« 1 2 3 4 5 6 7 8 »

Gül ömrüñ geçip gidensoñ,
                    Öküneniñ haýry näme?!
                              Mahmyt Zamahşary.

Gül ömrüñ geçip ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

Janym-a, janym-eý,
Dilnowazym, hanym-eý!
Dünýäm, hany-manym-eý,
Jennetmidir ýanyñ-eý?!
Damardaky ganym-eý
Salyp adam sanyn-eý,
Çagyrsana ýanyñ-eý!
Perizadym şanyñ-eý,
Alyp gitdi añym-eý...
Ýürek zer-zaw ýangyn-eý
Seslen maña kalbym-eý
Yşk elýetmez salgym-eý,
Magşuk sen-eý,
Aşyk men-eý...

"Beýik Türkm ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Mende goşa ýürek bardy,
Sagdakysyn saña berip,
Çep ýürekde oñup ýördüm.
Mende çäksiz akyl bardy,
Bar aklymy saña berip,
Günbe-günden artdy derdim.

Bakdym delmuryp her ýana,
Yşk sazyna owaz kylyp,
Haraý gözläp ýok zatlardan.
Men alaçsyz, men perwana,
Kemçiligme kimler gülüp,
Gaçar boldum gybatlardan.

Sen söýüld ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 7 |

Göwnüm seniñ göwnüñden suw içdimi, bilmedim,
Ýa näzijek kalbyña sygyşdymy, bilmedim
Bu nämäniñ dostlugy, bu nämäniñ halaty,
Gör, çarpaýa dik galan agzy gülli ak aty.

Kalbym seniñ kalbyña sygyşarmy, bilmedim,
Söýgümi bu ýazgylar, goşgularmy, bilmedim.
Ýa täzeje dostlugyñ ýelginimi, badymy,
Ýa-da ýanýan ýylgynyñ ýylysy ýok odumy?!

Ýa-d ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Ýagyş ýagjak bolýar.
Howa bulaşyk.
Asmanyñ ýüzüni kerepläp tutan
Ikiýan urunýan gara bulutlar
Sümükden doluşan çagañ burny deý
Suwly tumşugyny göterip bilmän
Daglañ arkasyna syñkyryp, çyrşap
Gaçyp gitmäñ emelini gözleýär...
Terk edilen şäher ýaly içgysgynç
Neneñsi biderek, bimany dünýä
Dolap almak üçin hapa gujagna
Gözýetimde tüw ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

On sekiz ýyl owal...
2000-nji ýyl.
26-njy mart.
Gyzyl ploşad.
Prezident saýlawnyñ öñüsyrasy...
Ýüzünden ýagdyryp gaýgy-görgüsin
Pensiýa gitmezden öñ iñ soñky gezek
Gahryman halkynyñ öñüne çykyp
Ýelsin çykyş edýär,
Halka ýüzlenip,
Tüýs ýüregi bilen ötünç soraýar
Elini gursagna mertlerçe goýup.
Diýseler-de oña hernäçe gende ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

Entek seni bir gezegem görmändim,
Sen wysaldyñ ýetilmedik armandyñ.
Emma men kalbymyñ gözleri bilen,
Seniñ näzli gözleriñi görýärdim.
Aý dek nurly gözleriñi görýärdim,
Basyp giden yzlaryñy görýärdim.
Görýärdim, nur bolup dogjak söýgimi,
Görýärdim, azalýan gussa-gaýgymy.
Çünki seniñ sesiñ eşden çagymam,
Bu dünýäde bagtly saýyp özümi,
Yk ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Dostlar,
Gödek görmäñ aýdan sözümi
Ýa dogry sözümi ýerliksiz görüp
Öýkelemäñ menden biderek ýere.
Çünki men barybir ýazman bilmerin
Çykyşy deý kalpdan,
gelşi deý sere
Beýan edip has täzeçe usulda
Görnüp duran Hakykaty özümçe...
"Goşgulary hapa,
özü-de howply"
diýip ýañraýana hetdini bilmän
Ýörenlere hergiz ýamanly ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 160 |

Köçe.
Saba çagy.
Iñlär siñek ýok.
Swetofor.
Gyzyl-ýaşyl yşyklar...
Sütüne alnyny dirän awtoulag
Burugsap duran motor...
Aýna döwükleri.
Mynjyran kapot.
Maşynda hyrkyldap ýatan bir kişi
Gysylan gapyny açyp bilenok...
Kimdir biri jañ edýämi, nämemi
Oturgyjyñ aşagynda bir ýerde,
Zaryn owazyny çalýar telefon.
Gana ç ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Gije ýarym boldy.
24:00.
Uka çümen şäher.
Asuda asman.
Aladasyz nurun saçyp duran Aý.
Gep gözleýän ýaly gözün mölerdip
Ýüzüme çiñerlip bakýan ýyldyzlar.
Yşykly sütünler.
Uzaýan bardur.
Çolaran köçeler.
Boşan duralga.
Alga alman ukusyny it-guşuñ
Göýä öñ bir-birin görmedik ýaly
Kellesin göçürip ýumruk mysaly
Hylwa ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmen Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 7 |