11:42

Ölüm sagady - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Ölüm sagady

Maý aýy.
Günleriñ tukat bir güni.
Ikindinara...
Gözýetimiñ bilden aşak etegne
Ganyñ reñkin boýap soñam bir ýere
Sumat bolup giden Güneşiñ yzyn
Yzlamaga hyýallanýan siñekler...
Dagyñ gudrat bilen böwri ýarylyp
Oba tarap görnüp duran ýerinden
Ot-çöpden mazaly garnyny göjäp
Süýtden dolan emjeklerin titredip
Yranyşyp gelýän ýadaw sygyrlar...
Az-owlak suw çaýkap bedräñ düýbüne
Ýadap gelen sygyrlaryn sagmaga
Kesip gep-gybaty orta bilinden
Gölelerin duşap duran aýallar...
Siñekler.
Sygyrlar.
Itler.
Pişikler...
Obada bar bolsa janly-jemende
Taýynlyk görýän deý magşar gününe
Aýak üstünde.
Men bolsa bulary piñime alman
Myhman otagymyñ ortarasynda
Serilip ýatyryn gözlerim açyk.
Bireýýäm tenimden çykyp bizary
Burnumyñ ujunda uçmaga peýläp
Uçup bilmän duran biganat ruhum
Saña garaşyp dur, umydy öçük.
Bilýän.
Bimahal çag.
Ikindinara.
Ölerin öýtmändim senden alysda
Erk mende däl.
Alajym ýok.
Nädeýin?!
Ölüm sagadymam golaýlaşypdyr,
Bar zat gözlerimde barýar saralyp.
Göýä köýüp ýatan algysy bar deý
Öñden belläp goýan salgysy bar deý
Gelip bokurdagma diräpdir şu gün
Düñderilen dünýäm barha daralyp.
Aýaklam, ellerim sowaşyp barýar
Göreçlerim çyglanypdyr birneme.
Eýýäm amanady dolandyr öýdüp,
Kimdir biri pyçak goýýar göbegme.
Jümşüldeýär göbegimiñ gyllary
Garnymda goýulan tygyñ sowugna.
Güneşin yzyny ýitirip indem
Penjireden wazlap giren siñekler
Çaýy sowap galan gülli käsäniñ
Erñeginden basyp neşterli lebin
Ganansoñlar gonup çem gelen ýere
Zaryn-zaryn wyzzyldaşýar daşymda
Hamala agymy aglaýan ýaly...
Men bolsa ýatyryn demimi sanap.
Iñ bolmanda geçen günleñ hakyna
Iñ bolmanda bir Allanyñ hakyna
Sende galan amanadyñ hakyna
Häzir geler diýip hoşlaşyk üçin
Ezraýyldan haýyş edýän ýalbaryp
Aljak bolup ýarym sagat puryja.
Ýa bildi sözümde aldaw ýokdugyn
Ýa-da maña nebsi agyryp juda
Gizläp maññalyny uzyn ýeñine
Ezraýylam çekilip dur bir burça.
Şöhlesine alaw ýaly maññalyñ
Buz ýaly tenimi der basyp gelýär
Gatañsy barmaklam titreýär çala,
Adyñ tutup samyrdaýan düşnüksiz.
Sagylyp emjegi boşan sygyrlañ,
Hem-de ýal berilmän aç galan itleñ
Sesine ses goşup, gör nirelerde
Näletsiñen alahekek jakyrdap,
Eşitdirýär çakyr sesin, yşnaksyz...
Dilleşilen ýaly Ezraýyl bilen
Eýýäm tabydymam getiripdirler.
Kimdir biri suw ýyladýar ýuwmaga.
Ojakda naharam atarypdyrlar.
Eý Hudaý!
Ne beýle?!
Ynanmak agyr.
Adamlaram garaşýan deý bu güne,
Çalt-çaltdan ýygnanyşýarlar daşyma.
Gidäýmeli bormy bar zady taşlap
Ýaşamadyk ýaly bolup dünýäde
Taýynja gazylyp goýlan mazara,
Münüp az salymdan eginden egne.
Dünýäñ haýsy künjün mekan tutsañam
Başymyñ ýassyga ýetenin bilseñ
Hökman ölerime garaşyp durma
Gel, utanja goýma söýen ýigdiñi
Ýogsa çöwrüp bilmän kelemämi-de
Ortada gynalyp ýatmaly borun,
Panydan imansyz ötmeli borun...
Molaşýan sygyrlar.
Uwlaşýan itler.
Wazlaşýan siñekler.
Gaýda-gaýmalaşyk.
Ikindinara...


Категория: Goşgular | Просмотров: 10 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar