11:47

Parawbibi - Zenan şahsyýetler


Awtor:
Bölüm: Zenan şahsyýetler
Materýal: Parawbibi

■ Parawbibi

Türkmen gyzlarynyñ beýik edebin,
Galdyrdyñ asmana parlak tug deýin,
Şol buýsanjy ezizleýip gideýin,
Diýip daga siñen, jan Parawbibi.

Beyniýetler abansa-da howp salyp,
Daglardan dilediñ medet, delmuryp,
Çydamady daglar lerzana gelip,
Başyn egdi saña, jan Parawbibi.

Ejeş, togap edýän, dilimde dogam,
Sarsmaz galañ, näçe geçse-de zaman.
Golaýyñda mesgen tutupdyr obañ,
Ýaýlañda mähremlik bar, Parawbibi.

Ejeş GUWANJOWA,
şahyr.[1]

◆ ◆ ◆

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde taryhy ýadygärlikleriñ, gadymy mekanlaryñ, zyýarat edilýän keramatly öwlüýäleriñ sanasañ sogaby bar. Baý taryhymyzyñ müñlerçe ýyllaryñ dowamynda güneşli diýarymyzyñ jümmüşinde döreden we dünýäniñ çar künjüne ýaýradan köp öwüşginli medeni mirasy bu gün ýurdumyzy açyk taryh muzeýine öwrüp goýupdyr.
Ýurdumyzyñ Balkan welaýatynyñ Serdar etrabyndan çykyp Bereket (Gazanjyk) etrabyna tarap golaýlanymyzda, ýoluñ çep tarapynda Köpetdag bilen Küren dagynyñ birleşýän ýerinde, dagyñ belent gerşiniñ üstünde gurlan kiçeñräk metjit seleñläp görünýär. Bu metjidiñ we onuñ töwerekleriniñ taryhyny öwrenenimizde, bu ýerde birmahallar taryhyñ tozanly gatlaryna siñip giden baý maglumatlaryna gabat gelmek bolýar. Geliñ, bu ajaýyp mekanyñ taryhyna we ol metjidiñ döreýiş taryhyna degişli halk arasynda aýdylýan rowaýatlara we ylmy-populýar çeşmelere esaslanyp, birnäçe maglumatlary siziñ bilen bilelikde yzarlalyñ.

■ Parawyñ taryhy gelip çykyşy

Paraw obasynyñ taryhy gelip çykyşy barada bize gelip ýeten taryhy maglumatlar göräýmäge azlyk etmeýänem bolsa, doly we dogry kesgitlemäni berip bilmeýär hem-de olaryñ hemmesi biri-birini umuman gaýtalaýar. Megerem bu, taryhy mekanyñ taryhçy alymlarymyz tarapyndan ýeterlik öwrenilmänliginden bolsa gerek. Şonuñ üçinem biz köplenç halatlarda, halk arasynda dowam edip gelýän rowaýatlara salgylanmaly bolýarys.
Şeýle-de bolsa bu gadymy mekanda, baryp bir müñ ýyldanam gowrak wagt öñ, belki ondanam öñ joşgunly ýaşaýyşyñ höküm sürendiginine bu ýerden tapylýan küýze döwükleri, ýüzüne arap elipbiýinde ýazylan hatly toýun gap-gaçlar, gadymy binalaryñ galyndylary doly güwä geçýär. Paraw galasynyñ düýbi, baryp IX asyrlarda, "Tahyrylar neslinden bolan, 830-844-nji ýyllarda häkimlik eden Abdylla ibn Tahyr tarapyndan tutulypdyr.[2]
"Şäheriñ ilaty maldarçylyk, ekerançylyk, külalçylyk bilen meşgullanypdyr. Dag eteklerinde düme ekipdirler. Şäheriñ uly bazary bolanmyş diýýärler. Beýleki şäherlerden bu şähere söwda-satyk etmek üçin kerwen bilen bu şäheriñ bazaryna geler ekenler"[3]
Käbir alymlar Paraw obasynyñ taryhyny has irki döwürlere baglaýarlar.

"...Alym G.A.Pugaçenkowa öz ylmy işinde: "Bu ýeriñ keramatly ýer hökmünde görülmegi öz gözbaşyny Horasanda musulmançylygyñ we araplar tarapyndan Ferawa rabatynyñ gurulmagyndan has irki döwürden alyp gaýdýar. Onuñ köki çeşmä sežde etmek ~ suwuñ gudraty bilen baglanyşyklydyr. Merkezi Aziýada şeýle mysallar köp... Hasyllylyk boýunça suwuñ keramaty Anahit zoroastrçylygynyñ esasy aýal hudaýlarynyñ biri bilen baglylykda bolupdyr. Anahita eneligiñ, tebigatyñ hasyl getiriji güýçleriniñ howandary, goragçysy hökmünde sežde edilipdir. Ol Parawbibä eneligiñ howandary hökmünde sežde edýän türkmen aýallarynyñ yrymlarynda köneden gelýän däp görnüşinde saklanypdyr" diýip ýazýar"[4]

Biziñ pikirimizçe, G.A.Pugaçenkonyñ obanyñ taryhy baradaky orta atan pikiri hakykata has ýakyn gelýär. Obanyñ adynyñ ilki "Afraba", soñra bolsa "Faraba" bolmagy, bu taryhy oazisiñ gadymy ata-babalarymyzdan bolan Turanyñ şan-şöhratly hökümdary Afrasýabyñ ady bilen baglanyşykly bolmagynyñ ähtimallygy hakyndaky çaklamany-da döretmän duranok.
Paraw taryhy mekany baradaky we ynançlar baradaky käbir pikirlerine goşulsagam, G.A.Pugaçenkonyñ käbir pikirleri bilen ylalaşmaýandygymyzy hem şu ýerde belläp geçeliñ. Taryhy ençeme müñýyllyklara uzaýan halkymyz yslamdan öñki käbir ynançlaryny Parawbibi baradaky ynançlar bilen belli bir derejede umumylaşdyran ýerleri bolmagy mümkin. Bu kanunalaýyk ýagdaý. Yslamy kabul eden her bir halkybam musulmançlykdan öñki yslama zyýansyz edim-gylymlaryny we käbir ynançlaryny saklap galandygy we olara yslam öwüşginini berendigi inkär edilmesiz hakykatdyr. Emma bu Parawbibiniñ yslam dininiñ ýurdumyza aralaşandan has soñrakky döwürlerinde ýaşap geçendigi baradaky taryhy delillere we onuñ keramatly öwlüýä bolandygy hakyndaky halk garaýşyna hiç hili zeper ýetirmeýär.

"Taryhy çeşmelerde ol şäher Gündogaryñ danasy al-Farabynyñ dogduk mekanydygy barada çaklamalaryñ bolandygyny sözugruna aýdyp geçeliñ".[4]

Diñe şunuñ özi hem Paraw mekanyñ gadymy siwilizasiýanyñ ojaklarynyñ biri bolandygyna güwä geçýär. Gadymy Paraw Horezm bilen Horasanyñ arasyndaky möhüm söwda merkezleriniñ biri bolupdyr. Bu ýeriñ söwda we ykdysady tarapdan ösendigine şol ýerde ýasalan we tapylan zikgeler şaýatlyk edýär.
Taryhy şäher bilen häzirki Serdar (Gyzylarbat) şäheriniñ arasy 15 kilometr. Metjidiñ özi bolsa şäherden 20-25 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

■ Paraw sözüniñ gelip çykyşy

Paraw sözüniñ gelip çykyşy boýunça dürli rowaýatlar bar. Olaryñ birinde "Par" ~ "ab", parlaryñ suwy, parlaryñ çaýy bolup, ol kem-kemden obanyñ adyna öwrülýär".[5]
Bu pikiri meşhur ýazyjymyz Osman Öde hem tassyklap, Paraw sözüniñ gelip çykyşyna degişli biziñ ýokarda orta atan çaklamamyzdan başgarak görnüşdäki pikiri orta atýar:

"Paraw Farap ~ diýen obanyñ adynyñ döreýşine üns beriñ. Gadymy Parfiýa döwletini esaslandyran parlar oba-oba bolup oturan ekenler. Ol döwürler nirede oba tutulýar? Bol suwly çeşme-çaýyñ başynda. Şeýlelikde şol çaýyñ ady Par ~ ab, parlaryñ suwy, parlaryñ çaýy bolup, kem-kemden obanyñ adyna öwrülýär".[6]
Parawbibi gurply we begzada maşgalada önüp-ösen bolmaly.
"Parawbibiniñ mülkünde ata-babasyndan galan üýtgeşik bag bar eken. Ol sekiz hatardan ybarat bolupdyr, her hataryñ uzynlygam ýigrimi-otuz ädim eken. Birinji hatarda bir hili ösümlik setir bolup ösýän eken. Ikinji hatarda eýýäm başga ösümlik. Her tarapyñ ösümligi bir başga bolup, hatarlaryñ başlanýan ýerinde bir haýwan, gutarýan ýerinde bir haýwan dañylypdyr".[5]

"Yslam (gysga sözlük)" kitabynda Parawbibi barada şeýle maglumat berilýär:

"PARAWBIBI ~ XI asyrda mesjit üçin niýetlenip gurlan ymarat. Ol Gyzylarbatdan 20 kilometr günbatarda, Köpetdagynda ýerleşipdir. IX asyrda şol ýerde, dagyñ eteginde "Paraw" ýa-da "Ferawa" atly gala bolupdyr. Ol Horezme gidilýän ýoluñ ugrunda ýerleşipdir. Ilat galanyñ ýokarsynda dag gerşinde şol ymaraty gurupdyr. Parawbibi hakda rowaýat köp. Olardan ugur alsañ, onda Parawbibi mesjit däl. Emma ýadygärligiñ jaýlary, ymaratyñ günorta diwaryndaky kyblany görkezýän Mährap onuñ mesjit bolandygyna güwä geçýär.
Il arasynda ýöreýän rowaýatlar Parawbibini gudrat, keramat bilen baglanyşdyrýarlar. Ine, olaryñ biri: Parawbibi görmegeý gyz eken, şonuñ üçinem, onuñ hyrydary-da, oña göriplik edýänler hem az dälmişin. Ol ulugyz wagtynda obalaryna duşman çozanmyşyn. Obanyñ ähli ilaty Köpetdagyñ derelerine gaçypdyr. Şonda bahyl aýallaryñ biri öz janyny halas etjek bolup, Parawbibini duşmanyñ eline berjek bolupdyr. Bahyl aýalyñ niýetini añan gyz "Hudaýym, garadaşlar bolasyñ" diýip, şol aýala gargyş edipdir. Bahyl aýal gara daşa öwrülipdir. Parawbibi bolsa "ýaryl dagym, ýaryl" diýende dag ýarylyp, sag-aman galypdyr. Onuñ adyny göterýän ymarat hem Allatagalanyñ emri bilen bina edilenmişin.
Şular ýaly rowaýatlara ynanýan adamlar kömek sorap, Parawbibä zyýarata gatnaýarlar".[7]

♣ Parawbibi metjidiniñ döreýşi

"Ylmy çeşmelerde "Parawbibi aramgähi" diýlip bellenilýän bu gadymy ýadygärlik Merkezi Aziýada dag gerşinde ýerleşen ýeke-täk aramgähdir. Alymlaryñ çaklamalaryna görä, ol XI asyra degişli hasap edilýär".[8]

Görşüñiz ýaly alym N.Baýramsähedowam, A.Hoşşanowam metjidiñ XI asyrda gurlandygyny orta atýarlar. Bu pikir Parawbibi hakyndaky rowaýatlary ýalana çykarmaýar, tersine bu rowaýatlary hakykata hasam ýakynlaşdyrýar. Eger Parawbibiniñ X-XI asyrlarda ýaşap geçendigini göz öñüne tutsak, onda täsin ymarat hem onuñ aradan çykan, has takygy rowaýatlarda aýdylyşy ýaly "diri gaýyp bolan" wagtyndan soñky ýüz ýyla çenli döwürde Parawbibiniñ hormatyna bina edilen bolmaly.

■  Parawbibi haýsy döwürde ýaşapdyr we kim bolupdyr?

Parawbibi hakynda Lukman Hekim (bu ýerde Ibn Sina) we onuñ halypasy Mäsihi (Abu Sahl Meshi) bilen baglanyşykly rowaýatlara ser salsañ, onuñ X-XI asyrlarda ýaşap geçendigini çaklamak bolýar. Käbir rowaýatlardan çen tutsañ, Paraw obasyna çozan duşman ordasy mongol basybalyjylaryny salgy berýär. Bu rowaýatlara salgylanjak bolsak, onda Parawbibi XIII asyrlarda ýaşap geçen bolýar.[2] Özem Lukman Hekim ýanyndaky halypasynyñ (Abu Sahl Meshiniñ) ýarasyna melhem edendigi üçin Parawbibä öz ýüzügini beripdir we halatly gyza ak pata beripdir.[4]

Ýazyjy Osman Öde Parawbibini şöhratly türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyñ döwründe ýaşapdyr diýen gutarnykly netijä gelýär. Onuñ Parawbibi bilen duşuşmagyny bolsa, Mahmyt Gaznalydan gaçyp ýören syýasy gaçgakdygyny göz öñüne tutup, Köneürgenji basyp alan soltanyñ, şol basyp alan ýurdunyñ patyşasy Mamunyñ köşk tebibi Ibn Sinanyñ beýleki alymlar we atly adamlar bilen bilelikde köşgüne çagyrmagyna baglanyşdyrýar. Çakylykdan ýüz öwren Ibn Sina ýüzüni çöle tutdurýar. Garagumy kesdirip Parawdan çykan Ibn Sina Parawbiniñ tañry myhmany bolýar. Gündogary baglan beýik lukmanyñ halypasy Mäsihi bilen bile Parawbibilerde düşländigi baradaky diñe şu maglumatyñ özi hem bu tebip zenanyñ şol döwürde at-owazasynyñ nähili belentde bolandygyna şaýatlyk edýär. Ibn Sinanyñ şol agzalan çöl "gaçgaklygyna" ýazyjy Jumageldi Mülkiýewiñ "Seljuklar" romanynda hem ýer berlipdir.

(Maglumat üçin seret: J.Mülkiýew "Seljuklar", TDNG, Aşgabat-2010., 6-13-nji sahypalar).

Paraw obasyna çozanlaryñ haýsydyr bir musulman goşunyñ bolup çykmagynyñ ähtimallygy-da juda ýokarydyr. Sebäp diýseñ, orta we ondan irkiräk asyrlar saýry güýçleri hasaba almanymyzda-da, musulman halklaryñ öz aralarynda biri-birlerinden zulum gören gezekleriniñ az bolmandygyny görkezýär. Eger şundan ugur alsak, onda talañçylaryñ mongollar bolup çykmak ähtimallygy öz-özünden aradan aýrylýar. Bu bolsa bizi Parawbibiniñ Mahmyt Gaznalynyñ döwründe ýaşandygy hakynda Osman Ödäniñ gelen netijesine dolap getirýär. Şahyr Hajarbibi Baýramdurdyýewa hem umuman şu pikir bilen birmeñzeş pikiri öñe sürýär. Şeýle hem H.Baýramdurdyýewa öz ýazgylarynda, "Parawbibiniñ özünden uly Jemalbibi, özünden kiçi Uzbibi, Gyzbibi, Amanmämmet, Aýbibi, Akbibi, Gülbibi, Haýdarhoja atly doganlarynyñ bolandygyny, onuñ kakasynyñ adynyñ Muhammetdigini, ejesiniñ bolsa Orazbagtdygyny" ýazýar.[9]

■ Parawbibiniñ hakyky ady

Aýtmaklaryna görä, Parawbibiniñ hakyky ady Reýhana bolupdyr. Il-gün ony hormatlap "Dana Reýhana" hem diýer eken. "Bibi" sözüniñ aslynda "şazada aýal" we "melike" manylaryny hem berýändigini nazarda tutsak, onda "Parawyñ bibisi" diýip aýratyn hormatlanan zenana "Parawbibi" adynyñ epitet hökmünde dakylandygyny görkezýär.

■ Dag gaýasyndaky daşa öwrülen garpyz we el yzlary baradaky rowaýatlar

"Parawbibi aramgähiniñ golaýyndan tapylan edil ortaça uzynlykdaky garpyza meñzeş gara daşyñ, Parawbibiniñ daga ýalbaryp durka elini dirän gaýasyndaky dag gerşinde aýyl-saýyl bildirip duran gyz penjesiniñ "yzynyñ" uzak geçmişden biziñ günlerimize çenli saklanyp galandygy... hakykat".[8]

"...Parawbini ýañyja bir garpyzy iýmek üçin ýarjak bolup duran eken. Çapawullaryñ ýetip gelýändigini gören gyz oturan ýerinden böküp turýar-da: "Maña nesip etmedik garpyz duşmana-da nesip etmesin. Goý, garpyzym daşa öwrülsin!" diýip dileg edýär"[8]

Özi aman galmak üçin hem-de Parawbibiniñ at-owazasyna öñden bäri görübilmezçilik edip ýören garry aýalyñ biri, Parawbibini parahat halkyñ üstüne çozan duşmana satýar. Rehimsiz ýagydan gaçyp gelýän namysjañ Parawbibi Allatagala nalyş edýär we dag darka ýarylyp oña ýol berýär. Diri gaýyp bolan tebip gyz şonda obasyna we özüne hyýanat eden şol kempire "Doññara daş bol!" diýip gargyş edýär. "Parawbibiniñ gargap daşa "öwren" garrysyna uzak ýyllaryñ dowamynda şol ýerden öten ýolagçy "Sañsara bäş daş" diýip, daş oklap geçipdir..."[4][8]

Mundan başga-da, metjide barýan basgançaklaryñ ugrunda, "gerşiñ ýüzünde daşyñ döwlen ýerleri äşgär görünýär. Dindarlaryñ aýtmagyna görä, olar ýaş gyzyñ mañlaýynyñ, tirsekleriniñ hem-de dyzlarynyñ yzlarydyr. Zyýaratçylar olara mañlaýyny diräp, doga-dileg edýärler.
...Bu ýerden uzak bolmadyk ýerde orak görnüşindäki daşlaryñ birnäçesi bar. Olar Parawbibiniñ janhowluna duşmanlara tarap zyñan gawunlarynyñ dilikleri bolupdyr".[10]

Şeýle hem bu ýerde ýerde çeşmäniñ bardygyny-da aýtmak gerek. Parawbibi bilen baglanyşykly il arasyndaky dowam edip gelýän ynançlaryñ birine görä, şol "çeşme suwuna ýüzüñi ýuwsañ, Parawbibi ýaly owadan bolýarmyşyñ".[3]

Çeşme bilen baglanyşykly ynanjyñ aslynda halk añynyñ önümidigi görnüp duranam bolsa, halkymyzyñ Parawbiba bolan hormat-sylagynyñ näderejede belentdigini görmek bolýar. Aslynda biz bu ýerde Parawbibi baradaky rowaýatlaryñ haýsysynyñ hakykata has gabat gelýändigini ýa-da düýbünden gelmeýändigini analiz etmek islämzok. Halk hemme adamy keramatlyk derejesine götergilänok, her öñýeten müñlerçe ýyllap rowaýatlarda ýaşabam bilmeýär. Rast, munça rowaýatlar barmy - diýmek Parawbibi şol rowaýatlarda aýdylanlara mynasyp zenan bolup geçendigine bizem tüýs ýüregimiz bilen ynanýarys.

↓  Parawbibi öwlüýäsiniñ atlandyrylyşy

"Metjitde ýa-da onuñ golaýynda guburyñ ýokdugyna garamazdan, il-gün bu gudratly ýerleri öwlüýä hasaplap, ony "Parawbibi ejeke", "Gyz öwlüýä", "Diri öwlüýä" diýip atlandyrypdyr".[8]

♣ Parawbibi häzirki döwürde

Parawbibi halkymyzyñ añyna ymykly ornaşan we çäksiz hormat-sylagdan peýdalanýan beýik şahsyýet. Gynansak-da, geçen asyryñ 90-njy ýyllarynda Parawbibiniñ sada adamlaryñ hakydasynda ýaşaýan mistiki we ýarym legendar obrazyna perdelenip, käbir kalby bozuk kişiler öz bulaşyk pikirlerini ýaýratmaga synanşan ýerleri bolupdy. Şu setirleriñ awtoryny tanaýanlar şol aýdylan kalby bozuklygy etmeklige synanyşanlary hem tanaýandygy üçin, hem-de şahsy maglumatlary aýan etmezlik maksadyndan ugur alyp, olar ýalylaryñ adyny anyk atlandyrmagy göwnemakul iş hasap etmedik. Parawbibiniñ keramatly ruhy bilen duşuşýaryn we ş.m. toslamalar bilen ýol aljak bolan şarlatanlaryñ ýek-tüki çykanam bolsa, olar ahyrynda bu bozuk pikirlerinden el çekip, il hataryna goşulyp gitdi. "Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter" edip, bizem köne saman dörjäp durmasak gowy bolar. Men diñe bu ýerde Parawbibi bilen baglanyşykly şeýleräk zatlaryñam ilçilikde bolandygyny ýañzydyp geçmek isledim, başga maksadym ýok.
Bütin bu aýdylanlara garamazdan, Parawbibi bilen baglanyşykly juda täsin we haýran galdyryjy wakalary, ruhy ahwalatlary başdan geçirendikleri barada aýdýanlaram bar. Mysal üçin şahyr we balkanlylaryñ arasynda giñden tanalýan Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan tebip Hajarbibi Baýramdurdyýewanyñ metbugatda çap edilen taryhy röwüşli ýazgylarynyñ sözbaşysynda, "Käteler şol gadymy gürrüñler çyn ýaly bolup göz öñüme gelýär. Täsin..."[11] diýen jümle ýerleşdirilenem bolsa, awtor aslynda Parawbibiniñ keşbini ýygy-ýygydan düýşünde görýändigini we şol ýazgylary hem Parawbibiniñ düýşde gürrüñ beren maglumatlary esasynda ýazylandygyny aýdýar. Awtoryñ aýdýan adatdan daşary wakalary ruhyýeti öwreniji alymlarymyz tarapyndan öwrenilmäge mynasypdyr.

■  Parawbibiniñ edebiýatdaky we sungatdaky keşbi

Parawbibi barada edebiýatymyzda we sungatymyzda barmak çommaldyp görkezer ýaly edilen suwytly iş bolmasa-da, ol barada birlän-ikilän saldamly işleriñ edilendigini bellemän geçmek bolmaz. Mysal üçin ýazyjy Osman Ödäniñ Parawbibi bilen baglanyşykly ýazan kinopowesti we ssenariýasy esasynda kinorežissýor Batyr Bekmyradow çeper film döretdi. Osman Ödäniñ "Altynjan hatyn" romanynda hem agzalýar. Romanda Jürjanyñ çemeçil we bähbitparaz häkimi Bakalanjar ilki gyzyny Masut Gaznala äre berenden soñ, häkimiýet başyna gelen seljuklar bilenem arany sazlamak üçin Parawbibini özüne aýal edinmek isleýär. Halypa ýazyjynyñ aýdyşy ýaly, "Parawbibi uly göwrümli eseriñ gahrymany bolmaga mynasyp zenan".[7]

Şeýle hem şahyr Hajarbibi Baýramdurdyýewanyñ ýazgylary ussatlyk bilen ýazylan çeper-taryhy powesti ýada salýar. Onda Parawbibi dogulmazyndan öñ onuñ ene-atasynynyñ durmuşyndan söz açylýar.

(Maglumat üçin seret: H.Baýramdurdyýewa "Gadymy gürrüñleriñ ýumagyn çöşläp...", "Garagum" žurnalynyñ 2015-nji ýyldaky N"11,12 we 2016-njy ýyldaky N"1,2-nji sanlary).

Gülşirin Hanowanyñ "Gaýyp bolan gyz hakynda rowaýat" poemasy hem käbir ownuk nätakyklyklaryñ bardygyna garamazdan, Parawbibiniñ çeper obrazyny döretmäge edilen şowly synanşyklaryñ biridir. Ýeri gelende, "nätakyklyk" diýenimizde, nämäni göz öñüne tutandygymyzy, awtor bizden öýke-kine etmez ýaly, şu ýerde aýdyñlaşdyryp geçsek kemterlik etmez. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, Parawbibiniñ hakyky ady Reýhanadyr we Parawbibi onuñ titulydyr. Emma poemada bu pikir belki-de awtoryñ bilmezlikden goýberen säwligi, ýa-da bize belli däl başga bir sebäpler netijesinde az-kem bulaşdyrylýar. Poemadaky:

Diýipdir şa: "Paraw goýýan adyna,
Şypa bolup ýetsin iliñ dadyna! - [12]

diýip, Parawbibiniñ kakasynyñ diline salnyp aýdylýan sözler, bizi ile belli bolan rowaýatlara soñ peýda bolup biläýjek gümürtikligi getirýär diýen pikire gelmegimize sebäp boldy. Eseriñ dile çolarlyk şu kemçiligini hasaba almanymyzda, eser ýañam aýdyşymyz ýaly juda şowly synanyşyk. Häzirki zaman türkmen şygryýetiniñ ýiti zehinli galamy Gülşirin Hanowadan gelejekde has saldamly we has şowly eserlere garaşýarys.

Parawbibiniñ keşbi şekillendiriş sungatynda-da öz mynasyp ornuny tapdy. Serdar şäheriniñ suratkeşler maşgalasyndan bolan Jemile Taganowanyñ "Parawbibiniñ portreti" muña aýdyñ mysaldyr. Suratda Parawbibi egnine gyrmyzy köýnek geýip, öz yzyna düşüp gelýän ýagylardan aman galmak üçin daglara-daşlara tarap okdurylyp barýar. Olar hem bu gaýduwsyz gyza öz goýnundan ýer berýärler. Ussat suratkeş J.Taganowa bu suraty döretmeklige nämeleriñ itergi berendigini şeýle düşündirýär:

Suratkeş bir gezek Parawbibä zyýarat edip, Aşyk Aýdyñ piriñ huzuryna barýarka, bu ajaýyp pikir onuñ gursagyna beýik Tañry tarapyndan guýlupdyr. Şonda ol gadymy çeşmelerde beýan edilişi ýaly, düýşünde dana we tebip gyz Reýhanany (Parawbibini şol wagtlar şeýle atlandyrypdyrlar) ak eşikde, ençeme adamlara em edip duran pursatynda görüpdir.[13]

■  Parawbibi ~ geçmişiñ bize galdyran gymmatly taryhy ýadygärligi

Hormatly Prezidentimiz G.Berdimuhamedowyñ parasatly ýolbaşçylygynda taryhy ýadygärliklerimze bolan üns hasam güýçlendi. Gahryman Arladagymyzyñ halkymyza peşgeş beren "Türkmenistan ~ Beýik Ýüpek ýolunyñ ýüregi" atly atalyk kitabynda agzalyp geçilen Dehistan, Nusaý, Abywerd, Merw, Amul, Ürgenç ýaly geçmişiñ parlak ýyldyzlary bolup biziñ günlerimize çenli gelip ýeten täsin binagärlik ýadygärlikleri ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp gadymy söwda we medeni aragatnaşyklary gezelençler arkaly öwrenmek we tanyşmak nukdaýnazaryndan tranzasiýa kerwen ýolunyñ çatrygynda ~ Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşýän Dehistandaky Maşat-Misserian, Baharly etrabyndaky Şähryslam, Aşgabadyñ golaýyndaky Nusaý, Änew, Ahaldaky Abywerd, Namazgadepe, Altyndepe, Sarahs, Marydaky Merw, Türkmenabadyñ golaýyndaky Amul, Daşoguzdaky Köneürgenç, Şasenem ýaly ýadygärlikleriñ hataryna Parawbibi taryhy ýadygärliginiñ hem goşulmagy biziñ kalbymyza buýsanç şuglasyny çaýýar.
Ýurdumyzyñ günbatar sebitindäki esasy milli syýahatçylyk operatory bolan "Balkansyýahat" döwlet syýahatçylyk kärhanasy Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamy babatda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyñ çäginde bejeriş-sagaldyş, täsin tebigy syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürlemek bilen birlikde Parawbibi, Şibli baba, Gözli ata, Maşat ata ýaly taryhy ýerler bilenem tanyşdyrmagy meýilleşdirýär.[14]

■  Peýdalanylan çeşmeler:

[1] Ejeş Guwanjowa "Parawbibi" ("Balkan" gazetiniñ 16.01.2007-nji ýyldaky sany;
[2] Akmyrat Rozyýew "Parawbibi", ("Türkmen Gündogary" gazetiniñ 17.11.2016-njy ýyldaky sany);
[3] Gültäç Orazjanowa "Parawbibi rowaýaty", ("Zenan kalby" žurnalynyñ 2016-njy ýyldaky N"8-nji sany);
[4] Güljahan Goçumowa "Parawbibi", ("Diýar" 2011-nji ýyldaky N"5-nji sany);
[5] Çynar Atdanowa "Parawbibi metjidi", ("Türkmeniñ ýüpek ýoly" gazetiniñ 17.05.2013-nji ýylyndaky sany);
[6] Osman Öde "Eserler ýygyndysy", tom XXI, sah 110-114., Aşgabat-2009;
[7] Nursähet Baýramsähedow "Yslam (gysgaça sözlük], Aşgabat "Magaryf", 1994 ý, 122-123-nji sahypalar;
[8] Amangeldi Hoşşanow "Parawbibi" ("Garagum" žurnalynyñ 2009-njy ýyldaky N"1-nji sany);
[9] H.Baýramdurdyýewa "Gadymy gürrüñleriñ ýumagyn çöşläp...", ("Garagum" žurnalynyñ 2016-njy ýyldaky N"2-nji sany);
[10] Wladimir Komarow "Deñizýaka ülkesiniñ mukaddeslikleri: Parawbibi" ("Syýahat" žurnalynyñ 2016-njy ýyldaky N"1-nji sany, 25-26-njy sahypalar);
[11] H.Baýramdurdyýewa "Gadymy gürrüñleriñ ýumagyn çöşläp...", ("Garagum" žurnalynyñ 2015-nji ýyldaky N"11-nji sany);
[12] Gülşirin Hanowa "Gaýyp bolan gyz hakynda rowaýat" ("Esger" gazetiniñ 04.08.2016-njy ýyldaky sany);
[13] Şyhmyrat Batyýew "Parawbibiniñ keşbini döreden zenan", ("Watan" gazeti).
[14] Meretgylyç Amangylyjow "Dehistanyñ ýadygärliklerinden deñiz ýakasyndaky myhmanhanalara çenli: "Balkansyýahat" türkmen deñiz ýakasyndaky ilkinji syýahatçylyk kärhanasy" ("Syýahat" žurnalynyñ 2014-nji ýyldaky N"5-nji sany, 17-nji sahypa).


Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 8 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar