12:29

Pelle - Mistika we fantastika


Awtor:
Bölüm: Mistika we fantastika
Materýal: Pelle

Tüýs dünýäni topa tutsalar, gulagynyñ ýele ýanyndanam geçenok diýleni boldy. Dünýä şol gün düýbünden başga günde dañyny atyranam bolsa, Hoja guşluk çagy oýandy. Hemişe "tur, azana gygyrylýar, namaz wagty boldy" diýip, ýerinden galkýança iñirdäp, turansoñam adamsynyñ gatañsy ýañaklaryndan taýly gezek ogşamasa, çaý oturtmaýan aýalynyñ bu gezek sesini eşitmedik Hoja içki otaga boýnuny uzatdy.
- Behh, keýwany nirä gitdikä- diýip, uludan pallady we daşky işige ýöneldi. Hoja gapynyñ agzynda çykjak bolup duran aýalyna gözi düşdi: - Nirä şaýlandyñ?
- Hiç ýerigem şaýlanamok. Dünýäden habaryñ ýok. Daşaryk bir boýnuñy äñet.
- Näm bolanmyşyn? - diýip, göwnübir ýaly äpişgeden kellesini uzadan badyna doñup galdy. Adamlar köçede başly-barat haýdaşlap barýardy. Köçeler edil ýekegapan girip-çykan ýaly agdar-düñderdi. Kä ýerde-kä ýerde atly-eşekli adamlaram göze ilýärdi. Gözleri hanasyndan çykara gelen Hoja yzyna öwrüldi: - Hany çagalar?
- Me, gap - diýip, jaýyñ açaryny zyñyp goýberen Selbi eýýäm gapydan çykyp barýanam bolsa, Hojany jogapsyz goýmady: - Kim bilýär, nirede çagalar. Çagalary bize kim beren bolsa, özü-de penakärlik eder. Asyl sen öz najatyñy görmäniñ gamyny iý. Deçjal gelenmiş diýýäler.
- Gelse gelipdir-dä Deçjal, bize näme - diýip, hüñürdän Hoja derhal yzyna öwrüldi-de, telewizoryñ tokly simini rozýetka ötürdi. - Hany "Habarlar" näme diýýärkä? Bir üýtgeşiklik bolan bolsa aýdandyrlar-la, adatdan daşary ýagdaý bir yglan etdilermikä?! - Ekran ýagtylyp gidibermedi. - Içigara galan, togam öçüpdir. Internede girip biläýeris-le - diýip, yzyndanam telefona ýapyşdy. Diwaryñ bir ýüzüni tutup, ýas tutýan ýaly ýüzüni gamaşdyryp duran mähnet telewizoryñ keseli telefona-da geçdi öýdýän. Olam dilleşen ýaly ekrany açylyp gidibermedi.
"Haý güñ açyp galyñ, güñ açyp galanlar. Agşam ýatmanka-da zarýady doludy ahyryn munuñ" diýip sögünjirän Hoja telefony eliniñ tersi bilen zyñyp goýberdi. Soñra kompýuteriñ öñünde duran çilim gutusyndan bir çilim sogrup aldy-da, hajathana girdi. Çilimini otlandy. Kemerini çözdi-de, hajathananyñ syrçaly unitazyna lampa özüni goýberdi. Soñam dünýäniñ gidişi we adamzat jemgyýeti barada özüçe pikir öwürmäge durdy.
"Adamlaryñ bir-birlerine ýagy ýaly bolup barýany çyn. Kimi gepletseñ akylly. Her kim özüni asmandan asýar. Hamala heftenlerden pata alan ýaly. Özüne erbetdirin öýdýän ýok. Tersine, dünýäniñ gowluk bilen gutarmajagyny her kimem bilýär..."
Hajatyny bitiren Hoja ýuwunyp-ardyndy. Soñam içki otaga geçip, egnindäki eşiklerini çalyşdy. Ykjam geýindi. Goluna sagadyny dakyndy. Gapyny gulplap daşary çykdy.
Häzir awtoulag sürmegiñ geregi ýokdy. Süreýin diýeniñde-de bu mümkin däldi. Her iki ädimde garalyp duran garymlardan ýaña pyýada bolañda-da arkaýyn geçip boljagy gümanady. Käbir çukurlaryñ düýbü-de görnenokdy. Çukurlaryñ agzynyñ bugaryp durany-da bardy, ýel düşensoñ hañlap ses edýäni-de bardy.
Hoja herniçigem bolsa, awtoulagy işledip görmegi ýüregine düwdi. Şonuñ üçin ol öýünden ýüz metr uzaklykdaky awtoduralga tarap ýöredi. Awtoduralgadaky awtoulaglaram başly-barat ýagdaýdady. Birisiniñ tekeriniñ ýeli goýberilen, birisiniñ aýnalary çym-pytrak bolup ýatyr... Hoja haýdap gelşine awtoulagynyñ pultuny basdy. Emma awtomatiki pult awtoulagy ne açýardy, ne-de işledýärdi. Hoja awtoulagyñ gapysyna açary sokup towlady. Pult işlemese-de gapy açyldy. Şonda-da awtoulag işledip bolmady. "Içigara galan, içigar galmyş..." diýip sögünen Hoja yzyna öwrülende, özüne ýarag çenäp duran sakallak pyýada gözi düşdi.
- Kelemäñi öwür, zyndyk!
- Näme diýdiñ?..
- Kelemäñi öwür diýýän, ýogsa-da şu minudyñ özünde janyñy sakar dowzahyñ ortasynda biläý.
Gäbi azan sakallak özüni dowzahyñ saksydyryn öýdenokdy. Hoja harby gullugy desantlary taýýarlaýan aýratyn bölümde geçensoñ, ähli söweşjeñ tilsimlerden we ýaraglardan ezberlik bilen baş çykarýardy. Her sekundy degerlendirip, öz peýdasyna tamamlandyryp bilýän köne esger äwmedi. Töwekgelçilige salyp sakallak bilen iki agyz ýañkalaşynyny kem görmedi.
- Deçjal gelenmişin diýdiler. Köçeler onuñ äjit-mähitlerinden dolumyşyn. Adamlary talap, dükanlaryñ, söwda merkezleriniñ harytlaryny ýalmap-ýuwdup barýarmyşlar, kim olary ýallamasa-da mesgeninde ýumurtga togalabermeli edýärmişler. Olaryñ towugyna tok diýmän, gel-gel gözüñiz biz ýaly garamaýagy gördümi?
- Häzire deñeç olar pitnä garyşmadylar. Pitneden uzak duranyñ başy amandadyr.
- Şeýlemi?
- Haçan-da ýokardan Isa, ýerdenem Mäti gelende olaryñ işini bitirer. Biziñ paýymyza bolsa siz ýaly käfirleriñ janyny jähenneme iberäýmek galýar.
- Baý-buuw, wezipäñ agyr eken. Aýdanyny amal etjek bolsañ, Ýer şarynyñ ähli ok çykarýan zawodlary dynman işlemeli bolsa gerek.
- Gapyl, nadan!
Hoja gapylmady. Gaýtam onuñ üstüne süründi.
- Ýogsa-da, salyhatlyja geýnen, elleri kitaplyja gapy kakyp ýören sektantlar bilen arañyz nähili? Geçen hepde jumga baranymda metjidiñ ymamy wagyzynda olar bilen siziñ köküñiz bir diýjek boldy...
- Ýehowanyñ barlygyna güwä geçenler bilen Allanyñ birligine iman eden selefiler din dogandyrlar. Zalym döwletlere arkalanyp, küfür wagyzlary bilen adamlaryñ añyny bulan ymamsumaklaryñ soñuna sogan ekmeguñ wagty geldi.
- Size bu hukugy kim berdi? Jebraýyldan ygtyýarnama dagy alan-a dälsiñiz-dä, hernä?
Hoja soragy berse-de berdi welin, jogaba garaşyp durmady. Göz açyp-ýumasy salymda çep eli bilen awtomatyñ ujuny bir gyra kakyp goýberdi, sag eli bilenem sakallagyñ iki gözüniñ ortasyna jaýdar ýelmedi. Çin arkan gaýdan sakallak mäşäni gysmak beýle-de dursun, "wah" diýmäge-de ýetişmedi. Çalasynlyk bilen awtomaty eline alan Hoja "Ýene bir bendäniñ başyna musallat bolmankañ janyñy jähenneme ibereýin-le, ol ýerde saña garaşyp durlar ahyryn" diýdi-de, mäşäni gysdy.
Awtomatdan ses çykmady. Geñ galan Hoja çyg çekendir öýdüp, awtomatyñ magazinini çykardy, oklar gury we ýerbe-ýer.
"Bu gün neneñsi gün bold-aý. Telewizor görkezenok, telefon tutanok, internet ýok. Awtoulaglar işlänok. Ýaraglar atylanok".
Hojanyñ düşnüksiz oýurganyp durşuna, geçip barýan eli gylyçly biri nokat goýdy. Ol gelişine heniz özüne gelmedik sakallagyñ kellesine ýalaw ýaly gylyjy aýlap saldy. Hyzlawuk kädi ýaly togalanyp giden kellä keýpihon nazar salan pyýada edil şol wagt ýanlaryna gelen bir atlynyñ getiren eýerlengi we üsti adamsyz atyna atlandy. Soñra ol Hoja seretdi-de, şeýle diýdi:
- Şepe, bu buduna siýip ýören aýal etekli äteñenäletleriñ "Mäti gelse eýle bolar, Isa gelse beýle bolar" diýip ýören zatlaryna ynanma. Mäti geljekmi ýa gelmejekmi, on-a bilemok welin, Mäti diýmegiñ Mehdi diýen sözden dörändigini anyk bilýärin. Mehdi diýmek - halasgär diýmekdir. Her kim öz-özüniñ halasgäri bolup bilmese, Mehdi gelip bizi neýlesin?!.
Eýýäm arany açan iki atlynyñ yzyndan seredip galan Hoja aýak astynda gana bulaşyp ýatan edrenç kelläni aýagy bilen salma tarap depip goýberdi. Salmanyñ içine togarlanyp düşen kelle betona degende eýmenç ses etdi.
"Ölümiñiz iñ soñunda itiñ ölümiçe-de bolanok. Maşgala, dogan-garyndaş, il-gün, watan... bu zatlaryñ barsy siziñ ýanyñyzda bir apbasyça gymmaty ýok. Sizi ýallandyryp, adamzadyñ başyna towky eden hojaýynlaryñyzyñ ýurdunda bireýýämlerden bäri uwlar ýaly şagalam galmady. Birmahallar Amerikanyñ Birleşen Ştatlary diýen dünýäni sarsdyran gara imperiýanyñ ýerinde indi ýelller öwüsýär. Siz welin sarygarynja ýaly ähli ýerde, ähli halkyñ içine ýaýradyñyz.
Aý, hawa-da sionistler haýsy döwlete ýel bereýin diýse ýel berýär, haýsy döwletiñ ýelini pyssardaýyn diýse, pyssardyp taşlaýar. Dünýäni barmagynda pyrlaýan ketde ýewreýleriñ ýanynda bular ýaly zatlaryñ müşgili barmy näme?!."
Oý-pikire batan Hoja öýüne tarap ýöräp ugrady. Ol ýañy bir on-ýigrimi ädim ýöredi welin, köçe tarapdan uly wagyrdy eşitdi. Eşdilen wagyrdy ynsan sesine meñzänokdy. Gopgunyñ gelýän tarapyna gañrylyp sereden Hoja duran ýerinde doñup galdy. Wagyrdaşyp özüne tarap gaýdan, boýy girdenek, elleri öz boýundan uzyn, ýeke gözli janawarlar äjit-mäjit diýlen janawarlaryñ hut özüdi. Öñlerinde pessejik boýly ak eşege münen iki aýagy ýerden süýrenip gelýän ýeke gözli gorkunç mahluk bardy. Megerem, bu şol tarypy ýetirilen Deçjal bolmaly. Elinde-de uzyn saply maññal bardy.
Ýüwrüp-ýüwrüp gelýän äjit-mäjitler gelişlerine başsyz ýatan sakallagyñ jesediniñ daşyna üýşdüler. Olaryñ içinden biri salmanyñ içinde ýatan kelläni aldy-da eşekde oturan ýeke göz mahluga uzatdy. Har gulaklarynyñ uzynlygyndan ýaña dik ösen gulagy iki eplenip duran Deçjal kellani şänik ýaran ýaly ýardy. Içinden mylkyldap duran beýnini çykaryp, agzyna atdy. Ýanyndaky ordasy-da ondan kem galmady. Adamçy it ýaly hyñranşyp duran mahluklara sakallagyñ jesedi çaý teýi-de bolmady. Biri goluny, biri aýagny, biri başga zadyny çekeläp duruşlaryna, birdenem tow berlen ýaly Hoja tarap yñdarlyp gaýtdylar. Depe saçy üýşen Hoja ylgamaga başlady. Yzyna garaman şeýle bir ylgady welin, dem salymda öýüne ýetdi. Ol öýden iñ soñky bolup çykansoñ, gapyny açjak bolup, açary sokdy. Bolmady. Gapy içinden urulgy durdy. Kime gygyrýanyny hem bilmän gapyny ýumruklap başlady.
- Aç, aç gapyny!..
Içerini Selbi açdy. Gapyny gulplap giden Hoja geñ galdy. Iki açaram özünde. Hernä, çöregi bitin eken. Gapyny zarp bilen içerden kilitlände, äjit-mäjitleriñ ordasy jaýyñ basgançagyndan ýañy dyrmaşyp ugrapdy...
Öýe ümsümlik aralaşdy. Dek ýañy gören zatlarynyñ täsirinden aýñalybilmedik Hoja gapynyñ daşaryk seredilýän aýna gözjagazyndan podýezde seretdi. Hiç zat ýokdy. Gözüne ynanmadyk Hoja penjiräniñ öñüne ylgady. Ynanar ýaly däldi. Daşarda iñlär siñek ýok.
Hoja ýüz görülýän aýnanyñ öñünde duran jüpdegi aldy. Ol jüpdek bilen alkymynyñ etlije ýerlerinden birki gezek gapjadyp aldy. Bir eli bilen budunyñ ýumşak ýerlerinden çümmükläp gördi. Hamy awuşap giden Hoja hiç zada düşünip bilmedi. Kitap tekjesine göz aýlady. Kitaplar ýerbe-ýer. Ol kitap tekjäñ öñüne bardy. Içinden bir kitaby aldy. Kitabyñ sahabyna göz gezdirdi: Ümit Ihsan. "Kyýamat tarykaty".
- Kaka, kaka, seret: Bu gün "P" harpyny geçdik. P, p. Matematikadanam bäşlik aldym. Mugallym "Maladis, oglum!" diýdi.
Arkasyndan gelip gujaklan ýedi ýaşlyja ogluny bagryna basan Hoja ogluny göterdi-de, diwana geçdi.
Towlanjyrap çykýan bugunyñ howruna ýüzüni ýakmajak bolýan ýaly kellesini bir gapdala tutup gelýän Selbi elindäki içi gyzgyn unaşly jamy saçagyñ ortasynda goýdy.
- Gel, hany, ärjagaşym. Gowy görýän naharyñam sargyt etdim. Içine burçjagazam atypdyrlar, eýgörmüş.
Ýogsa-da, nirede bolduñ, irdenki öýden çykyşyña? Men turmankam öýden çykyp gidiberipsiñ-ä. Iñ bolmanda ogluñy bir okuwa äkidäýmeli ekeniñ-da.
Elindäki kitabynyñ sahabyna seredip, agyr oýa çümen Hoja Selbiniñ soñky sözüne ýalt edip özüne geldi. Ýerinden turdy-da, ýene penjiräniñ öñüne bardy. Irden öýden çykmanka daş-töwerek başga görnüşdedi. Köçeler agdar-düñderdi. Häzir bolsa hiç zat bolmadyk ýalydy. Köçeler aýna ýaly ýaldyrap durdy, awtoulaglar rahatlyk bilen eýläk-beýläk myçyşyp barýardylar. Asmanam asuda. Öñlerinden näme çyksa gemrip ýören açgöz äjit-mäjitleriñ hem ýekejesi-de şähere aralaşana meñzänokdy...
Günortana çenli bolup geçen zatlar düýş däldigi belli boldy. Ukuda bolan bolsa, oýanansoñ nämäñ-nämedigini bilerdi. Emma hemme zat ol oýanansoñ başlady ahyryn. Onda bu zatlar nämäniñ alamatyka?!.
Telewizoram gül ýaly işläp durdy. Hoja stoluñ üstünde duran el telefonyny aldy. Ol nahara çagyrmak üçin jigisine jañ etmäge durdy. "Ýetip barýan!" diýip, telefony ýapan jigisiniñ sesini eşden Hoja mundan soñ hiç zada üns beresi gelmedi.
"Ýa dünýäniñ pellesi golaýlady, ýa meniñki. Parhy näme diýsene..." diýip, hümürdän Hoja elindäki kitaby bir gyra oklap goýberdi. Ol oguljygynyñ elinden tutup, giñ ýazylan saçagyñ başyna çökdi. Agaç çemçesi bilen unaşly tabakdan şakäsesini dolduryp alan Hojanyñ mundan soñ hiç zat ýadyna düşmedi...

31.12.3112-nji ýyl.


Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 8 | Добавил: Admin | Теги: Has Türkmen | Рейтинг: 0.0/0
Has TÜRKMEN awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar