada hudaý Eliñ özüne "kaka" diýen iki zenan bilen ýakyn gatnaşyk edendigi we ondan dañ ýyldyzy manysyny berýän "Säher", alagarañkylyk diýmekligi añladýan "Şalim" atly iki ogluñ dogandygy barada aýdylýar. Bolgusyz bir hekaýaty Allanyñ kelamy bolan "Töwrata" sokmakdan utanmadyk başbozar ýewreýler moablylaryñ we ammonlylaryñ ata-babalary bilen Ysraýyl ogullarynyñ Müsürden çykyp gaýdan döwrüne baryp direýan, soñky döwürlerde-de dowam eden duşmançylyklaryna tutaryk edinmekden zerre ýaly müýn duýanoklar. Hamala Lut Ybraýym pygamberiñ ýanyndan aýrylyp başga ýere göçenden soñra onuñ ýewreýleriñ gözünde gadyry gaçýarmyşyn. Şonuñ üçin onuñ ömrüniñ soñky ýyllary barada "Töwratda" beýan edilen bölümler saklanyp galmandyr (ýa-da bilgeşleýin ýok edilipdir).
Rowaýata görä 142 ýaşap aradan çykan Lut pygamberiñ mazary El Halylyñ gündogaryndaky Beni Naim obasynyñ ýakynyndadyr.

■ Lut pygamberiñ "Gurhandaky" keşbi

"Gurhan" Lut pygamberiñ adyny pygamber hökmünde 27 ýerde agzap geçýär. Şeýle biziñ mukaddes kelamymyz Lut pygamberiñ "Töwratda" aýdylyşy ýaly agasy Ybraýym bilen çopanlarynyñ arasynda bolan oñuşmazlyk sebäpli däl-de, pygamberlik missiýasy bilen Sodoma gitmeli bolandygyny aýdýar. Lut pygamber kowmuna Hudaýa garşy gitmekden saklanmaklaryny, özüne iman getirilmegini, aýallaryñ deregine erkek bilen erkegiñ ýakyn gatnaşykda (beçebazlyk) bolmagyñ ullakan azgynlykdygyny we külli günädigini aýdyp, bu ahlaksyzlyklardan daşlaşmaga çagyrýar. Azgynlykdan ýaña gözleri gapylan kowum bolsa oña bu işlere garşy propogandany dowam etdirse ony başga ýere sürgün etjekdikleri, eger aýdýanlary dogry bolsa, onda Allanyñ haýal etmän özlerine bir alamat görkezmegini isleýändikleri barada aýdýarlar. Ahlaksyzlygyñ iñ soñky menziline baryp ýeten bu nadan halkyñ düzelmejegini duýan Lut pygamber Alladan olara jeza berilmegini dileg edýär. Allatagala munuñ üçin üç sany perişdäni ugradýar. Perişdeler ilki ýaş ýigidiñ sypatynda ilki Ybraýym pygamberiñ öýünde düşläp geçýärler we oña Yshak atly oglunyñ boljakdygyny buşlamak bilen birlikde özleriniñ Lut kowmuny ýok etmek üçin ugradylandyklaryny mälim edýärler. Hezreti Ybraýym (a.s) Lutyñ hem olar bilen bile ýaşaýandygyny nazarda tutulmagyny we ol kowmuñ aman galmagy üçin towakga edýär. "Gurhanda" ýer almaýanam bolsa, yslam çeşmeleri Ybraýym pygamberiñ ol şäherlerden 400 sany gowy adam çyksa ol kowmuñ heläk edilmezligini haýyş edipdir. Perişdeler onuñ bu haýyşyna garşylyk bildirmeýärler. Hernäçe jan edilse-de ol ýerden 400 beýle-de dursun, 10 sany ýagşy gylykly adam hem çykmaýar. Ýogsa perişdeler 10 sany imanly adam çyksa şäherleriñ ýok edilmejekdigini Ybraýym pygambere aýdan ekenler. Perişdeler ahyrsoñy Alladan Sodomyñ ýok edilmegi barada emir gelendigini, ol ýerden diñe Lut pygamberiñ maşgalasynyñ halas ediljekdigini aýdýarlar.
Allanyñ perişdeleri soñra Lut pygamberiñ ýaşaýan şäheri Sodoma gelýärler. Pygamber öñ duş gelmedik del myhmanlary öýüne myhman alýar. Lut pygamberiñ öýüne üç sany ýaş ýigidiñ gelendigini eşiden azgyn halk onuñ öýüniñ daşyny gabap, myhmanlaryñ özlerine berilmegini talap edýärler. Myhmanlaryny gorajak bolup, ejiz we goragsyz halda galan Hezreti Lut (a.s) olara gelenlere degmezligi, eger isleseler öz gyzlaryny berip goýberjekdigini mejbury ýagdaýda aýdýar. Azgyn sodomlylar bolsa soñy azap bilen gutarjak gorkunç talaplaryndan dänmän, şol bir aýdanlaryny tutup durýarlar, hatda zor bilen öýe kürsäp girmekçi bolýarlar. Ýagdaýy synlap duran perişdeler öýüñ daşyny gurşap duran mahluklaryñ gözlerini kör eýläp, olary yza serpikdirýärler. Lut pygamber wagt ýitirmän goş-golamyny ýygnap ýola çykýar. Dañ atýança azgyn kowmuñ depesine ot syçrap duran uly-uly daşlar we gaýnaýan palçyklar ýagýar. Lut pygamberiñ aýaly hem heläk edilenleriñ hataryna goşulýar...
Beýik söz ussadymyz Hezreti Magtymguly Pyragynyñ (aleýhi rahman) "Golda bary bolmasa" diýen goşgusynda Sodom we Gomorra şäherleriniñ weýran edilişi barada şeýle setirler bar:

"Bibat bolup, döner Lutuñ şährine,
Her ülkäniñ häkim äri bolmasa".

■ Lutyñ kyssasynyñ yslam kitaplaryndaky beýany:

...Bu harasat Hezreti Luta ynanmaýanlara we oña garşy her äden ädimlerinde şer işleri etmekden irmeýänlere inderiljek azabyñ buşlukçysydy...
Ýaşan şäherine gaýdyp ýüzi düşmezlik üçin ýola çykan maşgala Allanyñ adyny zikir edişlerine, haýdaşyp bir ýerlerik barýardylar. Maşgalanyñ başy Hezreti Lut mahal-mahal maşgalasyna "Birden yzyñyza bakaýmañ!" diýip sargap gelýärdi.
Yzda galanlaryñ ýer bilen ýegsan edilmegi üçin indi sagatlar däl-de minutlar galypdy. Ýene az salymdan bütin kowum bir adam hem aman galman, iki dünýäde-de alynlaryna gara tagma bolup ýapyşjak ebedi näletiñ astynda ýok bolup gitmelidi...
Harasat barha möwjeýärdi. Asmandan ýagyp başlan aýratyn bellikli daşlar kime degjegini bilip inýärdi, olaryñ hersiniñ öz urmaly adamy bardy. Harasat-tupan şäherlileri aýaga galdyrdy. Şol wagt Jebraýyl perişde (a.s) tutuş şäheri, köki-damary, öýi-öwzary, janly-jemendesi bilen goparyp al-asmana çykarypdy... Allatagala bu aýylganç görnüşi bize "Gurhanda" şeýle bildirýär:

"Biziñ azap emrimiz gelen wagtynda o şäheriñ üstüni astyna getirdik we üstüne bişirilen, bellikli kerpiç böleklerini ýagdyrdyk".
(Seret: "Hud" süresi 11/82).

Hezreti Lut "Birden yzyñyza bakaýmañ!" diýip öwran-öwran sarganam bolsa, şäheriñ tepbediniñ okalan pursatynda Lut Pygamberiñ aýaly Wahile yzyna gañryldy. Gañrylsa-da gañryldy welin, hiç zat görüp bilmedi, çünki ol şol demde doññara daşa öwrülip galypdy...

Öz döwrüniñ ýalkanan iñ bagtly zenanlarynyñ biri boljak bolup duran halyna, agzyna gelen nygmaty yzyna depen Wahile şeýdip Allanyñ rehmetinden binesip bolup jan berdi. Hezreti Lutyñ we onuñ gyzlarynyñ Allanyñ soñsuz nygmatlary bilen Jennetden orny taýyn bolup durka, ol pygamberiñ aýalydygyna garamazdan dowzahyñ teýinde janyna aram tapdy...

Ahyretde Hezreti Lut pygamberiñ (a.s) hemaýaty astynda Lut kowmundan bir adamam bolmaz we ol iki sany gyzy bilen özbaşdak bir ymmat halynda Allanyñ huzurynda direljekdirler..

Munda Hezreti Lutyñ ýazygy ýokdy. Onuñ wezipesi-de her pygambere buýrulyşy ýaly Allanyñ dinini we emirlerini adamlara mälim etmekden ybaratdy. Elbetde hiç kimi zor bilen, urup-sögüp dogry ýola salyp bolmajakdygy hemmä mälim zat. Allanyñ özi hem muña razy däldi...

◆ ◆ ◆

Lut kowmy şol wagta çenli hiç milletiñ etmedik işini, şol sanda ar-namysly adamlaryñ ýigrenç bilen seretjek aýylganç bir günäsini adat halyna getiripdiler. Adamyñ ýaradylyş tebigaty munuñ ýaly iniñi üýşendiriji pis gatnaşykdan diñe ýigrenç duýýar.
Emma adamlaryñ içinde şerden, pyssy-pyjurlyklardan keýp alýan, gabahat iş etmese güni geçmeýän azgyn ruhly kişilerem az däldi. Munuñ ýaly adamlar Allatagalanyñ buýruşy ýaly görnüşde aýal-erkek gatnaşygyndan kanagatlanman, erkek bilen erkegiñ är-aýal ýaly ýaşaşmagyndan kanagat tapyp, haýwanlarda-da duş gelmedik bir ýoluñ başyny başlapdylar we bu azgynlykdan gaýtarmak üçin özlerine ugradylan pygamberi diñlemän ýer bilen ýegsan bolup gidipdiler...

Häzirki wagtda ol şäherleriñ ýerleşen ýerinde "Lut köli" (Öli deñizi) ýerleşýär. Köl ol ýerde ýok edilen azgyn ruhly kişileri ýatladyp durmak üçin bina edilen ýadygärlik ýaly bolup häli-häzirlerem garalyp ýatyr... Olar nä derejede mañlaýy gara, bedibagt kowum bolup ýaşan bolsalar, kölem şol derejede betbagtlygyñ ýatlamasy bolup añlara siñip gidipdir. Müñlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän porsy ys ol ýere gelýän syýahatçylara ol azgyn kowmy ýatladyp dur...
Suwuñ ýüzünde olaryñ kirli maslyklaryndan ýaña hapa läbik gatlagy emele gelipdir we muny görenleriñ añynda juda erbet täsir galdyrýar. Janly-jandaryñ ýaşap bilmeýän bu köli dünýäniñ iñ şor deñzindenem alty esse duzludyr. Açyk deñizlerde duzlulyk derejesi 37 % bolsa, Lut kölüniñ duzlulyk derejesi 240 %. Kölüñ astynda häli-häzirlerem lakyrdap gaýnap duran gara läbik we kölüñ dörtden bir bölegini tutup duran duz kölüñ suwlarynyñ tolkun atmagyna-da ýol berenok...

Jebraýyl perişdäniñ şäheri eliñ aýasyna göteren ýaly göterip, soñam başyndan aýlap pylçap urmagy netijesinde deñiz derejesinden 394 metr çuñluga gömlüp galan gargyşsiñen kowumyñ porsy yslary ol ýere syýahat edýänlerde aýratyn täsir galdyrýar. Megerem ybrat almak üçin adamzada şundan uly sapak ýok bolsa gerek...
Bu köle dürli döwürlerde dürli-dürli atlar dakylypdyr. Hemişe ýürek bulanjy ysy añkap durandygy üçin "el-Buhaýratül-Müntine" ("Porsaýan köl") diýip atlandyrypdyrlar. Içinde hiç hili janly-jandar ýaşamaýandygy üçinem "el-Bahrul-meýit" ("Öli deñiz"), suwuñ ýüzüni gap-gara läbik (mazut) tutup durandygy üçin bolsa "Asfalt köli" diýipdirler. Şeria derýasynyñ her günde 6.000.000 kub metr suw guýmagyna garamazdan asyrlaryñ dowamynda bu kölüñ tagamyny, ysyny, duzuny üýtgedip bilmändigi üçin "Duz köli" diýip atlandyrypdyrlar. Şek-şübhesiz, bu köl mundan beýlägem gelejekki nesillere göz üçin şu ýagdaýyndan üýtgemän galsa gerek...

Süýji suwly Şeria derýasyny göreniñde nämüçindir ony Hezreti Lut pygambere (a.s) meñzedesiñ gelýär. Hudaý tarapyndan ugradylan pygamber olaryñ ruhuny hiç hili arassalap bilmändi, Şeria derýasy hem olaryñ ýürekbulanjy wekili hökmünde barlygyny dowam etdirip gelýän köle hiç hili peýda edip bilenok...

Lut kowmy eden etmişleriniñ jezasyny çekenden soñra, bu aýylganç günäniñ soñuna nokat goýlupmydy we şondan soñ olaryñ bu azgynlygyny dowam etdirjek hiç kimiñ bolmajakdygyna kepil geçýän barmydy? Elbetde, ýok! Haýsydyr bir şeriñ tohumy ekilenden soñra ony dünýäden köki-damary bilen sogrup taşlamagyñ mümkin däldigini XXI asyra çenli görülen ähli tejribeler subut edýär. Eýsem din, ahlak, medisina, ykdysadyýet taýdan "Gürrüñsiz zyýanly!" etiketkasy ýelmenen we "Ölüm howpludygy" ylmy deliller arkaly subut edilen zyýanly endikleriñ haýsysy düýbünden ýok bolup gitdi?!.
Ýeri onsoñ nädip Lut kowmunyñ azgyn ruhly adamlara miras goýup giden beçebazlyk keseli ýok bolup gitsin?!. Arakhorlugyñ, humarly oýunlaryñ, jelepçiligiñ, narkotiki maddalary ulanmagyñ häzirki döwürde adaty zat bolup galşy ýaly gomoseksualizm hem indi dünýä jemgyýetçiliginiñ dürli gatlaklarynyñ arasynda adaty zada öwrülip barýandygy juda gynandyryjy ýagdaýdyr.

Hut şonuñ üçinem Resulalla (s.a.w) jemgyýetde bir erbetligiñ başyny başlamaga sebäp bolanlara, heniz hiç kimiñ bilmeýän ahlaksyzlygyny ýola goýandygy üçin olaryñ gerdenine ol etmişi eden günäkärleriñ günäleri ýaly günäniñ ýüklenjekdigini aýdypdyr. Gomoseksualizm (beçebazlyk) bu nukdaýnazardan seredeniñde jemgyýeti erbetlige tarap äkitjek iñ howply ýollaryñ biridir.

Bu azgyn kowmuñ pişesini häzirki günlerdäki dowam etdirijileri ýaşaýan döwrümiziñ iñ gorkunç we emi tapylmaýan keseli bolan AIDS keselini jemgyýetiñ başyna musallat etdiler. Angliýa, Gollandiýa ýaly özlerini medeniýetiñ sallançagy hasap edýän ýurtlar erkek bilen erkegiñ nikalaşyp ýaşaşmagy üçin ýörite kanun kabul edýär. Häzir Ýewropada 12, dünýäde 17 ýurt şeýle nikanyñ baglaşylmagyna kanun esasynda rugsat berýär.
2017-nji ýylyñ iýul aýynda Malta döwleti hem katolik buthanasynyñ nägileligine bakmazdan parlamentiñ biragyzdan kabul etmeginde (67 deputat makul ses, 1 deputat garşy ses) şeýle ýurtlaryñ hataryna goşulanyny kem görmedi. Belki-de, bu göz öñüne getirip bolmajak ahlaksyzlyk resmi ýagdaýda kabul edilýän we oñlanylýan bolsa, onda bu dünýäniñ başyna inderiljek ýene bir belanyñ gelmegine çakylyk ugratmakdan başga zat däldir.
AIDS keseliniñ Ýewropanyñ, Amerikanyñ iñ ösen ýurtlarynda aşa köp ýaýranlygy we olaryñ muny şu döwrüñ bolaýmaly adaty keselleriniñ biri hasaplamagy diýseñ oýlandyryjydyr...
Tutuş Lut kowmy bu azgynlykdan el çekmändigi üçin ýok edilmänmidi näme?!.
Beýik Allatagala musulman ymmatyny, şol sanda bizi we biziñ Garaşsyz ýurdumyzy, mähriban türkmen halkymyzy olar ýaly belalardan we ol azgynlaryñ gelip ýeten derejesine düşmekden gorasyn!
Şu ýerde bir zady aýratyn nygtap geçmek gerek. Lut kowmunyñ ählisi bu pis pişe bilen meşgul bolupmydy? Elbetde bu soraga oýlanman "Hawa!" diýmek mümkin däl. Çünki tutuş halk boýunça alanda heniz sallançakda ýatanlaryñ, 3-5 ýaşly we ak-garany saýgarmaýan çagalaryñ bardygyny unutmazlyk gerek. Belki-de aýallar bu pişäniñ daşynda galypdylar. Belki-de erkekler aýallara hem erkeklere ýanaşan taraplaryndan ýanaşýardylar.

(Alymlaryñ bir topary bu azgyn kowmuñ gomoseksualizmi pişe edinmezden 40-50 ýyl çemesi ozal olaryñ öz aýallaryna arka tarapdan ýanaşyp başlandyklaryny çak edýärler. Erkek degmänsoñ aýallaram teletinbazlygy (lezbiýankaçylyk, ýagny aýal bilen aýalyñ ýanaşmagy) özlerine pişe edinipdirler. Arka tarapdan ýanaşmagyñ gomoseksualizme alyp barýandygyny medisina hem tassyklaýar).

Heläk bolmalylaryñ arasynda jynsy gatnaşygyñ tagamyny bireýýäm unudan bili bükük garrylar hem ýok däldi.
Emma bir hakykat bar: Sodom halkynyñ arasynda Hezreti Lutyñ Hak ýola çagyryşyna iman getiren ýekeje adamyñ tapylmaýşyndan has beteri, iñ bolmanda gizlinlik bilen Hezreti Luty tapyp, oña "men seniñ aýdýanlaryña iman edýärin, ýöne bu edepsizleriñ garşysyna çykmaga çekinýärin" diýenem tapylmandy ahbetin!..
Olaryñ ýer bilen ýegsan edilişini "Gurhan" şeýle beýan edýär:

"Ol ýerde bolan möminleri çykardyk, bir ýeke-täk öý halkyndan başga musulman bolan hiç kimi tapmadyk".
(Seret: "Zariýat" süresi 51/35-36).

Allatagala ýene şeýle diýýär:

"Bir pitne we beladan saklanyñ, çünki bela gelende sizden diñe zulum edenlere degmez, umumy bolar. Şuny gowy biliñ: Allanyñ jezasy iñ beteridir..."
(Seret: "Enfal" süresi 8/25).

Lut kölüniñ ahyrete çenli adamzada göz üçin durjakdygy barada-da "Gurhanda" aýdylýan ýeri bar:

"Ol ýerde yza beriji azapdan gorkanlar üçin bir nyşan we alamat goýduk".
(Seret: "Zariýat" süresi 51/37).

Hezreti Lut (a.s) azgyn kowmuñ arasyndan çykansoñ nirä gidipdir? Giden ýerinde oña iman edenler bolupdyrmy? Bular barada hiç hili maglumat ýok. Çünki "Gurhanda-da", Hadyslarda-da bu barada berilen habar ýok.

■ Peýdalanylan edebiýat:

"Pygamberler taryhy", 2-nji tom.

◆ ◆ ◆

Biz ýokarda "Pygamberler taryhy" atly kitapdan Lut pygamber we onuñ azgyn kowmy baradaky maglumatlary terjime etdik we bu baradaky işimizi beýleki çeşmelerden alynan maglumatlar bilen hasam baýlaşdyryp taýýarladyk. "Pygamberler taryhynda" Lut kowmunyñ içinde toba eden ýekeje-de adamyñ bolmandygy aýdylýar. Emma "Yslamda maşgala we pynhan gatnaşyklar" kitabynda Lut pygambere iman eden 14 adamyñ bolandygy aýdylýar. Bularyñ haýsy dogry bolanda-da ol azgyn kowmuñ heläk edilendigi welin hakykat. Ady agzalan kitapda Lut kowmunyñ başyna inenler çeper eser derejesinde we iññän täsirli suratlandyrylypdyr. Şonuñ üçin ol kitapdan eden terjimämizi-de siziñ dykgatyñyza ýetirmegi makul bildik:

▶ LUT KOWMUNYÑ SOÑY

Lut pygamber Ybraýym pygamberiñ agasynyñ ogludyr. Ömri we pygamberligi häzirki Iordaniýanyñ çäklerinde galan Lut kölüniñ töwereginde bolup geçipdi. Häzir şor suwlaryñ gurşap alan ortaça ululygyndaky bu meýdanyñ ýerinde mes toprakly oasiz bardy we şol döwrüñ möhüm şäherleri ýerleşýärdi. Ol şäherleriñ ady Sodom, Gomorra, Didom, Sana we Dinadyr.
Arheologik gazuw-agtaryş işleriniñ netijesinde Sodom we Gomorra şäherleriniñ galyndylaryna duş gelindi.
"Gurhanda" Lut kowmundan şeýle söz açylýar:

"Siz Jenaby Hakyñ siziñ üçin ýaradan zenanlaryny taşlap, adamlaryñ içinden erkeklere ýanaşýarsyñyzmy? Hakykatdanam, siz Allanyñ bellän çäklerinden aşan kişilersiñiz". Diýipdiler: "Eý Lut, sen bu çagyryşyñdan el çekmeseñ, seni sürgün etjekdigimize kasam içýäris". Lut şeýle diýdi: "Elbetde, bu ýigrenji pişeleriñize garşy elimden geldigiçe göreşjekdirin. Eý Allahym!.. Meni we maşgalamy bularyñ endik edinen pis işleriniñ bir gün getirjek bela-beterinden gora". Şonuñ üçin biz Luty we onuñ maşgalasyny halas etdik.
Yzda galanlaryñ arasynda diñe bir är-aýal bardy. Soñra yzda galanlaryñ barsyny ýok etdik. Üstlerine bolsa şeýle bir ýagyş ýagdyrdyk... "Jezasy gijikdirilenleriñ başyna ýagan peläket ýagmyry neneñsi erbet zat!..."
(Seret: "Şuara" süresiniñ 165-173-nji aýaty).

Lut kowmy Jenaby Hakyñ "Gurhanda" aýdyşy ýaly erkekler bilen ýatyp-turardylar, jynsy taýdan juda azypdylar. Bulardan başga-da erbet endikleri kändi. Emma heläkçilige duçar bolmaklaryna bolsa, olaryñ beçebazlyk endikleri sebäp bolupdy.
Bu gürrüñ berjek hekaýatymyz arkaly siziñ bilen bilelikde Hezreti Lutyñ bu azan kowuma garşy alyp baran göreşiniñ soñky günlerine syýahat edeliñ...

■ Oslagsyz gelen myhmanlar.

Lut kowmy ilkinji adamdan bäri kada öwrülen aýal-erkek jynsy gatnaşygyndan el çekip, zenan bilen zenanyñ, erkek bilenem erkegiñ jynsy islegini kanagatlandyrmak formasyna geçipdiler. Olar Hezreti Lutyñ duýduryşlaryna, wagyz-nesihatlaryna garamazdan, bu masgaraçylykly endiklerini goýbolsun etmeýärdiler.
Şeýdibem her bir zady owalyndan bilip duran Beýik Allatagalanyñ kesgitli we üýtgewsiz höküminiñ amala aşmaly wagty gelip ýetipdi...
Hezreti Lutyñ azgyn kowmy Allanyñ gazaby bilen tutuşlaýyn ýok bolup gitmelidi we dowzah odunyñ ýakyp-ýandyryjy çuñluklaryna ebedilik gömlüp galmalydy.
Beýik Allatagala bu kesgitli kararyny mälim etmek we özüne iman eden birnäçe ýakyn adamlary bilen bile, ýok edilmegiñ öñüsyrasynda duran etmişli şäherden çykmagy duýdurmak üçin Hezreti Lutyñ ýanyna üç sany perişde ugradýar. Perişdeler ýaş we görmegeý üç ýetginjegiñ keşbine girip ýere inýär.
Beýik Allatagalanyñ üç perişdesi bolan Jebraýyl, Mikaýyl we Ysrafyl agşamara uçurlary Sodom şäheriniñ etegindäki Sodom derýasynyñ boýuna geldiler. Suwuñ başynda bir ýaş gyz küýzesini suwdan dolduryp durdy. Bu görmegeý gyz Hezreti Lutyñ uly gyzy Reýýady. Körpe gyzy Uzeýýa bolsa çadyrda galypdy. Perişdeler küýzesini suwdan dolduryp duran Reýýa ýakynlaşyp, şeýle diýýärler:

- Eý, gyz! Bu ýerlerde gije myhman bolar ýaly ýer tapyp bolmazmyka?

Reýýa:

- Elbetde bolar. Men gidip kakam Lut bilen gepleşip geleýin. Ýöne men gelmänkä şähere giriji bolaýmañ - diýip jogap berýär.

Perişdeler ondan:

- Kakañyz Lut nirede? - diýip soraýarlar.

Reýýa bolsa:

- Ynha şu ekiniñ içinde işläp ýör. Oña garaşyñ - diýýär.

Reýýanyñ olara şähere girmäñ diýmegi ýöne ýere däldi. Çünki bu üç ýolagçy juda görmegeý ýigitdiler. Sodomlylaryñ olara hüjüm etmegi ahmaldy.
Reýýa dessine kakasy Hezreti Lutyñ işleýän ýerine barýar:

- Kakajanym, üç sany ýaş ýigit gelip seni soraýarlar. Gije myhman düşmek isleýärler. Üçüsi-de diýseñ owadan welin, häzire çenli olar ýaly görmegeý ýigit göremok. Biziñ şäherlilerimiz olary görseler hemişeki pisliklerini etmäge synanyşarlar.

Hezreti Lut:

- Gyzym olary bärik getir! - diýýär.

Hezreti Lutyñ gyzy Reýýa yzyna dolanyp, üç perişdäni kakasynyñ ýanyna getirýär.

■ Olar näme üçin Hezreti Lutyñ ýanyna geldiler?

Çünki Allanyñ buýrugy olaryñ Hezreti Lutyñ öz kowmy hakynda etjek güwäligini diñlemekleri üçindi. Eger Hezreti Lut öz kowmunyñ garşysyna güwälik beren ýagdaýynda ol kowum azaba uçramalydy.
Hezreti Lut gelen myhmanlary güler ýüz bilen garşylaýar:

- Gadyrly myhmanlar. Bu ýere çenli gelip ýadansyñyz. Bu gije bizde galyñ. Aýaklaryñyzy ýuwup, dynç alarsyñyz we ertir irden turup öz ýoluñyza gidersiñiz.

Perişdeler:

- Ýok, gijäni köçede geçirmekçi - diýýär.

Hezreti Lut ýan bermän:

- Gadyrly myhmanlar. Köçe bolmaz, ýörüñ, öýe gideliñ - diýýär.

Perişdeler:

- Bolýar. Ýör, onda bize öýñüzi görkez - diýip, Hezreti Lutyñ yzyna düşýärler.

Soñra Hezreti Lut agşamyñ garañkylygyna duwlanyp bu ýigitleri kowmundan gizlinlikde öýüne äkidýär. Çünki sodomlylar Hezreti Luta: "Sen hiç wagt myhman kabul etmeli dälsiñ" diýen şert goýupdylar. Hezreti Lut myhmanlaryny alyp öýüne gelýär we olara biş-düş taýýarlaýar, dessine petir bişirýär. Myhmanlar işdämenlik bilen bişirilen petiri iýýärler.
Hezzet-hormatdan soñ Hezreti Lut olara ýüzlenýär:

- Gadyrly myhmanlar. Siz tanalýan kişiler bolmaly öz-ä..?

Perişdeler:

- Ýok. Biz saña kowmuñ ynanmazçylyk edip dilleriniñ ujundaky bir meselesiniñ çözgüdi üçin geldik. Saña hakykaty getirdik. Şübhesiz, biz dogry kişilerdiris - diýýär.

Hezreti Lut bolsa:

- Hakykatdanam bu kowum azgyn - diýip gamgynlyk bilen jogap berýär.

Perişdeler oña:

- Biz ýer ýüzünde bu kowumdan has erbediniñ bardygyny bilemzok - diýýär.

Hezreti Lutyñ gynanjy esassyz däldi. Çünki ol öz kowmunyñ pis gylyklaryny gowy bilýärdi we ol azgynlaryñ bu ýigitlere el degirmeklerinden gorkýardy.
Hezreti Lutyñ öýünde myhman barlygyndan onuñ özünden, iki gyzyndan we aýalyndan başga hiç kimiñ habary ýokdy. Emma Hezreti Lutyñ aýaly Aşela imansyz we dönük zenandy. Ol Hezreti Lut myhmanlara hyzmat edip ýören wagtynda assyrynlyk bilen daşary çykyp öñünden çykan kişä:

- Eý, sodomlylar! Biziñ öýümize juda syrdam we owadan üç sany ýigit geldi welin, olar ýaly owadan adamy henize çenli görmändim - diýýär.

Owadan erkekleriñ aşygy bolan sodomlylar muny eşidip wahahaýlap gülýärler we olaryñ gözleri şöhwetden ýaña uçganaklap başlaýar. Habar dessine dumly-duşa ýaýraýar. Azgyn halk dört tarapdan Hezreti Lutyñ öýüne tarap ylgaşlaýarlar. Az wagtyñ içinde Hezreti Lutyñ howlusynda adamdan ýaña aýak basmaga ýer galmaýar.
Daşardan bagyryşmalar, hapa-paýyş sözler eşdilýärdi. Sodomlylaryñ arasyndan bir daýaw erkek merdiwana dyrmaşyp üýşen mähellä bagyrýar:

- Eý sodomlular! Birnäçe ýyl bäri goltugymyzda saklap ýören ýylanymyzyñ hakyky ýüzi aýan boldy. Lut hilegäriñ, aldawçynyñ, hokgabazyñ biri... Ol ilki hudaýlarymyza dil ýetirdi. Hudaýlarymyzyñ demir we daş böleklerinden ybaratdygyny aýtdy, yzyndanam bizi ahlaksyzlykda aýyplady. Hemmämizi ýigrenji adamlar hasaplady, haýwanlardanam pesdigimizi aýtdy. Rowaýatlarda agzalýan Ad kowmunyñ başyna inenleriñ Alla diýen toslama hudaýynyñ jezasydygyny aýtdy. Bu gün Lut birnäçe ýyl bäri aýyp hasaplap gelýän we bizi Allanyñ ady bilen gorkuzyp el çekdirjek bolýan işini özi etmäge synanyşýar. Ol ýa-ha gelen üç ýigidi bize berer, ýa-da onuñ öýüni başyna ýumrarys.

Azgynlykdan ýaña gözi gapylyp, näme gygyryp duranyny bilmeýän adam bu gezek Hezreti Luta (a.s) iman edenlere tarap ýüzlendi:

- Eý Lutuñ adamlary! Siz aýdyñ indi, onuñ tarapyndamy, ýa-da biziñ? Kim biziñ tarapymyzda bolsañyz, duran ýerini taşlap, bärik ýanymyza gelsin!..

Bu teklip köpçüligi bir pursatlyk dymyşlyga saldy. Her kim sessizje birnäçe ýyl bäri Hezreti Luta iman eden 70 töweregi adama gözlerini dikdi. Bu adamlar ilki köpçülige, soñra biri-birilerine seredişýärler. Içinden biri bir ädim öñe saýlanýar, yzyna öwrülip dostlaryna bakan:

- Ynha, hakykat orta çykdy... Lut bizi aldady, özi keýp çekmek üçin başga ýurtlardan görmegeý üç ýigidi getirip öýünde saklaýar. Men indi oña ynanamok. Men onuñ Allasyna-da, pygamberligine-de ynanamok. Men sodomly doganlarymyñ ýanyna dolanýaryn - diýip bagyrdy we beýleki sodomlularyñ arasyna goşuldy.

Onuñ yzysüre, ilki 10, soñra 20, soñra 30 adam güpürdeşip sodomlylara goşulýar. Elli altynjy adamdan soñra gapynyñ agzynda galan 14 adam biri-birine gysylyşdylar. Olaryñ içinden biri gaty ses bilen gygyrdy:

- Biz imanymyzdan dänmeris. Nähili howp abansa-da biz Allanyñ ýolundan dänip bilmeris. Alla bardyr. Alla beýikdir. Alladan başga sygynyljak zat ýokdur. Lut onuñ pygamberidir.

Dek ýañy aralaryndan aýrylyp sodomlylaryñ hataryna goşulan biri:

- Ýalñyşýarsyñ. Luty goldamakdan el çekiñ. Ynha serediñ ahyryn, ol üç sany owadan oglan bilen öýünde edenini edip otyr. Siz bolsa ony goramaga çalyşýarsyñyz. Indi size Lutdan haýyr gelmejegini bilip goýuñ! - diýeninden, 14 sany arassa imanly kişi:

- Ýum agzyñy, melgun! Ýüregiñizde Alla söýgüsi bolsady, dessine inkärçilige düşmezdiñiz. Siz bu azgynlardanam beter günäkärsiñiz - diýip jogap berýärler.

Köpçülikler hapa-paýyş sözler ýagyp başlaýar.
Edil şol wagtam garaşylmadyk zat bolup geçýär. Gapy açylýar we Hezreti Lut görünýär. Onuñ görünmegi bilen köpçüligiñ sesine-de suw sepilen ýaly bolýar. Hezreti Lut pessay ses bilen:

- Menden soranylýan myhmanlar içerde otyrlar. Emma, geliñ, rehim ediñ, myhmanlarymy ynjytmañ. Üçüsi-de siziñ sözleriñizi eşidip otyrlar. Bolar-bolgusyz warsakylaryñyz bilen meni myhmanlara ýüzügara etdiñiz! - diýýär.

Köpçülikden haýasyz gülkä garylan sesler asmana galýar:

- Biz ol myhmanlaryñ bahasy ölüme durýanam bolsa, seniñ eliñden aljakdyrys, eý Lut!

Nätjegini bilmeýän Hezreti Lut olara gyzlaryny hödürlemäge mejbur bolýar. Emma azgyn pällerinden gaýtmak islemeýän märeke:

- Seniñ gyzlaryñ seniñki bolsun. Biziñ gyzlar bilen işimiz ýok. Bize gyzlaryñy peşgeş eden bolup, halas bolaryn öýdýän bolsañ, gaty ýalñyşýarsyñ -diýip bögürişýärler.

Soñra çaltlyk bilen merdiwanlara atylýarlar. Adamlar şeýle bir çalt hereket edipdi welin, 14 iman edenler çar tarapdan ýagýan ýumrugyñ we depginiñ badyna bir gapdala zyñylyp gidipdiler. Açyk galan gapydan kürsäp uranlar Hezreti Lutyn yzyndan ylgaýarlar. Hezreti Lut zordan özüni myhmanlaryñ oturan otagyna atýar. Yzyndan demi-demine ýetmän girenler oturan üç myhmana gözi düşýär. Hezreti Lut otagyñ bir burçuna gysylyp we gözlerinden boýur-boýur ýaş akdyryp:

- Ýa Rebbi! Ýa Rebbi! Bu zalymlardan bizi halas et! - diýip nalyş edýär.

Üç sany erkek çaltlyk bilen myhmanlara tarap okdurylýar. Olar myhmanlaryñ iñ öñde oturanyna hapa ellerini uzadýarlar. Emma şol pursat özüni bileklerinden tutup götermek islän bu üç azgyn sodomla başyny galdyryp sereden perişde ýuwaşlyk bilen olaryñ ýüzlerine üfledi. Bu hereket adatdan daşary aljyraññylyk döretdi... Üç sodomly bileginden tutan ýigidini taşlap iki ellerini gözlerine ýetirdiler we üçüsi-de zarynlap:

- Waý, dat! Göremok, göremok! - diýip bögürişmäge başladylar. Haýsy tarapa gaçjaklaryny-da bilmän, ikiýana elewreşýärler.

Bu gorkunç we iniñi tisgindiriji dady-perýatlar gapynyñ agzyna hümer bolup duran sodomlylary gorka düşürýär. Munuñam üstesine gözleri gapylan üç azgyn ildeşiniñ özlerine tarap patanaklap gelşini görenlerinde, gorkudan ýaña biri-birilerini depgiläp daşaryk çykmaga jan edýärler. Bu ahy-nalalar bilen daşarda garaşyp duran jemendäniñ arasyna goşulýarlar:

- Kör boldular! Myhman ýigidiñ golundan tutan ildeşlerimiz kör boldular - diýip gygyryşlarlar.

Hemmeler añk bolup galdy. Bu aljyraññylykdan aýñalyp ýetişmänkäler Lutyñ öýünden daşaryk zyñlan gözleri gapyk üç sodomly patylap öñlerine düşýär...
Edil şol wagt merdiwanyñ ýokarsyndan garap duran Aşela howsala düşüp:

- Eý Hudaýjan, içerde bir zatlar-a bolýar. Hemmesi jyrralyp gaçdy, hiç biri Lutyñ myhmanlaryna batyrynyp bilmediler. Ýogsa-da bu gelen myhmanlar adam däl bolaýmasyn?!. - diýýär.

Daşarda ýeri-gögi tutup duran haýkyryşlar öýüñ içinden eşdilip durdy. Myhmanlar bolsa sowukganlylyklaryny ýitirmän öñki oturan ýerlerinde arkaýyn otyrlardy. Olaryñ biri Hezreti Luta bakyp:

- Bize päkgöwünlilik bilen eden mürähediñi diñe seniñ kimin arassa guldan garaşyp bolar. Hany saña iman eden ýetmiş kişi? - diýdi.

Hezreti Lut (a.s) alada galyp, soraga sorag bilen jogap berdi:

- Ýogsa-da olar maña hyýanat etdilermi näme?..

Ýigit sypatyna giren şol perişde muña şeýle jogap berdi:

- Çüýrük ýüreklileriñ Allanyñ ýolunda eden hyzmatlary-da çüýrükdir. Ynha, gör, adam diýlen zat nähili nadan mahluk ekeni...

Şol wagt daşarda Hezreti Lutyñ jadygöýdigi barada bir sodomly bokurdagyny ýyrtara getirip şeýle diýýärdi:

- Görýäñizmi, doganlar. Şunça wagtlap aramyzda ýaşan Lutyñ bir jadygöý, gözbagçydygyny görüñ. Biziñ ekabyrlarymyzyñ üç sanysynyñ gözlerini kör edip taşlady. Kim bilýär, ýene niçiksi gözbagçylyk etjekdir. Ony diri goýsak bizi-de jadylar. Ony öldüreliñ. Ilki öýüni, howlusyny ýakalyñ, ot-tüssä boglup ölüp gitsin, bizem halas bolalyñ.

Hezreti Lut bu sözi eşidip demi tutuldy, depe saçy üýşdi... B ýagdaýy gören perişdelerden biri ýerinden turup onuñ ýanyna gelip şeýle diýdi:

- Gorkma Lut, ýüregiñ was-was düşürme. Biz gökleri we ýeri, ikisiniñ arasyndaky zatlary ýaradan beýiklerden beýik Allanyñ perişdeleridiris... Allanyñ habarçylary hökmünde seniñ ýanyña geldik. Biz seni bu milletiñ şerinden halas etmäge geldik. Seni-de, maşgalañy-da halas etjekdiris. Emma heläk edilmegi emredilen aýalyñy halas edip bilmeris.

Hezreti Lut haýran galmakdan ýaña, olara zordan ýüzlendi:

- Diýmek siz, Beýik Rebbimiñ perişdeleri, hä?

Perişdeler:

- Elbetde, eý Lut, biz bu şäheriñ halkyna asmandan aýylganç bir bela inderjekdiris. Bu jeza azgynlara beriljek jezadyr - diýip jogap berýär.

Daşarda goh-galmagal ýatanokdy. Birgiden adam öýüñ gapysyny ýumruklaýardylar.
Hezreti Lut gaýga galyp şeýle diýdi:

- Bular häzir gapyny döwerler. Haý diýmänem ýene bu otaga girerler. Ýene size batyrynjak bolarlar. Myhmanlardan biri ýerinden turup otagyñ gapysyny açdy we daşaryk üfläp goýberdi. Bu üflemeden soñ gapyny paltalap duranlaryñ sesi ýatyşdy. Onuñ deregine bolsa gulagyñy gapyp barýan iññildiler, ahy-waýlar asmana galdy. Öýüñ daşyny gallap duran ýüzlerçe adam biri-biriniñ üstüne geýdirilişýän tomzaklar ýaly gybyrdaşyp ýördüler. Elleri bilen bolsa ýüzlerini tutup sesleriniñ ýetdiginden:

- Waý kör boldum, gözüm gapyldy! - diýip çygyryşýardylar.

Hezreti Lut bu boluşy görüp belli-beter howsala düşdi, derhal yzyna öwrülip, myhmanlaryna aýry-aýry içgin seredip çykdy, soñra sesini titredip zordan:

- Size ynandym! - diýip jogap gaýtardy.

Perişdeler şeýle diýdiler:

- Saña şuny aýtmakçy! Eý Lut, bu şäheri ýumurtga togalabermeli etjekdiris!.. Munuñ üçin seniñ derhal şäheri terk etmegiñ gerek. Maşgalañy we saña ynanan on dört adamy, olaryñ maşgalalaryny alyp bu ýerden çyk-da git.

Hezreti Lut olara sorag berdi:

- Haçan şäheri terk etmeli, eý Allanyñ ilçileri?

Jogap şeýle boldy:

- Gije ýarymdan soñ... Özüñe ynananlary alyp günbatara tarap ýola çyk. Gaty çalt ýol aşmasañyz bolmaýar, siz eýýäm dañ tilkiguýruk bolandan bäş şäheriñ çäginden daşary çykmalysyñyz. Eger bu etmişli bäş şäheriñ çäginden çykyp ýetişmeseñiz, Allanyñ bu ýerlere berjek uly azabynyñ içinde senem, seniñ adamlaryñam heläk bolup gidersiñiz. Çölleriñ, jülgeleriñ, gaýalyklaryñ hiç ýerinde durmagyn. Wagt ýitirmän, arkañyza bakman ýöremelisiñiz.

Hezreti Lut birdenkä ýene Aşelany pikir etdi. "Emma heläk edilmesi emredilen aýalyñy halas etmeris" diýen söz ony gaýgylandyrýardy. "Eýsem Aşela hem bu azaba uçramalymyka, sodomlylar ýaly ýok bolup gitmelimikä?.."

Hezreti Lut bu pikirlere çümüp durka myhmanlar gapa tarap ýöneldiler. Hezreti Lit olaryñ yzyndan ýöremek isledi, emma ol bary-ýogy iki ädim ädip bildi, ondan añry ýöräp bilmedi. Çünki myhmanlaryñ üçüsi-de gaýyp bolupdy... Hezreti Lut gaýyp bolan perişdeleriñ yzyndan daşary çykanynda howluda bir adamyñam ýoklugyny gördi. Birdenem yzynda aýak sesi eşidip yzyna öwrülende aýaly Aşela gözi düşdi. Aşela gapynyñ agzynda ýüzi solgun, omuzlary çökgün, nury gaçan gözlerini mölerdip durdy. Hezreti Lut ony bu halda görüp ýüregi syzlap gitdi, ylgap onuñ ýanyna geldi:

- Aşela, ömürlik başdaşym, saña hiç zat etmediler dälmi?...

Aşela pyşyrdap diýen ýaly jogap berdi:

- Ol üç ýigit ýeriñ üstünden duman ýaly göterilip gitdiler.

Hezreti Lut:

- Aşela, olar Beýik Allanyñ ilçileridi. Maña ertir säher çagy Sodom, Gomorra we beýleki üç şäheriñ Allanyñ gazabyna uçrap ýok ediljekdigini aýtdylar. Bize dañ atmanka bu şäherden daşlaşmak gerek - diýdi.

Aşela otagyñ künçlerine seredişdirip:

- Bir zatlar alaýyn onda ýanyma... Gyzlara habar berdiñmi? Bize ýakyn duranlary habardar etdiñmi? - diýende, Hezreti Lut şeýle jogap berdi:

- Heniz etmedim. Sen gyzlaryñ bilen goşuñy düw. Men beýlekileri habardar edeýin.

Bu oslagsyz ýolagçylyk iman edenleri aýaga galdyrdy. Alla iman getirmegi unutnadyk on dört kişi maşgalasyny jemläp, Hezreti Lutyñ howlusyna üýşdüler. Hezreti Lut aýaly we gyzlary bilen bile daşary çykanynda garañkyda titreşip duran nazarlar oña gönükdi.
Hezreti Lut ýuwaşlyk bilen öñünde duran adamlara:

- Bu gije Allaha ynanmadyklaryñ, durmuşlaryny pislige bulaşdyranlaryñ, azgyn ömür sürenleriñ, dogry ýola girmedikleriñ iñ soñky gijesidir... - diýdi.

Çolaran köçeleriñ ugrundaky öýlerden sazyñ owazy bilen garyşyk adam sesleri we gülki ýañlanýardy. Sodom şäheriniñ erkekleri we aýallaru aýry-aýrylykda ýigrenji günäleriniñ dünýäsinde aýşy-eşrete gark bolupdylar...

Aşela Luta bakyp:

- Ýa Lut!. Biziñ bu gidişimiz meniñ hiç mañzyma batmaýar. Üç sany kimdigi näbelli kişi seniñ ýüregiñe gorky salyp gitdiler. Sen bolsa ol gorky bilen hereket edýärsiñ - diýdi.

Hezreti Lut aýalyna:

- Ýa Aşela!.. Bu gorky däl, Allanyñ emridir!

Emma Aşela:

- Bolýala, senem bir... Öz-özüñ hamhyýal bolup bir zatlary tapyşdyryp ýörsüñ. Ynha görersiñ, Sodoma-da, Gomorra-da, beýleki şäherlere-de döw çalmaz. Sen diñe süri-süri mallaryñdan, baglaryñdan el ýuwarsyñ - diýip, ýene-de bir gezek imansyzlygyny subut etdi.

Olar şäheriñ daşyna çykyp günbatara tarap ýöremäge başladylar. Barýanlaryñ agzynda diñe: "Yzyña bakma!" diýen söz bardy.
Aşela ýüreginde birnäçe ýyllap basyrnyp ýatan şübhe ýylanyny gymyldadyp, mekirlik bilen kellesini yzyna öwürdi... Sodom yzda galypdy. Ýyldyzlar bolsa, göýä şäheriñ depesinden gaçaýjak-gaçaýjak bolup durdy... Sodom şäheri çuññur uka batan ýaly görünýärdi. Eger şumat Aýyñ ýagtysy bolsa Sodomyñ jaýlary-da mese-mälim görünjekdi.
Çöl gutaran badyna gitdigiçe kertleşýän gaýaly daglar başlanýardy. Bu dagdan geçýän dar geçelgeler barha kynlaşýardy. Düýeleriñ we gatyrlaryñ üstünde barýanlar ulaglaryndan düşüp pyýada ýöräp başladylar. Haýwan janawarlary idip barýan erkekleriñ boguk ardynjyramalaryndan başga zat eşdilenokdy.
Hezteti Lut öñünden barýan we yzyndan gelýän adamlara ýene-de bir gezek sargyt etdi:

- Nähili ses eşitseñizem yzyñyza bakaýmañ, bakyjy bolaýmañ. Bu size Allanyñ buýrugydyr. Unutmañ, gün gyzmanka ilki Sugara barmalydyrys. Ýogsam bizem ýok bolup gideris.

Şol wagt Aşela içinden: "Lutyñ yzyna düşüp ýalñyşdym öýdýän?.. Ýerimi, ýurdumy, ene-atamy, garyndaşlarymy yzda galdyrdym. Sodom durmuşymdan syryp-süpürilýär. Lut bilen näbelli ýurtlara barýaryn" diýip pikirlenýärdi.
Sugaryñ ýoly barha ýokary galýardy we barha kertleşýärdi. Erkeklerden biri Hezreti Luta golaýlaşyp:

- Ýa Lut, aramyzda garrylar bar, ýöräp bilenoklar, bir ýerde säginip dynç almalymy? - diýdi.

Hezreti Lut oña:

- Bir sekunt hem durmaly däldiris. Dañ atmanka Sugara ýetjek bolmaly. Ýaşlar ýörämege rowgaty galmadyk garrylary arkalaryna göterip, ýola dowam etsinler! - diýip jogap berdi.

Aşaklarda gazaply tupan turupdy. Tüweleýiñ şuwwuldysy gulaklary gapara getirýärdi.
Tupanyñ sesi barha ulalýardy. Şemal Sugara tarap dag gerişlerine dyrmaşyp barýan ýolagçylaryñ ökjesini ýalap-ýalap gidýärdi. Indi hemmeler Sodom we Gomorrany, beýleki üç şäheri aýylganç bir apatyñ gurşap alandygyny duýmaga başlady.
Aşakdan gelýän we gitdigiçe gorkunçlaşýan tupanyñ sesine sarsman duran diñe Hezreti Lutdy.
Daga dyrmaşyp başlan pursatyndan başlap diñe özi hakda pikir edip barýan Aşela hem sandyrap barýan adamlaryñ arasynda sekuntsaýyn artyp barýan gorka gaplanyp Hezreti Lutyñ bir ädim yzyndan ýöräp barýardy.
Ol birdenkä ähli men-menligini gurşap alan gorky duýgusyndan halas bolmak üçin iñnildäp Hezreti Lutyñ gollaryna ýapyşdy.
Yzda gaty uly harasat gopýardy. Her minutda biraz ilerläp barýan dagyñ gerişlerine iri-iri ýagyş damjalary patlap düşýärdi. Munuñ ýaly ýagyşy henize çenli gören ýokdy. Ýagyş damjasynyñ düşen ýerinde gaýa bolsun, toprak bolsun, agaç bolsun, parhy ýok - ýekeje damja degdigi alawlap ýanýardy. Eger olar şol wagt yzlaryna bakyp bilsediler, onda her damjanyń düşen ýerinden duman çykýandygyny görerdiler.
Birdenem asmandan, gara bulutlaryñ arasyndan syrylyp gyp-gyzyl

Aşaklardan öwüsýän gazaply tupanyñ sowurýan aram howasy öz ýerini yssy howa berdi. Yssy şemalyñ sowurýan gyzgynlygy ýolagçylaryñ ýeñsesini gowrup barýardy.
Ýolagçylaryñ hemmesi-de şol wagt depe saçlary üýşen ýagdaýda şol bir zady pikirlenýärdiler:
"Hudaý saklasyn! Diýmek, Seniñ gazabyñ ol günäli şäherleri şeýdip gowrup taşlady. Biz ol şäherlerden şunça uzaklaşanam bolsak, Seniñ apatyñdan ýaña sandyr-sandyr edip durus. Kim bilýär, olar näderejede uly azabyñ içinde çabalana-çabalana ýok bolup gidendirler"...

◆ ◆ ◆

Hezreti Lut we oña iman edenler Sodomdan çykan wagtynda şäher halky nobatdaky günäden pürepür gijelerine başlapdylar.
Şol gije şäheriñ kethudasy Behtanyñ öýünde uly zyýapat bardy. Bu zyýapatda Sodomyñ häkimi Bari we Gomorranyñ häkimi Berşa hem bardy. Behta olary bu zyýapata çagyrmagynyñ sebäbini şeýle düşündirdi:

- Siz bu iki şäheriñ häkimlerisiñiz. Birnäçe ýyl bäri degdirmän goragyma alandygym üçin menden nägile bolan adamyñyz Lutyñ indi agzynyñ ýumdurylmaly wagtynyñ gelendigine menem karar berdim. Lutam, bu gün oña myhman bolan üç sany owadan ýigidem jadygöý eken. Bäş ýüzden gowrak sodomly erkek ol jadygöýleriñ jadysy bilen birnäçe sagatlap gözlerinden mahrum boldular, kör boldular. Indi bolsa olaryñ hemmesi gorkudan ýaña öýlerinden çykyp bilmän dur. Özüni adamlaryñ iñ arassasy edip görkezen Luta gerekli jezany bermek isleýärin. Sodomlylaryñ birnäçesini birnäçe sagatlap kör eden Luty men ebedilik kör etmekçi. Men onuñ gözlerini oýup taşlajak.

Gomorranyñ häkimi hasam gyssanyp:

- Ony derhal huzurymyza getirsene, eý Behta! - diýip gygyrdy.

Behta oña arkaýynlyk bilen jogap berdi:

- Ýok-la, biz entek bärde keýp çekeliñ. Islän wagtymyz ony getirip eden jadygöýliginiñ jezasyny bereris.

Şäheriñ haram meýlis dowam edýän öýlerinden on esse beter şowhun-şagalañyñ sesi Behtanyñ öýünde asmana göterildi.
Sazyñ, oýunyñ, şerabyñ keýpi az salymyñ içinde Behtanyñ myhmanlaryny joşa getirdi. Şol wagt gapyny bat bilen açan Behtanyñ bir nökeri endik edinen hemişeki pis gylyklaryna başlan adamlaryñ keýpini orta bilinden kesdi:

- Hojaýyn, Lut öýünde ýok!

Behta haýran galmak bilen oña ýüzlendi:

- Diýmek gaçypdyr-da, şeýlemi?

Behtanyñ nökeri oña şeýle jogap berdi:

- Hawa, hojaýynymyz. Lut özüne ynanlary yzyna tirkäp gaçypdyr. Goñşularynyñ aýtmagyna görä, juda galagoply haldamyşynlar. Özlerem goş-golamlaryny we mallaryny taşlap gidipdirler.

Şerabyñ, oýunyñ, sazyñ we hemişeki haram keýpleriniñ humarynyñ täsirine seri dumanlap duran sodomlylaryñ hemmesi-de Lutyñ gitmegine begendiler.

- Lut giden bolsa owarrama gitsin-le!.. Biz öz keýpimize we wagtymyzy şat geçirenimize seredeliñ - diýip ýañadandan ýigrenji keýplerine başladylar we gitdigiçe daralyp barýan günäler halkasynyñ içinde özlerini ýitirdiler. Olary bu günäleriñ halkasyndan ertire çenli hiç zat alyp çykyp biljek däldi. Sodomyñ her bir öýünde şular ýaly ýigrenji pursatlar dowam edýärdi.
Sodom şeýle ýagdaýdaka Gomorrada nämeler bolýardy? Eýsem bu iki şäherden ep-esli uzaklykdaky Sana, Didom we Dina şäherlerinde gije nähili geçýärdi? Beýleki şäherlerde-de edil şular ýaly ýigrenji pursatlar bolup geçýärdi. Hawa, Allanyñ adam edip ýaradan erkekdir aýal jynsly müñlerçe mahlugy azgyn keýpleriniñ ýesirine öwrülip, haýwanlardan pes derejä düşen durmuşlarynyñ içinde wagtlaryny geçirýärdiler.
Sagatlar geçdi, wagt gije ýarymdan agdy. Azgyn keýpi-sapanyñ batgasyna gark bolan ýagdaýda huşlaryny ýitiren bu adamlar birdenkä öwsüp başlan gazaply şemalyñ penjireleri ýarara getirýän şuwwuldysyna özlerine geldiler. Ýeliñ gorkunç sesi bütin Sodomy gurşap aldy. Olaryñ biri penjireden daşaryk bakmaga synanyşdy welin, gorkunjyndan gözleri hanasyndan çykaýjak boldy.
Sodomyñ köçelerinde tüweleý pyrlanýardy. Asmanda bütin Sodomy gurşap alan, şäheriñ üstüni basan gap-gara duman bardy. Bu elhenç hadysany gören badyna özüni yza oklap:

- Daşarda gorkunç zatlar bolup geçýär, soñumyz geldi öýdýän! Daglar üstümize süýşüp gelýär!

Ol sözüni gutaran badyna daşardan kürsäp uran şemal öýüñ dört diwaryny biri-birine ýapyşdyrdy. Sodomyñ ähli öýlerinde şeýle ýagdaý dowam edýärdi.
Bu aýylganç hadysadan gorkunjyna gözleri çakgyñ çüýüne dönen Sodomyñ aristokratlary näme etjeklerini bilenokdylar. Edil şol wagtam gapynyñ agzynda bir adam peýda boldy we gaşlaryny çytyp:

- Eý sodomlylar! Ynha, ýyllar boýy tanamak islemedigiñiz Allanyñ gazaby üstüñize geldi! Ömrüñizi dürli ýigrenji işleriñ içinde geçirendigiñiz we Allaha şirk goşandygyñyz üçin azaba duçar bolduñyz. Mydama şübhede gezdiñiz we iñ pis keýpi-sapalarda wagtyñyzy geçirdiñiz. Ne-hä bu günäleri terk etdiñiz, ne-de Allanyñ barlygyna we birligine ynandyñyz. Haçanam bolsa bir gün bu azabyñ geljekdigine şübhelendiñiz. Indi bolsa ol azaby dadyñ... - diýip gygyrdy. Bu sese hemmeler doñup galdy. Köçeler tozana gapgarylypdy. Diwarlardan gopýan daş bölekleri saga-sola uçuşyp ýördi...
Az salym mundan owal keýpi-sapanyñ iñ ýigrenjisiniñ girabynda ýaýnap oturan adamlar indi köçelere dökülipdi. Gaçjak bolýarlardy, nirä gaçjaklarynam bilenoklardy. Haýsam bolsa bir tarapa ylgaşlaýardylar, birdenem özlerine tarap ullakan agajyñ howada zymdyrlyp gelýändigini, ýüzlerçe jaýyñ gözleriniñ alnynda çepbe çöwrülýädigini görüp yzlaryna öwrülýärdiler. Behta bu aýylganç sahna tomaşa edip durşuna näme etjegini bilmeýärdi. Sodomyñ häkimi Bari sandyr-sandyr edip:

- Lutyñ Allasy!.. Hawa, Hawa, Onuñ gazaby bu!.. - diýip käkeleýärdi.

Asmanyñ ýüzüni gaplap alan gap-gara buludyñ şäheriñ üstünden agyr-agyr inişine gözlerini diken Behta:

- Alla! Lutyñ Allasy! Indi saña ynandym! - diýip iññildemäge başlady.

Sodomyñ häkimi Bari bolsa Behtanyñ "Alla" diýip zarynlap oturyşyny görüp, birdenkä hahahaýlap gülmäge başlady:

- Alla hä?.. Hany Oña ynanmaýardyñ-a? Gelsin, göreli bakaly diýýärdiñ-ä! Azaby niçikmiş görkezsin diýýärdiñ-ä! Ynha-da görkezdi. Hany Oña garşy göreşsene!.. Çagyrsana çokunyp ýören putlarymyzy!.. Diýmek Lut bu harasadyñ başymyzdan injegini bilip şäheri terk edipdir-dä? Diýmek ol Allanyñ ilçisi ekeni. Ol birnäçe ýyllap bizi dogry ýola çagyrdy. Biz bolsa oña ne ynandyk, ne-de onuñ Allasyna!.. He-eý, bärik seretsene Behta!.. Içinde hudaýlarymyzyñ oturan ybadathanamyz nähili çökýär!

Hawa, gala kimin salynan ybadathana çat açyp ýere siñip barýardy. Uçuşyp ýören daşlar ol ybadathana tarap ylgap barýan we ybadathananyñ içinde özüni atan adamlary bir demiñ özünde läşe öwrüp taşlapdy.
Sodomyñ häkimi Bari ýanjagazynda häzirem pişik ýaly gagşap we myrryldap duran Behtanyñ golundan tutup:

- Hemmämiz ölüp gideris! Edýänlerimiziñ erbetdigini, ahlaksyzlyga düşendigimizi, bulara garşy Allanyñ bize jeza berjegini aýdan wagtynda Lutyñ üstünden güldük. Allanyñ özümiz üçin ýaradan zenanlaryny goýup erkeklere ýanaşdyk. Ynha, bu azgynlygymyzyñ jezasyny bolsa şu wagt çekmäge başladyk - diýdi.

Şäheri gurşap alan gazaply ýel adamlaryñ endamyny ýakyp-ýandyryp barýardy. Ahy-nala, dady-perýat tutuş Sodomy gaplap aldy. Çaga-çuga, erkek, aýal hemme sodomlylar biçäre halda uwlaşýardylar, üst-başlaryny ýyrtyşdyryp, ýüz-gözlerini dyrnaçaklap eýläk-beýläk elewleşýärdiler. Olaryñ hemmesi-de ölüm bilen ýüzbe-ýüzlügiñ, elhenç azabyñ gorkusyndan ýaña akyllary başyndan uçupdy. Şäheriñ daşyna çykjak bolup urunylan her synanyşyk göze görünmeýän güýçleriñ garşylygyna uçrap, şowsuz tamamlanýardy.
Elewräp ýören adamlardan birdenkä iniñi tisgindiriji ahy-nalalar eşdilip başlandy. Bu ahy-nala olaryñ dek ýañky ahy-nalalaryndan üýtgeşikdi.
Asmandaky gorkunç gara bulutlar Sodomyñ we beýleki şäherleriñ üstüne halas bolmak mümkinçiligi bolmadyk katastrofa bolup çöküpdi. Gara bulutlaryñ, dumanlaryñ arasyndan etmişli şäherleriñ we adamlaryñ üstüne gyzgyn daşlar ýagýardy.
Hawa, ýagýan ot, patlap düşýän gyzgyn daşlar adamlary ýekän-ýekän ýakyp taşlaýardy. Perýatlar, gorkunç ahy-nalalar, iññildiler barha artýardy. Eger-de bu aýylganç sahnany kim gözi bilen görse gözi hanasyndan, beýnisi kelleçanagyndan çykardy. Bular ýaly depe saçyñy syh-syh ediji gorkunç hadysany adamzat henize-bu güne çenli görmändi.
Sodomyñ häkimi Bari sandyrap durşuna, gözlerini hanasyndan çykaraýjak bolup, göz alnynda bolup duran gorkunç hadysalara seredip:

- Menem ýok bolaryn! Menem ýok bolaryn! - diýip gygyryp durşuna, ot we daş ýagyp duran köçä tarap ylgady. Emma bu onuñ agzyndan çykan iñ soñky sözdi.

Mähnet bir daş häkimiñ kellesine gütläp degenden, ol ot alyp ýanmaga başlady.
Häkim Bariniñ soñy hem beýleki azgynlaryñky ýaly bolup gutardy. Behta bu hadysany görüp doññaradaş bolyp durdy. Soñra ol ýalbaryjy äheñde Alladan merhemet diledi. Emma soñky tüýkülik sakal ezýärmi näme? Onuñam soñy ähli beýleki hudaýsyzlar ýaly tamamlandy.
Behta umytsyzlyk bilen şäheriñ daşyna tarap ylgap başlapdy. Demi-demine ýetmän ylgandan soñra ol birdenkä säginýär. Şäheriñ daşyna ylgaýandyryn öýdüp, şunça ylgap gelen ýeri onuñ öz köşgüniñ öñüdi.
Samsyklyk bilen bu kör ylgaşlama ony ýene-de ylgap başlan ýerine getiripdi. Ol umytsyzlykdan ýaña näme etjegini bilenokdy we "Ýa Rebbim! Halas et meni..." diýip zaryn-zaryn gygyrdy.
Edil Sodom ýaly beýleki şäherlerem şular ýaly bela-betere uçrapdylar we ýekeje adamam bu aýylganç soñlamadan halas bolup bilmändi. Birdenem şäheri gaplap alan, ajal ýagdyran gara duman ýom-ýok boldy. Şäher ümsümlige bürendi. Diñe şatyrdap ýanýan jaýlaryñ sesi eşdilýärdi.
Behta ysgynsyzlyk bilen ýerinden turanda köçeleriñ ugrunda müñlerçe adamyñ läş bolup ýatandygyny gördi. Kimler böleklenip, tike-tike bolupdy. Kimleriñ jesedi bolsa häzirem burugsap ýanyp durdy. Gorky Behtanyñ bütin süññüni gaplap aldy. Elleri we aýaklary çekilip barýardy. Göýä gany gurap barýan ýalydy. Köşgüniñ heniz çökmedik diwary öñüne geldi we bütin agyrlygy bilen onuñ üstüne abandy. Şeýdibem Sodomyñ iñ uly hojaýyby Behta daş bölekleriniñ arasynda pürkülip akýan ganlaryñ içindäki et parçalaryna öwrüldi...

◆ ◆ ◆

Hezreti Lut özüne ynananlar bilen birlikde birnäçe sagatlap durman-säginmän ýol aşdy. Aşaklardan eşdilýän gulagyñy gapyp gelýän şuwwulduly ýelleriñ ýakyp-ýandyryjy tolkunlary olaryñ endamlaryny ýalap-ýalap gidýärdi. Bu ýagdaýdan soña-a olar uly howsalanyñ içine düşdüler. Hudaýdan gorkularyna olaryñ hiç biri gözlerini ýerden galdyryp bilmeýärdiler.
Gijäñ garañkylygyna garamazdan guşlaryñ topar-topar bolup depelerinden uçup barýandyklaryny duýýardylar. Diýmek janly-jandar bu gazapdan gacybildigine gaçýardy. Diýmek aşakda hakykatdanam gorkunç hadysalar bolup geçýärdi.
Şonça beýiklikde barýandyklaryna garamazdan, hususanam gije ýarymdan soñ doñduryjy sowuk howanyñ bolmalydygyna garamazdan, alynlarynsan, sakgallaryndan, boýunlaryndan şabyrdap der akýardy. Sebäbi ýel gyzgyndy. Gyzgyn ýel ýeñselerini gowrup barýardy. Aşaklardan öwüsýän ýel dagyñ belentliklerine çykýança sowaýjak ýalydy. Emma tersine olar deriñ içinde barýardylar. Hezreti Lut argyn halda barýan adamlarynyñ arha ysgyn-mydardan gaçyp barýandygyny görüp şeýle diýdi:

- Ýerleriñ we asmanlaryñ, adamlaryñ we haýwanlaryñ, toprakdan döreýän bütin ösümlikleriñ ýaradyjysy bolan Allatagala iman edenler zyýan çekmez. Alla olar üçin hemişe iñ uly dost, iñ uly hemaýatçy, iñ uly penakärdir. Siz birnäçe ýyllap Oña ynandyñyz, garşyñyza ýagdyrylan töhmetlere, gybatlara, ýañsylamalara, zuluma we süteme garamazdan Ondan daşlaşmadyñyz. Barýan ýolumyzda bize salamatlyk garaşýar. Ol ýere baryp ýetenimizden soń neneñsiz uly apatdan aman sypandygyñyza göz ýetirip galarsyñyz. Häzir bolsa sabyrlylyk edip ýoluñyza dowam ediñ. Yzyñyzda nämeleriñ bolup geçýändigini bilmäge synanyşmañ.

Hezreti Lut sözüni gutarmanka birdenkä aşaklardan yzly-yzyna gulagyñy ýaryp gelýän aýylganç gümmürdiler, partlamalar bolup başlady. Misli ýer bilen asman biri-birine ýapyşan ýaly boldy. Ýolagçylaryñ ählisi bu gümmürdiniñ zarbyndan ýer bagyrtlap galdylar. Dik üstünde diñe Hezreti Lut bilen Aşelady. Daş-töweregi ýanygyñ ysy tutdy.
Sodom, Gomorra we beýleki üç şäherden gelen gümmürdileriñ arasyndan depe saçyñy üýşüriji ahy-nalalar, dady-perýatlar, uwlamalar eşdilýärdi. Hezreti Lut dynman Hudaýa doga edýärdi.
Aşela on iki süññüni sandyradyp birden yzyna öwrüldi we hemme zady gördi: aşaklarda bir ýerde galan Sodom göýä edil alkynyna gelen ýaly boldy. Uly şäheriñ daşdan salnan kaşañ ymaratlarynyñ ot alyp ýanşyny, diwarlaryñ jaýyrdap çöküşini, şäheriñ köçelerinde müñlerce adamyñ ýykylyp-sürşüp ýörendiklerini gördi. Şäheriñ üstüni tutan gap-gara dumandan gyzgyn daşlaryñ ýagyp durandygyny gördi. Ýagýan daş we ot parçalary gaçyp barýan adamlary we daşdan salnan ymaratlary dowzaha dönderipdi.
Kellelerine gütläp degýän daş bölekleriniñ zarbyndan şobada jesede öwrülýän sodomlylar ölensoñam meýitleri burugsap ýanýardy. Gözleri hanasyndan peträp çykara gelen Aşela Sodomy görşi ýaly Gomorrany-da gördi. Ol ýerde-de jaýlar ýanýardy we yzly-yzyna ýumrulýardy. Ot-ýalyn çar tarapy gaplap alypdy. Gomorranyñ köçeleri adam jesetlerinden doludy.
Aşele hasam aşaklara seretdi. Sodom we Gomorra ýaly beýleki üç şäheriñem ot-ýalynyñ içinde ýanýandygyny, tike-tikw bolup ýumrulyp-ýok bolup barýandygyny gördi. Aşela özüni birdenkä eýmenç ýyldyrymyñ urandygyny we ýanyp barýandygyny duýdy we gygyrmaga synanyşdy. Emma muny başarmady. Sebäbi onuñ tutuş bedeni göz açyp ýumasy salymda doññaradaşa öwrülip galypdy.
Aşela şol pursatda janlylar dünýäsinden tutuşlaýyn alys bir älemiñ içine sary ýok bolup gitdi. Hezreti Lut edil ýanjagazynda bolup geçen bu hadysany Aşelanyñ daşa öwrülen jesedi gütläp ýere düşende duýup galdy. Ol şol pursatda:

- Aşela! - diýip gygyrdy. Onuñ bu sesine ýolagçylaryñ hemmesi öwrülip seretdiler we ýerde daş bölegine öwrülen Aşelany gördüler.

Hezreti Lut çäksiz gynanja çümüp aýalynyñ sañgaty bolup galan jesedine seretdi. Emma ol diñe we diñe Allanyñ ilçisidi we hak öz ýerini tapypdy. Aşela haýyn we imansyz aýaldy. Şonuñ üçinem ol Allanyñ gazabyna uçrapdy. Pygamberiñ aýaly bolmak ýaly bagt hem ony ylahy azapdan halas edip bilmändi. Hezreti Lut dem salymda özüni gaplap alan aljyraññylykdan we gorkydan saplanyp boýun sunujylyk bilen başyny öñe egdi. Alla tarapyn özüne ugradylan üç perişdäniñ sözleri onuñ gulagynda ýañlanyp durdy: "Diñs ýok edilmesi emir edilen aýalyñy halas etmekçi däldiris". Elbetde, Sodoma we Gomorra, beýkeki üç şähere Allanyñ gazaby inen inende, Aşela hem wagty-sagady gelende bu azapdan we gazapdan halas bolup bilmedi. Hezreti Lut häzirem aýalynyñ daşa öwrülen jesedine seredip duran adamlaryna agras nazaryny aýlap şeýle diýdi:

- Eý meniñ bäş-üç sany adamdan ybarat halkym!.. Ýoluñyza dowam ediñ. Allatagala ynanmaýanlara, küpür edenlere, buýruklaryna ytagat etmeýänlere iñ agyr jezany berýär. Hatda bu günäli ýatan meniñ başdaşym bolsa-da... Aşelanyñ ynanmadyklaryñ hataryndandygyny hemmäñizem bilýänsiñiz. Eý kalplaryny Alla söýgüsi bilen dolduranlar! Aşela Allanyñ gazabyna kiçijik bir mysaldyr. Ýeri-gögi sarsdyran gümmürdileri eşitdiñiz. Öwsen gorkunç we gyzgyn ýelleriñ şuwwuldysy gulaklaryñyzyñ düýbüne çenli geldi. Şeýle-de bolsa biz Allanyñ bize wada beren amanyna gowuşdyk. Hemmämiz sag-salamat tupana gark bolan şäherleriñ çäginden daşlaşdyk. Hudaýyñ öñünde dyza çökeliñ. Allaha hamdy-sena aýdalyñ. Oña ybadat edip minnetdarlygymyzy bildireliñ.

Aşaklardan häzirem gümmürdiler we sesler gelýärdi, agyr ýanygyñ yslary burunlaryna urýardy. Bulara garamazdan iman getiren sanlyja adam dyzlaryny gaýalara goýup seždä egildiler we Hudaýa hamdy-senalar aýtdylar.

Sugara ýetenlerinde Gün guşluk bolupdy. Indi aşakdan partlamalar, ahy-perýatlar kesilipdi. Hezreti Lut seždeden başyny galdyrandan soñ bir gaýanyñ üstüne çykdy çuññur oýlanyp durdy we gözlerini aşaklara dikdi. Soñra gyryk ses bilen:

- Eý Hudaýa iman getiren gullar! Yzyñyza bakyñ, ol ýerden göterlen gazap yzlaryna serediñ - diýdi.
Allatagala iman eden bendeler bu sözden soñ bir-birden yzlaryna gañryldylar. Seždä egilen ýerlerinden öwrülip aşaklara bakdylar. Ýer ap-ak dumana gaplanypdy... Asmana göterlen Günüñ aýdyñlygynda ne Sodom bardy ol ýerde, ne Gomorra, ne-de masgaraçylygyñ batgasyna bulanan beýleki üç şäher...
Beýik Allatagala sabryny şeriñ peýdasyna ulanyp, günbe-günden azgynlaşan kowma kükürt alawlary bilen daşlar ýagdyrypdy, birnäçe sekuntlap ajal ýagdyran ýagmyryñ soñunda halk öz şäherleri bilen birlikde gelejekde adamzada ybrat almak üçin harabalyga öwrülip, ýer bilen ýegsan bolup ýatyrdy...

◆ ◆ ◆

"Lut pygamber, Zekeriýa...
Saña tabşyrdym ýalguzym."

"Raý Çyni" türkmen halk dessanyndan.

Ahyret gününde barmak büküp sanaýmalyja adamlary bilen aýratyn ymmat halynda geljek Hezreti Luta (a.s) we onuñ ehli-beýtine bizden dogaýy salamlar, soñsuz hormatlar bolsun. Goý, Lut pygamberiñ eziz ruhy bizden şat bolsun!


Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 10 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar